Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmen manadynyň 23 ýyllygy mynasybetli maslahaty

2016-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Merkezi bankynda milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 23 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysady ulgamyň düzümleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň hem-de ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň, Garaşsyzlyk ýyllary içinde bank ulgamynyň ösüşi, ýurdumyzda bu ulgamy kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýeti, sebit we halkara maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk barada çykyşlar edildi. Şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bank işgärlerine Gutlagy okaldy, onda milli puluň dolanyşyga goýberilmeginiň ähmiýeti nygtalýar, munuň özi ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi, bitewi döwlet pul-karz syýasatyny geçirmek üçin amatly şertler döretdi.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň kemala gelmek ýolunda, döwletimiziň halkara bileleşiginiň özygtyýarly hem-de doly hukukly agzasy hökmünde mynasyp orun almagynda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmegi esasy şertleriň biri boldy. 23 ýylyň dowamynda manat diňe bir milli buýsanja öwrülmek bilen çäklenmän, Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň kuwwatlanmagynda ägirt uly ähmiýete eýe boldy. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň netijeli milli nusgasyny döretmek boýunça oňyn çäreler durmuşa geçirilýär, ol şol bir wagtda ilatymyzyň durmuş derejesiniň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bank ulgamynyň durnukly hereket etmegi ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy, şeýle hem ol türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de okgunly ösüşini, onuň ählumumy hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulmagy üçin kesgitleýji häsiýete eýe boldy.

“Bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” öňde goýlan wezipelere laýyklykda, banklaryň işini kämilleşdirmek, karzlaşdyrmagyň hem-de ilatyň goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, öňdebaryjy usullary we häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly tölegleriň nagt däl ulgamlarynyň ornaşdyrylmagy, pudagyň işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ykdysadyýetiň hususy bölegini ösdürmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirildi, döwlete dahylsyz bölümiň bank edarasy tarapyndan maliýeleşdirilmegi hususy kärhanalaryň sanynyň ep-esli artmagy, täze iş orunlarynyň döredilmegi üçin giň mümkinçilikleri açdy.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, tutuşlygyna amala aşyrylýan oňyn özgertmeler diňe bir milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösdürilmegine hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi bermek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna hem ýardam berýär. Häzirki wagtda ykdysady ulgamda, şol sanda maliýe serişdeleriniň dolanyşygyny kämilleşdirmekde, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde düýpli özgertmeleriň geçirilmegi üçin ygtybarly binýat goýuldy. Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly ykdysady strategiýasy, onuň netijeliligi ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerinde, onuň mundan beýläk-de ösüş meýillerinde özüniň aýdyň beýanyny tapýar.

Ylmy-amaly maslahat tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda döwlet Baştutanymyzy öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen mundan beýläk-de ýadawsyz zähmet çekjekdiklerine ynandyrýarlar.

TDH