Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
2016-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzda 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer 2015-nji ýylda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Döwlet we milli özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçen ýylyň dowamynda toplumlaýyn çäreler görüldi. Öz wagtynda geçirilen işleriň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda durnukly ösüş hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygynyň ýokary derejesi üpjün edildi.
Hasabat döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň görkezijileri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Milli ykdysadyýetimiziň esasy görkezijileriniň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly we okgunly ösüşe eýe boldy. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 104,8 göterim üpjün edildi. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy.
2015-nji ýylyň netijeleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy 41,9 milliard manada barabar bolup, ýokary ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda hem ösüş gazanyldy.
Türkmenistanyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haky 2014-nji ýyldaka görä 9,5 göterim ýokarlandy.
Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa serişdeleriniň möçberleri hem artdy.
Wise-premýer 2015-nji ýylyň jemleri boýunça welaýatlary özgertmek baradaky milli maksatnamada kesgitlenen işleriň üstünlikli ýerine ýetirilendigini habar berdi. Şol döwürde şu maksatnamanyň çäklerinde jemi 4,9 milliard manada barabar möçberde düýpli maýa goýumlary özleşdirildi.
Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 175-sinde gurluşyk işleri tamamlandy hem-de 155-sinde gurluşyk işleri dowam edýär.
Soňra Türkmenistanyň maliýe ministri M.Muhammedow çykyş edip, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 100,6 göterim, çykdaýjy bölegi bolsa 90 göterim ýerine ýetirildi. 2015-nji ýylda býujet serişdeleriniň 78,7 göterimi durmuş ulgamyna gönükdirildi.
Hasabat döwründe ýerli býujetler girdejiler boýunça 101,7 göterime, çykdajylar boýunça bolsa 96,4 göterime deň boldy.
Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi.
Şeýle hem 2015-nji ýylda maliýe-býujet ulgamynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Balans toparlarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararyny durmuşa geçirmek maksady bilen hasabat döwründe merkezi, pudak we sebit balans toparlarynyň mejlisleriniň 142-si geçirildi hem-de ministrlikleriň we pudak edaralarynyň 8-siniň şeýle hem kärhanalaryň 465-siniň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi.
2015-nji ýylyň dowamynda ätiýaçlandyryş işini, auditorçylyk işini we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek bilen bagly maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde yzygiderli işler alnyp baryldy.
Soňra Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri Ý.Şeripow milli ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny çekmek, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda" bellenilen çäreleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.
2015-nji ýylda önümçilik we durmuş-medeni ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna iri möçberli taslamalar durmuşa geçirildi. Hasabat döwründe Milli maksatnamanyň çäklerinde özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 4,9 milliard manada barabar bolup, meýilnama 132 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji Ahal welaýaty boýunça 1 milliard 133 million manada, Balkan welaýaty boýunça 1 milliard 142 million manada, Daşoguz welaýaty boýunça 814 million manada, Lebap welaýaty boýunça 964 million manada, Mary welaýaty boýunça 850 million manada deň boldy.
2015-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlarynda hassahanalaryň 2-si, saglyk öýleriniň 16-sy, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň 14-si, orta mekdepleriň 15-si, medeniýet öýleriniň 9-sy, sport mekdepleriniň 3-si, sport desgalarynyň 2-si, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 4-si guruldy, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň 3968 kilometri çekildi, dik guýularyň 27-si gazyldy, awtomobil ýollarynyň 239 kilometri guruldy, telefon ulgamlarynyň 2346 kilometri çekildi.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 30-njy martyndaky Buýrugyna laýyklykda, gurulmagy meýilleşdirilen önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 290-syndan 265-si bina edildi. Olaryň 76-sy önümçilik we 189-sy dürli maksatly desgalardyr.
Hasabatda aýdylyşy ýaly, “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, kärhanalaryň we desgalaryň 36-sy hususylaşdyryldy.
Soňra Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy
A.Mämmedow 2015-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmek maksady bilen geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde ähli pudaklarda diýen ýaly önümçiligiň möçberleriniň ýokary depginler bilen ösüşi üpjün edildi.
Ýylyň jemleri boýunça nebitiň çykarylyşynyň ösüş depgini 105,2 göterime, elektrik energiýasynyň 100,5 göterime, benziniň, kerosiniň, çalgy serişdeleriniň, nebit koksunyň, polipropileniň 100,1 göterime, nebit bitumynyň 121,2 göterime, suwuklandyrylan gazyň 100,6 göterime, sementiň 104,4 göterime, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 115,5 göterime, plastmas we aýna süýümli turbalaryň 103,7 göterime, demir önümleriniň 101,7 göterime, mineral dökünleriniň 175,2 göterime, ýoduň 100,8 göterime, pagta süýüminiň 100,2 göterime, nah matalaryň 107,4 göterime, makaron önümleriniň 112,8 göterime we şerbetli içgileriň 111 göterime, derman senagatynyň önümleriniň 138 göterime barabar ösüş depginleri gazanyldy.
Oba hojalyk pudagynda oňat netijeler gazanyldy. 2015-nji ýylda 1 million 406,1 müň tonna bugdaý öndürildi. Pagta taýýarlamak baradaky tabşyryk 104,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe şalynyň öndürilişi 40,5 göterim ýokarlandy. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende, oba hojalyk önümleriniň, hususan-da, etiň, süýdüň, ýumurtganyň, gök we bakja önümleriniň öndürilişiniň ösüşi üpjün edildi. 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, mallaryň baş sany 28,2 müň, dowarlaryň bag sany 168,7 müň, guşlaryň sany 235,8 müň artdy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy gurluşyk ulgamyndaky görkezijiler barada hasabat bermek bilen, 2015-nji ýylda gurluşyk işleriniň möçberiniň 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10,3 göterim ýokarlanandygyny habar berdi.
Hasabat döwründe ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýük daşamagyň möçberi artdy. Ýolagçy gatnatmak boýunça 102,8 göterim, şol sanda awtomobil ulagynda 103,3 göterim, demir ýol we howa ulaglarynda 100,2 göterim, suw ulagynda 137,6 göterim ösüş gazanyldy. Aragatnaşyk ulgamynda ilata hyzmat etmekden alynýan girdejileriň möçberi 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9 göterim artdy.
2015-nji ýylda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda energetika, nebitgaz, himiýa, obasenagat, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem söwda we ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik maksatly iri desgalaryň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp baryldy. Mundan başga-da, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl bölegini ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirildi.
Soňra Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Annadurdyýew pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişiniň hem-de harytlaryň eksporty we edilýän hyzmatlar üçin ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň hasabyna pul serişdeleriniň gelip gowuşmagynyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi bankyň ýolbaşçysynyň alyp barýan işiň derejesine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bank edaralarynyň işini guramakda kemçilikleriň bardygyny belläp, degişli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin M.Annadurdyýewe käýinç yglan edildi.
Milli Liderimiz ähli ýolbaşçylara ýüzlenip, ýurdumyza beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleri öndürmek we daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak baradaky maksatnamany ýerine ýetirmegiň örän möhümdigine ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Hormatly Prezidentimiz bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanjakdygyny nygtady.
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işinde kemçiliklere ýol berilýändigini nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ministrligiň ýolbaşçysy B.Şamyradowa ozal hem birnäçe gezek käýinç yglan edildi. Ýöne ýaglaýy düzetmek üçin zerur işler geçirilmedi. Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine gelip gowuşýan arza-şikaýatlar azalman, ýyl-ýyldan artýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, işde goýberen
kemçilikleri üçin B.Şamyradow zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Pensiýa gaznasynyň müdriýietiniň başlygy wezipelerinden boşadyldy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy K.Rejepowy işde goýberen düýpli kemçilik üçin eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri wezipesine we Pensiýa gaznasynyň müdüriýetiniň başlyklygyna S.Akmämmedowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýet we ösüş ministriniň orunbasary wezipesine E.Annamuhammedowy belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň 2015-nji ýyldaky durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileriniň umuman kanagatlanarlydygyny belledi. Ýöne muňa garamazdan, çözgüdine garaşýan köpsanly meseleleriň we wezipeleriň öňümizde durýandygyny bellemeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Milli Liderimiz B.Hojamämmedowa ýüzlenip, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady düzüminiň kärhanalarynyň häzirki güne çenli degişli derejede iş alyp barmaýandygyny nygtady. Ýokary gözegçilik edarasynyň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işlere geçiren seljermesiniň netijeleri boýunça bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligiň gowşadylandygy ýüze çykaryldy. Döwlet Baştutanymyz munuň bellenen maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleriň doly möçberde ýerine ýetirilmeýändigini aňladýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz kabul edilen makkatnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, anyk işleriň durmuşa geçirilmeginiň, göz öňünde tutulan ähli işleri ýerine
ýetirmek üçin maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2017-2021-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, bu işlere jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz şol resminama taýýarlanylanda degişli maksatnamalarda we ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça Esasy ugurlarda göz öňünde tutulan gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýyna degişli seljermäniň geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2017-2021-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak hakyndaky” Karara gol çekip, degişli ýolbaşçylara bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Wise-premýer degişli maksatnamany taýýarlamak hakyndaky Karara gol çekendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde durýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümler bilen sazlaşykly iş alyp barmak babatda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew 2015-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçen ýyl bilen deňeşdirilende nebit we gaz kondensatyny çykarmagyň ösüş depgini 105,2 göterime, buraw işleriniň ösüş depgini 124,4 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmek baradaky meýilnama 145,6 göterim ýerine ýetirildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, awtoulag benzininiň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki nebithimiýa önümleriniň önümçiliginiň tehniki-ykdysady görkezijileri, şeýle hem kärhanalarda, edaralarda, guramalarda we ýaşaýyş toplumlarynda gaz hasaplaýjy enjamlaryny orurtmak boýunça alnyp barlan işler hakynda hasabat berildi.
Şeýle hem wise-premýer ýangyç-energetika toplumynda düzümleýin özgertmeleri geçirmek, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligini Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi diýip atlandyrmak hakyndaky” Permanyň we başga-da birnäçe Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.
Resminamalara laýyklykda, “Türkmennebitönümleri” baş müdirligi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň garamagyna geçirilýär. “Türkmengaz” döwlet konserniniň nebit we gaz instituty hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ylmy-barlag we geologiýa-gözleg instituty ýapylyp, olaryň binýadynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagynda ylmy-barlag tebigy gaz institutyny döretmek göz öňünde tutulýar. Bu institutlaryň taslama bölümleriniň hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň gurluşyk-gurnama müdirliginiň binýadynda “Türkmengaz inženerçilik we gurluşyk” müdirligi döredilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň düzümini tassyklamak hakyndaky” Karara laýyklykda, ýangyç-energetika toplumynda täze bina edilýän gurluşyklaryň barşyna gözegçilik etmek wezipesi “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň üstüne ýüklenilýär.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, “Türkmenistanyň milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Hususan-da, onuň düzümine Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de “Garagum” halkara paýdarlar banky girýär. Milli nebitgaz kompaniýasynyň işiniň esasy ugurlary geologiýa-gözleg we buraw işlerini alyp barmakdan, nebiti we gazy çykarmakdan, ýangyç-energetika toplumyndaky halkara taslamalaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr.
Wise-premýer çykyşynyň dowamynda ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan düzümleýin özgertmeleriň ulgamyň işini kämilleşdirmekden, düzümlerde ykdysady bähbidi gazanmakdan, başga-da, işiň ilerlemeginde, düzümleriň önümçilik kuwwatlyklarynyň we eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagynda möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýangyç-energetika toplumyny özgertmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler degişli pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, bu ugurlarda alnyp barylýan işleriň ylmy esasda ösdürilmegine, pudaklaryň işine dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kabul edilen we onuň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, nebitgaz pudagynyň netijeliligi köp derejede dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara almak bilen, onuň işiniň oýlanyşykly özgerdilmegine baglydyr. Milli Liderimiz oňyn netijeleri almak üçin pudagyň bar bolan mümkinçiliklerini ýüze çykarmakdan, ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmekden, önümçilik çykdajylaryny azaltmakdan, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanylýan önümleri ýerleşdirmek meselelerine bolan işleri kämilleşdirmekden ybaratdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligini Türkmenistanyň nebitgaz ministrligi diýip atlandyrmak hakyndaky” Permana, şeýle hem hödürlenen Kararlara gol çekip, wise-premýere hem-de toplumyň ýolbaşçylaryna resminamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem “2016-njy ýylda içerki sarp edijilere nebit önümlerini bölüp bermek hakyndaky” Karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz M.Halylowy başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministri wezipesinden boşadyp, ýurdumyzyň nebitgaz ministri wezipesine M.Meredowy belledi.
M.Halylow “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktory wezipesine bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz Nebitgaz pudagynda bar bolan we häzirki döwürde ulanylmaýan mümkinçiliklere ýene bir ýola ünsi çekip, döwlet emläginiň, maddy-enjamlaýyn we maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dolandyryş ulgamyna dünýä tejribesinde kabul edilen kadalary we düzgünleri, häzirkizaman halkara ölçeglerini giňden ornaşdyrmak çärelerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer Aşgabat şäher häkimliginiň hojalyk hasaplaşygyna degişli edara-kärhanalary tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasynyň 100,8 göterim ýerine ýetirilendigini, ösüş depgini bolsa 129,3 göterime deň bolandygyny belledi.
Paýtagtymyzyň häkimliginiň kärhanalary boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň meýilnamasy 108,2 göterim ýerine ýetirildi.
Wise-premýer Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 126,9 göterim berjaý edilendigini, ösüş depgininiň 113,9 göterime deň bolandygyny aýtdy. Hasabat döwründe ministrligiň daşary ýurt pulundaky girdejisiniň ösüş depgini 101,8 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň kärhanalary 2015-nji ýylyň jemleri boýunça göz öňünde tutulan meýilnamany 138,6 göterim ýerine ýetirip, 130,3 göterim ösüş depginini üpjün etdiler. 2015-nji ýylda elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 101 göterime barabar boldy. Elektrik energiýasynyň eksporty boýunça ösüş depgini 108,2 göterim üpjün edildi. Ministrligiň daşary ýurt pulundaky girdejisiniň meýilnamasy 101,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 104,3 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan hasabat döwründe meýilnama 113,3 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 112,6 göterime barabar boldy.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 107,5 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 106,8 göterim üpjün edildi.
Hasabatyň barşynda 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna çenli paýtagtymyzda desgalary gurmak we durkuny täzelemek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada habar berildi. Şunda önümçilige döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hil derejesinde berjaý edilmegine aýratyn üns berilýändigi bellenildi.
Hasabatyň çäklerinde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, ministrlikler we pudak edaralary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan tassyklanylan maksatnamalaryň esasynda we Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, 2016-njy ýylyň dowamynda ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň hem-de Gurluşygyň meýilnamasynyň taýýarlanylandygy habar berildi. Bu resminama laýyklykda, desgalaryň 383-sini ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar, olaryň 21-si çagalar bagy, 19-sy orta mekdep, 16-sy saglyk ulgamynyň desgalary, 161-si ýaşaýyş jaýlary, 77-si kottej jaýlary we beýleki binalar hem-de desgalar bolup, olaryň umumy bahasy 7,4 milliard amerikan dollaryna barabardyr.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ählisinde işleriň ýokary hilini üpjün etmegiň hem-de olary ulanmaga bermegiň möhletlerini berk berjaý etmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz 2016-njy ýylda ýurdumyzda binalary we desgalary gurmagyň hem-de ulanmaga bermegiň meýilnamasynda berkarar Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen, ýokary depginler bilen ösdürmek üçin täze wezipeleriň we belent maksatlaryň goýlandygyny belledi. Bu wezipeleri häzirki zaman tehnikalarynyň we iň täze tehnologiýalary ulanmak, innowasion önümçilik düzümlerini döretmek arkaly çözmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz senagat we durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere şol işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu aýratyn-da, ak mermerli paýtagtymyzda gurulýan desgalara degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde çözülmeli meseleleriň heniz köpdügini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag hem-de aragatnaşyk ulgamlarynda 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,2 göterim ýerine ýetirildi. Şunda, 115,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 113 göterime deň boldy. Içerki demir ýol ulgamlarynda, şol sanda Türkmenbaşy-Türkmenabat ugurlarynda abatlaýyş işleri geçirildi. Atamyrat-Ymamnazar-Akina halkara demir ýolunyň, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsiniň gurluşygy dowam edýär. Geçen ýylda Balkanabat şäheriniň demir ýol menzili ulanmaga berildi.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 130,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 103,8 göterime, ýolagçy gatnatmakda ösüş depgini 101 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,6 göterme deň boldy. Ýurdumyzda aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, 597 müň telefon nokatlary gurnaldy. Hasabat döwründe Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 45 müň 344 telefon belgili beketler gurnaldy we 2 müň 439 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.
Hasabat döwründe “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 117,3 göterime barabar boldy. Aşgabadyň we Daşogzuň howa menzillerinde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän uçuş-gonuş zolaklary, şeýle hem “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň Howa gatnawlarynyň baş gullugynyň täze edara binasy gurlup ulanylmaga berildi.
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 126,6 göterime, deň boldy. Şeýle hem pudakda ýük daşamagyň ösüş depgini 100,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 138 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometerologiýa baradaky milli komitetiniň merkezi edara binasynyň açylyş dabarasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ulag ulgamynyň ösdürilmegine ägirt uly goldaw berýändigine garamazdan, pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň kanagatlanarly däldigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň edara-kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, pudaklar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi we wise-premýere ulag pudagynda zähmet düzgün nyzamyny pugtalandyrmak ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak bilen bagly hyzmatlaryň, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokary bolmagyny hem-de döwletiň talaplaryna laýyk derejede amala aşyrylmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 110,6 göterim üpjün edildi, şol sanda bölek söwdanyň ösüş depgini 106 göterime we lomaý söwdanyň ösüş depgini 112,9 göterime barabar boldy. Bu ulgamda özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 214,8 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu döwürde 250 birža söwdasy geçirilip, umumy bahasy 76 milliard 766,8 million manada deň bolan 21 müň 242 şertnama hasaba alyndy. Hasaba alnan şertnamalaryň umumy möçberinde import-eksport şertnamalarynyň bahasy 16 milliard 543 million manada, gurluşyk şertnamalarynyň umumy bahasy 45 milliard 381,1 million manada deň boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowuşýan serişdeleriň möçberi 34 million 927 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan hyzmat işleriniň ösüş depgini 133,1 göterime barabar boldy. Edaranyň kärhanalary boýunça gazanylan peýdanyň ösüş depgini 127,8 göterim üpjün edildi. Ýerine ýetirilen hyzmatlardan gelip gowşan daşary ýurt pulunyň möçberi 3 million 205,75 müň amerikan dollaryna barabar bolup, 117,86 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe sergileriň 31-si we maslahatlaryň 28-si geçirildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilişi 22,7 göterim we azyk önümleriniň öndürilişi 16,3 göterim artdy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň ösüş depgini 103 göterim, söwda haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 123,4 göterim, hyzmat ulgamynda bolsa ösüş depgini 127,5 göterim üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda pudagynyň işini has-da işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň önüm öndürijileriň eksport kuwwatyny ilerletmek meselelerinde maglumat-seljeriş üpjünçiliginiň wajypdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem bar bolan mümkinçiliklere we daşary ýurt bazarlarynyň isleglerine hemmetaraplaýyn baha bermek barada görkezme berip, halkara işewür gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, daşary ýurt maýasyny çekmek bilen maýa goýum taslamalaryny höweslendirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem “Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň esasy görkezijileri barada hasabat bermek bilen, bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada aýtdy. Munuň özi gurluşyk serişdeleri, himiýa, dokma we haly önümçiligi senagatynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagyny we balyk senagat pudagynda öndürilýän önümleriň möçberleriniň ýokarlanmagyny şertlendirýär.
Türkmenistanyň Senagat miniistrligi boýunça 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 120,2 göterime, onuň ösüş depgini bolsa 112,4 göterme şol sanda magdan däl serişdeleri öndürmekde ýokary görkezijiler gazanylyp, ösüş depgini 126 göterime, sementiň önümçiliginlde ösüş depgini, 104,4 göterime, demir-beton gurnamalary öndürmekde ösüş depgini 104,2 göterime, keramzit önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 118,2 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önüm öndürmegiň meýilnamasy 110 göterim ýerine ýetirildi. Şunda, ösüş depgini 104 göterime deň boldy. Aýratyn-da, nah ýüplükleriň, matalaryň önümçilik meýilnamasy 102 göterime, onuň ösüş depgini bolsa 107,4 göterime barabar boldy. Taýýar örme we tikin önümleriniň öndürilişi boýunça 109,5 göterim, ýüpek matalaryň öndürilişi boýunça 100 göterim, aýakgap we gön önümleriniň önümçiligi boýunça 100,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. Dokma önümlerini ýerlemekden alnan girdeji 1 milliard 305,1 million manada deň boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 2015-nji ýylda 42 müň 860 inedördül metr haly önümleri dokaldy. Şunda, bu önümçiligiň ösüş depgini 100,5 göterime deň boldy. Hasabat döwründe umumy öndürilen önümleriň möçberleri boýunça meýilnama 107,6 göterim ýerine ýetirildi. Şunlukda, ösüş depgini 106,1 göterime barabar boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 2015-nji ýylda meýilnama 111,1 göterim ýerine ýetirildi. Önümçiligiň jemi ösüş depgini 184,3 göterime deň boldy. Mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 175,2 göterim, natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 109 göterim, tehniki ýoduň we tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça degişlilikde 100,8 göterim we 107,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça 2015-nji ýylyň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 170,3 göterime deň boldy. Hususan-da, tutulan balyk boýunça 168,5 göterim, balyk we gaýtadan işlenilip gaplanylan balyk önümleri boýunça 140,5 göterim ösüş depgini gazanyldy.
“Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlarynyň önümçiligi boýunça kärhanany döretmegiň döwlet maksatnamasy hakyndaky” Karary ýerine ýetirmek bilen baganyşykly meseleler barada hasabat bermek bilen, wise-premýer ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän elektron we elektrotehniki enjamlaryň önümçiligi boýunça öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalara esaslanýan kiçi ugurdaş kärhanalary döretmek bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmek bilen maksady bilen birnäçe guramalary we kärhanalary esaslandyrmak hakynda hasabat berdi. Türkmenistanyň Senagat ministrliginde ýerli hususy kärhanalar we daşary ýurtly kompaniýalar bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
Işgärleri wezipä bellemek meselelerine geçdi we senagat ministri S.Orazmyradowy başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz bu wezipä D.Nursähedowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesine M.Aýdogdyýew bellenildi we şu konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti balyk hojalygy döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine S.Möwlamow bellenildi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ulanylmaga berlen desgalar barada hasabat berdi.
Wise-premýer hasabat döwründe ýurdumyz boýunça bilim-terbiýeçilik edaralarynyň 56-synyň ulanmaga berlendigini habar berdi.
2015-nji ýylda okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 193-si neşir edildi. Däp bolşy ýaly, 1-nji synp okuwçylarynyň ählisi şahsy kompýuterler bilen mugt üpjün edildi.
Mundan başga-da, geçen ýyl politehniki we neşirýat orta hünär okuw mekdepleri döredildi, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 8-si açyldy.
Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, 45 altyn, 50 kümüş, 38 bürünç medala eýe boldular.
Dünýäniň iri ylmy merkezleri, halkara guramalary we gaznalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Şunda ýurdumyzda ylym ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işler dowam etdirildi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagy hem 2015-nji ýylda uly üstünilklere eýe boldy. 2015-nji ýylda täze döwür üçin “Saglyk” döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Aşgabatda Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň düýbi tutuldy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty minsitrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezi, 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, Ahal welaýatynda Baş dermanhana birleşiginiň döwrebap ammary we 120 orunlyk Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezi dabaraly açyldy.
2015-nji ýylda umumy bahasy 544,1 million amerikan dollary we 53,3 million manat bolan 6 saglyk binasynyň hem-de 1 ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy boýunça işler alnyp baryldy.
Pudak boýunça döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 108 göterim, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden gelen girdejiler 110 göterim, derman önümçiligi 138 göterim, gyzyl pulda alnan girdejiniň möçberi 103,5 göterim köpeldi.
Şeýle hem wise-premýer syýahatçylyk ulgamy boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi. Hasabat döwründe Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan umumy girdeji 112, 2 göterim, gyzyl pul girdejisiniň möçberi 102 göterim artdy. 2015-nji ýylda 104,5 müňe golaý syýahatça hyzmat edildi we 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 106,2 göterim ösüş gazanyldy.
2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Sport media forumy, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisi geçirildi. Türgenleri we meýletinçileri taýýarlamak babatda işler yzygiderli alnyp barylýar.
2015-nji ýylda türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 162-sine gatnaşdylar hem-de jemi 411 medal—143 altyn, 98 kümüş we 170 bürünç medal gazandylar.
Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Daşary ýurtly sport hünärmenlerini işe çagyrmagyň meseleleri hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasynda göz öňünde tutulýan sportuň 21 görnüşi we beýleki sport görnüşleri boýunça daşary ýurtly sport hünärmenlerini şertnamalaýyn esasda işe çagyrmagyň meseleleri degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen öwrenildi hem-de Türkmenistanda işlemek üçin çagyrylýan daşary ýurtly sport hünärmenleriniň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň we zähmetine hak tölemegiň Tertibiniň taslamasy taýýarlanyldy.
Soňra 2016-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul etmegiň sanlary boýunça Buýrugyň taslamasy hödürlenildi. Resminama Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ministrlikleriň, ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň teklipleri esasynda taýýarlanyldy. Taslama laýyklykda, 2016-njy ýylda aspirantura 18 adamy, kandidatlyk alymlyk derejesine dalaşgärlige 28 adamy, doktorlyk alymlyk derejesine dalaşgärlige 4 adamy, kliniki ordinatura 72 adamy kabul etmek meýilleşdirilýär.
Wise-premýer şeýle hem welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça 2016-njy ýylda iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýrugyň taslamasyny hödürledi. Onuň ýeňijisi pul baýragy bilen sylaglanar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resminamalara gol çekip we olary ýerine ýetirmek babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berip, işiň jemlerini jemlemek bilen çäklenmän, eýsem, wajyp wezipeleri kesgitlemegiň hem-de olary çözmegiň ýollaryny bellemegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz S.Toýlyýewiň gözegçilik edýän ulgamlarynda köpsanly kemçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, wezipe borçlaryna talaba laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralarda düzgün-nyzamyň berjaý edilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin oňa käýinç yglan etdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere alnyp barylýan işleri seljermegi hem-de bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetinieň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän düzümlerinde geçirilen işler barada hasabat berdi.
Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň edaralary tarapyndan 45 müňden gowrak dürli çäre geçirildi, muňa sergiler, türkmen halkynyň medeni mirasyny wagyz etmek, häzirkizaman sungatyny ösdürmek we bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek, şeýle hem döwlerimiziň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler girýär. Olaryň hatarynda ýurdumyzda birnäçe döwletleriň Medeniýet günleri hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlarda geçirilen Medeniýet günleri, kino günleri hem-de beýleki bilelikdäki çäreler bar.
2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanda geçirilen çärelere TÜRKSOÝ halkara guramasyna agza döwletleriň alymlarynyň, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň ýüzlerçesi gatnaşdy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, muzeý işgärleri daşary ýurtlarda geçirilen ylmy maslahatlara, sergilere hem-de fesitwallara gatnaşdydar.
Ýurdumyzyň teatrlarynda sahna eserleriniň 2 müň 288-si görkezildi. Kitaphanalarda okyjylara hyzmat etmegiň häzirkizaman usullaryna geçmek hem-de kitap gaznalarynyň bitewi elektron ulgamyny döretmek boýunça işler amala aşyryldy.
Geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 369 görnüşi, şol sanda nusgawy we döwürdeş ýazyjy - şahyrlarymyzyň eserlerini, çagalar üçin çeper edebiýaty, okuw kitaplaryny hem hasaba almak bilen umumy sany 5,8 million nusgalykdaky kitap önümleri çap edildi. “Galkynyş” kitap merkezi tarapyndan ýurdumzyň kitaphanalaryna 381 müň 815 nusgalykdaky kitaplar iberildi.
Döwürleýin metbugat boýunça umumy sany 145 million 180 müň nusgalykda 27 gazet we umumy sagy 4 million 535 müň nusgalykda 26 žurnal çap edildi. 2015-nji ýylda öňdebaryjy enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen Metbugat öýi toplumynyň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň neşirýat – çaphana pudagynyň ösüşinde ajaýyp waka boldy. Neşirýat gullugynyň hünärmenleri daşary ýurtlarda geçirilen çaphana önümleriniň sergilerine gatnaşdylar.
Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň teleradiogepleşikleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça işi hem-de döwlet habarlar syýasatyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler barada habar berdi. Hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli çäreler hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm wakalary barada habar beriş serişdelerinde öz wagtynda beýan edilmegini üpjün edýän Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň işi barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet medeni syýasatynyň, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we kommunikasiýalarynyň türkmenistanlylaryň giň
dünýägaraýşyny, ruhy gurşawyny, jemgyýetçilik we raýatlyk düşünjesini kemala getirmekde möhüm şert hökmünde ileri tutulýan ornuny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleriniň ýeterlik derejede giňden we başarnykly beýan edilmeýäindigine ünsi çekip, çap edilýän makalaryň pes döredijilik derejesi babatynda tankydy bellikleri aýtdy. Wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine etirmän, teleýaýlymlaryň işini guramakda kemçiliklere ýol berendigi we ýaýlymlarda berilýän gepleşikleriniň hiliniň pesdigi üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy M.Altaýewe berk käýnç yglan edildi we ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Ilki bilen geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler hakynda Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow hasabat bilen çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda durmuşa geçiirlýän sebit syýasatynyň baş maksadynyň adamlaryň durmuş derejesini täze belentliklere götermek, ilatyň abadançylygynyň gowulanmagy üçin şertleri döretmek bolup durýandygyny nygtady. Welaýatlary senagatlaşdyrmak, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, sebitleriň ýaşaýjylaryny täze iş orunlary bilen üpjün etmek boýunça çäreler şu maksatlara gönükdirilendir.
Soňra hormatly Prezidentimiz H.Aşyrowy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi.
Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde welaýaty özgertmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, iri taslamalary ýerine ýetirmegiň barşy bilen baglanyşykly meseleler, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada habar berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatynda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylyşynyň depginleriniň pesdigine ünsi çekdi. Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň geçiren barlaglarynyň netijeleri boýunça maksatnamany ýerine ýetirmekde birnäçe kemçilikleriň bardygy ýüze çykaryldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, welaýatyň çäklerinde dürli maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmandygyny, gurulýan desgalary maliýeleşdirmk işleriniň ýaramazdygy, gurluşygyň hiline gözegçiligiň gowşadylandygy ylalaşyp bolmajak ýagdaýdyr.
Hormatly Prezidentimiz emele gelen ýagdaýlara nägilelik bildirip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Balkan welaýatynyň häkiminiň gurluşyk baradaky orunbasay B.Söýeşowa käýinç yglan edip, degişli resminama gol çekldi.
Döwlet Baştutanymyz E.Aşyrowy Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň häkimliginiň iş dolandyryjy wezipesinden boşatdy, B.Annagurbanowy Etrek etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony şu etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow welaýatyň çäklerinde 2015-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem häzirki döwürde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, S.Meredowy Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň iş dolandyryjy wezipesinden boşatdy.
Mejlis Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewiň hasabaty bilen dowam etdirildi, ol 2015-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň jemleri we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew çykyş edip, geçirilen seljerme işleriniň barşynda Lebap welaýatynda ýüze çykarylan kemçilikler we kanun bozulmalarynyň ýüze çykarylandygy barada hasabat berdi. Hasabatda, hususan-da, döwlet tarapyndan welaýatyň toplumlaýyn ösdürilmegine uly möçberli serişdeleriň goýberilýändigine garamazdan, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça tabşyryklaryň pes derejede ýerine ýetirilýändigi habar berildi. Welaýatyň şäherlerinde we obalarynda gurluşyk işleri örän haýal depginlerde alnyp barylýar, ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen birnäçe desgalaryň hat-da gurluşygyna hem girişilmändir. Welaýatyň ýolbaşçylary durmuş meselelerini çözmäge ýeterlik üns bermeýärler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, M.Joraýewi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew geçirilen seljerme işleriniň netijesi boýunça käbir wezipeli adamlaryň wezipe borçlaryndan hyýanaçykly peýdalanan pursatlarynyň ýüze çykarylandygy barada maglumat berdi.
Milli Liderimiz hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan korrupsiýa garşy göreşmek boýunça çäreleri güýçlendirmegi talap edip, öz garamagyndaky düzümlerde hukuk bozulmalaryna ýol berýän ähli ýolbaşçylaryň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny hem-de kanuna laýyklykda jenaýat jogapkärçiligine çekiljekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine Ç.Çarlyýewi belläp, oňa söz berdi. Soňra Lebap welaýatynyň täze bellenilen häkimi öz üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmek üçin ähli gujur-gaýratyny aýamajakdygyna ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň häkimi wezipesine A.Erlekowy belläp, ony bu etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.
D.Mämmedow Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi we bu etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Milli Liderimiz Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesine M.Erkäýewi belläp, ony Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, S.Halmyradow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.
Ozal Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän P.Kurbanow Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.
Milli Liderimiz M.Annaseýidowy Magdanly şäheriniň häkimi wezipesine belläp, ony bu şäheriň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Geçen ýylda geçirilen işleriň jemleri baradaky hasabat bilen Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow çykyş etdi. Hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wezipelere bellemek baradaky Permanlara gol çekdi. Mary etrabynyň häkimi wezipesine A. Durdyýew bellenilip, ol Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Wekilbazar etrabynyň häkimi wezipesine O. Annaberdiýew bellenilip, ol Tagtabazar etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesine B. Hommakow bellenildi.
Murgap etrabynyň häkimi wezipesine Ç. Mylkyýew bellenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasry E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 104,9 göterime, şol sanda Oba hojalyk ministrligi boýunça 110,1 göterime, Suw hojalygy ministrligi boýunça 109,7 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça-- 108,6 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça-- 110,1 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,7 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 103,9 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça-- 115,7 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 102 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça-- 119 göterime deň boldy.
Obasenagat toplumynyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda maýa goýum serişdelerini özleşdrmek baradaky ýyllyk meýilnama 113,3 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle hem hasabatyň barşynda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny, suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda ak ekinlere ideg etmegiň, gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek üçin sürüm işleriniň barşy barada maglumat berildi. Bu işler bilen bir hatarda, oba hojalyk tehnikasyny ekiş möwsümine taýýarlyk çäreleri hem alnyp barylýar.
Wise-premýer hormatly Prezidentiimiziň oba hojalyk toplumynyň dolandyryş düzümini kämilleşdirmek, pudakda amala aşyrylýan özgertmeleri işjeňleşdirmek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Permanlaryň, Kararlaryň we Buýruklaryň taslamalaryny hödürledi.
Hödürlenen resminamalara laýyklykda, ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrligi, Suw hojalyk ministrligi, “Türkmenpagta” döwlet konserni we “Ak altyn” söwda kärhanasy, “Türkmengallaönümleri”, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşikleri, Döwlet maldarçylyk birleşigi birleşdirilip, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi döredilýär. Degişlilikde düzümleriň welaýatlardaky binýadynda oba hojalyk önümçilik birleşikleri dörediler.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birleşdirilmeginiň netijesinde täze pudaklaýyn düzümleriniň döredilmeginiň pudagyň netijeli işlemegine, onuň önümçilik kuwwatynyň we eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegine, oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň hasabynda durýan traktorlary degişli bahadan ýerlemek göz öňünde tutulýar. Maldarçylyk we guşçulyk toplumlary Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna berler.
Tebigaty goramak ministrligi we Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeler gullugy Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetine öwrülýär.
Oba hojalyk ministrliginiň Pagtaçylyk ylmy barlag instituty, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyndaky Ylmy-barlag ekerançylyk instituty hem-de “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň garamagyndaky ylmy-barlag dänelik ekinleri instituty goşulyp, olaryň binýadynda täze döredilýän Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligiň garamagyndaky Oba hojalyk ylmy-barlag instituty dörediler.
“Türkmenobasenagattaslama” kärhanasy garamagyndaky edara bilen bilelikde Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň garamagyna geçirildi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe Kararlaryň taslamalary hödürlenildi. Olara laýyklykda, 2016-njy ýylda Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekmek üçin 545 müň gektar ýer bölünip berler we 1 million 50 müň tonna “ak altyn” öndüriler. Kartoşka we beýleki ekinler, şeýle hem bakja ekinler üçin tutuş ýurdumyz boýunça 27 müň 770 gektar ýer bölünip berler.
Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2016-njy ýylda paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde, şeýle hem welaýatlaryň çäklerinde dürli agaçlaryň, miweli baglary we üzüm nahallarynyň 3 million düýbi ekiler.
Şeýle hem taýýarlanylan resminamalaryň hatarynda “Pagtanyň döwlet satyn alyş bahalary hakyndaky” Kararyň, “Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň 2016-njy ýylda suwdan peýdalanmagynyň çäkli möçberlerini tassyklamak hakyndaky” Buýrugyň taslamalary bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmek, dolandyryşyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleriň amala aşyrylýandygyny nygtady. Telekeçiligi, hususy eýeçiligi ösdürmek üçin amatly şertler döredildi.
Oba hojalyk pudagynda amala aşyrylan işleriň netijeleri hakynda aýdylanda bolsa, häzirki döwürde pudakda döwlete dahylly bolmadyk ulgamyň paýynyň 92 göterimden gowrakdygyny bellemeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda döwlet dolandyryş düzümleriniň sanynyň aşa köpdügi göz ilýär. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe ministrlikleri we pudak edaralaryny birleşdirmek zerurlygy ýüze çykdy. Olaryň ornuna Oba we suw hojalyk ministrligi, şeýle hem Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti döredildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunda, milli Liderimiz täze dolandyryş düzümleriniň oba hojalyk önümlerini öndürijileriň işine goşulman, oba hojalyk syýasatyny durmuşa geçirmelidiklerini belledi.
“Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligini döretmek hakyndaky” hem-de “Türkmenistanyň Daşky gurşawy we ýer serişdelerini goramak baradaky döwlet komitetini döretmek hakyndaky” Permanlara hem-de degişli Kararlara gol çekip, döwlet Baştutanymyz olaryň ýerine ýetirilmegi babatda obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow N.Sapardurdyýewi Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministri wezipesine belläp, degişli resminama gol çekdi.
Oba we suw hojalyk ministriniň orunbasarlary wezipelerine: ykdysadyýet we maliýe işleri boýunça A.Myradow, oba hojalyk önümçiligi boýunça M.Ataýew, oba hojalyk tehnikasy we enjamlary boýunça G.Kulyýew, suw hojalygy we gurluşyk işleri býounça G.Baýjanow, gallany we pagta önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemek boýunça S.Ýazow bellenildi.
Ýurdumyzyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine M.Annabaýew, onuň orunbasarlygyna bolsa A.Altyýew belenildi.
Mundan başga-da, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine B.Tejenow bellenildi.
Degişli resminamalara gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýolbaşçylara gözegçilik edýän düzümlerinde we pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijelliligini ýokarlandyrmak bilen ähli zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylda alyp baran işleriniň köpugurlydygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, “Özygtyýarly döwletimiziň daşary syýasatynyň baş maksadynyň ählumumy howpsuzlygy goldamaga, berkitmäge, ýüze çykýan gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, döwletleriň hem-de halklaryň durnukly ösüşi, özara gyzyklanmalaryň bähbidine giň we netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy, onuň hukuk derejesiniň aýratynlygy umumydünýä işiniň ýagdaýyna oňyn täsir etmek, özara gyzyklanma bildirilýän halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak we häzirki zamanyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin oňyn mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köpugury, çeýe we oýlanyşykly daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmeginiň wajypdygyny belläp, Daşary işler ministrliginiň iş birligine ministriň halkara guramalary bilen alnyp barylýan işlere utgaşdyrýan täze orunbasary wezipesini girizmek çözgüdine gelendigini habar berdi. Döwlet Baştutanymyz bu jogapkäri wezipä B.Niýazliýewi belledi we ony Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatdy.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibiniň nobatdaky meselesine degip geçmek bilen, milli Liderimiz durmuş-ykdysady we medeni ösüşiň ýokary görkezijileri boýunça welaýatlarda etraplaryň we etrap hukugynydaky şäherleriň arasynda geçen ýylyň başynda bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. hormatly Prezidentimiz bäsleşigiň jemleri yglan etmek üçin ýurdumyzyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň milli merkeziniň başlygy G.Baýramowa söz berdi.
Kärdeşler arkalyşygynyň Milli merkeziniň ýolbaşçylygynda ýörite topar her welaýat boýunça hödürlenen görkezijileri seljermek esasynda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi. Şu ýyl durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmekde, bugdaý we pagta taýýarlamak baradaky borçnamalary ýerine ýetirmekde, durmuş we medeni ähmiýetli desgalary ulanmaga tabşyrmakda, ilaty bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek ýaly we beýleki görkezijiler boýunça has uly üstünlikler gazanan Mary welaýatynyň Ýolöten etraby ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna bäsleşigiň ýeňijisini tassyklamak hakyndaky çözgüt hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň häkimligine ähli ugurlar boýunça iň ýokary görkezijileri gazanandygy üçin hem-de bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlara ýüzlenip, maksatnamalaýyn söz sözledi we geçen ýylyň netijelerine baha berdi hem-de şu ýyl ýurdumyzyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi.
Milli Liderimiz 2015-nji ýylyň ýurdumyz üçin çylşyrymly ýyl bolandygyny belledi. Döwletimiziň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň bellenen ýylynda biz dünýä ykdysadyýetinde ýaramaz hadysalaryň dowam edýän şertlerinde oňat netijeleri gazanmak üçin möhüm çäreleri amala aşyrdyk. Häzirki döwürde, şeýle çylşyrymly ykdysady we maliýe şertlerinde ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň döwletimizi ösdürmekde jebisleşdiriji we durnuklaşdyryjy täsire eýedigini bütin dünýä subut etdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Ähli kynçylyklara garamazdan, Garaşsyz Watanymyz Ýaşulular maslahatynyň tekliplerine laýyklykda depginli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Bu ýol jemgyýetimiziň jebisleşendigini we ýurdumyzy toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça saýlap alan ugrumyzyň dogrudygyny aýdyň tassyklady diýip milli Liderimiz sözüni dowam etdi we 2015-nji ýylda biz merdana halkymyzyň taryhy hakydasyny, döwletimizi we bitaraplygymyzy berkitmek boýunça netijeli işleri amala aşyrdyk diýip belledi.
Alyp baran tutanýerli işlerimiziň netijesinde, biz 2015-nji ýylda göz öňünde tutan meýilnamalarymyzyň ählisini diýen ýaly durmuşa geçirdik diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanmak bilen belläp, geçen ýylda hem ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasyny taýýarlamak boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Döwlet Başatutanymyz şeýle hem garaşsyzlygymyzy we bitaraplygymyzy, parahatçylygy hem-de raýat agzybirligini, demokratiýany berkitmek boýunça üýtgewsiz kadalarymyzy öz içine alýan kanunlary işläp taýýarlamak hem-de çalt durmuşa ornaşdyrmak babatda hem uly işleriň amala aşyrylandygyny belledi.
Milli Liderimiz giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanyldy we bellenen sepgitlere ýetildi diýip aýtdy. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde örän ýokary derejelere ýetilendigini – 85 göterim ösüş gazanylandygyny bellemek isleýärin. Jemi içerki önümiň artyşy 6,7 göterime barabar boldy. Şol sanda gurluşyk pudagynda 9,3 göterim, söwdada 10,4 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 9,8 göterim ösüş gazanyldy.
2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende dürli pudaklara gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 8,2 göterim artyp, 53 milliard manatdan gowrak boldy. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti hem bellenen çäklerde saklandy.
Biz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini bellenen çäklerde ýene-de köpeltdik. Şeýle hem, döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň ilatyna berilýän ýeňillikleri saklap galmaga mümkinçilik tapdyk. Mähriban halkymyz öňküsi ýaly elektrik energiýasyndan, tebigy gazdan, agyz suwundan we nahar duzundan mugt peýdalanýar. Jemagat hyzmatlary üçin nyrhlar hem ujypsyz bolmagynda galýar diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz ýurdumyzy kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde ösdürmegi dowam etdik, häzirki döwürde gurluşyk pudagyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi 49 milliard amerikan dollaryna golaýdyr. Diňe bir geçen ýylyň dowamynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan önümçilik we medeni-durmuş maksatly iri desgalaryň 375-sini gurup, ulanmaga berdik diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyz gurlup, ulanmaga berlen iri desgalaryň hatarynda älem giňişligine çykarylan «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasyny, «Gündogar–Günbatar» gaz geçirijisini, kuwwaty 504,4 megawatt bolan Derweze döwlet elektrik stansiýasyny, Balkan welaýatyndaky bekre balyklaryny ösdürip ýetişdirýän «Hazarbalyk» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini, Aşgabat şäherindäki Mejlisler merkeziniň we Türkmenbaşy şäherindäki Kongressler merkeziniň ajaýyp binalaryny, Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasyny, edara binalarynyň toplumlaryny, Aşgabat şäherindäki we welaýat merkezlerindäki myhmanhanalary, şeýle hem, şol desgalaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan dynç alyş merkezleri, köp sanly durmuş maksatly desgalar bar. Şolaryň hatarynda dynç alyş merkezlerini, 3700 orunlyk 22 sany çagalar bagyny, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen 22 sany sport mekdebini we orta mekdebi, umumy meýdany 1 million 350 müň inedördül metr, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny görkezmek boljakdygyny aýtdy.
Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnama üstünlikli amala aşyrylýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu Maksatnama laýyklykda her welaýatda ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygy alnyp barylýar.
2015-nji ýylda hem bazar gatnaşyklaryny emele getirmek göz öňünde tutulyp, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş syýasatyny özgertmek boýunça işler dowam etdirildi. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy eýeçiligiň ähmiýetini we ornuny düýpli ýokarlandyrmak göz öňünde tutuldy. Hususy eýeçiligi we hususy telekeçiligi ösdürmek maksady bilen, bu ugurda päsgelçilikleri we çäklendirmeleri aradan aýyrmak boýunça uly işler amala aşyryldy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde döwlete degişli kärhanalaryň sanyny azaltmak boýunça hem netijeli işler durmuşa geçirilýär diýip milli Liderimiz belledi. Häzirki döwürde telekeçiler döwletiň goldaw bermeginde ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda uly işleri alyp barýarlar. Halkara bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtmak bilen, ýurdumyzyň telekeçileri dürli ýurtlarda öz wekilhanalaryny açýarlar. Häzirki döwürde olaryň alyp barýan işleriniň guwandyryjy netijeleri berýändigini aýratyn belledi.
Döwlet Baştutanymyz daşary syýasatda gazanylan üstünlikler barada durup geçmek bilen, dünýäniň dürli döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda hem, halkara guramalarynyň çäklerinde hem özara gatnaşyklary bir maksada gönükdirip we yzygiderli ösdürdik diýip aýtdy. Ýurdumyzyň daşary syýasaty bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna gyşarnyksyz eýermek esasynda amala aşyryldy.
Milli Liderimiz türkmen bitaraplynyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň häzirki döwürde dünýäde, sebitde we halkara derejesinde durnukly ýagdaýy emele getirmegiň möhüm we aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýandygyny belledi. Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda netijeli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, ynanyşmak ýagdaýyny emele getirmegiň we hoşniýetli goňşuçylygy ösdürmegiň möhüm guraly hökmünde ýokary baha berilýär. Bu ugurda alnyp barlan işleriň ählisi dünýäde ýurdumyzyň tutýan ornunyň berkemegine, Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da artmagyna uly itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban halkymyz biziň alyp barýan syýasatymyzy giňden goldaýar, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşýar. Şonuň netijesinde, şeýle uly üstünlikleri gazanandygymyzy we belent sepgitlere ýetendigimizi men öňem ençeme gezek belledim we ýene-de bellemek isleýärin diýip aýtdy. Öz yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen döwletimiziň ösüşine uly goşant goşan adamlaryň ählisine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, dürli pudaklarda işleýän adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!
Siziň bilşiňiz ýaly, 2016-njy ýyl ýubileý ýylydyr. Şu ýyl ýaş döwletimiziň öz Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 25 ýyl dolýar. Şoňa görä-de, şu ýyl biz mähriban halkymyzyň örän baý taryhy we medeni mirasyna daýanyp, eziz Watanymyzy özgertmekde uly üstünlikleri gazanmalydyrys. Şu ýyl öz öňümizde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin häzirki döwürde bize täze taslamalar, täze garaýyşlar, täze dolandyryş çözgütleri, täze kanunlar zerur. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ýolbaşçylary netijeli işleri alyp barmalydyrlar, döredijilik başlangyçlaryny öňe sürmelidirler diýip, milli Liderimiz belledi.
Geçen ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde oňat netijeleriň gazanylandygyna garamazdan, entek ulanylmaýan mümkinçilikleriň köpdügini bellemek isleýärin. Ykdysadyýeti dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmegi, dolandyryş işgärleriniň sanyny azaltmagy, ýerlerde ýolbaşçylaryň öz işiniň netijeleri üçin jogapkärçiligini ýokarlandyrmagy şol mümkinçilikleriň hatarynda görkezmek bolar. Milli Liderimiziň nygtaýşy şu ýyldan başlap, ähli şäherleriň we etraplaryň häkimleriniň Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde hasabat bermegi boýunça tejribe ornaşdyrylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ünsüni şu ýyl öňde durýan wezipelere çekdi.
Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Mähriban halkymyzyň demokratik gymmatlyklaryny nazara alyp, döwletimiziň hukuk we ykdysady esaslaryny has-da berkitmäge ýardam berýän täze kanunlary işläp taýýarlamaga aýratyn üns bermeli diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we Mejlisiň Ministrler Kabineti bilen bilelikde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny mynasyp garşylamak boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagyň möhümdigini nygtady.
Şu ýylyň maý aýyna çenli ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasyny taýýarlamaly we Ýaşulularyň maslahatyna seretmek we makullamak üçin bermeli. Şu ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde durýan wezipelere deputatlar bilen her ýyl geçirýän duşuşygymyzda has doly serederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymzy ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň diplomatik işgärleri «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013–2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda netijeli işleri alyp barmaly. Türkmenistanyň bähbitlerini yzygiderli goramaly. Dünýäniň dürli ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmeli. Daşary işler ministrligi şu ýylda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara boljak saparlarynyň, daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetleriniň ýurdumyza saparlarynyň, şeýle hem halkara duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamaly diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, şeýle hem, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Rezolýusiýa laýyklykda geçiriljek çärelere düýpli taýýarlyk görmelidigine we bu çäreleri ýokary derejede geçirmelidigine ünsi çekdi. Dölwet Baştutanymyz şeýle hem ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanyp, Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatyna düýpli taýýarlyk görmek barada tabşyryk berdi.
Milli Liderimiz wise-premýer B.Hojamämmedowa we maliýe-ykdysady toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, kabul edilen strategik, pudaklaýyn, maksatlaýyn we sebit maksatnamalarynda ileri tutulýan ugurlary belledi. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda ýokary ykdysady ösüş depginini saklamak, pudaklary döwrebap ýagdaýa getirmek we makroykdysady taýdan deňagramly ýagdaýy saklamak boýunça alnyp barylýan syýasaty dowam etmek Siziň öňüňizde we maliýe-ykdysady toplumyň ähli ýolbaşçylarynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ykdysady ulgamyň durnukly bolmagyny, maýa goýum işjeňligini üpjün etmeli. Milli pulumyzyň we onuň satyn alyş ukybynyň durnukly bolmagy üçin zerur çäreleri görmeli. Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga we ätiýaçlyk daşary ýurt pulunyň goruny köpeltmäge aýratyn üns bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Puluň hümmetsizlenmek derejesini göz öňünde tutulan möçberlerden ýokary geçirmän (6,6 göterim möçberde) saklamak, pul toplumyny kadalaşdyrmak we oňa gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini zerur möçberde pul serişdeleri bilen üpjün etmek öňküsi ýaly bank ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeler bolmagynda galýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, şu ýyl hem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň hilini has-da ýokarlandyrmak amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň esasy maksady bolmalydyr. Bu wezipe saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işiniň netijelerini ýokarlandyrmak we hyzmatlar ulgamyna degişli ykdysady işiň beýleki görnüşleriniň netijeli bolmagyny üpjün etmek esasynda amala aşyrylmalydyr. Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamany, şeýle hem beýleki milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeler barada aýtmak bilen, ýangyç -energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şol sanda täze ýataklary gözlemek, abadanlaşdyrmak, uglewodorod çig malyny çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmeli. Türkmen energiýa serişdeleriniň täze gaz geçirijiler boýunça iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigini, strategik örän möhüm taslama bolan «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da güýçlendirilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebiti gaýtadan işleýän pudagy ösdürmegiň ähmiýetini belläp, bu pudagy ösdürmegi dowam etmeli. Şu maksat bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde nebitiň gaýtadan işlenişini çuňlaşdyrmak esasynda taýýar önümleri öndürmäge aýratyn üns bermeli. Nebit önümleriniň önümçiligine innowasion tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmaly. Suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli diýip aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz düýpli gurluşyk toplumynyň öňünde durýan wezipelere geçmek bilen, wise-premýer Ş.Durdylyýewiň we bu ulgamyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň ünsüni 2016-njy ýyl üçin gurluşyk maksatnamasynyň örän giň gerimli boljakdygyna çekdi. Şu ýyl 387 sany iri desgany gurup, ulanmaga bermek, şeýle hem 7 milliard amerikan dollaryndan gowrak möçberde maýa goýumlaryny özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Önümçilik-tehniki maksatly pudaklar öňküsi ýaly maýa goýumlaryny goýmakda ileri tutulýan ugurlar bolmagynda galýar. Bu pudaklarda köp sanly iş orunlary döredilýär. Bu ugurlara maýa goýumlarynyň esasy bölegi gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Ýurdumyzyň gurluşykçylary oba ilatynyň ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak boýunça 5 milliard manada golaý serişde özleşdirmelidirler. Biz bu serişdeleri hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň we öýleriniň, çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, medeniýet öýleriniň gurluşygyna we olaryň durkuny täzelemäge, şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga gönükdirýäris diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şonuň ýaly-da, şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny güýçli depginler bilen dowam etmeli. Şäherde ýaşaýyş jaýlaryny döwlet serişdeleriniň hasabyna hem, hususy maýa goýumlarynyň hasabyna hem gurmaly. Biz ýurdumyzyň sebitleriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri hem üstünlikli dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Milli Liderimiz 2017-nji ýylda ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabatda V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky meselä degip geçmek bilen, Ş.Durdylyýew, Aşgabat şäheriniň häkimine we paýtagtymyzyň etraplarynyň häkimlerine şäheri bu örän möhüm waka doly taýýar etmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegi tabşyrdy. Halkara ölçeglerine laýyklykda, paýtagtymyzyň ýollaryny we köçelerini abadanlaşdyrmaly. Köçeleriň we şaýollaryň bezelişine aýratyn üns bermeli. Häzirki döwürde, eger zerur bolsa, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak bilen bagly işlere goşmaça maliýe serişdelerini gönükdirmek we gurluşyk kompaniýalaryny çekmek meselesine seretmeli. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmeli. Şu ýylyň ahyryna çenli paýtagtymyzy gözelleşdirmek we onuň häzirki zaman keşbini emele getirmek boýunça alnyp barylýan işleri doly tamamlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Milli Liderimiz E.Orazgeldiýewe, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenmek bilen, täze edaralary – Oba we suw hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetini, olaryň ýerlerdäki edaralaryny döretmek bilen bagly guramaçylyk meselelerini gysga möhletde çözmek barada görkezme berdi.
Oba hojalygynda özgertmeleri amala aşyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasyny durmuşa geçirmegi dowam etmeli. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili pudaga öwürmeli. Şu maksat bilen, obasenagat toplumynyň köp ugurly mümkinçiliklerini ulanmakda has täze, netijeli usullardan peýdalanmaly. Topluma ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmaly diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Biz şu maksat bilen, ekologiýany goramaga, tohumçylyk işinde innowasion tehnologiýalary giňden ulanmaga, ösümlikleri we haýwanlary goramak boýunça zerur çäreleri amala aşyrmaga, ýer-suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmäge köp möçberde maýa goýum serişdelerini gönükdirýäris. Şu ýyl ýurdumyz boýunça 1 million 600 müň tonna galla, 1 million 50 müň tonna pagta öndürmeli diýip milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli hojalyklarda maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmagy, şeýle hem, beýleki oba hojalyk ekinleriniň: gök-bakja önümleriniň, üzümiň, ir-iýmişleriň we miweleriň öndürilişini artdyrmaga aýratyn üns bermegi,
ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny, oba hojalygyny suw bilen doly möçberde üpjün etmek boýunça zerur çäreleri ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezip, şu maksat bilen, suw desgalaryny, suw akabalaryny, suw göterijileri abatlamak we gurmak boýunça netijeli işleri alyp barmaga ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ulag-aragatnaşyk ulgamyna geçmek bilen, wise-premýer S.Satlykowyň we ulag - aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni toplumyň pudaklaryny ösdürmäge uly möçberde maýa goýumlarynyň gönükdiriljekdigine, Ýewropany we Aziýany birleşdiren halkara demir ýolunyň mümkinçiliklerini netijeli ulanmagyň, toplumyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyna çekdi. Awtomobil, demir ýol, suw we howa ulaglary pudaklaryny täze tehnikalar bilen üpjün etmäge aýratyn üns bermeli. Demir ýol we howa menzillerini gurmak we olaryň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Ähli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagyna degişli düzümleriň daşalýan ýükleriň möçberini nazara alyp, ulaglaryň ähli görnüşleri bilen daşalýan ýükleriň umumy möçberini artdyrmalydyrlar. Ähli welaýat merkezlerinde häzirki zaman ýolagçy awtoulag menzillerini we howa menzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Ýerli gatnawlar boýunça howa gatnawlaryny açmak meselesine aýratyn üns bermeli. Ýurdumyzyň söwda-deňiz flotuny ösdürmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirmeli. Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz portunyň gurluşygyny şu ýyl hem dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
2016-njy ýylda hem öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, telewideniýäni ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmeli. Aragatnaşyk ulgamyna türkmen aragatnaşyk emeli hemrasyny ulanmak arkaly kompýuter tehnologiýalaryny, Internet aragatnaşygyny yzygiderli ornaşdyrmaly. Bu bolsa, ýurdumyzyň ilatyna edilýän hyzmatlaryň, şol sanda Internet, telefon we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz bilim we ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek meseleleriniň ütsünde turup geçmek bilen, wise-premýer S.Toýlyýewe we degişli ýolbaşçylara ýüzlendi. Bilim we ylym ulgamy ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, bu syýasaty durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işlere – ýokary bilim, ylym ulgamlaryny kämilleşdirmäge, täze okuw mekdeplerini açmaga, bu ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge aýratyn üns bermeli. Şu ýylda umumy bilim berýän mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralaryň ýurdumyz boýunça sany ep-esli artmalydyr. Şoňa görä-de, täze institutlar, mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler has-da güýçlendirmelidir diýip döwlet Baştutanymyz belledi.
Ösüşiň senagat-innowasion görnüşine geçilýän şertlerde biz ylym ulgamyna ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň örän möhüm şerti hökmünde garaýarys.
Şoňa görä-de, häzirki döwürde ylym ulgamyny ösdürmegiň 2021-nji ýyla çenli döwür üçin döwlet maksatnamasyny taýýarlamaly. Ylym ulgamyny ösdürmek döwletimizi ýakyn ýyllarda ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen ileri tutulýan ugurlara laýyklykda amala aşyrylmalydyr. Ýokary derejeli ylmy işgärleri, aspirantlary we doktorantlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Ylym ulgamyna öňküsi ýaly döwletimiz tarapyndan uly goldaw berler. Bu ulgamyň ylmy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler dowam etdiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamlaryny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmek siziň öňüňizde durýan örän möhüm wezipeleriň biridir. Ähli ulgamlar we pudaklar üçin ýokary derejeli hünärmenleri, ýaş alymlary taýýarlamaga aýratyn üns bermelidir diýip, milli Liderimiz belledi.
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň beýleki bir ileri tutulýan ugruny – saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde bu ulgamy ösdürmek boýunça döwlet syýasatynyň «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýandygyny aýtdy.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ýurdumyzda sporty mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmegiň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze stadionlaryň we sport desgalarynyň gurluşygyny dowam etmegiň, Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmegiň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Olimpiýa şäherjigindäki esasy sport desgalarynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Olimpiýa şäherjiginiň desgalaryna hyzmat etjek işgärleri taýýarlamaly. Bu desgalarda halkara ýaryşlaryny guramaly. Türgenleri we tälimçileri taýýarlamaga aýratyn üns bermeli. Ýaşlarymyzy sport we olimpiýa hereketine işjeň çekmeli diýip aýtdy.
Ýurdumyzda halkara syýahatçylyk ulgamyny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek öňküsi ýaly ileri tutulýan ugurlaryň biri bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Ýazmuhammedowa we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzda medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň döredijilik hem-de hünär taýdan kämilleşmegi, ösmegi üçin giň mümkinçilikleriň açyljakdygyny, hereket edýän teatrlardan we medeniýet öýlerinden başga-da, oba ýerlerinde köp sanly medeniýet öýlerini gurmagyň göz öňünde tutulýandygyny, medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidiljekdigini aýdyp, dürli halkara medeni çärelerine, şol sanda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dürli çärelere düýpli taýýarlyk görmägiň we olary ýokary derejede geçirmägiň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi.
Teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleriň we habarlaryň hilini ýokarlandyrmaga uly üns bermek zerur. Teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşiklerde we habarlarda jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän oňyn özgermeler giňden beýan edilmelidir. Ýurdumyzyň ýubileý ýylynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri hemmetaraplaýyn açylyp görkezilmelidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli guraljak ähli çärelere düýpli taýýarlyk görmeli we olary ýokary derejede geçirmeli diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň söwda toplumynyň häzirkizaman düzümlerini kemala getirmek boýunça öňde durýan wezipeler barada aýtmak bilen, P.Taganowa we söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň söwda ulgamynyň häzirkizaman üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigini aýtdy. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda täze söwda merkezleriniň we supermarketleriň gurluşygyny yzygiderli alyp barmaly. Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da gowulandyrmak boýunça zerur çäreleri görmeli. 2016-njy ýylda hem telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek, öňküsi ýaly, telekeçiligiň ösmegini höweslendirmek boýunça çäreleriň we usullaryň giň toplumyny öz içine alar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat pudagyny ösdürmek meselelerine geçmek bilen, wise-premýer B.ereşowa we bu toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýylda hem ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek boýunça alyp barýan syýasaty senagat pudaklaryny durnukly, innowasiýa esasynda ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň ýokary derejede bäsleşige ukyply bolmagyny gazanmaga we şol derejede saklamaga gönükdirilmelidigini aýtdy. Şoňa görä-de, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge, döwletimiziň haryt öndürijileriniň öndüren senagat önümleriniň dünýä bazarynda ornuny berkitmäge aýratyn üns bermeli. Şonuň esasynda hem, Türkmenistanyň ykdysady we tehnologiýa ulgamlarynda howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirmeli diýip, milli Liderimiz belledi.
Milli Liderimiz bäsleşige ukyply we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini guramagy, bu ugurda işleri we hyzmatlary ýola goýmagy dowam etmeli diýip aýtdy. Ilkinji nobatda, gaýtadan işleýän senagat pudaklaryny, hyzmatlar ulgamyny, ulag- kommunikasiýa ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermeli. Şonuň esasynda hem ykdysady ösüşiň çig mal serişdelerine gönükdirilen bolmagyny ýuwaş-ýuwaşdan azaltmaly.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, özümizde öndürilen önümleriň hasabyna içerki bazary harytlar bilen üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şu maksat bilen, daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary döretmäge aýratyn üns bermeli. Örän iri senagat toplumlarynyň biri bolan Köýtendag etrabyndaky Garlyk tebigy duzlaryň ýatagynyň binýadynda kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň gurluşygyny dowam etmeli.
Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyk işlerinde gurluşyk serişdelerine islegleri kanagatlandyrmak üçin, gurluşyk materiallary senagatynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän dürli görnüşli önümleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmeli. Biz bu meseläni hereket edýän kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmek we täze kärhanalary gurup, ulanmaga bermek esasynda çözmelidiris.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow balyk hojalygy pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda aýtmak bilen, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreler hem şu maksatlara gönükdirilmelidir, balyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak we hilini gowulandyrmak, balygy gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryny täzelemek göz öňünde tutulmalydyr diýip belledi.
Elektron senagatyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belläp, milli Liderimiz bu ugurda belli bir üstünlik gazanyldy, şu ýyl hem elektron senagatynda bilelikdäki kärhanalaryň sanyny ep-esli artdyrarys diýip aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz çykyşyny jemlemek bilen, şu ýyl üçin göz öňünde tutýan maksatnamamyz örän giň gerimlidir. Bu maksatnamanyň ýerine ýetirilmegi üçin döwlet dolandyryş edaralarynyň, ähli derejedäki ýolbaşçylaryň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär. Ähli ýolbaşçylar geçen ýyldaky ýaly agzybir we ýokary derejede guramaçylykly işlemelidirler. Öz öňlerinde goýlan ähli wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmelidirler diýip nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy çuňňur üns bilen diňlenildi we birnäçe gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Milli Liderimiz şu günki mejlisi jemlemek bilen, eziz Watanymyz Türkmenistanyň bar bolan kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak, durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanmak, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan beýik maksatlara ýetmek üçin öz saýlap alan ýoly bilen ynamly öňe barýar diýip belledi we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk we Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
TDH