Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2016-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamammedowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň döwlet standartlaşdyrmak we sertifikasiýalaşdyrmak ulgamlaryny, şeýle hem milli laýyklyk nyşany üçin döwlet standartlaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Önümleriň hilini dolandyrmagyň guramaçylyk –ykdysady usulyny, onuň kadalaşdyryş üpjünçiligini berkitmek, kesgitlenen tehniki reglamente baha bermek we tassyklamak işlerini tertipleşdirmek boýunça çäreleriň kabul edilmegi sarp edijileriň hukuklaryny goramaga, marketing gurallaryny we halkara haryt dolanyşygyny ösdürmäge gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz standartlaşdyrmagyň we güwälendirmegiň milli ulgamyny ösdürmegiň Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durandygyny nygtap, bu ugurdaky işleriň öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, içerki bazary pes hilli harytlardan we hyzmatlardan goramak, önümçilige iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýlekiler bilen baglanyşykly birnäçe wezipeleri çözmäge ýardam etjekdigini aýtdy.
Şu meselelerde alymlaryň, inženerleriň, önümçilikleriň hünärmenleriniň, telekeçileriň tagallalaryny birleşdirmegi zerurdyr. Bu ulgamda ýöriteleşen halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de “Türkmenstandartlary” üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň bazarynda harytlaryň hilini gowulandyrmak boýunça çäreleriň görülmegine garamazdan, soňky döwürde daşary ýurtlardan hili pes we adam saglygy üçin howply bolan önümleri getirmek ýagdaýlarynyň ýüze çykmagy bilen baglylykda, milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň tehniki ölçeglere laýyk gelmegine gözegçilik etmäge we seljerme geçirmäge borçly bolan «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işine nägilelik bildirdi.
Wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri we garamagyndaky edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy A.Täçmämmedowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýolbaşçylary wezipelere bellemek hakynda resminamalara gol çekdi. Olara laýyklykda, M.Sylabow Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi, A.Annamuhammedow Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary—Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda taslamanyň türkmen bölegi boýunça potratçysy – “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni ýöriteleşdirilen ulaglary, enjamlary we turbalary täze energetika ulgamyň gurulýan ýerine getirýär, gaz geçirijiniň ýurdumyzyň çäginden geçjek ýerlerini arassalamak işlerini amala aşyrýar. Şunuň bilen bir hatarda, taslamany amala aşyrmagyň birinji tapgyrynyň çäklerinde gaz geçirijiniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi bilen bagly meseleler çözülýär. Hususan-da, turba önümlerini getirmek üçin halkara bäsleşigi geçirildi. Dubaý şäherinde öňbaşçysy “Türkmengaz” döwlet konserni bolup durýan “Galkynyş - TOPH Pipeline Company Limited” ýapyk paýdarlar kompaniýasynyň edara binasyny bellige almak we açmak üçin zerur bolan resminamalary taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda TOPH taslamasynyň möhüm halkara ähmiýetini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolmak bilen, energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu strategiýa nebitiň we gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenýän möçberlerini artdyrmaga, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz Günorta-Gündogar Aziýanyň uly ýurtlaryna tebigy gazy uzakmöhletleýin akdyrjak TOPH gaz geçirijiniň gurulmagynyň sebitiň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berjekdigini, durmuş hem-de ynsanperwer meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam etjekdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu iri energetika taslamany has-da ilerletmek hem-de dünýäde iri “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň üçünji nobatdaky desgalaryny gurmak bilen bagly işleriň depginini çaltlandyrmak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Bu gaz käni täze energetika ulgamyň serişde binýady bolup hyzmat eder.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ak ekinlere ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýar. Hususan-da, ösüş suwy tutulýar, minenal dökünler bilen iýmitlendirilýär we haşal otlara garşy göreş işleri dowam edýär
Gowaça ekişine taýýarlygyň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda sürüm işleri alnyp barylýar. Toprak mineral dökünler bilen gurplandyrylýar hem-de ýerlerde tekizleýiş ileri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, tehnikalary we tohumlyk serişdeleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ekinlere zyýan berijilere garşy göreşmek boýunça ýöriteleşdirilen biokärhanalaryň 379-synda degişli çäreler görülýär.
Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, ýurdumyzda gök we bakja önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. Ýurdumyzyň etraplarynda we daýhan birleşiklerinde degişli oba hojalyk ekinleri ekmäge niýetlenen ýerler kesgitlenildi we tehnikalary, tohum serişdelerini taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň we pagtanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk özgertmeleriniň möhüm ugry bolan suwaryş suwy bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişine çenli geljekki bol hasylyň özeni tehnikalaryň taýýarlygy, ýokary hilli tohum bilen üpjünçilik meselelerini aýratyn gözegçilikde saklamagy taşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ekerançylyk pudagyna agrotehnikanyň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak boýunça birnäçe görkezmeler berildi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň içerki bazarlarynyň önüm bolçulygy bilen üpjün edilmeginde bu wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna möhüm orun degişlidir.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna gözegçilik edýän orunbasary B.Ereşow ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Pudagyň çig mal binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenýüpek” paýdarlar jemgyýetiniň ýüpek gurçugyndan alynýan pile hasylynyň mukdaryny artdyrmak boýunça işleri amala aşyrýandygy bellenildi. Bu ugurda görülýän çäreler ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalary gymmatly ýokary hilli çig mal bilen üpjün etmäge, olaryň öndürýän önümlerini içerki sarp edijilere ýerlemäge hem-de daşary ýurtlara ugratmaga mümkinçilik berýär.
Pudak üçin ýüpek gurçugyrynyň tohumynyň zerur bolan möçberini öndürmek maksady bilen, 2015-nji ýylda Türkmenabat şäherinde ýerleşen Lebap welaýatynyň “Welaýatýüpek” önümçilik birleşiginiň binýadynda bir ýylda 500 kilogram ýüpek gurçugynyň tohumyny öndürýän täze zawod guruldy. Ýakyn wagtda kärhana ulanmaga berler.
2016-njy ýylda 2 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna; Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 470 tonna, Lebap welaýatynda 950 tonna, Mary welaýatynda 400 tonna möçberde pile öndürmek barada ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip düzülen önümçilik meýilnamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli däpleri dowam edip hem-de önümçilikde öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanyp, ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek, ony häzirki zaman senagat derejesine çykarmak boýunça yzygiderli çäreleri geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, degişli meseleleriň ählisini, şol sanda pudagyň çig mal binýadyny berkitmek meselesini berk gözegçilikde saklamalydygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Wise-premýer milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerine hem-de “Türkmenistanyň Raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, ýolagçylara hyzmat etmegiň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler barada habar berdi.
Howa gämileriniň hatarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen birlikde, ýerüsti binýat hem ösdürilýär. Lebap welaýatynyň Atamyrat hem-de Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherlerinde howa menzillerini halkara ölçeglerine laýyk getirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
iri halkara ulag-üstaşyr merkezleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň derejesini tassyklamak üçin bar bolan hemme mümkinçilikleri herekete getirmek babatda görkezme berdi. Hususan-da, täze howa menzillerini gurmak hem-de hereket edýänleriniň durkuny täzelemek, milli awiakompaniýanyň häzirki zaman howa gämileriniň hataryny artdyrmak boýunça uzakmöhletleýin maksatnama şu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir.
Häzir dünýä belli öndürijileriň iň häzirki zaman tapgyryndaky howa gämileriniň hasabyna ýurdumyzyň howa ulgamynyň binýady pugtalandyrylýar. Şolaryň tehniki häsiýetnamalary olary içerki ugurlarda peýdalanmak mümkinçiligini üpjün edýär.
Döwlet Baştutanymyz özüne ynanylan düzümiň edara-kärhanalarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazowyň işine düýpli nägilelik bildirip, ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça gyssagly çäreleri görmegi talap etdi. Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýer S.Satlykowa ulag-aragatnaşyk düzüminiň ýolbaşçylarynyň işine gözegçiligi güýçlendirmek barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy
P.Taganow Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek, işjeň tanyşdyryş we işewür gatnaşyklaryny peýdalanmak bilen bu ugurda hyzmatdaşlygyň täze usullaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer 5-nji fewralda GFR-iň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet gününi geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.
Bu çärä iki ýurduň döwlet toparlarynyň esasy edaralarynyň wekilleri, iri nemes kompaniýalarynyň 90-a golaýynyň ýolbaşçylary gatnaşar. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek, nemes işewürlerini Türkmenistanyň ykdysady hem-de eksport kuwwaty, ýurdumyzyň daşary söwda we maýa goýum syýasaty, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça wezipeler bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Türkmen wekiliýetiniň agzalary GFR-iň esasy kärhanalaryna hem baryp görer. Milli Liderimiziň garamagyna GFR-de geçiriljek Türkmenistanyň Ykdysadyýet gününiň iş meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şeýle çäreleriň ýurdumyza halkara bileleşigini öz kuwwaty durmuş-ykdysady ösüşinde gazanan üstünlikleri bilen giňden tanyşdyrmaga ajaýyp mümkinçilik döredýändigini belledi. Şonuň bilen birlikde hem bu çäreler Türkmenistana önümçiligiň dürli ugurlarynda öňdebaryjy dünýä tejribesini we täze tehnologiýalary çekmek üçin oňat esas döredýär.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, iki ýurduň özara bähbitlerini hem-de milli ösüşiniň mümkinçiliklerini nazara alanyňda, türkmen-german hyzmatdaşlygy baý tejribä we kuwwata eýedir. Döwlet Baştutanymyz bellenilen çäreleri ýokary guramaçylyk derejede geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa 2-4-nji fewralda Türkmenistanda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günlerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, bu çäräniň çäklerinde “Türkmenistan” we “Watan” kinokonsert merkezlerinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, Eýranyň sungat ussatlarynyň we folklor toparlarynyň konserti, eýran kinofilmleriniň görkezilişi, türkmen we eýran çagalar toparlarynyň bilelikdäki konserti guralar. Myhmanlar üçin ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary bilen tanyşmagy hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerlerine baryp görmegi özünde jemleýän medeni maksatnama taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara medeni çärelerini geçirmegiň uly ähmiýetini nygtady. Şol çäreler Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrýar, dünýä jemgyýetçiligi bilen dostluk hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, dünýäde türkmen halkynyň ruhy mirasyny giňden wagyz etmäge, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edýär. Şu babatda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günlerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün edip, iki dostlukly döwletiň sungat ussatlarynyň üstünlikli döredijilik gatnaşyklary üçin hemme şertleri döretmegi tabşyrdy.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Ş.Goçyýewi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesine bellemek hakynda Karara gol çekip, wise-premýere dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek, teleýaýlymlarda täze tehnologiýalary özleşdirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşy hakynda habar berdi. Häzir iri sport çärelerini geçirmek babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar we esasy hünärmenler bilen guramaçylyk meseleleri, özara gatnaşyklaryň dürli görnüşleri işlenip taýýarlanylýar. Olimpiýa desgalarynyň synag işlerini geçirmek, Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sport görnüşleri boýunça ýygyndy toparlary, tälimçiler we eminler toparlaryny döretmek şol işleriň möhüm ugry bolup durýar.
Ýaş sport zehinlerini goldamak we höweslendirmek, sport ulgamyny hünärli tälimçiler, maddy-enjamlaýyn serişdeler bilen üpjün etmek hem-de bedenterbiýe hereketini ösdürmek, umuman, oňa ýaşlary we çagalary çekmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.
Şu maksatlarda Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Sport baradaky döwlet komiteti we beýleki edaralar, häkimlikler, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sporty ösdürmäge we ilatyň saglygyny berkitmäge gönükdirilen dürli çäreler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sport ulgamynda ýaýbaňlandyrylan işleriň depginini artdyrmagyň möhümdigini belläp, döwrebap düzümi ösdürmegi, ýurdumyzyň sport kuwwatyny berkitmegi, ýokary hünärli tälimçileri we hünärmenleri taýýarlamagy, halkara gatnaşyklaryny giňeltmegi onuň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezdi. Milli Liderimiz Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, oňa gatnaşyjylar we myhmanlar üçin zerur bolan ähli şertleri döretmek meselelerine ünsi çekip, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi we bu iri forumyň dünýäniň sport giňişliginde Türkmenistanyň abraýynyň artmagyna ýardam etmelidigini nygtady.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, öňdebaryjy dünýä tejribesini hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini nazara almak bilen, käbir ugurlarda kanunçykaryjyklyk işini giňeltmegiň möhümdigini aýtdy.
Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, soňky wagtda ýurdumyza beýleki döwletlerden aýry-aýry ýaramaz hilli harytlaryň getirilişiniň artandygyny aýtdy.
Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz A.Nurberdiýewa wise-premýerler S.Toýlyýew, P.Taganow, B.Hojamämmedow we E.Orazgeldiýew bilen bilelikde şu günüň özünde ýurdumyza beýleki döwletlerden getirilýän önümleriň hiline gözegçilik çärelerini güýçlendirmek meseleleri boýunça maslahat geçirmegi tabşyrdy. Eger ýolbaşçylardan başga-da kim gerek bolsa, çagyryň-da, şu meseläni ara alyp maslahatlaşyň diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz gysga wagtyň içinde bu mesele bilen bagly hereket edýän kanunçylyga degişli üýtgetmeleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna Mejlisiň Başlygynyň ünsüni çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ilkinji nobatdaky wezipeleri, şol sanda ýurdumyza getirilýän temmäki önümleriniň hiline gözegçilik ulgamyny güýçlendirmek boýunça wezipeleri kesgitledi hem-de bu çäreleriň esasy maksadynyň ilatyň saglygyny goramakdan ybaratdygyny nygtady.
Milli Liderimiziň ýurdumyzyň bazarynda döwlet gözegçiligi barada görkezmeleri şu düzgünleri gurşap aldy.
Birinjiden, döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyza getirilýän çilim we beýleki temmäki önümleri görnüşindäki ähli harytlary getirmek hem-de ýerlemek üçin ygtyýarnamany diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bermeli.
Ikinjiden, Daşary ýurtlardan getirilýän temmäki önümleri üçin ilkinji güwänamany Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, soňra bolsa, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy bermeli. Şeýle etmek bilen, bu işe ikitaraplaýyn gözegçiligi ýola goýmaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek, hormatly Prezidentimiziň tutuş dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň bähbidine öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen ýakynda geçiren duşuşygynda kesgitlän möhüm wezipeleri babatda DIM degişli işleri geçirip, birnäçe resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlady.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň halkara şertnamalary we olary Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynda bellige almak babatda içerki döwlet amallaryny ýerine ýetirmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» kararyň, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016–2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky» kararyň hem-de «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini açmak hakyndaky» kararyň taslamalary hödürlenildi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hödürlenen resminamalaryň her biriniň üstünde durup geçdi. «Türkmenistanyň halkara şertnamalary we olary Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynda bellige almak babatda içerki döwlet amallaryny ýerine ýetirmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky» kararyň zerurdygy soňky ýyllarda ýurdumyzyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň ep-esli giňelmegi we berkemegi bilen şertlendirilendir. Türkmenistan parahatçylyk söýüjiligiň we Bitaraplygyň mizemez ýörelgelerine esaslanan oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barýar. Türkmenistanyň aýry-aýry döwletler, abraýly halkara guramalary bilen gol çekýän, halkara resminamalary munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
“Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016–2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky» kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlemek bilen, wise-premýer işlenip taýýarlanan milli meýilnamanyň baş maksadynyň giň demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin işleri has-da kämilleşdirmekden ybaratdygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatik gullugy üçin administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini açmagyň göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi. Bu ýerde ýokary we orta bilimli raýatlar üçin häzir zerur bolan ugurlar boýunça gysga möhletleýin, üç aýlyk okuwlar guralar.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, wise-premýer R.Meredowa Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Iri halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş döwletler bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek şol konsepsiýanyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr.
Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan soňky ýyllarda özara peýdaly halkara gatnaşyklarynyň gerimini has-da giňeltdi. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny giňeltmäge, jogapkärli, ygtybarly, ählumumy bähbitler üçin netijeli gatnaşyklara açyk hyzmatdaş hökmünde abraýyny artdyrmaga ýardam etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamalara gol çekip, hemişelik, oňyn Bitaraplyk derejesine ygrarly bolan Türkmenistan geljekde hem öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça yzygiderli ädimleri ädip, tutuş dünýäde howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge taýýardygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda Ç.Ahmedowy Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary wezipesine bellemek hakynda Karara gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
TDH