Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2015-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümleriniň işleri hakynda hasabat bermek bilen milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmäge gönükdirilen esasy maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary döwletlere iberilýän möçberini artdyrmak boýunça netijeli usullary işläp taýýarlamak maksady bilen toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen bagyllykda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagynda taslamalary amala aşyrmak boýunça teklipleriň birnäçesi beýan edildi.
Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň hukuk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barlan işler barada hem habar berdi. Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ykdysady işleri düzgünleşdirýän kanunçylyk hem-de kadalaşdyryjy namalara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda teklipleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hususy telekeçilik üçin milli ykdysadyýetimizde iş alyp barmagyň ugurlarynyň giň gerime eýe bolýandygyny nygtady. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara teklipleri düýpli seljermegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz hojalyk ulgamynyň durnukly işlemegi üçin geljekde hem anyk ädimleri ätmegiň gerekdigini aýdyp, ýurdumyzda ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunçylygy yzygiderli seljermegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetiň ösüşiniň meýillerini we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, degişli kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryny işläp taýýarlamak hakynda teklipleri öz wagtynda taýýarlamagyň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi