Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2016-njy ýyluyň 15-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, “Türkmenistanda döwlet eýeçilindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy barada habar berdi. Onuň birinji we ikinji tapgyrlarynda jemi 89 desgany hususylaşdyrmak göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda olardan umumy bahasy 54,1 million manada barabar 39 desga hususylaşdyryldy, galanlary boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen bir wagtda, hususylaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan döwle eýeçiligindäki kärhanalaryň we desgalaryň ozal ylalaşylan sanawyna seljerme geçirildi hem-de degişli düzedişler girizildi.
Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, hususylaşdyrmagyň döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň üçünji tapgyrynyň çäklerinde iri senagat, gurluşyk, ulag, aragtanaşyk toplumlarynyň we pudaklaryň beýleki desgalarynyň düzümlerini hususylaşdyrmak, şeýle hem paýdarlar jemgyýetleriniň ösen üpjünçilik ulgamyny döretmek göz öňünde tutulýar. Şunda jemi 29 desganyň hususylaşdyrylmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli sanaw hödürlenildi.
Şeýle-de hasabatyň çäklerinde şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň, hususan-da, harytlaryň käbir görnüşleriniň daşary ýurtlarda ýerlenilmeginiň hem-de olary ýurdumyzyň çäklerinden daşary alyp gitmegiň tertibini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy hem-de degişli kararyň taslamasy hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy baradaky çözgüdiň kabul edilmeginiň ýurdumyzda durmuş ugurly bazar ykdysadyýetiniň üstünlikli ösdürilmegi üçin amatly şertleri döredendigini belledi. Hususylaşdyrmagyň esasy maksady kärhanalaryň köpsanlysyny paýdarlar jemgyýetlerine
öwürmekdir. Milli Liderimiz bu ugurda bellenilen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna hem-de hususy eýeçiligiň öz zähmetiniň netijelerine gyzyklanmasyny artdyrmaga şert döretjekdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kärhanalaryň we desgalaryň hödürlenen degişli sanawyny makullap, wise-premýere “Türkmenistanda döwlet eýeçilindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz harytlaryň käbir görnüşlerini daşary ýurtlarda ýerlemegiň hem-de olary ýurdumyzyň çäklerinden çykarmagyň tertibini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini nygtap, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň önüm öndürijilerini höweslendirmäge, olaryň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karara gol çekip, bu resminamadan gelip çykýan ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdeleri dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew
“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy, ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň çäklerinde ýurdumyzda halkara kompaniýalarynyň birnäçesi işleýär. Olar bilen bilelikde iri maýa goýum taslamalary, şol sanda gury ýerde we deňizde nebitgaz çig mallarynyň ýataklaryny işläp taýýarlamak boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli energetika syýasaty netijesinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk ösüşiň täze depgine eýe boldy. Muňa onuň artýan depgini we netijeliligi şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere pudaga daşary ýurt maýalaryny çekmäge, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek babatda iri bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmäge, Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdelerini özleşdirmäge, nebithimiýa we gazy gaýtadan işleýän senagaty hemmetaraplaýyn ösdürmäge degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz ulgamynda uglewodorod çig malynyň düýpli gaýtadan işlenilmegini hem-de ýokary hilli önümleriň giň görnüşleriniň çykarylmagyny üpjün edýän innowasion tehnologiýalary hem-de döwrebap enjamlary ornaşdyrmak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň we peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E. Orazgeldiýewe möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişiniň depgini gün-günden güýçlenýär. Şonuň bilen birlikde, güýzlük bugdaýa ideg etmek, çäreleri dowam edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda “Bezeg bag nahallaryny we gülleri ösdürip ýetişdirýän ýyladyşhanany gurmak hakynda” Kararyň taslamasy hödürlenildi. Meýdany 10 gektardan ybarat bolan bu desga Türkmennistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň buýurmasy boýunça bina ediler.
Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiýasyýasynyň VI mejlisi, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VIII halkara ylmy maslahaty, ýöriteleşdirlen halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler. Baýramçylygyň maksatnamasynda uzak aralyga atly ýöriş guralar, päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşikler, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda atçylyk sport ýaryşlary, däp bolan at çapyşyklar geçiriler. Iň owadan ahalteke bedewi atly bäsleşigiň jemleri jemleniler, oňa iň owadan we ajaýyp bedewler gatnaşar. Şeýle hem baýramçylyk mynasybetli täze binalaryň açylyş dabaralary geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýazky oba hojalyk işleriniň, ilkinji nobatda bolsa, gowaça ekişiniň hem-de galla oragyny geçirmegiň strategiýasynyň ýene bir gezek düýpli seljerilmegini talap etdi. Döwlet Baştutanymyz bu babatda anyk tabşyrylklary berip, ekerançylyk işlerinde zerur bolan ähli agrotehniki kadalaryň berjaý edilimegine, oba hojalyk pudagynda öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ylmyň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna berk gözegçiligiň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz bezeg bag nahallaryny we gülleri ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhananyň gurluşygynyň hödürlenen taslamasyny makullap, degişli Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň her welaýatynda ýyladyşhana hojalyklarynyň ösdürilmegi netijesinde oba hojalyk ekinlerinden alynýan önümleriň möçberlrini ep-esli artdyryp boljakdygyny belläp, wise-premýere bu ulgamda geçirilýän işlere ilkinji derejeli üns bermek babatynda tabşyryk berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze atçylyk-sport desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda ahalteke bedewiniň şan-şöhratyny artdyrmaga we pudagyň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen iri möçberli işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz arassa ganly ahalteke bedewiniň baş sanyny artdyrmak, seçgi işlerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, milli atçylyk sportunyň gadymdan gelýän ýörelgelerini dowam etdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler, oba hojalyk önümçiligini mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Her welaýatyň agrotehniki çäreleri ýokary hilli guramak, mineral dökünleriň zerur möçberini bellenen möhletlerde üpjün etmek maksady bilen, degişli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde pagtaçy kärendençiler fosfor dökünleri bilen doly üpjün edildi, şeýle hem “Marykarbamid” we “Tejenkarbamid” kärhanalarynda öndürilen karbamid dökünleri, “Maryazot” önümçilik birleşiginde ödürilýän ammiak selitrasy hem-de kaliý dökünleri bellenen möhletlerde ugradylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, himiýa senagatynyň oba hojalyk pudagynyň üstünlikli ösmeginde, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde ähmiýetli ulgamlaryň biridigini belledi. Pudagyň sazlaşykly ösdürilmegi üçin ýerli serişdeler doly derejede peýdalanylýar.
Mineral serişdelerine baý bolan ýurdumyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň sarp edijilerini doly kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmaga ukyplydyr. Döwlet Baştutanymyz ýokary hilli mineral dökünleriniň önümçiliginiň ýokarlandyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew aprel aýynyň 12-14-si aralygynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça ykdysady taýdan erkin zolagyň gurluşyk we binagärlik ulgamynda tejribe alyşmak maksady bilen, Singapur şäherine bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow bilen bilelikde adada ýerleşen döwlete amala aşyrylan iş saparynyň barşynda şäher gurluşygynda hem-de abadanlaşdyrmak, örän iri halkara ýaryşlaryny geçirmekde, köpsanly daşary ýurt wekiliýetlerini kabul etmekde dürli düzümleriň işinde toplanylan tejribe bilen tanşyldy.
Wise-premýer Singapuryň özboluşly täsin desgalary bilen tanyşmak bilen bir hatarda, şäheriň aýry-aýry desgalarynyň binagärlik we gurluşyk aýratynlyklaryny öwrenmäge esasy üns berlendigini, hususan-da, iri myhmanhana toplumlarynyň hem-de stadionlaryň işleriniň guralyşy, Singapuryň köpugurly ulag we inženerçilik düzümleriniň işleri bilen tanyşlyga aýratyn üns berlendigi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sport ýaryşlaryny hem hasaba almak bilen, iri halkara çärelerini geçirmek babatynda iň gowy dünýä tejribesini içgin öwrenmegiň, amatly şäher gurşawyny – şäheriň ýaşaýjylary üçin hem, myhmanlar üçin hem amatly şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle iri möçberli işleriň alnyp barylmagynyň 2017-nji ýylyň örän möhüm sport wakalarynyň biri boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatynda aýratyn möhümdigini belledi.
Milli Liderimiz döwletimiz tarapyndan ägirt uly serişdeleriň gönükdirilýändigine garamazdan, Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan işleriň bildirilýän ýokary talaplara doly laýyk gelmeýändigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäher häkimliginde alnyp barylýan işlerde käbir kemçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarynyň işine düýpli nägilelik bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň ýolbaşçylarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewe berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy. Döwlet Baştutanymyz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin G.Garajaýewi Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew şu ýylyň
19-20-nji apreli aralygynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda halkara telekeçiler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýly, bu maslahata gatnaşmak üçin häzire çenli dünýäniň 29 ýurdundan 162 wekil, halkara guramalarynyň, belli haryt öndüriji kompaniýalaryň, ýurdumyz bilen ozaldan gatnaşyk edýän we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän düzümleriň wekilleri hasaba alyndy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 165-si, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň 23-siniň, şol sanda söwda-ulag, bank, ätiýaçlandyryş, gurluşyk we syýahatçylyk pudaklarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri ýurdumyza wekilçilik eder.
Daşary ýurtlardan gelen wekiliýetler ýurdumyzyň döwlet maksatnamalary, ýetilen sepgitler, öňde durýan wezipeler, Türkmenistanda telekeçiligi yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrylar. Senagat, oba hojalyk, gaýtadan işleýän pudaklary ösdürmekde hususy kärhanalaryň ähmiýeti, maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri, bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi, öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere garalar. Işewür duşuşygyň gün tertibine ýurdumyzyň ulag geçelgelerini, ulag düzümini we logistikany ösdürmekde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary giriziler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän ykdysady gözden geçirişleriň, maslahatlaryň we beýleki işewür çäreleriň halkara jemgyýetçiligine ýurdumyzyň eksport we maýa goýum kuwwatyny giňden wagyz etmek we dürli pudaklardaky önümçiligiň hem-de tehnologiýalaryň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşmak babatda oňyn mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy. Milli Liderimiz çäreleriň ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösdürmek işinde netijeli gural bolup durýandygyny belläp, döwrebap senagat tehnologiýalaryny öwrenmek babatda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de Awazada geçiriljek işewürler maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa 2016-njy ýylyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyza ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çäreler barada hasabat berdi.
Şu mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň barşynda ýudumyzda dürli derejedäki duşuşyklaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň, sergileriň we aýdym-sazly dabaralaryň guralýandygy bellenildi.
Aprel aýynda milli mirasymyza bagyşlanan döredijilik çäreleri milli gymmatlyklarymyzyň düýpli öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine gönükdirilendir. Olaryň hatarynda halkymyzyň gadymy küştdepdi tansynyň we gazallarynyň festiwaly bar. Onuň jemleýji tapgyry 9-njy aprelde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda bagşy-sazandalaryň festiwaly hem-de Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda guralan şunuň ýaly çäreleriň jemini jemlän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Türkmen keçesi—bahar ýaýlasy” ady bilen döredijilik duşuşygy hem-de sergi guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Milli Liderimiz Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde guralýan çäreler barada aýdyp, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny giňden wagyz etmek, ony çuňňur öwrenmek boýunça köpugurly işleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz medeni mirasymyzyň ilatyň arasynda, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda wagyz edilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Awtomobil ulaglary ministrliginiň düzümini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde ministrligiň garamagyndaky awtoulag kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, awtomobil ulaglaryny dolandyryş ulgamyna döwrebap usullary hem-de täzeçil tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi we munuň öňde durýan wezipeleri nazara almak bilen, döwlet düzüminiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny aýtdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ulag ulgamynyň kärhanalarynyň netijeli we sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigi barada aýdyp, içerki we halkara ýüklerini daşamakda, ýolagçy gatnatmakda awtomobil ulaglarynyň möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu pudagyň kärhanalarynyň işiniň ýokary hil derejesini üpjün etmek, meýilnamalaryň takyk berjaý edilmegini ýola goýmak, ýurdumyzyň awtomobil ulaglar düzümlerini döwrebaplaşdyrmak babatda gelip gowuşýan teklipleri çuňňur öwrenmek babatda
wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat bermek bilen, halkara habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça geçirilen çäreler barada habar berdi, munuň özi ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň möhüm ugrudyr.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) bilen Azerbaýjanyň iri habarlar agentlikleri – “Azertaj” we “Trend”, şeýle hem “Assoсiated Press of Pakistan” korporasiýasynyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň bu ulgamda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge gönükdirilendigi bellenildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşary ýurtlaryň iri habar beriş serişdeleriniň 25-siniň wekilleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň “Sinhua”, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Assoсiated Press”, Russiýa Federasiýasynyň “RIA Nowosty” agentlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň TRT teleradiokompaniýasynyň we beýlekileriň wekilleri işleýär. Bu ugurdaky işler dowam etdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Daşary ýurt döwletleriniň habarçylarynyň (žurnalistleriniň) we habar beriş serişdeleriniň beýleki wekilleriniň Türkmenistanyň çäginde alyp barýan işleri we akkredidasiýasy hakynda Düzgünnamanyň taslamasy hödürlenildi, bu resminama Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň Türkmenistanda alyp barýan işini, maglumatlar ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyda iri daşary ýurt habar beriş serişdeleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berilýändigini, şunda milli habar beriş serişdelerimiziň dünýä maglumatlar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şu maksat bilen Türkmenistanda köpçülikleýin mediany ösdürmek, täze metbugat we elektron neşirleri döretmek, häzirki zaman maglumat –kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, Internet ulgamyna elýeterliligi ýokarlandyrmak, häzirki döwürde döwletimizde amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli wakalary hemmetaraplaýyn beýan etmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Milli Liderimiz häzirki wagtda bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň hem-de özara tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen ysynyşykly aragatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, Düzgünnamanyň hödürlenen taslamasyny tassyklady hem-de degişli Karara gol çekip, ony ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatynyň dowamynda şeýle hem Italiýa Respublikasynda (Rim şäheri) Türkmenistanyň ilçihanasyny açmak boýunça geçirilen işler barada habar berdi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň dekabr aýynda döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gönükdirilen degişli Permana gol çekdi. Şunda 2013-nji ýyldan bäri ýurdumyzda Italiýa Respublikasynyň ilçihanasynyň işleýändigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylyň noýabr aýynda Italiýa Respublikasyna ilkinji resmi sapary hem-de milli Liderimiziň bu ýurda geçen ýylyň maý aýynda “EХPO -2015” Bütindünýä serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmak maksady bilen amala aşyran iş sapary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Şeýle hem 2014-nji ýylyň noýabr aýynda Italiýa Respublikasynyň premýer-ministriniň Türkmenistana bolan iş sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda ähmiýetli ädim boldy.
Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça türkmen-italýan hyzmatdaşlygy okgunly häsiýete eýedip. Soňky ýyllarda dürli pudaklarda ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary hem täze ösüşe eýe boldy. Şunda mysal hökmünde biziň ýurdumyz bilen iri italýan “ENI” nebitgaz kompaniýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň tejribesini getirmek bolar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň meseleleri hakyndaky resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz ýewropa ugrunyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtap, ikitaraplaýyn görnüşde hem, iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli ösdürilýän türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, toplanylan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi, olaryň mümkinçilikleri hem-de kadalaşdyryjy-hukuk binýady ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly esas döredýär. Häzirki wagtda özara hormat, deňhukuklylyk hem-de bähbit esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe bolýar, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen däp bolan gatnaşyklaryň çäklerinde giňeldilýär.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Italiýanyň dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak we hyzmatdaşlygy diwersifikasiýlaşdyrmak üçin kuwwatly mümkinçiliklere eýedigini belledi. Munuň özi iki dostlukly döwletiň hem-de halklaryň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň Italiýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň işine möhüm ornuň degişlidigini belläp, hödürlenen resminamany makullady hem-de degişli Karara gol çekip, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda Yslam hyzmatdaşlyk Guramasynyň 13-nji Sammitiniň işine gatnaşmak maksady bilen Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherine iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bu wekilçilikli forumyň gün tertibine YHG agza ýurtlaryň bähbitlerine we ählumumy abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň girizilendigi bellenildi.
Şunda Türkmenistanyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny beýan etmek bilen, YHG-nyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik, parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny we ählumumy energetika howpsuzlygy, köp şahaly halkara ulag-üstaşyr düzümleriniň döredilmegini, şeýle hem häzirki zamanyň beýleki möhüm meseleleriniň deňeçer çözgüdiniň işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlaryny goldaýandygy bellenildi.
YHG agza döwletler Bitarap Türkmenistanyň we milli Liderimiziň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, sebitde we dünýä giňişliginde durnukly ösüş üçin zerur şertleri üpjün etmek işine goşýan goşandyna ýokary baha berýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan halukara ähmiýetli iri taslamalaryň, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilmeginiň sebitiň ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berjekdigi, parahatçylygyň, durnuklylygyň berkidilmegine, möhüm durmuş wezipeleriniň çözülmegine ýardam berjekdigi nygtaldy.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy döwlet Baştutanymyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamynyň döredilmegini ugur edinýän ählumumy energiýa howpsuzlygynyň döwrebap binýadynyň döredilmegine gönükdirilen ýangyç-energetika strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädim bolan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny hemmetaraplaýyn goldaýar. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça ýurdumyzyň hyzmatdaşlary, şol sanda Yslam Ösüş banky ýaly abraýly maliýe düzümleri döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň köprüsi bolmaga gönükdirilen giň möçberli taslama ägirt uly gyzyklanma bildirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we YHG agza ýurtlar bilen ýola goýulýan işjeň gatnaşyklara ygrarlydygyny nygtady hem-de ýurdumyzyň mundan beýläk-de parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk meseleleri babatda sebit we ählumumy gyzyklanmalaryna laýyk gelýän maksatlary hem-de wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen halkara gatnaşyklaryň yzygiderli esasda ösdürilmegine ýardam berjekdigini belledi. Häzirki zamanyň durmuş taýdan möhüm wezipeleriniň çözgüdinde işjeň orny eýeleýän ýurdumyz öz mümkinçiliklerini, şol sanda energetika kuwwatlyklaryny tutu adamzadyň bähbidine gönükdirmegi ugur edinýär. Döwletimiziň başlangyjy bilen öňe sürülýän ähmiýeti boýunça we döwrüň öňe sürýän talabyna laýyk TOPH ýaly iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz YHG-niň çäklerinde netijeli ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzda halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna laýyk gelýän döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadyny kemala getirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasyna gelip gowuşýan teklipleri we goşmaçalary öwrenmek hem-de girizmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda döwrebap kanunçylyk-hukuk binýadynyň kemala getirilmeginde milli parlamentiň möhüm orun tutýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň rejelelen Konstitusiýasy boýunça ýerlerden gelip gowşan teklipleriň ählisini öwrenmegiň hem-de olaryň üstünde işlemegiň zerurdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetini açmak babatda beren tabşyryklary boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berip, degişli kararyň taslamasyny hödürledi.
Resminama laýyklykda, energetika pudagynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetinde yzygiderli esasda iki aýa çenli möhlet bilen tölegli okuwlar guralar.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen karara gol çekip, wise-premýere onuň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan döwrebaplaşdyrmak işlerini we innowasion taýdan ösüş wezipelerini nazara alyp, beýleki pudaklarda-da işgärleriň hünärlerini ýokardandyryş ulgamyny ösdürmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Soňra wise-premýer Aziada-2017-ä bagyşlanan we oýunlaryň başlamagyna çenli 500 gün galýan 5-nji maýda badalga alýan atly ýörişi geçirmäge taýýarlyk görlüşiniň guramaçylyk çäreleri barada hasabat berip, atçylar toparynyň döredilendigini we bedewleriň saýlanandygyny habar berdi.
Soňra Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi nyşanlarynyň çyzgylarynyň görnüşleri milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.
Suratkeşleriň, bezegçileriň, talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikleriň netijeleri boýunça “Aşgabat-2017” nyşanynyň taslamalarynyň 4-si saýlanyp alyndy. Olarda sport we milli alamatlar, däp bolan milli göller we bezegler beýan edilipdir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atly ýörişiň badalga berilmegine taýýarlyk görülmegi babatda tabşyryklary berip, bu iri möçberli çäräniň oýunlaryň ajaýyp buşlukçysy, hemmelere çakylyk, türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň, ýurdumyzyň baý däp-dessurlarynyň hem-de häzirki zaman üstünlikleriniň ajaýyp beýanyna öwrülmelidigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz Aziadanyň nyşanlarynyň görnüşlerini makullap, wise-premýere bu ugurda mundan beýläk-de işleri dowam etmelidigini aýdyp, birnäçe tabşyryklary berdi.
Wise-premýer S.Toýlyýew ýakynda açylan täze desga – IIM-niň awtosport merkeziniň toplumyna girýän motodromyň açylmagy, şeýle hem türkmen sportuny dünýä derejesine çykarmakdaky aýratyn hyzmatlary üçin IIM-den, Awtomobil sporty federasiýasyndan hem-de Sport baradaky döwlet komitetinden ýokary ussatlyk derejesiniň diplomynyň gowşurylmagy bilen hormatly Prezidentimizi gutlady.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, sport ulgamyna, şol sanda sagdyn durmuş ýörelgeleri berkarar bolan dünýä derejeli döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny tassyklap, ýokary derejeli sporty düýpli ösdürmek meselelerine mundan beýläk-de örän uly üns beriljekdigine aýtdy. Ýurdumyzda sport düzümlerini ösdürmek, zehinli türgenleri, tälimçileri taýýarlamak boýunça işler dowam eder, esasy bolsa biziň maksadymyz netije gazanmakdan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de halkymyza bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin ilatyň ähli gatlagyna şertleriň döredilendigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.
TDH