Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

2016-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda 2015-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça geçiriljek giňişleýin mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynda 2016-njy ýylda Türkmenistany ösdürmek bilen bagly möhüm wezipeleriň birnäçesine, şeýle hem tiz çözülmegini talap edýän käbir beýleki meselelere garaldy.

Iş maslahatyna gatnaşjylyar gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, "Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly" diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hasabatlaryň barşynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda  kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.  

Mundan başga-da,  ilatyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň senagat düzümini kämilleşdirmek, täze önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmek hem-de pudaklaryň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýyllyk  iş meýilnamalarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan döwlet maksatnamalaryny  has netijeli amala aşyrmak boýunça çäreler kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäde ygtybarly hyzmatdaş ýurt hökmünde abraýyny berkidýän Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny has-da  ösdürmek boýunça yzygiderli netijeli ädimleri ädýär diýip belledi.   

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji ýanwarynda geçiriljek giňişleýin mejlisine taýýarlygyň çäklerinde pudaklaryň işini kämilleşdirmäge, olara dünýäniň ösen tejribesini, täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga, döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, bilelikdäki iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge bolan çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň belent sepgitlerine ýetmek üçin ähli düzümleriň sazlaşykly işlemegini, ýurdumyzda bina edilýän köpsanly möhüm desgalaryň gurluşygyny we iş möhletlerini,  ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyny, pudaklar üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.  

Bellenilişi ýaly, görülýän çäreler ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler hem muňa ýardam edýär.   

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara Garaşsyz Watanymyzy has-da ösdürmegiň,   halkymyzyň abadan we bagtly durmuşda ýaşamagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

 

TDH