Manadyň hümmeti: okgunly durmuş-ykdysady ösüşi nazarlap
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösüş gazanýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň ykdysadyýetde gazanýan üstünlikleriniň anyk görkezijileri, şol sanda jemi içerki önümçiligiň ýylsaýyn ösüşi, daşary söwda dolanyşygynyň oňyn netijeleri, ýurdumyz boýunça düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň yzygiderli ýokarlanmagy hem doly tassyk edýär.
Ýurdumyzyň ykdysayýetiniň endigan we okgunly ösüşini üpjün etmekde milli puluň hümmetine-de aýratyn orun degişlidir. Milli puluň daşary ýurt puluna gatnaşykda hümmeti döwletiň ykdysady ösüşiniň ähli görkezijilerine, ilkinji nobatda bolsa daşary söwda dolanyşygynyň ýagdaýyna, jemi içerki önümçiligiň ösüş depginlerine, maýa goýumlaryň möçberlerine öz täsirini ýetirýär. Şol sebäpli-de, bu gatnaşygyň milli ykdysayýetiň ösüşi üçin iň amatly derejesiniň bellenilmegi zerur bolup durýar.
Bilşimiz ýaly, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynda özgertmeleriň uly tapgyry durmuşa geçirildi. Olaryň hatarynda milli pulumyzyň ýeke-täk hümmetiniň girizilmegi we ähli pul amallarynda, şol sanda pul alyş-çalyş amallarynda iş ýüzünde bu hümmetiň ulanylmaga başlanmagy, banklaryň daşary ýurt pulundaky amallarynyň işjeňleşdirilmegi, pul alyş-çalyş nokatlarynyň giň gerimde işläp başlamagy, denominasiýa çäresiniň geçirilmegi we beýlekiler aýratyn orun tutýar. Bu geçirilen özgertmeler ýurdumyzyň umumy ykdysady ösüşine-de uly goşant boldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli geçirilen bu özgertmeleri, gazanylan üstünlikleri netijeli çäreler bilen dowam etdirmek şu günüň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar.
Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýeti dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bir bölegidir, ýurdumyzyň ykdysadyýeti dünýäde iň okgunly, çalt depginler bilen ösýän ykdysadyýetleriň biridir. Türkmenistan daşary söwda dolanyşygynyň jemi içerki önüme gatnaşygy boýunça hem dünýäde tapawutlanýan döwletleriň hataryna girýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysady ösüşini mundan beýläk-de ýokary derejede saklamak üçin onuň daşarky täsirlere garşy has güýçli, goragly bäsleşige ukyply bolmagyny gazanmak zerurdyr. Bu maksada ýetmekde ýurduň pul-karz syýasatynyň gurallaryna, şol sanda milli puluň daşary ýurt puluna gatnaşykda netijeli hümmetiniň kesgitlenilmegine we hereket etmegine aýratyn orun degişlidir. Çünki munuň özi maliýe-ykdysady ösüşiň görkezijilerine baglylykda, ykdysadyýetde pul-haryt deňeçerligini, şeýle hem milli pulumyzyň daşary ýurt puluna gatnaşykda alyş-çalyş amallarynyň göwrüm taýdan deňagramlylygyny saklamak zerurlygy bilen hem bagly bolup durýar.
Milli pulumyzyň daşary ýurt puluna gatnaşykda hümmetine gaýtadan seredilmegi ýurduň ykdysady ösüşinde birnäçe oňaýly täsirlerini döredýändigini bellemek gerek. Olaryň hatarynda bu çäräniň milli önüm öndürijiler üçin döreýän oňaýlyklaryny aýratyn bellemek ýerliklidir.
Birinjiden, bu çäre ýurdumyzyň daşary ýurtlara harytlary ýerleýän kärhanalary, telekeçileri, ýagny eksport edijileri üçin baha babatda amatlyklary döredýär. Bu kärhanalaryň, telekeçileriň eksportdan gazanýan girdejileriniň manat möçberi artýar, töleg ukyplylygy hem ýokarlanýar. Milli puluň netijeli hümmetiniň bellenilmeginiň eksporty höweslendirmekdäki täsiri daşary ýurt döwletleriniň tejribesinden hem bellidir.
Ikinjiden, milli puluň daşary ýurt puluna alyş-çalyş gatnaşygynyň ýokarlandyrylmagy import harytlarynyň milli puldaky bahalarynyň belli derejede ýokarlanmagyna täsirini ýetirýär. Bu bolsa ýurduň içerki bazarynda milli önüm öndürijileriň önümleriniň import harytlary bilen deňeşdirilende bäsleşige ukyplylygynyň ösmegine getirýär. Netijede milli önümlere bolan isleg artýar. Görnüşi ýaly, amala aşyrylan bu çäräni ýurdumyzda içerki önümçiligi has-da çalt depginler bilen ösdürmek, milli önüm öndürijileri goldamak üçin mümkinçilik hasaplamak bolar.
Ýurduň umumy ykdysady ösüşi, maliýe-pul ulgamy babatda aýdylanda bolsa, milli puluň daşary ýurt puluna gatnaşykda iň netijeli hümmetiniň bellenilmegi ýurduň daşary söwdasyny kadalaşdyrmaga, importyň möçberini düzgünleşdirmäge, eksporty has höweslendirmäge we artdyrmaga, jemi içerki önümçiligi ösdürmäge itergi berýär. Bu bolsa ýurduň daşary ýurt pulundaky girdejilerini artdyrmaga, ykdysady birlikler tarapyndan daşary ýurt pulundaky serişdeleriniň tygşytly ulanylmagyny gazanmaga ýardam berýär.
Milli puluň daşary ýurt puluna gatnaşykda netijeli hümmetiniň bellenilmeginiň ýurdumyza gelýän daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberini artdyrýandygyny hem belläp geçmek ýerliklidir. Çünki, milli önümçilik üçin döreýän oňaýly şertler daşary ýurtly maýadarlar üçin hem milli ykdysadyýetiň özüneçekijiligini ýokarlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň pul-karz ulgamyny has-da kämilleşdirmek baradaky talaplaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda daşary ýut pulunda geçirilýän amallary kämilleşdirmäge hem aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň daşary ýurt puly babatda alyp barýan işleriniň esasy ugry daşary ykdysady gatnaşyklara gatnaşýan ykdysady birlikleriň daşary ýurt pulundaky girdejilerini artdyrmaga, daşary ýurt pulunyň tygşytly ulanylmagyna, ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Bellenenler bilen bir hatarda ýurdumyzda töleg-hasaplaşyk amallaryny ösdürmek boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da nagt däl hasaplaşyklary ornaşdyrmak, şol sanda milli we halkara töleg kartlarynyň üsti bilen nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça çäreler güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşmegi bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiziň degişli kararlarynyň esasynda ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň, telekeçileriniň daşary ýurt pulundaky hasaplaşyk amallarynda-da uly ýeňillikler döredildi. Golaýda bolsa, Hormatly Prezidentimiziň degişli kararynyň esasynda Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan tassyklanan tertibiň esasynda raýatlaryň daşary ýurt pulundaky alyş-çalyş amallarynda-da täze ýeňillikler göz öňünde tutuldy. Bu tertibiň esasynda raýatlara nagt däl görnüşdäki alyş-çalyş amallaryny möçber taýdan çäklendirmesiz amala aşyrmaga mümkinçilik açyldy. Netijede, häzirki wagtda edara-kärhanalar, telekeçiler, raýatlar üçin daşary ýurt pulunda nagt däl görnüşde alyş-çalyş, hasaplaşyk amallaryny geçirmek üçin mümkinçilikleriň giň toplumynyň döredilendigini hem bellemek zerur.
Ýurdumyzyň pul-karz ulgamynda geçirilýän çäreleriň her biri milli ykdysadyýetimiziň ösüşine gönükdirilendir. Döwletimiziň ykdysady taýdan ösüşi bolsa ahyr netijede halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerinde öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen ýörelgesine eýerilip, halkymyz hakynda, raýatlaryň durmuş şertleriniň has-da ösmegi ugrunda edilýän tagallalar ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň baş maksady bolup durýar. Şundan ugur alnanda, her bir döwlet bähbitli çäre, şol sanda ykdysady, maliýe-bank ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler döwletimiziň ykdysady ösüşine, ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna, onuň daşarky täsirlere garşy goraglylygyny gazanmaga, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Amala aşyrylýan bu bellenilen özgertmeleriň hem ýurdumyzyň umumy ykdysady ösüşine itergi bermek bilen, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesinde hem öz beýanyny tapjakdygy ikuçsyzdyr.
Jeýhun Hojanyýazow,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Daşary ýurt puluny kadalaşdyryş we
daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginiň başlygynyň orunbasary.