Durnukly manat - durnukly ösüş
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösüş gazanýar. Muňa 2015-nji ýylyň 1-nji maýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň dört aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatlardan hem göz ýetirip bolýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bu mejlisinde bellenilişi ýaly, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýurdumyz boýunça 2015-nji ýylyň dört aýynda jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 109,1 göterime deň boldy, bölek satuw haryt dolanyşygy bolsa 18,5 göterim ýokarlandy. Bu döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 37,1 göterim möçberde emele geldi.
Şeýle hem hasabat döwründe ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilendigi barada habar berildi. Ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 103,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 90,8 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende otaça aýlyk zähmet haky 9,5 göterim ýokarlandy.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşini üpjün etmekde milli puluň hümmetine-de aýratyn orun degişlidir. Milli puluň daşary ýurt puluna gatnaşykda hümmeti döwletiň ykdysady ösüşiniň ähli görkezijilerine, ilkinji nobatda bolsa daşary söwda dolanyşygynyň ýagdaýyna, jemi içerki önümçiligiň ösüş depginlerine, maýa goýumlaryň möçberlerine öz täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda manadyň daşary ýurt puluna bolan gatnaşygyny mundan beýläk hem bellenen derejede saklamaga ähli şertler we mümkinçilikler bar. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamynda özgertmeleriň uly tapgyry durmuşa geçirildi. Olaryň hatarynda milli pulumyzyň ýeke-täk hümmetiniň girizilmegi we ähli pul amallarynda, şol sanda pul alyş-çalyş amallarynda iş ýüzünde bu hümmetiň ulanylmaga başlanmagy, banklaryň daşary ýurt pulundaky amallarynyň işjeňleşdirilmegi, pul alyş-çalyş nokatlarynyň giň gerimde işläp başlamagy, denominasiýa çäresiniň geçirilmegi we beýlekiler aýratyn orun tutýar.
Amala aşyrylýan pul-karz syýasaty netijesinde ýurdumyzyň karz edaralary öz müşderileriniň daşary ýurt puluna bolan islegini doly kanagatlandyrýarlar. Bu wezipäniň üstünlikli amala aşyrylmagy ykdysadyýetiň sazlaşykly we durnukly ösmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.
Geçirilen bu özgertmeler ýurdumyzyň umumy ykdysady ösüşine-de uly goşant boldy. Türkmenistan döwletimiziň ykdysadyýeti dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup, ýurdumyzyň ykdysadyýeti dünýäde iň okgunly, çalt depginler bilen ösýän ykdysadyýetleriň birine öwrüldi.
Şu döwürde alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň çäklerinde manadyň daşary ýurt puluna bolan alyş-çalyş hümmetini üýtgetmäge ykdysady taýdan esaslaryň ýokdugyny bellemek zerurdyr. Metbugatyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň üsti bilen manadyň daşary ýurt puluna alyş-çalyş hümmetiniň durnukly saklanyljakdygy barada ozal habar berilişi ýaly, häzirki güne çenli şol durnuklylyk öz güýjünde galýar.
Ýurdumyzyň pul-karz ulgamynda geçirilýän çäreleriň her biri milli ykdysadyýetimiziň ösüşine gönükdirilendir. Döwletimiziň ykdysady taýdan ösüşi bolsa ahyrky netijede halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerinde öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen ýörelgesine eýerilip, halkymyz hakynda, raýatlaryň durmuş şertleriniň has-da ösmegi ugrunda edilýän tagallalar ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň baş maksady bolup durýar.
TMB-niň Ylmy-önümçilik geňeşi