Eksport önümleriniň möçberini artdyrmagyň ýollary
Döwletimiziň azyk we azyk däl sarp ediş harytlarynyň importyna bolan zerurlygy ýyl-ýyldan azalýar. Et, guş eti, ýumurtga, alkogolsyz içgiler, miwe şireleri, gök önümler, ýarmalar, durmuş himiýasy önümleriniň öz ýurdumyzda öndürilýän göwrümi ynamly artdyrylýar. Eksportyň möçberiniň artdyrylmagy birnäçe ýagdaýlara baglydyr, olaryň arasynda ygtybarly çig mal we tehnologik binýadyň döredilmegine, önümlere bolan sarp ediş isleginiň kemala getirilmegine, harydy öndürmäge we eltip bermäge edilýän çykdaýjylara aýratyn orun degişlidir.
Şunuň ýaly çemeleşmeler Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşiň innowasiýalara ugrukdyrylýan, durmuşa gönükdirilen görnüşine geçmegiň şu ugurlary boýunça toplumlaýyn, serişdeler möhletler we tapgyrlar boýunça özara baglanyşykly düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmegi talap edýär, ýagny:
- kärhanalaryň şertnama ukyplylygyny we işewürçilik işjeňligini ýokarlandyrmak;
- döwletiň hususy ulgam bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň usullaryny ulanmak bilen, ykdysadyýetiň pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam bermek, eksportyň möçberini artdyrmaga gönükdirilen önümçilik zolaklaryny döretmek, bu ugurdaky halkara tejribesini nazara almak bilen, içerki bazary goramak. Türkmenistanda bar bolan baý serişdeler goruny halkara bazarlaryna çykarmagyň ýolundaky esasy meseleleriň biri-de eksport önümleriniň bahasynyň üýtgetmegine täsir edýän üstaşyr geçirmek ýagdaýlary bilen baglydyr.
Şu maksat bilen goňşy hyzmatdaş ýurtlaryň çäklerinden eksporta iberilýän serişdeleri, taýýar önümleri daşamak boýunça halkara ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň kemala getirilmegine soňky ýyllarda has köp isleg bildirilip başlandy. Muňa Ýewropa-Aziýa, Demirgazyk-Günorta, Türkmenistan-Günorta-Gündogar Aziýa ýaly strategiki ugurlaryň birnäçesini döretmek boýunça häzirki wagtda amala aşyrylýan maksatnamalar ýardam berýär. Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň onlarçasyna Pars aýlagyna çykmaga mümkinçilik berjek, uzynlygy 900 km bolan Türkmenistan-Eýran-Pars aýlagy; Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Gara deňiz; Türkmenistan-Gazagystan-Russiýa ýaly gatnaw ugurlarynyň çekilmegi muňa mysal bolup hyzmat edýär. Bu ugurlarda gurlan iri möçberli portlar, turba geçiriji we gury ýer ýol ugurlary Türkmenistana deňiz we derýa flotuny mundan beýläk hem ösdürmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenbaşydaky halkara deňiz portuny we Türkmen söwda flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Baş meýilnamasy” durmuşa geçirilip başlandy. Oňa laýyklykda Türkmenistany “Merkezi geçelgä” birikdirmek meýilleşdirilýär, ol Baku-Tbilisi-Kars demir ýol geçelgesi boýunça Türkiýäni Merkezi Aziýa bilen birleşdirer. Şeýle-de Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Omar-Katar halkara ulag geçelgesiniň amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Eksport düzümlerini artdyrmagyň baş şertli milli önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek bolup durýar. Munuň üçin geljek ýyllarda diňe zawodlaryň, kärhanalaryň sanyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem ýokary hünär derejeli hünärmenler tarapyndan dolandyrylýan täze, iri möçberli gaýtadan işleýän toplumlary döretmek zerur bolup durýar.
Ýurduň önümçilik ugrunyň tehnologik gurluşyň bir görnüşinde innowasiýa taýdan üpjün edilmegi has çuň ylmy çemeleşmäni talap edýär, şeýle hem başga görnüşli önümleri öndürýän bäsdeşlige ukyply önümçilikleriň täze görnüşlerine geçmegine alyp barýar. Giň gerimli tehnologik özgertmeler täze tehnologiýalary, innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary özleşdirmek babatynda işjeňligiň barha ýokarlandyrylmagyny aýrylmaz şert edip goýýar.
Ylmy-tehniki ösüşiň düýp manysy onuň halkara derejesinde bolup geçýänligi bilen baglydyr. Ylmyň we tehnikanyň ösmegi zerur bolan maliýe we intellektual maýa geriminiň artmagyna alyp barýar.
Strategiki serişdeleri baý bolan türkmen bazaryna çykmaga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň sany barha köpelýar, olary seçip almagyň strategiýasy işläp taýýarlamak möhüm ähmiýete eýedir.
Birinjiden, eksport mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça Türkmenistanyň öňünde duran wezipeleriň çylşyrymlylygyny we köp ugurlylygyny nazara almak bilen, eksport işini kämilleşdirmegiň esasy tapgyrlaryny we ugurlaryny, şeýle hem ony goldamagyň usullaryny takyk bellemek arkaly döwletiň uzak möhletli eksport strategiýasyny işläp taýýarlamak wajyp bolup durýar. Şeýle hem bu tapgyrda eksport üçin ýurtda öndürilýän önümleriň görnüşlerini köpeltmek, ýurduň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, daşary ýurt bazarlaryna ibermegiň möçberini artdyrmak bilen deň hatarda, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, milli önümleri eksporta ýerlemek boýunça daşary ykdysady işiň, ýurduň import düzüminiň guralyşyny we dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, senagat önümleriniň esasy görnüşleriniň eksporta gönükdirilmegini uzagyndan artdyrmak arkaly importyň ornuny tutýan önümleriň giň önümçiligini kemala getirmek zerur bolup durýar.
Ikinjiden, daşary söwda işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin:
- harytlaryň eksportynyň düzümini kämilleşdirmek, kärhanalaryň türkmen önümlerine tölege ukyply islegi bolan ýurtlar bilen daşary ykdysady aragatnaşyklaryny giňeltmek boýunça gönükdirilen işi has-da işjeňleşdirmek;
- ykdysady häsiýetli çäreleri, daşary söwdany höweslendirýän guramaçylyk-hukuk we ýörite çäreleri has giňden peýdalanmak;
- önümçiligiň strategik pudaklarynda gaýtadan işlemegiň has düýpli derejesi bilen taýýar önümiň peýdasyna tarap üýtgetmek zerur bolup durýar. Bellenen ugurdaky möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek üçin şu çäreleri durmuşa geçirmek zerurdyr:
- ýurdumyzyň çäginde we daşary ýurtlarda söwda-logistika, ulag düzümlerini kämilleşdirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak;
Üçünjiden, pudaklary eksporta gönükdirmek bilen bagly meseleleri strategik taýdan çözmegiň möhümligini nazara alyp, şu aşakdakylary öz içine alýan esasy çäreleriň sanawyny döwlet derejesinde işläp taýýarlamak zerurdyr. Olar:
- harytlaryň görnüşlerini giňeltmegiň döwrebap usullaryny öwrenmek maksady bilen ýurtda öndürilen önümleri daşarky bazarda ýerlemegiň ugurlaryna we usullaryna laýyklykda teklipleri işläp taýýarlamak;
- täze pudaklary ösdürmek we daşarky bazarda bäsdeşlige ukyply önümleriň täze görnüşlerini köpeltmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak;
- Türkmenistanyň importynyň düzümini kämilleşdirmek.
- uzagyndan eksporta ibermek bilen importyň ornuny tutýan önümleriň önümçilikleriniň sanawyny taýýarlamak;
- her pudak boýunça bu önümleriň synag önümçiligini ýola goýmak;
- ylmy we taslama edaralary bilen bilelikde eksport harytlaryny öndürýän ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan çaklama maglumatlaryny hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň aýry-aýry meselelerine degişli teklipleri işläp taýýarlamak;
- önümleriň täze görnüşlerini, önümçilikleri döretmäge we maýa goýmaga gönükdirilip geçirilýän ylmy-barlag, ylmy-maglumat, seljeriş we maslahat beriş işleriniň derejesini ýokarlandyrmak;
- daşary söwda işinde döwletiň we hususy bölegiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak;
- daşary söwda işinde döwletiň we hususy bölegiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak;
- daşary söwda we ykdysady ugurlar boýunça Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň hökümetara toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak barada ylmy taýdan esaslandyrlan teklipleri işläp taýýarlamak;
- önümçiligi giňeltmek we türkmen harytlaryna bolan islegleri artdyrmak üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berýän gümrük paçlaryny yzygiderli seljermek ýaly möhüm wezipelerden ybaratdyr.
W.Denisow,
y.y.k.,
Türkmenistanyň milli önümleriniň
haryt dolanyşygyny öwreniş instituty
M.Berdigylyjow,
TDY we DI-niň mugallymy