Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
2016-njy ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Hökümetiniň, pudak edaralarynyň alyp baran işleriniň netijelerine garaldy, milli maksatnamalary we ileri tutulýan taslamalary durmuşa geçirmegiň barşyna baha berildi. Mejlisiň barşynda möhüm resminamalar kabul edildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi, şeýle hem döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda ilkinji nobatdaky wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, milli baýramçylyklara hem-de durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň açylyşyna bagyşlanan dürli çäreleriň geçirilendigini habar berdi. Ýylyň başyndan bäri we häzirki wagtda ýurdumyzda şu ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde guralýan çäreler dowam edýär. Teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň işlerini kämilleşdirmek boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar.
Ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti,Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň işine nägilelik bildirdi hem-de onuň medeniýet ulgamyna we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýolbaşçylyk edýän ýyllarynyň dowamynda oňa birnäçe käýinç yglan edilendigini, emma gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýynyň gowulanmandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýolbaşçylarynyň işinde ýol berlen bidüzgünçilikler barada aýtdy. Şol ýagdaýlary düzetmek üçin öz wagtynda degişli çäreler görülmedi.
Biz ýurdumyzda köpsanly teatrlary, aýdym-saz merkezlerini gurduk, emma, bu medeniýet edaralarynyň köpüsi diýen ýaly boş dur, şeýle hem täze sahna eserleri döredilmeýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Milli telewideniýäniň işi babatda hem tankydy bellikler aýdyldy. Hususan-da, telewideniýäniň ýolbaşçylarynyň ýygy-ýygydan çalyşýandygyna garamazdan, teleýaýlymlarda gyzykly gepleşikler berilmeýär, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri ýaramaz beýan edilýär, milli däp - dessurlarymyzy wagyz etmegiň we giňden ýaýmagyň deregine, köplenç olaryň mazmuny ýoýulýar.
Ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça işler hem tankytlanyldy.
Milli Liderimiz V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşi baradaky meselelere, aýratyn-da, olary wagyz etmek hem-de medeni çäreleri guramak babatdaky meselelere ünsi çekip, bu işlerde hem düýpli kemçilikleriň bardygyny belledi. Medeniýet ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamak işi talaba laýyk gelmeýär. Şeýle hem wise-premýeriň aýry-aýry adamlary döwlet sylaglaryna hödürländigi, soňra olary hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hukuk bozmalar bilen saklandyklary barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere gözegçilik edýän ulgamyndaky işler boýunça uly kemçilikleri aýdyp, M.Ýazmuhammedowany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak we bu wezipä G.Mämmedowany bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz işde goýberen düýpli kemçilikleri we gulluk ýagdaýyndan hyýanatly peýdalanandygy üçin H.Amangeldiýewi Türkmen milli konserwatoriýanyň rektory wezipesinden boşatmak we bu wezipä A.Aýdogdyýewi belläp, ony Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň baş ýolbaşçysy wezipesinden boşatmak hakyndaky degişli resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow G.Mämmedowa ýüzlenip, teatryň baş ýolbaşçysynyň wezipesini häzirlikçe onuň orunbasarynyň üstüne ýüklemegi we teatryň täze ýolbaşçysynyň wezipesine mynasyp adamy hödürlemegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow 2016-njy ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň jemleri boýunça milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüşli makroykdysady görkezijileri hakynda hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, geçirilýän ykdysady strategiýa netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi üpjün edilýär we döwlet maliýe serişdelerini netijeli peýdalanmak üçin zerur bolan şertler döredilýär.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 106,3 göterim üpjün edildi, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 102,5 göterime, gurluşykda 105,7 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 110 göterime, söwdada 116, 7 göterime, oba hojalygynda 105,8 göterime, hyzmatlar ulgamynda 109, 5 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini 103, 2 göterim derejede üpjün edildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 9,5 göterim ýokarlandy.
Üç aýyň jemleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 17 göterim artdy.
Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzir ýurdumyzyň ähli sebitlerinde milli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 7,8 milliard manada barabar boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda ösüş depgini 105,7 göterim ýerine ýetirildi.
Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, binalary we desgalary gurmagyň depginleri barada hem habar berildi. Häzire çenli binalaryň we desgalaryň 186-synyň gurluşygy tamamlandy hem-de 133-isinde gurluşyk işleri dowam edýär.
Soňra Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Annadurdyýew ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler hem-de harytlaryň eksporty we edilýän hyzmatlar üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasaplaryna daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşmagy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda we hyzmatlar ulgamynda nagt däl hasaplaşyklary ýola goýmagyň, işewürligi ösdürmek üçin has oňaýly şertleri döretmegiň, hyzmatlaryň täze derejesine çykmagyň bu düzümiň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda maksada laýyk işleri geçirmegiň wajypdygyny belläp, Merkezi bankyň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Maliýe ministri M.Muhammedow 2016-njy ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 102,8 göterim, çykdajy bölegi bolsa 90,4 göterim möçberde ýerine ýetirildi. Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 80,2 göterimden gowragy durmuş ulgamyna gönükdirildi.
Şu ýylyň üç aýynyň netijeleri boýunça ýerli býujetleriň girdejileri 105,5 göterim, çykdajylary bolsa 92,5 göterim ýerine ýetirildi.
Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hem habar berildi, onuň çäklerinde durmuş-medeni maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 95-isiniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 23-isiniň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dürli inžener-tehniki ulgamlaryň gurluşygy alnyp barylýar.
Şu ýylyň üç aýynyň dowamynda merkezi, pudak we sebit balans toparlarynyň 27 mejlisi geçirildi we olarda 6 ministrligiň, pudak edarasynyň hem-de 55 edara-kärhananyň maliýe-ykdysady görkezijileri seljerildi we degişli çözgütler kabul edildi.
Hasabat döwrüniň dowamynda Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň düzgünlerini amala aşyrmak, ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek, auditorçylyk we ätiýaçlandyrmak işini kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler geçirildi. Maliýe ministri şeýle hem buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryna geçilmegi bilen baglylykda, dürli pudaklaýyn edaralaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmek, maýa serişdeleriniň gelmegi üçin amatly şertleri döretmek meselelerine ministriň ünsüni çekdi.
Soňra Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri Ý.Şeripow 2016-njy ýylyň üç aýynda pudaklar boýunça ykdysady ösüşiň jemleri barada hasabat berdi.
2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ähli pudaklarda önümçiligiň möçberleriniň ýokary ösüş depginleri gazanyldy.
Hasabat döwründe oba hojalyk önümleriniň köp görnüşleriniň önümçiliginde hem ösüş gazanyldy. Güýzlük bugdaýa ideg etmek bilen bir hatarda, gowaça ekişine hem girişildi. Gurluşyk-gurnama işleri ýokary depginde dowam edýär.
2015-nji ýylyň şol döwrüne garalanda, ulaglaryň ähli görnüşleri bilen ýük dolanyşygynda ýerine ýetirilen işleriň möçberleriniň ösüş depgini gazanyldy. Üç aýyň dowamynda ýolagçy dolanyşygynda ösüş depgini 102,5 göterim boldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň işine nägileligini beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz bu düzümde birnäçe kemçilikleriň bardygyny belläp, Ý.Şeripowy eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet we ösüş ministri wezipesine B.Bazarowy belläp, ony Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak boýunça agentligiň başlygy wezipesinden boşatdy.
Milli Liderimiz M. Arabowy Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak boýunça agentligiň başlygy wezipesine belläp, ony “Senagat” paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Soňra Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy Ş.Hümmedow garamagyndaky düzümleriň geçiren işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz bu edaranyň işinde düýpli kemçilikleriň bardygyny aýdyp, Ş.Hümmedowy eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen ýurdumyzyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy wezipesine S.Gündogdyýew bellenilip, ol şu gullugyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine A.Öräýewany belläp, ony Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşatdy.
Şeýle hem mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowy Mary welaýaty boýunça jogapkär edip bellemek hakynda Karara gol çekdi.
Milli Liderimiz wise-premýere hem-de maliýe - ykdysady toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň alyp barýan işine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz býujet serişdelerinden göz öňünde tutulmadyk we gerek bolmadyk çykdajylar, dolandyryş düzüminiň artdyrylmagy bilen bagly bar bolan kemçilikler hakynda öň hem duýdurandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgär sanynyň gereginden has artdyrylýandygyny, telekeçilik ulgamynda hem göwnejaý hasap ýöredilmeýändigini nygtady. Emma, muňa garamazdan, bu kemçilikleri düzetmek boýunça teklipler az berilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz maliýe-bank ulgamynyň hem haýal ösdürilýändigini belläp, işiň bazar şertlerine geçmek boýunça ýeterlik işiň alnyp barylmaýandygyny aýtdy. Ministrlikleriň we pudak edaralarynyň kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek işi haýal alnyp barylýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Garaşsyz döwletimiziň kemala gelip başlan döwürlerinde ilatyň durmuş şertlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen girizilen, häzir bolsa özüni ödemeýän köp sanly ýeňillikler hereket edýär. Bu ýeňillikler bazar ykdysadyýetine geçilmegini bökdeýär. Býujet çykdajylarynyň artyk harçlanmagyna getirýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, maliýe ulgamy, dolandyrmagyň we bank işiniň esaslary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew nebitgaz toplumyna girýän kärhanalaryň geçen üç aýda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň ösüş depgini 101,5 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 100, 4 göterime, daşary ýurtlara ugradylan tebigy gazyň möçberiniň ösüş depgini 103 göterime deň boldy. 2015-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, nebit önümleriniň, şol sanda polipropileniň, tehniki çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi hem artdy.
Şeýle hem buraw işleriniň barşy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijiniň 214 kilometrlik türkmen bölegini gurmagyň barşy hem-de maýa goýumlarynyň özleşdirilişi barada habar berildi.
Wise-premýer şeýle hem TOPH taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň Aşgabatda geçirilen 24-nji mejlisiniň jemleri barada hasabat berdi. Duşuşygyň barşynda taslama gatnaşyjylar we onuň Tranzaksion geňeşçisi—AÖB tarapyndan geçirilen işler baradaky hasabatlar diňlenildi, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “TAPI Pipeline Company Limited” konsorsiumynyň agzalarynyň Maýa goýum ylalaşygy makullanyldy we oňa gol çekildi. Mundan başga-da, TOPH taslamasynyň hukuk hem-de tehniki ugurlary bilen baglanyşykly beýleki meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtady, bu taslama diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam bermek bilen çäklenmän, Aziýa sebitinde dostlugyň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň hakyky alamatyna öwrülmelidir. Milli Liderimiz bu iri energetika taslamasynyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň amala aşyrylmagynyň ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýän global energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak işine uly goşant boljakdygyny belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän senagat pudagynda şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek senagat önümlerini öndürmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň Senagat ministrligi tarapyndan şu döwürde öndürilen önümler boýunça meýilnama 128,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 107,1 göterim, şol sanda sementiň öndürilişi boýunça 105,5 göterim, magdan däl serişdeler boýunça 112,7 göterim, keramzidiň öndürilişi boýunça 100 göterim, gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişi boýunça 108,4 göterim boldy.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça öndürilen önümleriň möçberiniň ösüş depgini 102,9 göterime, şol sanda nah ýüplügiň hem-de nah matalaryň öndürilişi 100,5 göterime we 104 göterime, tikin we örme önümleriniň öndürilişi 107,4 göterime, ýüpek matalarynyň öndürilişi-103,1 göterime, aýakgabyň öndürilişi 100,1 göterime, gön önümleriniň öndürilişi 100 göterime deň boldy.
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalary tarapyndan şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda öndürilen önümleriň ösüş depgini 105,9 göterim boldy. Jemi 10,5 müň inedördül metrden gowrak haly we haly önümleri dokaldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça şu ýylyň üç aýynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 111,9 göterime barabar bolup, ösüş depgini 128,8 göterim derejesine ýetdi. Hususan-da, mineral dökünleriniň önümçiligi boýunça ösüş depgini 116 göterime, tehniki ýoduň we tehniki uglerodyň önümçiligi boýunça ösüş depgini 100 göterime, natriý sulfatynyň önümçiligi boýunça ösüş depgini 107,3 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça öndürilen önümleriň umumy möçberiniň ösüş depgini 186,3 göterime barabar boldy.
Wise-premýer Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde döwrebap tehnologiýalaryň esasynda gurluşyk pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
2015-nji ýylda ýurdumyzda milli hususy kärhanalar tarapyndan keramiki plitkalaryny ýelmeşdiriji gury gurluşyk garyndylarynyň 12 müň tonnasy öndürildi, içerki bazaryň bu önümlere bolan islegleriniň bolsa ortaça 14 müň tonna barabar bolup durýandygy bellenildi. Türkmenabat şäheriniň “Demirbetonkonstruksiýa” zawodynyň binýadynda ýyllyk kuwwaty 4 müň tonna bolan ýerli çig maldan gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän täze ýöriteleşdirilen önümçiligiň ulanmaga tabşyrylmagy bilen ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny şol önümler bilen ýeterlik üpjün etmek wezipesi çözülýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagat pudaklarynyň milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň birine öwrülendigini belledi. Täze kärhanalar öňdebaryjy tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyryldy, ýokary hilli önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça işler ýola goýuldy hem-de ýüzlerçe täze iş orunlary döredildi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli umumy ösüşini üpjün edýär hem-de türkmen harytlaryny daşary ýurtlara ibermek we daşary ýurtlardan harytlaryň getirilmegi boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalary babatda geljegi has uly ugurlary yzygiderli ösdürip we giňeldip, senagat pudagynda toplanan ösüş depginlerini saklamak möhümdir.
Ýurdumyzyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we öndürýän harytlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, 2016-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Türkmenistana getirilýän, kafeli we keramiki plitkany ýelmeşdiriji, çäge we sement esasynda taýýarlanýan gury gurluşyk garyndylary üçin gümrük pajyny belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, tutuşlygyna ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 126,7 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 106,8 göterime barabar boldy.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ulag hyzmatlaryny etmegiň ösüş depgini 100,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 101,2 göterim, ýolagçy gatnatmakda 106,2 göterime ýetirildi.
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 103,8 göterim, ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 100,9 göterim we 101,2 göterim boldy.
Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 108,3 göterime deň boldy. Hasabat döwründe ilatyň aragatnaşyk hyzmatlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurt boýunça 132 müň telefon nokatlary, şol sanda 120 müň öýjükli hem-de 12 müň ýerli telefon belgileri gurnalyp, meýilnama 185 göterim ýerine ýetirildi. Degişli döwürde Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde 15 müň 392 telefon belgilik beketler gurnaldy we 682 kilometrlik aragatnaşyk ulgamy çekildi.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça ýanwar-mart aýlarynda awiahyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 133,5 göterim boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda degişlilikde 102,4 göterim we 103,2 göterime barabar boldy.
Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,5 göterime deň boldy. Ýük daşamakda bu görkeziji 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmakda 107,2 göterime ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu möhüm pudaklarda sazlaşykly hem-de netijeli işiň üpjün edilmegi üçin geljekde hem aňrybaş tagallalary etmegiň zerurdygyny nygtady, bu bolsa ýurdumyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.
Milli Liderimiz döwletimiz tarapyndan ýurdumyzda köpugurly hem-de bäsdeşlige ukyply ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmäge hemmetaraplaýyn üns berilýändigini nygtap, bu pudagyň kärhanalarynyň işini ýokary hil derejesine çykarmagy üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň işine geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Barlaglaryň netijesi boýunça kemçilikleriň birnäçesi ýüze çykaryldy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy R.Kutlyýewe işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin berk käýinç yglan etdi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri hakynda hasabat berdi.
Hasabat döwründe Aşgabat şäher häkimliginiň hojalyk hasaplaşygyna degişli edara-kärhanalar tarapyndan 65 million 446 müň manatlyk önüm öndürildi we hyzmatlar ýerine ýetirildi. Bu görkezijileriň ösüş depgini 2015-nji ýylyň ilkinji üç aýy bilen deňeşdirilende 109, 9 göterime deň boldy.
Paýtagtymyzyň häkimliginiň kärhanalary tarapyndan maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 2 milliard 30 million 50 müň manatlyk maýa goýum serişdeleri özleşdirildi, şunda ösüş depgini 108,9 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümiň, ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň umumy möçberi 38 million 619 müň manada ýa-da meýilnamanyň 117 göterimine deň boldy. Ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 107,3 göterimden ybarat boldy.
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň düzümleri tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň umumy möçberi 121,6 göterime deň bolup, şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 109,7 göterime ýetirildi.
Tutuş ýurdumyz boýunça 2016-njy ýylyň birinji çärýeginde 5 milliard 887 million 522 müň kWt. sagat elektrik energiýasy öndürildi. Bu görkeziji boýunça ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 100,7 göterim boldy.
Elektrik energiýasyny eksport etmegiň jemi möçberi 932 million 135 müň kWt. sagat bolup, ösüş depgini 109,4 göterime ýetirildi.
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça hem hasabat döwründe ýokary görkezijiler gazanyldy. Ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň, öndürilen önümiň umumy möçberi 32,3 million manatlykdan gowrak ýa-da 110,2 göterime deň boldy. Ösüş depgini degişlilikde, 108,8 göterim boldy.
“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan önümçilik meýilnamasy 106,1 göterim berjaý edildi. Şunda bu görkezijiler boýunça ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýokary derejede—113,6 göterim ýagdaýynda saklanyldy.
Wise-premýer Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berip, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda paýtagtymyzyň düzümlerini kämilleşdirmek, keşbini gowulandyrmak, ilatyň amatly ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek boýunça çärelere aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasyny düzýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy, bu düzümlerde önümçiligiň ýokary depginleri saklanylmalydyr, iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin degişli şertler döredilmelidir.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 2016-njy ýylyň birinji çärýeginde söwda toplumynyň alyp baran işleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan üç aýda söwdalaryň 60-sy geçirilip, jemi bahasy 7,5 milliard manatdan gowrak şertnamalaryň 3797-si hasaba alyndy. Eksport we import geleşikleriniň bahasy 3,7 milliard manatdan gowrak, gurluşyk şertnamalarynyň bahasy 2,7 milliard manatdan gowrak boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi ABŞ-nyň 3,1 million dollaryndan geçdi. Hasabat döwründe 10,7 million manatlyk maýa goýumlary özleşdirildi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 31,6 göterim ýokarydyr.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça ýanwar-mart aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 118,3 göterime, peýda 1,8 million manada barabar boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowşan serişdeleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 18,55 göterim köpdür. Hasabat döwründe sergileriň 5-si hem-de maslahatlaryň 9-sy geçirildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň önümçiliginiň möçberi 30 göterim ýokarlandy, oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň möçberi 3,4 göterim artdy. Gurluşyk-gurnama işleriniň möçberiniň ösüş depgini 101 göterim, söwda haryt dolanyşygynyň möçberiniň ösüşi 109,7 göterim, hyzmat ediş ulgamynda ösüş depgini 109 göterimden gowrak boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işinde köp kemçilikleriň bardygyny aýdyp, soňky döwürde haryt dolanyşygynyň möçberiniň düýpli azalandygyna garamazdan, ýagdaýy düzetmek üçin ministrlik tarapyndan hiç hili çäre görülmeýändigini belledi. Ministrligiň ýolbaşçylary garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine gözegçiligi gowşadypdyr. Ýerlerdäki edara-kärhanalarynda tertip-düzgün ýok.
Milli Liderimiz ýaňy-ýakynda ministriň orunbasarynyň para alandygy üçin, wezipesinden boşadylandygyny aýdyp, munuň bolsa ýolbaşçynyň öz tabynlygyndaky adamlaryň işi üçin jogapkärçilik çekmeýändigini görkezýändigini belledi. Şeýle ýagdaýlar pudagyň işine ýaramaz täsir edýär.
Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, B.Abaýewi söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine D.Orazmyradowy belledi.
Milli Liderimiz B.Atdaýewe ýakyn wagtda Söwda-senagat edarasynyň müdiriýetiniň mejlisini guramagy we bu edaranyň täze başlygyny saýlamak meselesine seretmegi tabşyrdy we D.Orazmyradowy başga işe geçendigi sebäpli, öňki wezipesinden boşatdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz welaýat häkimleriniň hasabatlaryny diňledi.
Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň ähli düzümlerinde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan ýaz-meýdan işleriniň barşy barada hasabat berdi. Mundan başga-da häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew ýanwar-mart aýlarynda welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe oba hojalyk önümleriniň möçberleriniň yzygiderli artdyrylýandygy hasaba alyndy.
Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda möhüm möwsümleriň guramaçylykly geçirilişi, şeýle hem şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň etraplarynda gowaça ekişi batly depginlerde alnyp barylýar.
Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek babatda alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygynyň batly depginlerde alnyp barylýandygy aýdyldy.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitiň ähli ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek, welaýatyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde häzirki döwürde ýüpekçi kärendeçileriň ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işlerini talaba laýyk alyp barýarlandyklary bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, sebitleriň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini we bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işlere ünsi çekip, daýhanlar üçin iň bir wajyp möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýratyn belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew 2016-njy ýylyň ýanwar-mart aýlarynda gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň, welaýatlaryň häkimleriniň, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň alyp barýan işiniň döwrüň talabyna laýyk guralmalydygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzda gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly tabşyryklary berdi.
Oba Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmekde etrap häkimleriniň alyp barýan işleri aýratyn seredilmeli mesele bolup durýar. Şoňa görä hem, bu ugurda degişli işler geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň düşewüntliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, senagat düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, dürli görnüşli ýokary hilli önümleriň möçberini artdyrmaga gönükdirilen oba hojalyk pudagyny özgertmek ulgamynda döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň dürli pudaklaryny dolandyrmagy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny hem-de häzirki zaman tehnologiýalary işe giňden ornaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek barada görkezme berdi.
Milli Liderimiz ýazky oba hojalyk işlerini, ilkinji nobatda bolsa, gowaça ekişini guramaçylykly hem-de bellenilen möhletinde geçirmek babatynda ähli çäreleri görmegi talap etdi. Ekerançylykda ähli agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek babatynda anyk görkezmeler berildi, munuň özi bugdaýdan we gowaçadan, gök, bakja hem-de beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagyň, ýurdumyzda ýyladyşhana hojalyklaryny we maldarçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer 2016-njy ýylyň üç aýynda okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň golýazmalarynyň 186-synyň taýýarlanylandygyny we çapa iberilendigini, olardan 45-isiniň neşir edilendigini habar berdi.
Mart aýynda mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça we taslama bäsleşikleriniň döwlet tapgyry geçirilip, oňa mekdep okuwçylarynyň 800-den gowragy gatnaşdy. Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary we talyplary halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler we baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Ylym ulgamynyň maddy-enjamlaýyn, usulyýet hem-de işgärler binýadyny pugtalandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Şol döwürde aspirantura 18 adam, alymlyk derejesine dalaşgärlige 28 adam, ylymlaryň doktorlygyna 4 adam kabul edildi.
Hasabat döwründe alymlar tarapyndan okuw kitaplarynyň, okuw gollanmalarynyň, okuw maksatnamalaryň we monografiýalaryň 174-isine seredilip, olaryň 158-isi makullanyldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlary tarapyndan ýurdumyzyň Paryzdepe, Goňurdepe, Gadymy Merw, Nusaý ýaly taryhy ýadygärliklerinde gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar.
Akademiýanyň institutlary tarapyndan birnäçe gurluşyk, önümçilik ähmiýetli tehnologiki reglamentler we eskiz taslamalary işlenip düzüldi hem-de önümçilige ornaşdyryldy.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda 6 desganyň we 1 döwrebap ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy boýunça işler alnyp baryldy. Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 107 göterim, ýerlenen önümlerden we hyzmatlardan gelen serişdeleriň möçberi 112 göterim, derman senagatynda öndürilen önümleriň möçberi 104 göterim, ýerlenen derman önümleriniň möçberi 119 göterim artdy.
V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň şu ýylyň 27-nji martynda geçirilen mejlisinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny geçirmegiň taslamalary, Oýunlaryň Baş meýilnamasynyň ugurlary boýunça işleri dessin meýilleşdirmek hem-de ýerine ýetirmek üçin degişli işler alnyp barylýar.
Ýanwar-mart aýlarynda ýurdumyzda jemi 57 içerki ýaryş we 28 köpçülikleýin sport çäreleri geçirildi. Biziň türgenlerimiz halkara sport ýaryşlarynyň 38-isine gatnaşdylar we jemi 84 medal, şol sanda 36 altyn, 21 kümüş we 27 bürünç medal gazandylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere gözegçilik edýän edaralarynyň işini guramaga çemeleşmeleri täzelemek, döwlet ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, käbir ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada gelen kararyny mälim etdi.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Ş.Atanyýazowany Ministrler Kabinetiniň Bilim we jemgyýetçilik bölüminiň esasy hünärmeni wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine G.Orazmuhammedowany belläp, ony Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň rektory wezipesinden boşatdy. Bu ýokary okuw mekdebiň rektory wezipesine häzirki döwre çenli zehinli çagalaryň mekdep-internatynyň direktory wezipesinde işlän O.Gurbanowy belledi.
Şeýle hem, S.Baýmyradow Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadylyp, ol Goranmak ministrliginiň ygtyýaryna iberildi.
Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň rektory wezipesine G.Mezilow bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz S.Toýlyýewe ýakyn wagtda Ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagyny guramak hem-de onuň täze ýolbaşçysyny saýlamak babatda görkezme berdi.
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesine H.Geldiýew bellenilip, ol şol uniwersitetiň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
Milli Liderimiz işde goýberen kemçilikleri üçin D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory S.Çaryýewe käýinç yglan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýan edilen çözgütler boýunça degişli resminamalara gol çekdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa şu ýylyň üç aýynyň netijeleri boýunça milli parlamentiň alyp baran işleri barada habar berdi. Deputatlar tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge, onuň ösüşiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Hasabat döwründe parlamentiň maslahatlarynyň ikisi geçirildi, pudak ministrlikleri we edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 45-isi hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň 28-isi taýýarlanyldy we kabul edildi.
Häzirki wagtda adam hukuklaryny üpjün etmäge degişli, ykdysady, oba we suw hojalyk meselelerini sazlaşdyrýan, ilçi we konsullyk gulluklarynyň işlerini düzgünleşdirýän kanun taslamalarynyň birnäçesini taýýarlamak dowam edýär.
2-nji fewralda Konstitusion toparyň ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça nobatdaky mejlisi geçirildi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşdäki taslamasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halkymyzyň ara alyp maslahatlaşmagy üçin hödürlenildi. Häzirki wagtda iş toparlarynda ministrliklerden we pudak edaralaryndan, syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik guramalaryndan, ýurdumyzyň aýry-aýry raýatlaryndan gelip gowuşýan teklipleri we goşmaçalary içgin öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar.
Ýola goýlan ýygjam halkara aragatnaşyklary pugtalandyrylýar we ösdürilýär. Daşary ýurtlaryň parlamentleriniň arasynda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary giňeltmek, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen Türkmenistanyň Mejlisinde dostluk toparlary döredildi.
Şeýle hem hasabatda Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri boýunça alnyp barylýan işler barada habar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçylyk taýdan goldawyň döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň wezipelerini çözmekde netijeli gural bolup durýandygyny nygtap, parlamentiň halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, raýat edaralaryny pugtalandyrmaga hem-de jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleri berkarar etmäge gönükdirilen işleriniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, mejlisde döwlet meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň jemini jemledi we ýakyn geljek üçin gaýragoýulmasyz wezipeleri belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda, umuman, oňat netijeler gazanyldy. Dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaý bilen bagly anyk kynçylyklara garamazdan, biz pudaklaryň ösüşinde ýetilen derejäni peseltmän saklamak üçin mümkinçilik we serişde tapdyk.
Ýurdumyzda jemi içerki önümiň möçberiniň artyşy ýylyň başyndan bäri 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, biz ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberlerini 5,7 göterim artdyrdyk. Zähmet haklarynyň möçberini hem 9,5 göterim köpeltdik diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän 2 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şolardan
1 müň 771 desganyň gurluşygyny öz kärhanalarymyzyň amala aşyrýandygyny aýratyn belledi.
Birinji çärýekde göz öňünde tutulan senagat we durmuş maksatly desgalar hem bellenen möhletlerde gurlup, ulanmaga berildi. Şol desgalaryň hatarynda 166 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, çagalar baglary we köp sanly beýleki durmuş maksatly desgalar bar.
Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary döwrebap ýagdaýa getirilýär. Ýurdumyzyň bazar gatnaşyklaryna esaslanan ykdysadyýeti emele getirilýär. Täze nebitgaz ýataklary özleşdirilýär. «Türkmenistan–Owganystan– Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny ulanmak bilen, beýleki möhüm ähmiýetli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Biz hususy telekeçiligi ösdürmäge goldaw bermek boýunça alyp barýan syýasatymyzy dowam edýäris, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde özgertmeleri amala aşyrmaga telekeçilerimizi giňden çekmäge aýratyn üns berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, birinji çärýekde täze döredilen hususy we döwlet kärhanalarynyň sanynyň 3,9 esse artandygyny belledi. Häzirki döwürde jemi içerki önümiň düzüminde döwlete dahylsyz pudagyň paýy 62,3 göterime barabar boldy.
Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda hem ösüş duýulýar diýip belledi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýangyç-energetika pudagy hasaba alynmanda, ýurdumyzda öndürilip, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberi 11 göterim artdy. Şeýle hem, daşary ýurtlardan getirilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň möçberi 18,9 göterim azaldy.
Türkmenistan «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýar. Ýurdumyzyň amala aşyrýan hoşniýetli goňşuçylyga, dünýäde parahatçylygy goldamaga, durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde at-abraýy hem barha artýar. Şu ýylyň 5-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC-yň) mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň: 2017–2020-nji ýyllar üçin Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasyna; 2016–2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna; 2017–2021-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna biragyzdan saýlandy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bu şatlykly waka mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň bellenýän ýylynda bizi has-da guwandyrýar. Bu bolsa, ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändigini görkezýär. Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygyna we dünýäde tutýan ornunyň berkeýändigine aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we mejlise gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen mähriban halkymyzy ýurdumyzyň bu abraýly halkara Guramasynyň komissiýalaryna saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Milli Liderimiz häzir dünýä ykdysadyýetinde ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýandygyna ýygnananlaryň ünsüni çekip, mundan beýläk-de netijeli we tutanýerli işlemegiň wajypdygyny nygtady. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň nebit pudagy bilen bagly bolmadyk beýleki pudaklaryny çalt depginler bilen ösdürmegi dowam etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny çalt depginler bilen durmuşa geçirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz B.Hojamämmedowa we maliýe-ykdysady toplumyň ähli ýolbaşçylaryna, ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça alnyp barylýan syýasaty dowam etmegi, pudaklary döwrebap ýagdaýa getirmäge, zerur bolmadyk çykdajylary azaltmaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Häzirki şertlerde maliýe ulgamynyň durnukly bolmagyny gazanmaly, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga uly üns bermeli, milli pulumyzyň hümmetiniň we satyn alyş ukybynyň durnukly bolmagyny üpjün etmek boýunça ähli çäreleri görmeli, daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň we döwletimiziň gyzyl puldaky ätiýaçlyk gorunyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen zerur işleri durmuşa geçirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Puluň hümmetsizlenmegini bellenen möçberden ýokary geçirmän saklamak, öňküsi ýaly, bank ulgamynyň esasy wezipesi bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Bank ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetini dolanyşykdaky pul toplumyny düzgünleşdirmek we oňa gözegçilik etmek esasynda zerur möçberde pul serişdeleri bilen üpjün etmelidir. Ykdysadyýetiň ýokary depginler bilen ösmegini goldamak üçin, banklaryň karz serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça işjeňligini has-da ýokarlandyrmak zerurdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasyny we beýleki Milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etmek wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe, häkimlere we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri has çaltlandyrmagy tabşyrdy we oba hojalygynda häzirki döwürde örän möhüm iki wezipäniň durýandygyny belledi. Bu wezipeler gallanyň we pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekden we ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdyr. Şu maksat bilen gowaça ekişini bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak üçin ähli zerur çäreleri görmeli, oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme doly taýýar etmeli, ähli agrotehniki çäreleri bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli göz öňünde tutulan dabaraly çärelere düýpli taýýarlyk görmegi, bu baýrama bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahatyny ýokary derejede guramagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz wise-premýer Ý.Kakaýewe , nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýangyç - energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, täze kärhanalaryň gurluşygyna aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Nebitgaz pudagynda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak meselesine aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Ý.Kakaýewe B.Hojamämmedow bilen bilelikde nebitgaz toplumyny dolandyrmagy düzgünleşdirmek boýunça işleri geçirmegi, toplumyň pudaklaryny saklamak we olaryň netijeli işlemegi üçin zerur bolmadyk çykdajylary azaltmak bilen bagly meseleleriň üstünde işlemegi dowam etmegi tabşyrdy. Nebitgaz pudagynda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak bilen bagly meselä hem aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler B.Atdaýewe hem-de B.Ereşowa, söwda we senagat toplumlarynyň ýolbaşçylaryna gözegçilik edýän pudaklaryňyzyň ýolbaşçylary bilen bilelikde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary döretmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, bu ugurda daşary ýurt firmalary bilen bilelikdäki kärhanalary döretmäge aýratyn üns bermegi, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Bu möhüm işe ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini hem çekmeli, tebigy baýlyklary özleşdirmek bilen meşgullanýan kärhanalara zerur ýeňillikleri döretmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzda elektrik energiýasynyň köp möçberde öndürilýändigini, şu mümkinçilikden peýdalanyp, alýuminiň, metal erginleriniň önümçiligini, düýpli ylmy barlaglara esaslanýan önümçilikleri ösdürmegiň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ilkinji nobatdaky wezipesine öwrülmelidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtlarda ýurdumyzyň telekeçileri bilen duşuşyp, olaryň öňünde durýan wezipeleri has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Aşgabat şäheriniň güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleri, halkara maslahatlary we beýleki köp sanly medeni çäreler bar.-Soňra milli Liderimiz wise-premýer G.Mämmedowa, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýakyn wagtlarda köp sanly medeni çäreleriň geçiriljekdigine ünsi çekdi. Şolaryň hatarynda Bedew baýramy, 1941
Şu ýyl biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramyny giňden we dabaraly belläp geçeris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu baýramçylygy we medeni çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge häzirden düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyny nygtady.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli reformalary we özgertmeleri doly beýan etmek, öňküsi ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy wezipesi bolmagynda galýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleri we gazanylýan uly üstünlikleri giňden wagyz etmek arkaly bu özgertmeleri amala aşyrmaga ýakyndan goldaw bermelidirler. Ruhy gymmatlyklarymyzyň we milli däp-dessurlarymyzyň binýadynda medeniýet ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam etmelidirler. Ýurdumyzda durmuş we ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmakda medeniýet ulgamynyň ornuny ýokarlandyrmak üçin ähli zerur çäreleri durmuşa geçirmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer S.Toýlyýewe, welaýatlaryň häkimlerine, sport, bilim we ylym ulgamlarynyň ýolbaşçylaryna ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek, bedenterbiýe we olimpiýa hereketini talabalaýyk guramak meselesine, aýratyn hem dünýä derejeli türgenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
5-nji aprel – 5-nji maý aralygynda ýurdumyzda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri ýokary derejede geçirmeli. Bu çärelere ýurdumyzyň sport mekdepleriniň ählisini çekmeli diýip, milli Liderimiz belledi.
Bilim, saglygy goraýyş, ylym ulgamlarynda iň oňat dünýä tejribesi esasynda giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmegi dowam etmek, ähli ulgamlar we pudaklar üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek, şonuň ýaly-da, ýaş alymlary taýýarlamak boýunça zerur işleri durmuşa geçirmek möhümdir.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz tomus möwsüminiň golaýlap gelýändigini nazara almak bilen, ýurdumyzyň dynç alyş we sagaldyş merkezlerini möwsüme häzirden doly taýýar etmegiň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz Hökümetiň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowa, ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýurdumyzyň demir ýollarynyň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak boýunça zerur işleri alyp barmagy, Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň gurluşyk işlerini dowam etmegi, Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň, täze howa menzilleriniň gurluşygyny bellenen möhletlerde tamamlamagy tabşyrdy.
Pudagyň kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek, öýjükli aragatnaşyk ulgamyny, telewideniýäni ösdürmäge aýratyn üns bermek, pudaklara kompýuter tehnologiýalaryny, Internet ulgamyny ornaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek möhümdir.
Ýurdumyzyň halkara ulag ulgamyna üstünlikli goşulmagyna gönükdirilen zerur çäreleri amala aşyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we şu maksat bilen, ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça öňe sürlen başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň, möhüm taslamalaryň biri bolan, kontinentleri birleşdirýän ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamany amala aşyrmak ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny nygtady. Häzirki döwürde bu taslamalarda maglumat tehnologiýalaryny ulanmak boýunça netijeli işleri amala aşyrmaly. Maglumat ulgamlaryna goşulmak, ulag pudagynyň ähli ugurlarynda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyna geçmek möhüm wezipeleriň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Wise-premýer Ş.Durdylyýewiň, maýa goýum-gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň öňünde beýleki ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, hususy telekeçileri çekmek arkaly döwrebap şäherçeleri, desgalary, aýratyn hem, durmuş maksatly desgalary bellenen möhletlerde we ýokary hilli gurup, ulanmaga bermek wezipesi durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şeýle hem, ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny özümizde öndürilýän materiallar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek wajypdyr.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmek we täze elektrik stansiýalaryny, awtomobil ýollaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň ýolbaşçysy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ministrler Kabineti bilen bilelikde ýurdumyz üçin möhüm meseleler boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmelidigini belledi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri tamamlamaly. Şu ýyl geçiriljek Ýaşulularyň maslahatyna häzirden düýpli taýýarlyk görmeli.
Berlen tabşyryga garamazdan, mysal üçin, käbir welaýatlarda çäk bölünişigi bilen bagly meseleleriň üstünde doly işlenmedi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Mejlisiň deputatlarynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen Maksatnamalary amala aşyrmaga has işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Şu ýylyň ikinji çärýeginde möhüm çäreler – daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetleriniň ýurdumyza saparlary we Hökümet wekiliýetimiziň daşary ýurtlara saparlary göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, halkara maslahatlaryny geçirmek bellenilýär. Şoňa görä-de, Daşary işler ministrligi bu çärelere düýpli taýýarlyk görmeli. Berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri geçirmek boýunça berlen tabşyryklara laýyklykda alnyp barylýan işleri dowam etmeli diýip, milli Liderimitz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň şu ýylyň birinji çärýeginde durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri hem-de Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly meseleleriň jemini jemläp, mejlise gatnaşyjylaryň ählisine öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi.
TDH