Bank hyzmatlarynda alyş-çalyş amallaryň orny
Döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden we dabaraly baýram edilýän şu ýylda milli Liderimiziň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen çagyryşy nurana geljege tarap ynamly gadam urýan biziň halkymyzy täze beýik ýeňişlere ruhlandyrýar, şol sanda ýurdumyzyň bank ulgamy hem ykdysadyýetimiziň öňe tarap ilermegine öz goşandyny goşýar.
Döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirilýän kanunçylyk, müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen bank hyzmatlary, döwrebap bank tehnologiýalary bilen üpjün edilen banklaryň edara binalary Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriň aýdyň subutnamasydyr.
Bank hyzmatlarynyň hatarynda alyş-çalyş amallary ähmiýetli orny eýeleýänligi sebäpli, bu ugurda Türkmenistanyň bank ulgamy tarapyndan zerur şertler üpjün edilýär.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň binýadynda hereket edýän Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasynyň amala aşyrýan söwdalarynyň, daşary ýurt puluna bolan zerurçylyklary kanagatlandyrmakda uly ähmiýeti bar.
Ykdysadyýetiň hususy bölegi hem-de raýatlarymyz daşary ýurt puluny kanunçylykda bellenen tertipde bökdençsiz çalşyp bilýarler. Esasan hem hususy bölege degişli taraplara önümçilik maksatlaryna zerur bolan daşary ýurt puly bökdençsiz we kanunçylykda bellenen kadalara laýyklykda zerur möçberde üpjün edilip, ykdysadyýetiň önümçilik we hyzmatlar ulgamyndaky köp sanly taslamanyň öz işjeňligini bökdençsiz alyp almaga şertler döredilen.
Iş saparyna we syýahatçylyga gidýän, daşary ýurtlaryň okuw jaýlarynda okaýan raýatlar, banklarda açylan VISA we MasterCard kartlary arkaly alyş-çalyş amallaryny ýerine ýetirip bilýärler. Internetiň üsti bilen daşary ýurtlardan harytlary satyn almak we hyzmatlardan peýdalanmak boýunça bu kartlar işjeň ulanylýar.
Şeýle-de raýatlarymyz Western Union we MoneyGram halkara pul geçirim ulgamlary arkaly pul serişdelerini bökdençsiz iberip alyp bilýärler.
Şeýlelikde Türkmenistanyň banklary müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda olaryň hyzmatynda bolmaga elmydama taýýar.