Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2015-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň 9 aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine hem-de döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýatlaryň häkimleriniň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň pektorlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirilýän giňişleýin mejlisiň gün tertibini yglan edip, milli Liderimiz oňa gatnaşyjylara söz berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.  Hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijileri milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşe eýedigini alamatlandyrýar.

Jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokary derejede saklanýar.  Bu görkeziji senagat pudagynda 103,5 göterime, gurluşykda 112,6 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 111,9 göterime, söwda ulgamynda 112,5 göterime, oba hojalygynda 112,3 göterime we hyzmatlar babatda 111,8 göterime deň boldy.

Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi şu ýylyň dokuz aýynda  geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19,2 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygy boýunça hem oňyn ösüş duýulýar.

Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän maýa goýum syýasaty ykdysady we önümçilik kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyny, degişli durmuş ulgamynyň, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik düzüminiň kemala gelmegini, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda täze usullaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirdi. Hasabat döwrüniň makroykdysady görkezijilerine laýyklykda, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary özleşdirmegiň ýokary ösüş depgini gazanyldy.

Soňra Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Mämmedow 2015-nji ýylyň dokuz aýynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işleriniň netijeleri, olaryň gazanan ykdysady görkezijileri hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Türkmenistany 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda,  giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ösüş boýunça ýokary görkezijileriň gazanylandygy aýdyldy.

2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň dokuz aýynda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgini 102,5 göterim,  nebitiň çykarylyşynyň ösüş depgini 106,7 göterim, benziniň öndürilişiniň ösüş depgini 101 göterim, kerosini öndürmegiň ösüş depgini 100,2 göterim,  nebit bitumyny öndürmegiň ösüş depgini 122,9 göterim,  polipropileniň öndürilişiniň ösüş depgini 100,1 göterim,  mineral dökünleriň öndürilişiniň ösüş depgini iki esse artdy. Sementiň öndürilişiniň ösüş depgini 105,5 göterim, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 123,8 göterim, palastmassadan edilen we aýna süýümli turbalaryň öndürilişiniň ösüş depgini 103,4 göterim, nah ýüplükleriň öndürilişiniň ösüş depgini 101,1 göterim, nah matalaryň öndürilişiniň ösüş depgini 107,5 göterim, balyk önümlerini gaýtadan işlemgiň ösü depgini 160,6 göterim, mineral suwlaryň we alkogolsyz içgileriň öndürilişiniň ösüş depgini 112,3 göterim,  unaş önümleriniň ösüş 112,4 göterim, derman senagaty boýunça önümçiligiň ösüş depgini 142 göterim boldy. 

Garalýan döwürdäki görkezijilere laýyklykda, oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň artandygy bellenilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda güýzlük bugdaýy ekmek işi 69,7 göterim möçberinde berjaý edildi. Oktýabr aýynyň 2-ne çenli  544,9 müň tonna pagta ýygnalyp, bu baradaky meýilnama 51,9 göterim möçberinde ýerine ýetirildi.  Şu ýylyň dokuz aýynda geçen ýylyň degişli döwründäkisi bilen deňeşdirilende, gant şugundyrynyň  öndürilişi 58,8 göterim, bakja önümleriniň öndürilişi 7,1 göterim,  üzümiň öndürilişi 1,3 göterim,  ýumurtganyň önümçiligi 2,8 göterim, etiň öndürilişi 1,0 göterim, süýdüň öndürilişi   1,1 göterim möçberinde artdy. 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde şu ýylyň 1-nji oktýabryna çenli ýagdaýa görä, gara mallaryň we dowarlaryň baş sany 0,7 göterim,  guşlaryňky 1,2 göterim köpeldi.

Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 2015-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda  gurluşyk-gurnama we beýleki düýpli gurluşyk işleri 14,2 göterim möçberinde artyk berjaý edildi.

Hasabat döwründe ulaglaryň  ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli  döwrüne garanyňda ösüş depgininiň, geçiriji turba ulagyny hasaba almanyňda 101,6 göterime deň bolandygy  şu döwürde ýolagçy gatnadylmagynyň umumy ösüş depgininiň 102,6 göterime deň bolandygy bellenildi. Elektron aragatnaşyk hyzmatlarynyň öňdebaryjy görnüşleriniň ornaşdyrylmagy bu hyzmatlaryň mösberiniň 2014-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda 9,1 göterim köpelmegini üpjün etdi.

Şeýle hem hasabat bermegiň barşynda gurulýan we ulanmaga berilýän dürli maksatly binalar we desgalar barada aýdyldy.

Soňra maliýe ministri M.Muhammedow çykyş edip, 2015-nji ýylyň dokuz aýynda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Onuň girdeji bölegi boýunça meýilnama 105,9 göterim möçberinde we çykdajylar boýunça meýilnama  85,8 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigini aýtdy. Ýerli býujetleriň girdejiler boýunça 101,7 göterim we  çykdajylar boýunça 81,8 göterim möçberinde ýerine ýetirilendigi bellenildi.

Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi.

Şeýle hem hasabatyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararynda bellenilen kadalary üsütünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe merkezi, pudaklaýyn we welaýatlaryň balans toparlarynyň 102 mejlisiniň  geçirilendigini we olarda 8 ministrligiň, pudaklaýyn edaranyň, şeýle hem 341 kärhananyň maliýe-ykdysady görkezijileriniň seljerilendigi hem-de
degişli çözgütleriň kabul edilendigini habar berildi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Hojamämmedowa, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň we Maliýe ministrliginiň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Täze-- 2016-njy ýylyň golaýlap gelýändigini belläp, hormatly Prezidentiimiz häzirden her bir ministrligiň we pudak edarasynyň önümçilik tabşyryklaryny we öňünde durýan wezipelerini anyk kesgitlemelidigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy ösdürmek hem-de özgertmeleri amala aşyrmak boýunça  kablu edilen  ähli döwlet maksatnamalaryna, geljek ýylda göz öňünde tutulan çärelere düýpli seretmegi tabşyrdy.  Milli Liderimiz bu görkezmeleriň ýerine ýetirmek we edilen işler barada hasabat bermek üçin bir aý wagt berýändigi aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasy ugrunyň maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda DIM-niň geçiren işleriniň netijeleri hakynda hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşmak üçin  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Nýu-Ýork şäherine (ABŞ) amala aşyrylan iş saparynyň netijeleri barada hasabat beýan edildi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy durnukly ösüş boýunça duşuşykda belent münberde üstünlikli çykyş etmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.  Çykyşda ýurdumyzyň degişli ugurda esasy global maksatlary gazanmaga gönükdirilen  netijeli teklipleri beýan edildi we Milletler Bileleşiginde oňyn seslenme döretdi.  Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň we milli Liderimiziň halkara abraýynyň ýokarlanandygyna aýdyň şaýatlyk edip, ykdysady, durmuş we ekologiýa ýaly ileri tutulýan ugurlarda durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmekde ýurdumyzyň üstünlikli tejribesiniň artýandygynyň subutnamasy bolup durýar.  Döwlet Baştutanymyz ABŞ-a saparynyň barşynda ikitaraplaýyn möhüm duşuşyklaryň hem birnäçesini geçirdi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine  bagyşlanan dabaralaryň we çäreleriň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada habar berdi. Şu ýyl ýurdumyzda we daşary döwletlerde şanly senäniň hormatyna çäreleriň jemi 382-si, şol sanda halkara maslahatlarynyň we duşuşyklarynyň 126-sy, 30 sany medeni we 44 sany sport çäreleri geçirildi, mowzuklaýyn makalalaryň, tele we radio gepleşikleriň 182-si çap edildi we ýaýlyma berildi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de  2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine  bagyşlanan web-saýt hereket edýär. Degişli ugurda işler dowam edýär, baýramçylyk dabaralarynyň, şol sanda şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli halkara maslahatynyň maksatnamasyny taýýarlamak işleri geçirilýär.

Hasabatyň çäklerinde 7-8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi. Bu saparyň çäklerinde ýokary derejedäki nobatdaky türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler. Olaryň gün tertibine soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi bilen bagly meseleleriň ençemesi giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistan beýleki döwletler hem-de abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny deňlik, birek-birege hormat goýmak we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde gurmak bilen ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň rowaçlygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar diýip belledi.  Biziň ýurdumyz geljekde hem şol döredijilikli parahatçylyksöýüjilikli ugra eýermek bilen, netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda hem-de sebit we dünýä ähmiýetli möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýelär.

Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýetini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny şöhlelendirýän netijeli başlangyçlaryny dünýä bileleşigine düşündirmek boýunça geljekde hem maksada gönükdirilen ädimleri ätmegiň ähmiýetini    belledi.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny baýram etmek bilen bagly meseläni gozgap,  ýurdumyzda we daşary döwletlerde şanly sene mynasybeili geçirilen we geçirilmegi meýilleşdirilýän ähli çäreleriň möhümdigini belledi hem-de paýtagtymyzda geçiriljek dabaralaryň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary hemme taraplaýyn berkitmegiň we ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtamak bilen, milli Liderimiz Özbegistan bilen üstünlikli ösýän hyzmatdaşlygyň okgunly depginini kanagatlanmak bilen belledi. Türkmen we özbek halklaryny gadymdan baglanyşdyrýan medeni we ruhy däpleriň umumylygy, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary şol netijeli hyzmatdaşlygyň mäkäm binýady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz özara bähbitlilik, uzakmöhletleýin esasda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini amala aşyrmak babatda ýokary derejedäki nobatdaky türkmen-özbek gepleşikleriniň ähmiýetini belledi.

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna geljek hepdede Özbegistan Respublikasyna boljak sapara, däbe öwrülen döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazjak sapara  taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa şu ýylyň dokuz aýynda gözegçilik edýän düzümlerindäki işler, oktýabrda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna hem-de ýurdumyzda önümçilik we durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň açylmagy mynasybetli  çärelere görülýän taýýarlyk hem-de Mary şäheriniň 2015-nji ýylda  türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan halkara çäreleri barada hasabat berdi.

Hasabatda halkara ähmiýetli wakalaryň birnäçesi, şol sanda Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki Medeniýet günleri we dostlukly ýurtlaryň Aşgabatda geçirilen Medeniýet günleri agzaldy. Bu çäreler dünýäde türkmen halkynyň baý medeni däplerini  we ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda gazananlaryny giňden wagyz etmäge ýardam berýär.

Teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalyrň we medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek boýunça işleriň dowam edýändigi bellenildi,  Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 274 görnüşi çap edildi. Paýtagtymyzda “Kitap-hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly”  atly neşir önümleriniň halkara kitap-sergi ýarmarkasy üstünlikli geçirildi.

Şeýle hem hasabatda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan teleradioýaýolymlara goýberilýän gepleşikler barada aýdyldy.  Tele we radio ýaýlymlarda, gazetlerde we žurnallarda alymlaryň, syýasatşynaslaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda häzir  BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde Türkmenistan  tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň ähmiýetini düşündirmek boýunça işleri alnyp barylýar.

Wise-premýer wedioşekiller arkaly durmuş- medeni we önümçilik ähmiýetli  ulanmaga beriljek desgalaryň birnäçesini görkezdi.   Olaryň hatarynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň iri önümçilik desgalary, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky deňiz suwuny süýjediji desgasy, paýtagtymyzdaky Ankara köçesiniň ugrundaky ýaşaýyş jaý toplumy, Aşgabady gurmagyň 13-nji  tapgyryndaky köpsanly ýaşaýyş, dolandyryş we durmuş-medeni binalary, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda   Magtymguly Pyragynyň muzeýi we medeni ýadygärlikleriň toplumy hem-de beýlekiler bar. Bellenilişi ýaly, bu wakalaryň her birine ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary uly baýramçylyk çykyşlaryny taýýarlaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de täze taryhy eýýamyň isleglerine laýyklykda we şu ugurlarda dünýäde gazanylanlary nazarda tutmak bilen, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyny has-da ösdürmegiň ähmiýetini nygtap, milli telewideniýäniň ýolbaşçylarynyň işlerine nägilelik bildirdi.

Men ozal hem telewideniýäniň işini täzeden guramagy tabşyrypdym, ýöne häzire çenli bu ugurda oňyn netijeler ýok diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de taýýarlanýan baýramçylyk we beýleki tele gepleşikleriň şu günüň talaplaryna laýyk gelmeýän pes derejededigini belledi. Hormatly Prezidentimiz  aýdylan belliklerden netije çykarmagy we bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmagy talap etdi.  Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz telewideniýede işlemek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, onuň  işini kämilleşdirmek maksady bilen,  ökde diktorlary, alyp baryjylary, oňat telegepleşikleri ýüze çykarmaga gönükdirilen we beýleki ugurlar boýunça  döredijilik bäsleşiklerini  geçirmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny görkezdi.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, Mary şäherine 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty  derejesiniň berilmeginiň çäklerinde Mary şäherinde birnäçe çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. 8-10-njy oktýabrda türki halklaryň teatr sungatyna bagyşlanan maslahaty geçirmek meýilleşdirildi. Çäräniň çäklerinde TÜRKSOÝ guramasynyň agza ýurtlarynyň teatr toparlarynyň sahna çykyşlary görkeziler we maslahat geçiriler. Daşary  ýurtly myhmanlar türkmen teatr sungatynyň ösüşi bilen tanyşdyrylar hem-de “Gadymy Merw”  döwlet taryhy-medeni goraghanasyna we medeniýet ulgamlarynyň döwrebap desgalaryna baryp görerler.   

Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň jemleri 26-28-nji noýabrada jemlener. Şol günlerde Mary şäherinde TÜRKSOÝ agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky 33-nji mejlisini, şeýle hem Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan sungat ussatlarynyň konsertini geçirmegi meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly seneler bilen mynasybetli çärelere, baýramçylyk dabaralaryna  hem-de önümçilik we durmuş-medeni ähmiýetli desgalary ulanmaga tabşyrmaga taýýarlyk görmek meselelrine ünsi çekip, olary bu wakalaryň ähmiýetine laýyk gelýän ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz  Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatryny Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry diýip atlandyrmak hakynda Karara hem gol çekdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew dokuz aýda gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň netijeleri, şol sanda pudakda alnyp barylýan gurluşyklar, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ösüş depginini häsiýetlendirýän netijeler barada hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer hasabat döwründe tutuş ýurdumyz boýunça 12 müň 124 orunlyk orta mekdepleriň 25-siniň we 2 müň 410 orunlyk çagalar baglarynyň 15-siniň, A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Lebap welaýatynda 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň ulanylmaga tabşyrylandygyny, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň we Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň orta hünär okuw mekdepleriniň döredilendigini habar berdi.

Ýanwar-sentýabr aýlarynda Bilim ministrliginiň ugry boýunça okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 221-si taýýarlanyldy we çapa iberildi, şolardan 131-si neşir edildi. Birinji synpa kabul edilen okuwçylaryň ählisi noutbuk kompýuterleri bilen üpjün edildi.

Türkmen okuwçylary şu ýylyň başyndan bäri halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, 132 medal, şol sanda altyn medallaryň 45-sini, kümüş medallaryň 50-sini we bürünç medallaryň 37-sini gazandylar. Halkara ders hem-de internet bäsleşiklerine gatnaşan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 112 medala: altyn medallaryň 20-sine, kümüş medallaryň 45-sine we bürünç medallaryň 47-sine, diplomlaryň 19-syna we şahadatnamalaryň 8-sine mynasyp boldular.

Hasabatda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň ösüşiniň görkezijileri barada hem aýdyldy. Hususan-da, derman önümçiliginden alnan girdejiniň möçberiniň ösüş depgini 142 göterime, daşary ýurt pulunda 104 göterime deň boldy.

Ýurdumyzyň sport we syýahatçylyk ulgamynda hem maksada gönükdirilen yhlasly işler alnyp barylýar. Ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistanda 77 müň 385 syýahatça hyzmat edildi. Ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumynyň maliýe-hojalyk işleriniň umumy girdejisiniň ösüş depgini 107,9 göterime, daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi 103 göterime barabar boldy.

Ýanwar-sentýabr aýlarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça milli derejedäki ýaryşlaryň 139-sy geçirildi hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 72-si guraldy. Türgenlerimiz  daşary ýurtlardaky halkara ýaryşlarynyň 130-syna gatnaşyp, 270 medal: altyn medallaryň 89-syna, kümüş medallaryň 66-syna we bürünç medallaryň 115-sine mynasayp boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,  bilim, ylym, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelri çaltlandyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny we işgär mümkinçiligini pugtalandyrmak, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlanmagynyň netijeli ulgamyny ýola goýmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow geçen dokuz aýda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini 106,5 göterime, buraw işleriniň ösüş depgini 126,7 göterime, maýa goýumlarynyň özleşdirilişi 142,3 göterime deň boldy.

Tebigy we ugurdaş gazy almak, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, awtomobil benzinini, dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy we beýleki nebit-himiýa önümlerini öndürmek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada, şeýle hem kärhanalarda, edaralarda we guramalarda, ýaşaýyş toplumlarynda gaz hasaplaýjy enjamlaryny oturtmak boýunça geçirilýän işler barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň beýleki döwletler hem-de dünýäniň işewür toparlary bilen hoşniýetli erk-islegiň we özara bähbitleriň ýörelgelerinde guraýan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň wajyp ugrydygyny nygtady. Şu babatda döwlet Baştutanymyz täze ählumumy energetika howpsuzlygynyň gurluşyny döretmek bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we diwesifikasiýalaşdyrmak, serişde tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, iri düzümleýin taslamalara, şol sanda  täze uglewodorod känlerini özleşdirmek, häzirki zaman gaz-himiýa önümçiliklerini we beýleki desgalary gurmak, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalary tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak boýunça taslamalara daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek babatda ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz  “Türkmengaz” döwlet konserniniň gaz gysyjy desgalarynyň işini gowulandyrmak  maksady bilen, “Döwletabat-2”, “Döwletabat-3” we “Bagtyýarlyk” gaz gysyjy desgalarynda ulanylýan gaz generatorlaryny Türkmenistanyň çäklerinden daşarda zawod şertlerinde düýpli abatlamak baradaky şertnamany baglaşmak hakynda, Gazojak şäherindäki suwuklandyrylan gazy kabul edýän we  demirýol hem-de awtomobil çeleklerine ýükleýän desganyň durkuny täzelemek işlerini tamamlamak, şeýle hem Naýypgaz käninde suwuklandyrylan gazy kabul edýän we saklaýan desganyň durkuny täzelemek işlerini tamamlamak hakynda degişli Kararlara gol çekdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow milli ykdysadyýetimiziň senagat toplumyna degişli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan şu ýylyň 9 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda öndürilen önümleriň umumy möçberi boýunça meýilnama 119,3 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde  112,1 göterime deň boldy. Hususan-da, sementiň öndürilişi boýunça 105,2 göterim, magdan däl materiallar boýunça 129 göterim, keramzitiň öndürilişi boýunça 110,7 göterim we gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi boýunça 107,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önümçilik meýilnamasy 109,8 göterim ýerine ýetirilip, önüm öndürmegiň ösüş depgini 102,1 göterime, şol sanda nah ýüplügiň öndürilişi boýunça 101,1 göterime, nah matalaryň öndürilişi 107,2 göterime, tikin we trikotaž önümleriň öndürilişi 107,6 göterime  deň boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça meýilnama 109,7 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 108,2 göterime deň boldy. Hususan-da, degişli döwürde pudagyň kärhanalary tarapyndan  32179 inedördül metr haly önümleri dokaldy we 102 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça şu ýylyň 9 aýynda meýilnama 119,1 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 210,7 göterime, şol sanda mineral dökünleriň öndürilişi 204,7 göterime, tehniki ýoduň öndürilişi 100,2 göterime, tehniki uglerodyň öndürilişi 103,8 göterime, natriý sulfatynyň öndürilişi 119,6 göterime  deň boldy.

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetinde degişli döwürde öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 100 göterime deň bolup, ösüş depgini 190,5 göterim, hususan-da, tutulan balyk boýunça 203,8 göterim, balyk we gaýtadan işlenip gaplanan balyk önümleri boýunça 160,6 göterim üpjün edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary hilli we ekologiýa tadan howpsuz önümçilik boýunça ýokary tehnologiýaly  döwrebap kärhanalary döretmek, ýerli baý çig mal serişdeleriň esasynda öndürilen harytlar bilen içerki bazary üpjün etmek döwletimiziň senagat syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda ýerine ýetirmek we önümçiligiň möçberlerini ýokarlandyrmak gurluşyk we himiýa önümleriniň möçberlerini artdyrmak maksady bilen importuň ornuny tutýan önümçilik desgalaryny abatlamak işleriniň netijelliligini ýokarlandyrmagy wise-premýerden talap etdi we bu işlere hususy telekeçileriň wekilleriniň işjeň çekilmeginiň zerurdygyny belledi.

Elektron senagatyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň möhümdigine ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri öz wagtynda taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

2015-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamynda işleriň netijeleri baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow çykyş etdi.

Wise-premýeriň aýdyşy ýaly, umuman hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça öndürilen işler we berlen hyzmatlar babatda meýilnama 118,6 göterim ýerine ýetirildi, şunda ösüş depgini 119,3 göterime barabar boldy.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça berjaý edilen işleriň ösüş depgini 120 göterime ýetdi. Şeýle hem içerki demir ýollarynyň, inženerçilik-tehniki desgalarynyň, şol sanda demir ýol üsti geçelgeleriniň işjeň döwrebaplaşdyrylýandygy habar berildi.

Awtomobil ulaglary ministriligi boýunça hasabat döwründe ilata hyzmat edmekde ösüş depgini 224,8 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 100,7 göterime, ýolagçy gatnatmak babatda 100,9 göterime barabar boldy.

Ýanwar-awgust aýlarynda Aragatnaşyk ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 105,4 göterime barabar boldy. Agzalan döwürde aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda 456 müň telefon nokady, şol sanda 427 müň öýjükli, 6 müň radiotelefon belgileri we 23 müň ýerli telefon nokatlary abatlanyldy. Geçen döwrüň içinde oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 6 müň 120 belgilik telefon beketleri abatlanyldy hem-de aragatnaşyk ulgamynyň 1736 kilometri çekildi.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça awia hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde şu döwürde ösüş depgini 115,6 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 100,6 we 100,1 göterime deň boldy.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe işleri ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 130 göterime deň boldy.

Gidrometeorologiýa baradaky milli komitet boýunça wise-premýer döwrebap enjamlar we tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan komitetiň dolandyryş binasynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny habar berdi. Bina şeýle hem howanyň ýagdaýyny kesgitleýän ýörite enjamlar hem-de ençeme deňiz radarlary enjamlaşdyrylypdyr. Bu bolsa ýakyn wagtda howa maglumatlaryny  kesgitlemegiň takyklygyny we hilini has-da artdyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer S.Satlykowa ýüzlenip, ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrliginiň amala aşyrýan işlerini seljermegi tabşyrdy. Milli emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagyna uly serişdeler sarp edildi, ýöne eýýäm ýarym ýyl töweregi geçse-de onuň mümkinçiligi doly peýdalanylmaýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hemranyň peýdalanylmagynyň häzire çenli garaşylýan netijäni bermeýändigini belledi hem-de işleriň şeýle ýagdaýynyň sebäbini anyklamagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri B.Öwezowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýn wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Awtomobil ulaglary ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň işlerinde bar bolan kemçilikleri görkezdi we awtomobil ulaglary ministri M.Aýdogdyýewiň işine nägilelik bildirdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew şu ýylyň 9 aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäher häkimligi boýunça öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberi boýunça ösüş depgini 121,6 göterime deň boldy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna serişdeleri özleşdirmek boýunça meýilnama 128,6 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýanwar-sentýabr aýlarynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň umumy möçberiniň  ösüş depgini 112 göterime barabar bolup, meýilnama 120,9 göterim burjaý edildi.

Türkmenistanyň Energetika minsitrligi boýunça bu  görkeziji 128,3 göterime deň  bolup, meýilnama 137,1 göterim amal edildi. Elektrik energiýasyny öndürmek boýunça ösüş depgini 102,6 göterime barabar bolup, onuň eksporty 109,5 göterime, daşary ýurt pulunda alnan girdeji 102,3 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça  ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň umumy möçberiniň ösüş depgini 112,2 göterime deň bolup, meýilnama 114,3 göterim hötde gelindi.

Hasabat döwründe “Türkmenawtoýollary”    döwlet konserni tarapyndan öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň jemi möçberi boýunça ösüş depgini  106,5 göterime barabar  bolup, meýilnama 112 göterim berjaý edildi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan ähli işleri çaltlandyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda indiki ýylda  ýerine ýetiriljek işleriň meýilnamasyna  ýene-de bir gezek seretmegi, geçiriljek işler bilen bagly zerur bolan çykdajylaryň möçberini kesgitlemegi hem-de bu meseleler boýunça hasabat bermegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz T.Gulmuhammedowy Türkmenistanyň energetika ministriniň orunbasary wezipesine bellemek hakynda Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow şu ýylyň dokuz aýynda söwda toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende haryt dolanyşygynyň  umumy möçberiniň ösüş depgini 113 göterim üpjün edildi. Şol sanda bölek satuw haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 106 göterim, lomaý söwdanyňky 116,4 göterime deň boldy. Hasabat döwründe ministrlik boýunça özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 126 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt- çig mal biržasy boýunça şu döwürde söwdalaşyklaryň 185-si geçirildi we 15 müň 723 şertnama hasaba alyndy. Import-eksport şertnamalarynyň bahasy 12 milliard 683,8 million manada, gurluşyk şertnamalarynyň bahasy 22 milliard 639,3 million manada deň boldy. Daşary ýurt walýutasynda gelip gowşan serişdeleriň ösüş depgini 100,2 göterime barabar boldy. Girdeji almagyň meýilnamasy 113,8 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberniň ösüş depgini 115,8 göterime deň boldy.   Girdejiniň ösüşi 126,1 göterim boldy. Daşary ýurt walýutasynda gelip gowşan girdejiniň ösüş depgini 129,7 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe sergileriň 22-si we 18 maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürmegiň möçberi 17,8 göterim, oba hojalyk önümleriniň öndürilişi 4,9 göterim  ýokarlandy. Gurluşyk-gurnama işleriniň möçberiniň ösüş depgini 101 göterime, söwda haryt dolanşygynyň ösüş depgini 123 göterime, hyzmatlar ulgamynyň ösüş depgini 127,7 göterime deň boldy.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de  pudak edaralary bilen bilelikde 2016-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän sergileriň, ýarmarkalaryň we maslahatlaryň meýilnamasy barada hasabat berdi. 2016-njy ýylda  çäreleriň 31-sini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň 10-sy sergilerdir, 3-si sergi-ýarmarkanyň çäklerinde pudaklaýyn maslahatlardyr,  8-si maslahatdyr hem-de 10-sy sergidir. Bu çäreleriň 4-sini "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, galanlaryny bolsa Aşgabatda guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda toplumynyň ösdürilmeginiň diňe bir hödürlenýän harytlaryň görnüşlerini giňeltmek, içerki bazary üpjün etmek däl, eýsem, pudagy öňdebaryjy guramaçylyk usullarynyň esasynda dolandyrmagy kämilleşdirmek, bu ulgamda işewür gatnaşyklary giňeltmek, ýurdumyzyň bazarlarynda sagdyn bäsdeşligi döretmek bilen baglanyşykly wezipeleri öňe çykarýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz halkara hyzmatdaşlygynyň söwda-ykdysady ulgamyň möhüm wezipeleridigini belläp, milli Lidermiz dünýäniň öňdebaryjy tejribesini çekmekde, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmakda, ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we telekeçileriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda guralýan sergileriň hem-de maslahatlaryň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu işleriň gerimini giňeltmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa şu ýylyň dokuz aýynda milli parlamentiň alyp baran işleriniň netijeleri barada habar berdi.

Şu döwürde milli parlamentiň maslahatlarynyň 3-sinde Türkmenistanyň kanunlarynyň 72-si we Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň bolsa 50-si kabul edildi. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň yzygiderli ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge, jemgyýetde demokratik ýörelgeleriň giňeldilmegine,  adamlaryň we raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goraglylygyna gönükdirilen kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 10-njy sentýabrynda Balkan welaýatynda bolan Ýaşulularyň maslahatynda eden taryhy çykyşynda kesgitlenen   wezipeleri, şeýle hem ýurdumyzyň ministrliklerinden, pudaklaýyn edaralaryndan, syýasy partiýalaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan we raýatlardan gelip gowşan teklipleri nazara almak bilen, Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilen taslamasyny taýýarlady we  ählihalk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylmagyna hödürlener. Taslamada türkmen döwletiniň demokratik, hukuk we dünýewi ýörelgeleriniň uzakmöhletleýin geljegine gönükdirilen maksatlaryň kanunçylyk binýady kesgitlendi.

Halkara hyzmatdaşlygyny we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary halkara çäreleriniň we okuw maslahatlarynyň 58-sine gatnaşdy, daşary ýurtlara  iş saparlarynyň 20-den gowragy guraldy. 29-njy sentýabrdan 3-nji oktýabr aralygynda Melisiň deputatlary kanunçylygy seojermek babatda parlamentiň agzalarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça taslamalar bilen baglanyşykly Daniýada we Şwesiýada geçirilýän maslahatlara gatnaşýarlar.

Şu ýylyň başyndan bäri daşary döwletleriň we halkara guramalarynyň wekillerininiň duşuşyklarynyň 32-si geçirildi. Birleşen Milletler Guramasynyň, şol sanda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, ÝUNISEF-iň, BMG-niň bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň edarasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň hemde beýleki guramalaryň Aşgabatdaky düzümleýin bölümleri bilen hyzmatdaşlyk işleri dowam edýär.  Deputatlar  kanunçykarjylyk ulgamynda halkara tejribesini öwrenmek bilen bagalynyşykly maslahatlara, duşuşyklara gatnaşdylar.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy  Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen 2015-nji ýyldan soňky döwrü üçin durnukly ösüş meseleleri boýunça Sammitde eden taryhy çykyşynda öňe süren ählumumy halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini giňden wagyz etmek boýunça alyp barýan işleri barada aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berildi. Şu ýylda ýurdumyzyň palamenti tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin önümçilik tejribesi geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş-ykdysady özgertmeleri sazlaşykly ösdürmegiň, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň we işjeň halkara gatnaşyklarynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmagyň bähbidine milli kanunçylyk binýadymyzy kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz parlamentara gatnaşyklary we milli parlamentiň BMG-niň düzümleýin bölümleri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini belläp, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş üçin täze ählumumy Gün tertibinde bellenilen maksatlaryň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ählumumy ösüşe, bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine goşandy üçin döwrüň ruhuna laýyk gelýän degişli kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamalaryň zerurdygyny belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň giiňşleýin mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Welaýatlaryň häkimleri häzirki döwürde sebitlerde alnyp barwlýan işleriň ýagday, möhüm oba hojalyk möwsümleriniň depginlerini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi, gurulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we olaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga tabşyrylmagy bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilmegi babatda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde öňde boljak şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça ýörite maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada giňişleýin hasabatlar berildi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň obasenagat toplumynda pagta ýygymy we güýzlük bugdaý ekişi ýaly möhüm möwsümleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň döwrüň wajyp talabydygyny belledi. Şeýle hem döwlet  Baştutanymyz welaýatlarda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny belläp, olaryň ýokary hilli we öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz halkymyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda wajyp ähmiýeti bolan şanly senelere  degişli derejede taýýarlyk görmek we  oňa adamlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda birleşen tagallalaryň zerurdygyny nygtady we bu babatda häkimlere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň barşynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabyna degişli guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin O.Amandurdyýewi Tejen etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak we bu wezipä Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän K.Rejebowy bellemek baradaky Peramanlara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Umuman, obasenagat toplumy boýunça  önüm öndürmegiň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň möçberleriniň ösüş depgini 103,2 göterime barabar boldy.

Şunlukda, Oba hojalyk ministrligi boýunça bu görkeziji 110,9 göterime, Suw hojalygy ministrligi boýunça 110,4 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 111, 7 göterime, “Türkmengallaönümleri”  Döwlet birleşigi boýunça 111,7 göterime, “Türkmenobahyzmat”  döwlet birleşigi boýunça 101 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 104,8 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 110,9 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 94,4 göterime, “Türkmen atlary”  döwlet birleşigi boýunça 119,9 götrime deň boldy.    

Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýurdumyzda unuň öndürilişiniň möçberi 7,7 göterim, unaş önümleriniň öndürilişinde 13,4 göretim, çörek we çörek önümleriniň öndürilişinde 16,3 göterim, et we et önümleriniň öndürilişinde 4,5 göterim, suýt önümleriniň öndürilişinde 6,5 göterim ösüş gazanyldy.

Maýa goýumlarynyň özleşdirilişi boýunça meýilnama 122,7 göterim berjaý edildi.

Wise-premýer şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda güýzlik bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabat diňläp, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleri çaltlandyrmagy talap etdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, obasenagat toplumynyň öňünde häzirki wagtda ýurdumyzyň bazarlaryny oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmekden hem-de daşary ýurtlardan getirlýän önümleriň ornuny tutýan önümleri çykarmak boýunça önümçilikleri döretmekden başga-da, Diýarymyzda öndürilýän oba hojalyk önümlerini daşary ýurtlara ibermegi ýola goýmak wezipesi durýar.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2015-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda durmuş-ykdysady tadyn ösdürmegiň netijeleri barada aýdyp, Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň birnäçe möhüm ugurlaryna ünsi çekdi we degişli wajyp wezipeleri kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjalara ýüzlenip, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň işinde bar bolan kemçiliklere garamazdan, şu ýylyň 9 aýynyň netijeleriniň, umuman, erbet bolmandygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimiziň daşary syýasaty geçen döwürde Bitaraplyk, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek ýörelgelerine berk eýermek esasynda alnyp baryldy. Bu bolsa, Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, Bitarap döwletimiziň jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýäde tutýan ornuny berkitmäge ýardam berdi.

Häzirki döwürde berkarar döwletimiziň daşary syýasatyna, türkmen Bitaraplygyna sebit we halkara derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmegiň aýrylmaz bir bölegi hökmünde garalýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň özi  Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli guraly hökmünde seredilýändigini nygtady.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki duşuşygy geçirildi diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz  şol duşuşykda Türkmenistanyň ählumumy Gün tertibiniň bu örän möhüm ugry boýunça halkara tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlaryň birnäçesini  öňe sürendigini aýtdy. Biziň tekliplerimiz Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler, şeýle hem bu Guramanyň Baş sekretary Pan Gi Mun tarapyndan düşünmek bilen kabul edildi we goldanyldy. Bu bolsa, Bitarap döwletimiziň üstüne uly jogapkärçiligi ýükleýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  öňe sürlen başlangyçlary üstünlikli amala aşyrmak üçin, milli we  halkara derejesinde  zerur bolan ähli işleriň geçirilmelidigini, bu ugurda ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň sazlaşykly işlemelidigini nygtady. Milli Liderimiz  daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, bu ugurda ähli işleriň utgaşdyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS-yň) ýakyn wagtda geçiriljek mejlisleriniň birinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmagyň täze, ählumumy guralyny döretmek baradaky meselä seretmegi hem teklip etdik diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz  Türkmenistanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzasy hökmünde, Birleşen Milletler Guramasynyň bu örän möhüm edarasy bilen işlemek boýunça uly tejribe toplandygyny nygtady.

Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagy utgaşdyrmagyň guralyny döretmek meselesine seretmek baradaky başlangyjymyzy durmuşa geçirmekde bu Edaranyň goldaw berjekdigine ynanýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.  Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrligine,  degişli ministrlikler bilen bilelikde, öňe sürlen başlangyjymyzy esaslandyrmak we onuň mazmuny boýunça anyk teklipleri bermegi tabşyrdy.  Bu işleri amala aşyrmagyň guralyny ulanmagyň usullaryny we çäklerini kesgitläp, ýola goýulýan hyzmatdaşlarymyzyň goldawyny berkitmek üçin, Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň çäklerinde zerur bolan diplomatik geňeşmeleri geçiriň diýip, milli Liderimiz tabşyrdy.

Häzirki döwürde dünýäde açlyga garşy göreşmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlaryň iýmitlenmegini gowulandyrmak boýunça bilelikde köp işleriň  edilýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy goldamak Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň geçiren işiniň ýene-de bir möhüm ugurlarynyň biri bolandygyny, şunuň bilen baglylykda,  ýurdumyzyň Baş Assambleýanyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde ýokary derejede Azyk maslahatyny çagyrmak baradaky başlangyç bilen çykyş edendigini belledi. Bu başlangyjy üstünlikli amala aşyrmak üçin, Azyk maslahatynyň Gün tertibi, onuň öňünde durýan wezipeler, Maslahatda seredilmegi göz öňünde tutulýan meseleler boýunça anyk teklipleri, ilkinji nobatda, biziň özümiz bermelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet baştutanymyz wise-premýer  R.Meredowa, Daşary işler ministrligine bu Maslahaty geçirmek, onda serediljek meseleleri taýýarlamak üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň, Azyk we Oba hojalyk guramasynyň, Bütindünýä azyk guramasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirmegi, bu edaralar bilen Maslahaty geçirmegiň guramaçylyk meselelerini çözmegi, şeýle hem  geçiriljek Maslahatyň azyk üpjünçiligi boýunça dünýäde alnyp barylýan hyzmatdaşlyga netijeli we anyk itergi bermegini gazanmagy tabşyrdy. Bu Maslahatyň Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde mundan beýläk-de anyk çözgütleri taýýarlamagyny üpjün etmek we şeýle netijeleri gazanmak biziň esasy maksadymyz bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmenistanyň bu ugurda öňe süren başlangyjynyň düýp mazmuny şundan ybaratdyr.

Soňra döwlet baştutanymyz wise premýer E.Orazgeldiýewe ýüzlenip,  Azyk maslahatyny geçirmek bilen bagly taýýarlyk işlerine ýurdumyzyň degişli pudak edaralaryny çekmegi tabşyrdy. Häzirki döwürde Bitarap döwletimizde azyk howpsuzlygynyň üpjün edilýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz ilatymyza hödürlenýän azyk önümleriniň düzüminiň  gowulandyrylýandygyny, azyk önümleri lukmançylyk nukdaý nazaryndan zerur bolan maddalar bilen baýlaşdyrylýandygyny bu ugurda gowy tejribe toplanandygyny aýtdy we  degişli edaralara bu tejribä esaslanýan teklipleri bermegi tabşyrdy.

Biziň toplan oňyn tejribämizden hyzmatdaşlarymyzyň hem peýdalanmagyny zerur hasaplaýaryn diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň ýakyn geljekde Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bolan Ösüş Maksatnamasy, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) hem-de Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilim babatda hyzmatdaşlygy dowam etjekdigine ynam bildirdi. Şunlukda, bu hyzmatdaşlygyň has-da takyk we anyk maksada gönükdirilmelidigini, onuň döwrüň talaplaryna  laýyk gelmelidigini, şeýle hem uzakmöhletleýin geljegi nazara alyp, halkara bilim giňişligine ýurdumyzyň ysnyşykly we netijeli goşulmagyna ýardam bermelidigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri  R.Meredowa hem-de Daşary işler ministrligine, wise-premýer  S.Toýlyýewe we  Bilim ministrligine Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Milli komissiýasy bilen bilelikde bilim babatda halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi uly bolan täze meýilnamalaryny we maksatnamalaryny taýýarlamagy tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly,  Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň anyk usullary kesgitlenmelidir,  şunuň bilen birlikde, bilim maksatnamalarynyň innowasion ugurlaryny öňe sürmäge, okatmagyň we bilim bermegiň häzirki zaman usulyýetini ornaşdyrmaga uly üns berimelidir.

Gender deňligini üpjün etmegiň, aýal-gyzlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmegiň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz  A.Nurberdiýewa, Türkmenistanyň Mejlisine, R.Meredowa, Daşary işler ministrligine Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynda alyp barýan işleriniň çäklerinde bu ugurdaky meselelere örän uly üns bermegi tabşyrdy we olaryň  döwlet baştutanlarynyň gender deňligi boýunça ýakynda bolup geçen ýokary derejedäki duşuşygynyň netijelerini düýpli öwrenmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz  dürli halkara maslahatlarynda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň indiki, 71-nji mejlisinde ýurdumyzyň öňe sürjek täze tekliplerini taýýarlamagyň zerurdyyny belläp, bu işe degişli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylaryny giňden çekmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleşi ýaly, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça halkara hyzmatdaşlygyna örän möhüm ähmiýet berilmelidir. Şoňa görä-de, şu ýylyň dekabr aýynda Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýanyň taraplarynyň Parižde geçiriljek maslahatyna düýpli taýýarlyk görmeli, maslahatda beýan ediljek, ileri tutulýan meseleleri kesgitlemeli diýip, döwlet baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Daşary işler ministrligina we wise-premýer  R.Meredowa, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe ýüzlenip, bu ugurda beýleki edaralar bilen bilelikde zerur teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň bu Gurama bilen hyzmatdaşlyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işleri güýçlendirmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, goňşy döwletler, şeýle hem gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen hyzmatdaşlyk edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň utgaşdyrmagy boýunça bu başlangyjyň Merkezi Aziýada we oňa ýakyn sebitlerde Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda örän möhüm ädimdigini düşündirmek zerurdyr.  Bu başlangyjyň halkara derejesinde goldanylmagyny tutanýerlilik bilen gazanmak, bu mesele boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde 2016-njy ýylda anyk çözgüdiň kabul edilmegi biziň esasy maksadymyz bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň alyp barýan içeri syýasaty bilen baglanyşykly  meselelere degip geçmek bilen, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça saýlap alan ugrumyzda häzirki zaman senagat üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmegiň  göz öňünde tutulýandygyny belledi. Bu babatda gaýtadan işleýän iri önümçilikleri döretmek wezipesi zerur bolup  durýar, bu bolsa, diňe bir bütin dünýäde dowam edýän maliýe-ykdysady çökgünligiň milli ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini azaltmak bilen çäklenmän, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede – 8,3 göterim möçberde saklamaga hem mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Munuň özi senagat önümleriniň möçberlerini artdyrmaga, milli  manadyň hümmetini durnukly derejede saklamaga oňaýly şerti üpjün edýär. Içerki bazarda harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlaryny pes derejede saklamaga, durmuş ulgamyna gönükdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam edýär. Häzirki döwürde Prezident maksatnamasyna laýyklykda täze kärhanalary gurmaga we bar bolanlarynyň durkuny täzelemäge uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Geçen döwür bilen deňeşdirilende bu ugra gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi 8,2 göterim artdy.

Tebigy gazy ulanmak arkaly energiýa serişdelerini öndürýän kuwwatlyklary artdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnama laýyklykda, önümleriň täze görnüşlerini öndürmäge niýetlenen taslamalaryň  işlenip taýýarlanýandygyny nygtady.

Bilim, saglygy goraýyş, ylym ulgamlarynda hem özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Gurluşyk, senagat pudaklarynda we beýleki pudaklarda ýokary ösüş depginleri gazanylýar. Biz iri halkara taslamalaryny hem, içerki taslamalary hem amala aşyrmagy dowam edýäris diýip, sözüni dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we abadanlaşdyrmak boýunça işleriň netijeli alnyp barylýandygyny, iri gaz geçirijileriň, sport desgalarynyň, howa menzilleriniň, awtomobil ýollarynyň we iri köprüleriň çalt depginler bilen gurulýandygyny,  «Türkmenistan– Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň, şeýle hem beýleki gaz geçirijileri gurmak boýunça taýýarlyk işleriniň geçirilýändigini belledi.

Ýurdumyzda desgalaryň gurluşygy çalt depginler bilen alnyp barylýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow muňa mysal hökmünde diňe bir şu ýylyň sentýabr aýynda umumy bahasy 1 milliard 500 million amerikan dollaryna golaý bolan 68 desganyň ulanmaga berlendigini görkezdi.  Şolaryň hatarynda bekre balyklaryny ösdürip ýetişdirýän kärhanany, sebitde iri desga bolan, kuwwaty 504 megawatt gazturbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar. Şeýle hem, şol desgalaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky 10-a golaý myhmanhana we dynç alyş toplumy, Awaza etrabyndaky binalar toplumy, jemi 2090 orunlyk 25 sany umumy bilim berýän mekdep we 14 sany çagalar bagy, umumy meýdany 114 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary bar. Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan dürli desgalaryň 2 müňden gowragynyň gurluşygy alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Oba hojalygynda geçirilýän özgertmeler hem öz oňat netijelerini berip başlandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň gurak gelendigine garamazdan, oňat galla hasyly ösdürilip ýetişdirilendigini  we ýygnalandygyny aýtdy. Pagta ýygymy hem ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň ynandyrmalaryna görä, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramyna çenli bir million tonnadan gowrak «ak altyn» ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyrylar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Telekeçiler hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşýarlar. Olar dürli pudaklarda netijeli işleri alyp barýarlar. Telekeçilerimiz has çylşyrymly we iri möçberli taslamalary amala aşyrýarlar. Olaryň ussatlyk derejesi daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenlerinden birjik-de pes däldir diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

2015-nji ýylyň tamamlanmagyna çenli az wagtyň galandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz  galan döwürde  şu ýyl göz öňünde tutulan işleriň üstünlikli tamamlanmagy, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk baýramy we ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli göz öňünde tutulan baýramçylyk çäreleriniň ýokary döwlet we ähli halk derejesinde guramaçylykly geçirilmegi babatda ähli zerur tagallalary görülmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz  wise-premýer B.Hojamämmedowa ýüzlenip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary bilen bilelikde 2016-njy ýylyň Döwlet býujeti bilen bagly maslahat geçirmegi,  2016-njy ýylyň Döwlet býujetini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri tamamlamagy, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Mejlisiň garamagyna ibermegi tabşyrdy. Döwlet býujetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, geljek ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini, şeýle hem beýleki durmuş tölegleriniň birnäçesiniň möçberlerini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewanyň ünsüni geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny hemmetaraplaýyn oýlanyşykly işläp taýýarlamaga  we kabul etmäge çekdi. Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy nazara alyp, ýurdumyzyň kanunçylygyna gysga wagtyň içinde seretmegiň we  eger zerur bolsa, oňa üýtgetmeleri girizmegiň wajypdygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredowa ýüzlenip, daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýurdumyza boljak saparlaryna, şeýle hem ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara boljak saparlaryna düýpli taýýarlyk görmegiň, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns bermegiň,  ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny geçirmegiň maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  geljek ýyl daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýurdumyza boljak saparlarynyň we ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara boljak saparlarynyň meýilnamasyny hem-de halkara maslahatlaryny geçirmegiň tertibini işläp taýýarlamagy we tassyklamak üçin hödürlemegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewiň ünsüni  geljekki oňat galla we pagta hasylynyň düýbüniň şu ýyl tutulýandygyna çekdi. Şoňa görä-de, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde tamamlamaga, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmäge we geljek ýylyň gowaça ekişine häzirden gowy taýýarlyk görmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyn belläp, milli Liderimiz oba hojalygyny dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmek, ýer reformasyny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanwmyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa ýüzlenip, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygy we döwletimiziň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine düýpli taýýarlyk görmegi we bu çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy. Ähli welaýat merkezlerinde, şäherlerde we obalarda baýramçylyk çärelerini, sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramaly. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini metbugatda we teleradioýaýlymlarda giňden beýan etmeli diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz gürrüňi dowam etmek bilen, wise-premýer P.Taganowa, baýramçylyk günlerinde bazarlarda we dükanlarda senagat hem-de azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe we beýleki wise-premýerlere ýüzlenip, gurulýan binalarda we desgalarda işleriň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şu ýyl göz öňünde tutulan desgalaryň ählisiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli gurlup, ulanmaga berilmegini gazanmaly. Bu aýratyn hem, ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna degişlidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer S.Satlykowa, baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän döwründe ulag gulluklarynyň işleýşini berk gözegçilikde saklamagy, howa menzilleriniň, Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň, awtomobil ýollarynyň gurluşygyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowa ýüzlenip,  nebitgaz we geologiýa pudaklaryny ösdürmek boýunça syýasaty has netijeli alyp barmagy, nebiti we gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyza maýa goýumlaryny çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmegiň Berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Prezident maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň  zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz wise-premýer B.Ereşowa ýüzlenip, senagat pudagynyň gerimini telekeçileri giňden çekmek arkaly has-da giňeltmek, bäsleşige ukyply, innowasiýalara esaslanýan senagat pudagyny we pudagyň üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu pudak ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny, aýratyn hem, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän pudaklary çalt depginler bilen ösdürmegiň esasyny düzýär.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, göz öňünde tutulan özgertmeleriň maksatnamasyna laýyklykda, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadyny berkitmegi, bu ulgamlary kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, ýurdumyzyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigini belläp, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda mejlise gatnaşyjylara degişli tabşyryklary berdi. Öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryny kesgitläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi. 

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Şunuň bilen mejlisi jemläp, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara  berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine  alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

 

TDH