Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy
![]() |
2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamasy kabul edildi. Şu kararnama bilen BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady we BMG-niň agza-döwletlerini Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga hem-de ony goldamaga, döwletimiziň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäkleriniň bitewiligine hormat goýmaga çagyrýandygyny belledi. Şeýle hem, bu kararnamada Baş Assambleýanyň Türkmenistanyň Hökümetiniň 2015-nji ýyly Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegini hem-de 2015-nji ýylyň dekabr aýynda «Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyny geçirmekligi doly makullaýanylýandygy bellenildi. |