Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2016-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Ministrler Kabinetiniň göçme mesjlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi.

Wise-premýer ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň işini kämilleşdirmek, bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelerini işjeňleşdirmek hem-de milli ykdysadyýetimiziň makroykdsady görkezjilerini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işer barada hasabat  berdi. Şeýle hem hasabat bermegiň barşynda maliýe gatnaşyklary  ulgamynda kanunçylygy berjaý edilişine gözegçiligi alyp barmak boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda aýdyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, maliýe ulgamynyň edaralarynyň öňünde durýan wezipeleriň talaba laýyk berjaý edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösüşini üpjün etmek maksady bilen, netijeli çäreleriň geçirilmegi, pul-karz syýasatyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanylmagy zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şeýle hem bu ulgamyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem möhüm wezipe bolup durýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu ugurda anyk çäreleriň görülmelidigi barada tabşyryk berdi. Milli Liderimiz ähli pudaklaryň ýokary ösüş depginlerini saklap galmak üçin ykdysady düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe  tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini we eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Tutuş sebit ähmiýetli “Türkmenstan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler barada aýratyn durlup geçildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz pudagy ýaly milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm ulgamynda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk  gelmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurduyzyň ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanylmagyny talap etmek bilen, döwlet Baştutanymyz pudaga öňdebaryjy tejriibäniň we innowasiýa usullarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň hem-de ýokary derejeli işgärleri taýýarlamagyň, bu ugurda geçirilýän işlere toplumlaýyn ylmy esasda çemeleşmegiň möhümdigini nygtady.

TOPH taslamasynyň ägirt uly halkara ähmiýetini belläp, bu taslamanyň sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde oňyn täsiriniň boljakdygyny aýdyp, milli Liderimiz bu desganyň gurluşygynyň taslamasy boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki wagtda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy şeýle hem Ahal welaýatynda gurlan suw hojalyk desgalaryny ulanmaga taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Täze suw hojalyk toplumy Altyn asyr we Kaka etraplarynda täze özleşdirilen  ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün eder. Ýerine ýetirilen işleriň çäklerinde Garagum derýasyndan ekerançylyk meýdanlaryna suw geçirijiligi eltiji akabanyň hem-de suw göteriji bekediniň gurluşygy ýerine ýetirildi. Bu suw göteriji bekediniň suw sorujy enjamlary Garagum derýasynyň derejesinden ýokarda ýerleşýän ekin meýdanlaryna suwuň ýeterlik möçberde berilmegine mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze suw hojalyk desgalarynyň möhüm ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş suwy bilen üpjünçilik derejesiniň pesdigine, şeýle hem meýdanlarda sürüm işleriniň haýal alnyp barylýandygyna nägilelik bildirip, bu işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz suw pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, suw serişdelerini rejeli ýlanmak, suwarymly ekerançylygyň netijelliligini ýokarlandyrmak boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, obasenagat toplumynyň ähli düzümlerini ýazky gowaça ekişine  öz wagtynda  we ýokary hilli taýýarlamagy talap etdi. Milli Liderimiz şeýle hem ähli agrotehniki çäreleri ýokary derejede ýerine ýetirilmegi barada  birnäçe tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow ýurdumyzyň senagat toplumynyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ulgamyň önümçilik pudaklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzyň himiýa senagatyna degişli kärhanalaryň işini kämilleşdirmek, olary döwrebaplaşdyrmak, düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, senagat toplumynyň düzümlerinde hem öňdebaryjy hem-de netijeli tehnologiýalary ulanmak arkaly pudaklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň senagat ulgamyna degişli pudaklaryň ösüşini täze belentliklere çykarmak ugrunda zerur işler alnyp barylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Dokma senagaty ulgamynyň düzümleriniň, aýratyn-da, halyçylyk pudagynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz himiýa senagatynyň önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, täze önümçilik desgalaryny giňeltmek işlerine ylmy esasda jogapkärçilikli çemeleşmek bilen,  önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmagy wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna gözegçilik edýän pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynyň pudaklarynda bina edilýän desgalaryň ýagdaýy, Awaza milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň işini kämilleşdirmek, düzümleriň tehniki parkynyň üstüni häzirkizaman ýörite tehnikasy bilen doldurmak we pudagy iň täze enjamlar bilen üpjün etmek  boýunça geçirilýän işleriň uly ähmiýetini nygtady. Munuň özi Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezi hökmünde ykrar edilmegi babatynda ägirt uly ähmiete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz Hazaryň kenarynyň ýokary ekologiýa abadançylyk derejesini saklamak, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak hem-de bagy-bossanlyga öwürmek boýunça  wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.   

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynda,  Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de bu düzümleriň önümçilik binýadyny pugtalandyrmak babatda durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler  barada hasabat berdi.   

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak,  düzümlerde ýola goýulýan halkara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz telekeçilik ulgamynyň mümkinçiliklerini,

aýratyn-da, durmuş we senagat maksatly degsalaryň gurluşygynda olaryň tutýan ornuny belledi. Bu ugurda hususy kärhanalar oňyn tejribe topladylar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň, kiçi we orta telekeçiligiň kärhanalarynyň hojalyk hem-de işewürlik başlangyçlaryny mundan beýläk-de höweslendirilmeginiň zerurdygyny nygtap, söwda-ykdysady ulgamda döwlet-hususy telekeçilik hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda wise-premýre görkezmeler berdi.

Ministrler Kabinetiniň Awazada geçirilen göçme mejlisiniň barşynda soňra wise-premýer M.Ýazmuhammedowa şanly seneler we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralary mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän çäreleriň medeni maksatnamasy, ýurdumyzyň medeniet, neşirýat ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan medeni özgertmelerden gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny belledi. Guralmagy meýilleşdirilýän medeni çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamaga örän jogapkärçilikli çemeleşilmedigini belläp, döwlet Baştutanymyz özara tejribe alyşylmagynda, medeniýetleriň baýlaşmagynda uly ähmiýeti bolan halkara hyzmatdaşlygyna möhüm ornuň degişli bolmalydygyny tabşyrdy.   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, ýurdumyzda dümew keseliniň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň köp ýurtlarynda A/H1N1 dümew keseliniň  ýygy-ýygydan gabat gelýändigi sebäpli, Türkmenistanda dümew we beýleki ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreler güýçlendirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda dümew keselleriniň howply görnüşleri hasaba alynmaýar, adatça, möwsümleýin duşýan dümew keselleri bolsa ýaýramak derejesinden geçmeýär. Howply keselleriň peýda bolmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, hereket etmegiň maksatnamasy kabul edildi.  Arassaçylyk –gigiýena gözegçiliginiň derejesi güýçlendirildi. 

Geçen ýylyň dekabrynda ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşýän ýörite toparyň mejlisi geçirildi, onda möwsümleýin dümew keselleriniň  öňüni almagyň meselelerine garaldy. Ilatyň arasynda, aýratyn hem bilim-terbiýeçilik edaralarynda  düşündiriş çärelerinden başga-da, dümewe garşy sanjym geçirmek öňüni alyş çäreleriniň möhüm serişdesi bolup durýar.

Ýurdumyza howply ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen, Aşgabat we Türkmenbaşy şäherleriniň Halkara howa menzillerinde, şeýle hem Türkmebaşynyň Halkara deňiz menzilinde lukmançylyk gözegçiligi güýçlendirildi. Howa we deňiz menzillerinde  gyzgynlygy aralykdan ölçeýän skanner enjamlary işleýär, daşary ýurtlardan gelýän raýatlaryň, şol sanda daşary ýurt raýatlarynyň saglyk ýagdaýyna ünsli gözegçilik edilýär. Saglygy bejeriş, öňüni alyş we beýleki saglygy goraýyş edaralarynda hem zerur çäreler görüldi. Olar zerur bolan derman serişdeleri hem-de dümewe garşy serişdeler bilen üpjün edildi. Saglygy goraýyş baradaky pudagara toparynyň yzygiderli geçirilýän maslahatlarynda ähli çäreleriň netijeliligi seljerilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dümewiň we beýleki howply ýokanç keselleriň öňüni almak meselelerine ünsi güýçlendirmegi talap edip, ýurdumyzda howply keselleriň aralaşmagyna ygtybarly böwet goýjak öňüni alyş çäreleriň tutuş toplumynyň amala aşyrylmagyna berk gözegçiligi üpjün etmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem arassaçylyk –epidemiologiýa işleri ulgamynda, sanjym geçirmek hem-de dümewiň köpçülikleýin öňüni alyş çärelerini berjaý etmek, köpçülikleýin işleri güýçlendirmek, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden netijeli peýdalanmak boýunça çäreleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.   

Soňra hasabat bilen çykyş eden  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna  Derweze etrabynyň “Täze zaman”  obasynyň ulag düzümini abadanlaşdyrmak, hususan-da, döwrebap awtomobil ýollary we köprüleri gurmak boýunça   teklipleri hödürledi. Şol teklipler döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanyldy.

Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň “Täze zaman”  obasyna barýan ýoluň ugrunda uzynlygy 90 metre barabar bolan asma awtomobil köprüsini gurmak meýilleşdirilýär. Ini 33 metre barabar bolan köpri arasy kesiji zolakly, ikitaraplaýyn gatnawly, her tarapda üç sany hereket edýän zolakdan ybarat bolar.

Şeýle hem  uzynlygy 49 kilometre we ini 47 metre barabar bolan Aşgabat-Gökdepe  sowma awtomobil ýolunyň hem durkuny täzelemek we demir ýoluň üstünden geçýän uzynlygy 108 metr we ini 42 metr bolan awtomobil köprüsini gurmak boýunça teklipler hödürlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, oba ýerlerini abadanlaşdyrmak we olaryň  ulag düzümini mundan beýläk-de  döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere berk gözegçiligi amala aşyrmagyň wajypdygyny nygtap, geçirilýän işleriň halkara  standartlarynyň talaplaryna berk laýyk gelmegi barada wise-premýere  tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R. Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm ähmiýetli başlangyçlaryny mundan beýläk-de ilerletmek boýunça geçirilýän işler, hususan-da, Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly binýadyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, DIM-niň ýolbaşçysy Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Pudagara toparynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Habar berilmegine görä, nobatdaky mejlisde  2015-nji ýylda geçirilen işleriň jemlerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem türkmen tarapynyň bu täsin tebigy suw howdanynyň bioserişdelerini gorap saklamaga, köpeltmäge hem-de rejeli peýdalanmaga, onuň ekologiýa howpsuzlygynyň berjaý edilmegine we özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tekliplerini hasaba almak bilen toparyň ýakyn geljek üçin işiniň wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek göz öňünde tutulýar.

Biziň döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan ekologiýa syýasaty hem bu ugra gönükdirilendir, onuň çäklerinde ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, şol sanda iri halkara guramalary we ýöriteleşdirilen düzümler bilen bilelikde dünýäniň täsin tebigy merjeni bolan bu suw howdanyny geljekki nesiller üçin gorap saklamak  boýunça möhüm taslamalaryň we maksatnamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça deňi-taýy  bolmadyk ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, täze häzirki zaman “ýaşyl” tehnologiýalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan bu taslamanyň hökmany şerti bolup durýar. Deňiz ýakasynda bina edilýän köp sanly häzirki zaman myhmanhana we sagaldyş merkezleriniň binalaryna, şeýle hem senagat kärhanalaryna bildirilýän talaplaryň  esasy şertleriniň biri olaryň ekologiýa howpsuzlygynyň halkara standartlaryna laýyk gelmegidir. Deňiz ýakasynda giňden ýaýbaňlandyrylan bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ekologiýa taraplaryna aýratyn üns berilýär, soňky ýyllarda bu işleriň çäklerinde Hazaryň türkmen kenarynda el bilen döredilen hemişe gök öwüsýän tokaýlar, täze seýilgäh zolaklary emele geldi, olar dynç alýanlaryň saglygyna we keýpine oňyn täsir edýän amatly howa ýagdaýyny döredýär. 

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçirilýän işleriň örän möhümdigini bellemek bilen, Türkmenistanyň Hazar sebitinde parahatçylygy, ylalaşygy we durnuklylygy saklamagyň tarapdary bolmak bilen, kenarýaka goňşy döwletler bilen milli bähbitleri hasaba almagyň we Hazaryň ekologiýa ulgamyny goramak we saklap galmak boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde umumy tagallalary birleşdirmegiň, şeýle hem tutuş sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn gepleşikleri dowam etdirmegiň  tarapdary bolup çykyş edýändigini nygtady. Sebiti tutuşlygyna durnukly ösdürmek maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň belent münberinden birnäçe möhüm başlangyçlary, şol sanda ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygy ulgamynda başlangyçlary yglan etdi.  

Hazar deňziniň halkara-hukuk ýagdaýyny kesgitlemek, kenarýaka döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralarynyň Hazar deňzi boýunça işini utgaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň düzümini tassyklady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda,  Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Türkmenistanyň  Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasyna 2016-njy ýylyň 27- 29-njy ýanwary aralygynda Aşgabat şäherinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýasyny  işläp taýýarlamak boýunça hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki Ýörite iş toparynyň nobatdaky 43-nji mejlisini geçirmek tabşyryldy.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Çaryýewi Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesine bellek hakyndaky Permana gol çekdi.

Mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň milli parlamentiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Mejlis tarapyndan  häzirki wagtda alnyp barylýan işler, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak we ösdürmek, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen 2016-näy ýylda kanun çykaryjylyk ulgamynda öňde goýlan wezipeleri  ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Milli Liderimiz habary diňläp, kanun döredijilik işiniň häzirki döwrüň ýagdaýlary nazara alnyp, durmuşa ýakyn durup, dünýädäki ýagdaýlara dessin we çeýe seslenmek arkaly guralmalydygyny nygtady. Şeýle hem hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek we demokratiýanyň esaslaryny pugtalandyrmaga, kanunçylygy, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle hem Türkmenistanyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän täze kanunlary kabul etmek işiniň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belledi.

Mejlisde şeýle hem beýleki meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, ýygnananlaryň ählisine berk jan saglyk we Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. 

 

TDH