Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2016-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, mukaddes Oraza baýramynyň mähriban halkymyzyň durmuşynda örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Halkymyz üçin bu baýram haýyr-sahawatyň, ýagşylygyň, agzybirligiň we ynsanperwerligiň baýramydyr. Bu ajaýyp baýram adamzadyň beýik ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyrýar, halklary özara ýakynlaşdyrýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu baýramyň many-mazmunynda halkymyzyň beýik medeniýeti, gadymy däp-dessurlary, ynanç-adatlary jemlenendir. Şoňa görä-de, biz bu baýramy ýurdumyzda giňden belläp geçýäris.

Döwlet Baştutanymyz egindeşlerini we olaryň üsti bilen türkmenistanlylary ýetip gelýän mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş arzuw etdi. “Bu mukaddes aýda il-günümiziň agzybirligi we abadançylygy, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň asudalygy we mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin eden doga-dilegleriňiz, namaz-orazaňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, milli Liderimiz belledi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň barşynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köp asyrlyk däp-dessurlaryny, ruhy mirasymyzy aýawly saklamak maksady bilen, şu ýylyň 6-njy iýulynda Oraza baýramyny bellemek hem-de bu güni iş güni däl diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýewe söz berdi. Goranmak ministri geçirilen işler hem-de iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek bilen bagly taýýarlanan resminamalaryň taslamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz bu asylly däbimize eýerip, iş kesilen 586 sany raýatymyzyň hem-de 26 sany daşary ýurtly raýatyň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permanlara gol çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýewe günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň mukaddes Gadyr gijesinde öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şeýle çäreleri geçirmek bilen, biz eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri hem-de dürli ulgamlary ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmek maksady bilen görülýän çäreler, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysady durnuklylygy saklamak üçin ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň maliýe ýagdaýyna berk gözegçiligi amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz strategiki ösüşiň wajyp meselelerine wise-premýeriň ünsüni çekip, hojalyk edaralary, telekeçiligi ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretmäge, milli ykdysadyýetimize maýalary çekmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri kabul etmegiň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň çäginden geçýän turbageçirijiniň 214 kilometrlik bölegini gurmak boýunça ähli işleriň tassyklanan meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy bellenildi. Häzirki wagtda gaz geçirijisiniň gözleg-ölçeg işleri doly berjaý edilip, gaz geçirijisiniň geçelgesini açmak işleri 27 müň metrden gowrak uzynlykda ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalara ünsi çekdi we bu babatda öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasion işläp taýýarlamalary işjeň ulanmaga uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, ýokary hilli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürmäge gönükdirilen höweslendiriji çäreleriň kabul edilmeginiň zerurdygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda galla oragynyň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýygnalan bugdaý hasylynyň galla kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşalýandygyny, ýygnalan hasyl üçin kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklaryň öz wagtynda amala aşyrylýandygyny habar berdi. Galla oragy bilen birlikde, ekin meýdanlarynda samany ýygnamak, ýerleri sürmek hem-de aralyk ekinleri ekmek işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, Balkan we Mary welaýatlarynda güýzki gant şugundyryny ekmek işi dowam edýär.

Şunuň bilen birlikde, gowaça ideg etmek, hatarara bejergi işleri ýerine ýetirilýär, ekinler mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär hem-de ösüş suwy tutulýar.

Hasabatyň çäklerinde ösümlikleriň zyýankeşlerine garşy göreşmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, Aşgabadyň çägindäki baglary goramak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyny bellenen möhletlerde tamamlamagyň, ýygnalan hasylyň talaba laýyk saklanmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady we galla oragy bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine ünsi güýçlendirmegi talap etdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere gowaçany ösdürip ýetişdirmekde ylmy taýdan esaslandyrylan usullary ulanmak hem-de öndürilýän gök we bakja önümleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda her ýyl iýul aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellenilýän Galla baýramy barada durup geçip, bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow senagat pudagynda işleriň ýagdaýy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, daşary ýurtlara ibermäge niýetlenen gurluşyk serişdeleriniň täze görnüşlerini öndürýän kärhanalary döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Lebap welaýatynyň Magdanly sebitinde gaýtadan işleýän pudagy toplumlaýyn ösdürmegiň çäklerinde sebitiň baý mineral – çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak maksady bilen Senagat ministrligi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Milli önüm” hususy kärhanasy bilen bilelikde “Magdanly gurluşyk materiallary” kärhanasynyň binýadynda ýyllyk taslama kuwwatlylygy 100 müň tonna gipsiň, 250 müň tonna gips esasly gury gurluşyk garyndylarynyň we 12 million inedördül metr gipskartonyň önümçiligine deň bolan “Hilli gurluşyk önümleri” kärhanasyny açmagy meýilleşdirilýär.

Şeýle hem wise-premýer ýurdumyza hlorly kaliý dökünini getirmek üçin halkara bäsleşiginiň geçirilendigi barada habar berdi. Bäsleşigiň jemleri boýunça kompaniýa bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda Kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Şeýle hem Lebap welaýatynda gurlan dürli maksatly binalary ulanmaga bermek hem-de täze desgalaryň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, olaryň esasynda ýerli çig mal serişdelerini peýdalanmak bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri artdyrmagyň ýurdumyzyň köp pudakly senagat toplumynyň durnukly ösmeginiň zerur şerti bolup durýandygyny belledi. Munuň özi içerki we daşarky bazarlarda türkmen harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýär, şol sanda ýokary hilli gurluşyk serişdelerini öndürmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçileriniň gatnaşmagynda döredilýän täze bilelikdäki kärhanalaryň hasabyna gurluşyk senagatynyň önümçilik düzümini giňeltmek boýunça işleri çaltlandyrmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän ekinlerden ýokary hasyl almak üçin oba hojalygyny mineral dökünleri bilen üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz hlorly kaliý dökünini satyn almak hakynda şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan, 2015-2016-njy ýyllarda türkmen paýtagtyny ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, täze ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, etrapçalary abadanlaşdyrmak, hereket edýän inženerçilik-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ýurdumyzyň baş şäherini bagy-bossanlyga büremek işleri güýçli depginlerde dowam edýär.

2016-njy ýylyň 10-njy iýunynda gol çekilen ýörite karary üstünlikli ýerine ýetirmek maksadynda kabul edilen meýilnama laýyklykda, bu iri möçberli işe döwlet, şeýle hem hususy düzümler, hususan-da, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, jemagat hojalygy gullugynyň, gurluşyk we energetika toplumlarynyň degişli bölümleriniň, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň garamagyndaky edaralaryň we kärhanalaryň işgärleri çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäheriniň ähli etraplarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyny wagtynda amala aşyrmagyň meselelerine üns bermegiň möhümdigini aýtdy. Şol işler paýtagtymyzyň ýaşaýyş-durmuş düzümini, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik, aragatnaşyk we energetika ulgamlaryny, jemagat hojalygyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiz işleriň ýagdaýyna seljerme berip, paýtagtymyzyň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň adyna nägileligini bildirdi hem-de olaryň alyp barýan işleriniň hiliniň pesdigine we haýal depginde alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz göz öňünde tutulan ähli çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan ýaşaýyş jaýlaryndaky öýleri ýerlemegiň tertibini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna «Harytlaryň käbir görnüşlerini Türkmenistanyň çäklerinden daşary alyp gitmegiň tertibini kämilleşdirmek hakyndaky» kararyň taslamasy hödürlenildi. Bu resminama döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça beren tabşyryklary esasynda taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmekde telekeçilige möhüm orun degişlidigini aýtdy. Şoňa görä-de, döwletimiz işewürleriň netijeli işlemegi, olaryň işjeňliginiň ýokarlandyrylmagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, ähli çäreleri görýär, hususy önüm öndürijileri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň wajyp meselelerini çözmäge ugrukdyrýar.

Döwlet Baştutanymyz dünýäniň döwletleri, şol sanda goňşy ýurtlar bilen halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň täze mümkinçiliklerini öwrenmegiň möhümdigini nygtap, «Harytlaryň käbir görnüşlerini Türkmenistanyň çäklerinden daşary alyp gitmegiň tertibini kämilleşdirmek hakyndaky» karara gol çekdi we onuň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak babatda görkezme berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa iýul aýynda belleniljek Galla baýramyna hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe, bu baýramçylyklara gabatlanyp geçiriljek medeni çärelere we medeni-durmuş maksatly desgalaryň düýbüni tutmagyň hem-de binalary ulanmaga bermegiň dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçiriljek konsertler, sergiler we bäsleşikler, ylmy we pudaklaýyn maslahatlar baýramçylyk çäreleriniň maksatnamalarynyň esasyny düzýär. Şeýle hem iýul aýynda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde geçirilýän çäreler dowam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere medeni köpçülikleýin dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Olar türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatyny şöhlelendirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi, ol Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etmegiň Tertibini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda alan hünärlerini ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde ulanmaga, ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek, ähli pudaklary ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek meseleleri çözmäge gönükdirilen degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygy habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary ykrar etmegiň Tertibini tassyklamak hakyndaky” karara gol çekip, häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin ýokary hilli bilim almak hem-de seçip alan hünärini özleşdirmek, şeýle hem beýleki ýurtlaryň okuw mekdeplerinde bilim almak babatda mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, raýatlarymyzyň daşary ýurtlarda okap alan bilimleriniň hem-de özleşdiren hünärleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ulanylmalydygyny belledi. Häzirki wagtda ykdysadyýetimizde öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere dürli pudaklaryň ýokary hünärli işgärlere bolan isleglerini öwrenmek we kanagatlandyrmak, ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer 25-30-njy iýun aralygynda Aşgabat şäherinde türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça geçirilen halkara ýaryşlarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynyň netijelerine örän kanagatlanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň teklibi boýunça sportuň bu görnüşiniň 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ýaryşa gatnaşyp, özüniň ussatlygyny we gujur-gaýratyny görkezen beýleki ýurtlaryň ähli türgenlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzda geçirilen bu ýaryşda birinji orny eýeläp, örän oňat netijeler gazanan türgenlerimizi tüýs ýürekden gutlady. Olar sport toparlarynyň arasynda iň gowy netijeleri gazanyp, ýeňiş Kubogyny eýelediler. Biz türgenlerimizden geljek ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlarynda hem şular ýaly ýokary netijelere garaşýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy we olaryň ýeňşine mynasyp baha beriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmeginiň Bitarap Watanymyz üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere öňümizdäki ýaryşlary guramak, türkmen türgenleriniň ussatlygyny ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtly tälimçileri çekmek hem-de Aziada—2017-ni mahabatlandyrmak hem-de beýan etmek boýunça media-merkeziň netijeli işlemegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow daşary ýurtlarda çap edilýän döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşygyny üpjün etmek boýunça meseleler, şeýle hem Aşgabat halkara howa menzilinde gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, habarlar eýýamyna gadam basan dünýä bileleşiginiň ösmegi bilen ýurdumyzyň telekommunikasiýalar ulgamyny düýpli kämilleşdirmek zerur bolup durýar diýip belledi.

Ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmekde, bilim, lukmançylyk we beýleki ulgamlarda daşary döwletleriň ylmy-tehniki gazananlaryny öwrenmegiň möhümdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz «Daşary ýurtlarda çap edilýän döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşygyny üpjün etmek hakynda» karara gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti awiasiýa pudagynda işleriň ýagdaýy barada durup geçmek bilen, ýurdumyzyň baş “howa derwezesi” bolup durýan Aşgabadyň Halkara howa menzili sebit we halkara ähmiýetli möhüm ulag merkezi hökmünde ykrar edilýär diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, işleri guramak, utgaşdyrmak, alyp barmak, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýerden talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat berip, Türkmenistanyň daşary döwletler we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Bu babatda bellenilişi ýaly, 2016-njy ýylda ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan halkara resminamalaryň 60-sy işlenip taýýarlanyldy, olara döwletara, hökümetara we pudagara derejesinde gol çekildi. Resminamalaryň hemmesi ýurdumyzyň daşary döwletler we halkara guramalary bilen netijeli syýasy gatnaşyklaryny ösdürmäge, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we netijeli ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Milli Liderimiziň başyny başlan Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyndan, degişli milli kanunçylykdan ugur almak bilen, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işiniň hukuk we guramaçylyk esaslary kämilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň we halkara guramalarynyň arasyndaky halkara resminamalaryny tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi. Ol “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek babatda DIM-niň işiniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Şol ugur hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanandyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Karara gol çekip, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek bilen bagly degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşiniň taslamasyny Ýaşulularyň maslahatynda ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlamak boýunça alyp barýan işleri barada habar berdi.

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda milli parlament täze kanunlaryň üstünde işlemegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary esasynda işlenip taýýarlanylan we kabul edilen Kanunlaryň many-mazmunyny we ähmiýetini ilata düşündirmek boýunça işleri dowam edýär. Ýurdumyzyň sebitleriniň dolandyryş-çäk bölünişini kämilleşdirmek maksady boýunça degişli işler alnyp barylýar. Aýry-aýry okruglarda Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine parlamentiň deputatlarynyň saýlawlaryny geçirmek boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň möhüm ulgamlarynda özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmek boýunça görülýän çäreleriň wajypdygyny belläp, häzirki döwürde döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, täze kanunlary işläp taýýarlamagyň wajypdygyny nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ýaşulularyň maslahatyny ýokary derejede guramak we geçirmek üçin zerur çäreleriň görülmeginiň möhümdigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

TDH