Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Tatarystan Respublikasynyň baştutanynyň arasynda gepleşikler

2015-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistana iş sapary bilen geldi.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde myhmany resmi adamlar garşyladylar. Tatarystanyň Baştutanyna duz-çörek hödürlenildi we gül desseleri gowşuryldy.

Awtoulag kerweni Bitaraplyk binasyna tarap ugrady.  Bu ýerde Prezident Rustam Minnihanow gül dessesini goýdy.

Soňra myhman Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde ony hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. 

Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň  Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn duşuşyklar üçin niýetlenen zalda milli  Liderimiziň we myhmanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, Prezident Rustam Minnihanowyň şu saparynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolmagynyň bellärliklidigini nygtady. Türkmen döwleti bitaraplyk derejesine daýanyp, dünýäniň dürli ýurtlary bilen halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge, diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen “açyk gapylar”  syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow   strategiki häsiýete eýe bolan dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp,  gazy eksport edýän ýurtlaryň forumyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmagyň çäklerinde Prezident Wladimir Putin bilen  golaýda Eýranda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň we dostlukly ýurduň iri sebitleriniň –Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan we Swerdlowsk oblastlarynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasynda dürli pudaklarda ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny nygtady. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz  Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe Russiýanyň sebitleri bilen hyzmatdaşlyga ýardam berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi we olaryň adyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.  

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gurruňi dowam edip, öňden gelýän taryhy gatnaşyklara, iki dostlukly halkyň medeni we ruhy umumylygyna esaslanýan hem-de Russiýa Federasiýasy bilen döwletara gatnaşyklarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Häzirki döwürde türkmen-tatar gatnaşyklarynyň esasyna özara gatnaşyklaryň uly tejribesi hem-de onuň köpugurly kuwwaty goýuldy.

Prezident Rustam Minnihanow  mähirli kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirip, Aşgabada ýene-de gelip görmek üçin döredilen mümkinçilige örän şatdygyny aýtdy. Soňky ýarym ýylyň dowamynda türkmen paýtagty has-da özgerdi. Tatarystanyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy bilen gutlady. Myhman bu taryhy senäniň ähmiýeti barada aýdyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan şu ýylyň iýun aýynda degişli Rezolýusiýanyň kabul edilmeginiň dünýä bileleşiginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat  strategiýasyna ýokary baha berýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrülendigini nygtady.

Tatarystan Türkmenistany geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar diýip, Prezident Rustam Minnihanow aýtdy we dürli derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belledi. Biziň halklarymyzy köp zatlar, şol sanda diliň we medeniýetiň umumylygy, taryhyň dowamynda emele gelen däp-dessurlar baglanyşdyrýar diýip, myhman sözüni dowam etdi hem-de şu saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň  ýolunda nobatdaky ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz gutlaglary hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip,  şu günki duşuşygyň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garamak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan özara bähbitli türkmen-tatar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňat mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi netijesinde ykdysady, bilim we medeni ulgamlarda taslamalaryň ençemesiniň üstünlikli durmuşa geçirilendigine kanagatlanma bilen aýtdy. Milli Liderimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada durup geçip, bu ugurda öňegidişlikleriň gazanylýandygyny hem-de haryt dolanyşygynyň artdyrmak üçin uly kuwwatyň bardygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekilen ikitaraplaýyn ylalaşyklara laýyklykda, energetika we ulag ulgamlarynda hem-de beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigi belledi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy  ösdürmegiň täze mümkinçilikleri barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Söhbetdeşler ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, ýangyç-energetika toplumyny, söwda-ykdysady ulgamy, oba hojalygyny we syýahatçylygy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdiler. Döwlet Baştutanymyz we myhman maşyngurluşygy, energetika we senagat ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini aýdyp, bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny bellediler. Türkmen önümleriniň Tatarystana iberilýän möçberlerini, şeýle hem respublikada öndürilýän tehnikanyň ýurdumyza getirilýän möçberlerini artdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Ynsanperwer ulgamda gatnaşyk etmek duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu ulgamda  ylym we okuw-bilim merkezleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, şol sanda ylmy gazanylanlaryň alşylmagyny işjeňleşdirmek, bilelikdäki taslamalara gatnaşmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň möhüm şerti bolan medeni ugur boýunça däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyny aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Türkmenistanda medeniýet ulgamynda geçirilen halkara forumynyň barşynda Tatarystan Respublikasynyň medeniýet we sungat işgärleriniň birine döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde baýragyň gowşurylandygyny belledi.

2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda sport ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz Prezident Rustam Minnihanowa Tatarystanyň meşhur sport ussatlarynyň türkmen hünärmenleri  üçin maslahat beriş çärelerini gurandyklary  üçin minnetdarlyk bildirdi. Soňky ýyllarda Kazan şäheri iri halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrüldi, munuň özi  respublikanyň sport ulgamynda uly kuwwata eýedigine şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de Tatarystanyň bu babatda toplan tejribesine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň mizemezdigini nygtap, dostlukly halklara parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Soňra Tatarystan Respublikasynyň Baştutany paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi we Aşgabatdan ugrady.

TDH