Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapary
2016-njy ýylyň 16-njy martynda irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Pakistan Yslam Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe sagatdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Yslamabat şäheriniň “Nur Han” howa menzilinde gondy.
Bu ýerde, howa menzilinde hormatly Prezidentimizi resmi garşylamak dabarasy boldy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň gelmeginiň hormatyna haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi, şeýle hem 21 gezek hormat topy atyldy. Pakistanyň milli lybasyndaky oglan we gyz milli Liderimize gül desselerini gowşurýar.
Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarifiň garşylamygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu gezekki saparyna aýratyn ähmiýet berilýändigini alamatlandyrdy.
Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni “Serena” myhmanhanasynda sapar mahalynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady. Tutuş ýol ugrunda iki döwletiň Baştutanlarynyň suratlary we çagyryş ýazgylary goýlupdyr.
Diňe bir geografiki taýdan ýakynlygy bilen däl, eýsem, çuňňur kökleri, medeniýetiniň, ruhy däpleriniň umumylygy bilen baglaşan ýurtlarymyzyň arasyndaky köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy, energetika, ulag, oba hojalygy, saglygy goraýyş we beýleki möhüm ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Häzirki wagtda iki ýurduň halklarynyň hem-de tutuş sebitiň döwletleriniň bähbidine türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly kuwwat we mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, TOPH gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini bellemek möhümdir. Ulag-üstaşyr ulgam döwletara gatnaşyklarynyň geljegi uly ugry bolup durýar. Çünki Pakistan Türkmenistan üçin dünýä ummanyna çykmaga iň gysga ugur bolup durýar, Türkmenistan bolsa Pakistan üçin Merkezi Aziýa hem-de GDA döwletlerine derweze hasaplanylýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden Pakistan Yslam Respublikasy ýurdumyzyň ýöredýän hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny we ähli halkara başlangyçlaryny hem-de türkmen Lideriniň durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny pugtalandyrmagyň bähbidine amala aşyrýan işlerine ýokary baha berýär hem-de goldaýar. Hut Yslamabatda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) mejlisinde Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesine eýerjekdigi hem-de bu derejäniň Milletler Bileleşiginiň derejesinde ykrar edilmegini gazanmak baradaky teklibi ilkinji gezek beýan edildi. Pakistan ilkinjileriň hatarynda bu pikiri goldap, 1995-nji ýylda BMG-ä Rezolýusiýany girizen awtordaşlaryň biri hökmünde çykyş etdi.
Pakistan tarapynyň türkmen lideriniň halkara hyzmatdaşlygyny hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmegiň hem-de ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna degişli tekliplerini goldamagy hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Öz nobatynda, biziň ýurdumyz Pakistanyň onuň halkara guramalaryndaky, ilkinji nobatda bolsa, BMG-däki abraýly hem-de möhüm ornuny pugtalandyrmak baradaky tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýar.
2015-nji ýylyň maý aýynda Pakistanyň Premýer-ministri Nawaz Şarifiň Aşgabada bolan resmi sapary döwletara gatnaşyklarynda möhüm tapgyr boldy. Şol saparyň netijeleri boýunça türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Yslamabatda ýokary derejede geçiriljek nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikler döwletara görnüşinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky däp bolan gatnaşyklara täze itergi bermelidir.
... Şu günüň birinji ýarymynda türkmen Lideriniň atwoulag kerweni Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümet öýüniň binasyna tarap ugrady. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif mähirli garşylady.
Türkmenistanyň Baştutany we Pakistanyň hökümetiniň ýolbaşçysy dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere barýarlar. Bu ýerde, meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasy boldy.
Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet senalary ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üç esgeriň ugratmagynda Hormat garawulynyň nyzamynyň öňünden geçýär. Pakistanyň hökümetiniň Baştutany milli Liderimizi öz ýurdunyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Öz nobatynda, döwlet Baştutanymyz Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarifi Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.
Soňra Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Hökümet öýüniň “Dabaralar otagyna” çagyrýar. Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Pakistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysynyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif türkmen Liderini Yslamabatda kabul edýändigine örän şatdygyny nygtap, öz ýurdunda Türkmenistanyň Baştutanynyň saparyna uly ähmiýet berilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Pakistan mundan beýläk hem däp bolan, umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn dostlukly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge taýýardyr. Dostlukly ýurduň hökümetiniň ýolbaşçysy Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanynyň häzirki wagtda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýan döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge uly goşant goşýandygyny aýratyn belledi.
Hormatly Prezidentimiz Pakistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, mähirli garşylandyklary hem-de Pakistan Yslam Respublikasyna resmi sapar bilen gelip görmäge çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyga döwletara gatnaşyklarynyň taryhyndaky nobatdaky möhüm ädim hökmünde baha berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Pakistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Şol gatnaşyklaryň esasyny bolsa öňden gelýän dostluk däpleri hem-de özara bähbitli deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri düzýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz nobatdaky gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy onuň kuwwatyna hem-de mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda türkmen Lideri we Pakistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy döwletara hyzmatdaşlygynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin strategiýasyny işläp taýýarlamaga çemeleşmelerini anyklaşdyrdylar. Ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze geljegi türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi. Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, bilim we ylym, saglygy goraýyş hem-de sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ysnyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýtdylar.
Duşuşykda sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda mejlisler zalynda dowam etdi.
Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene-de bir ýola gutlap Pakistanda bu sapara ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyndaky täze sahypa hökmünde garalýandygyny belledi.
Däbe öwrülen dostukly, doganlyk türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň umumy bähbidiň hatyrasyna geljekde hem hemmetaraplaýyn ösdürjekdigine ynam bildirip, Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif Pakistan Yslam Respublikasynyň dünýäde ygtybarly we öz borjuna jogapkärçilikli çemeleşýän ýurt hökmünde uly abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen hemmetarpalaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Öz gezeginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri we dostlukly ýurda sapar bilen gelmäge çagyrandygy üçin, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministrine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, türkmen lideri Türkmenistanyň bu günki ýokary derejedäki duşuşyga ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda ýetilen möhüm sepgit hökmünde garaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz barha ösýän we ýokary derejä çykýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze tapgyryň başlanýandygyna uly ynam bildirdi.
Özara düşünişmek, ynanyşmak we işewür ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda deňhukly we özara peýdaly ýörelgelere daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ozal gazanylan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn ähmiýet berip, uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, türkmen-pakistan hyzmtadaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.
Milli Liderimiz hem-de Pakistanyň hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we Pakistanyň möhüm halkara meseleleri boýunça, aýratyn hem, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde tagallalary birleşdirmek baradaky garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belläp, bu ugurdaky oňyn özara gatnaşyklaryň ählumumy ykrar edilen kadalara we milli bähbitlere doly laýyk gelýändigini aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasy bilen uzak möhlete gönükdirilen, deňhukukly hem-de özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge we has-da giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarda Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparyny möhüm gural hökmünde ulanmagyň zerurdygyny belledi. Bu toparyň mejlisleriniň netijeleri özara bähbitli hyzmatdaşlykda täze mümkinçilikleri açmaga ýardam eder.
Taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmekde iki ýurduň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, diňe bir ýurtlarymyz üçin bähbitli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebit derejesinde hem uly ähmiýete eýe bolan «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar. Söhbetdeşler häzirki döwürde bu iri taslamany ýakyn geljekde üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu ugurda birek-birege goldaw bermek we ynanyşmak esasynda uly işleriň amala aşyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Döwlet Baştutanymyz hem-de Pakistanyň hökümetiniň ýolbaşçysy türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň geljegi baradaky gürrüňi dowam edip, ulag we aragatnaşyk pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ulag we aragatnaşyk pudaklarynda gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda yzygiderli gepleşikleri geçirmegiň möhümdigini aýtdylar hem-de multimodal ulag ulgamyny döretmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda medeniýet ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, ylym hem-de bilim, sungat we döredijilik, şeýle hem sport ýaly möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň örän uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Türkmen Lideri Paksitan Yslam Respublikasynyň hökümet baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeljekdigine we barha çuňlaşjakdygyna ynam bildirip, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.
Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif Bilelikdäki maglumata gol çekýärler.
Soňra “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2016—2017-nji ýyllarda Hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna”; «Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Maliýe gözegçiligi gullugynyň arasynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi boýunça maliýe maglumatlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama»; «Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Nebitgaz we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda ýangyç-energetika pudagynda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama»; «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Häzirki zaman dilleri Milli uniwersitetiniň (Päkistan Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama»; «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen COMSATS Maglumat tehnologiýalary institutynyň Syýasaty öwreniş merkeziniň (Päkistan Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama»; «Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Parahatçylyk we diplomatik bilimleri institutynyň (Päkistan Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama»; «Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Parahatçylyk we diplomatik bilimleri institutynyň (Päkistan Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama»; «Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty (Türkmenistan) bilen COMSATS Maglumat tehnologiýalary institutynyň (Päkistan Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama» gol çekildi.
Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, dostlukly ýurduň hökümetiniň ýolbaşçysy hem-de türkmen Lideri köpçülikleýini habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif geçirilen gepleşikleriň jemlerini teswirlemek bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalaryna resmi sapar bilen Pakistan Yslam Respublikasyna gelip görmek baradaky çakylygyň kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Munuň özi soňky ýyllarda ýokary derejede geçirilýän üçünji duşuşykdyr diýip belläp, Pakistanyň hökümet baştutany munuň özi iki döwletiň gatnaşyklaryň berkidilmegine bolan gyzyklanmalaryny äşgär edýändigini aýtdy.
Pakistanyň Premýer-ministriniň belleýşi ýaly, iki ýurt üçin özara gyzyklanma bildirýän sebitara we halkara ähmiýetli möhüm meseleler gepleşikleriň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.
Türkmenistanyň we Pakistanyň döwletara gatnaşyklarynyň essaynda asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän umumy taryhy, medeniýeti we däpleri bolan dostluk gatnaşyklary bardyr. Munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak üçin berk binýat bolup durýar. Premýer-minitsr Muhammad Nawaz Şarif söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtap, bu ugurda anyk ylalaşyklaryň gazanylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, resmi saparyň çäklerinde söwda we maýa goýum babatdaky hyzmatdaşlygy artdyrmaga gönükdirilen işewürlik maslahatynyň ähmiýeti bellenildi. Işewür gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegi iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda tejribe alşylmagyna hyzmat eder diýip, Pakistanyň hökümetiniň ýolbaşçysy belledi.
Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň wajypdygy barada aýdyp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen energetika ulgamynda gatnaşyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini hem-de energiýa serişdelerine bolan ýokary isleglerini mälim etdi. Pakistanyň hökümet baştutanynyň belleýşi ýaly, geçen ýylyň dekabrynda Mary welaýatynda geçirilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga bermek özi üçin uly hormat boldy. Türkmen tebigy gazynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň senagat ulgamynyň isleglerini doly kanagatlandyrjakdygyna ynanýaryn diýip, Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif aýtdy.
Iki ýurduň arasynda ozal Owganystanyň üsti bilen elektrik energiýasyny ugratmak hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini belläp, Pakistanyň hökümet baştutany şu mesele boýunça ýakyn geljekde taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli işleri alyp barmak hakynda ylalaşygyň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ugrunda bu energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň has ähmiýetlidigi bellenildi.
Ulag-üstaşyr ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Bellenilişi ýaly, Pakistan häzirki döwürde degişli düzümi döretmek boýunça anyk işleri durmuşa geçirýär. Hususan-da, Arap deňzine çykmaga niýetlenen deňiz menzilini gurýar. Bu ýerde Türkmenistan we Merkezi Aziýa sebitiň beýleki döwletleri üçin giň mümkinçilikler açýar diýip, Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif sözüni dowam etdi. Şeýle hem Pakistanyň 2025-nji ýyla çenli strategik ösüşi babatda sebitleýin ulag-üstaşyr geçelgeleriniň gurulmagyna aýratyn ähmiýet berýändigi we bu ugurda tagalla edýändigi nygtaldy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine bolşy ýaly, syýahatçylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine-de oňyn täsirini ýetirer.
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna we Bilelikdäki maglumata gol çekilendigini belläp, olaryň türkmen-pakistan gatnaşyklaryny köpugurly esasda ösdürmek üçin syýasy-hukuk binýady emele getirjekdigine ynam bildirdi.
Pakistanyň hökümet baştutany bu gezekki geçirilen gepleşikleriň gün tertibine girizilen meseleleriň hatarynda köptaraplaýyn esasda, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan gatnaşyklaryň uly üstünliklere beslenýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň bu ugurdaky, şol sanda häzirki zamanyň sebit we ählumumy meseleler boýunça duşuşyklary hem-de geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň hasabyna hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda ylalaşandygy bellenildi.
Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarif çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çakylygy we netijeli gepleşikler üçin hoşallyk bildirdi.
Soňra hormatly Pezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeli geçendigini we türkmen-päkistan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha ösýändigini hem-de berkeýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezendigini belläp, dostluk hem-de birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge häzirki döwürde hem-de geljekde giň ýol açjakdygyna berk ynam bildirdi. Biz Türkmenistanda doganlyk Pakistan Yslam Respublikasynyň gazanan her bir üstünligine we ýeten belent sepgidine tüýs ýürekden guwanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Lideriimziň nygtaý ýaly, gepleşikleriň barşynda iki tarapyň gyzyklanma bildirýän halkara we sebit meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, aýratyn hem, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky özara hyzmatdaşlyga degişli meselelerde garaýyşlarymyzyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanmak bilen belläp, munuň Türkmenistanyň we Päkistan Yslam Respublikasynyň iri halkara guramalarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi hem-de birek-biregi goldamagy üçin pugta esas döredýändigini nygtady.
Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň adamzada abanýan wehimleriniň öňüni almak hem-de howplaryna garşy göreşmek ugrunda tagallalary birleşdirmek biziň esasy maksatlarymyzyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny Pakistanyň işjeň goldaýandygy üçin, bu ýurduň halkyna we ýolbaşçylaryna aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz bu başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler biziň ýurtlarymyzyň abadançylyk we durnukly ösüş babatda maksatlaryna hem-de halkara jemgyýetçiliginiň bähbitlerine doly laýyk gelýändigini belledi.
Milli Liderimiz duşuşygyň çäklerinde türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary barada giňden pikir alşylandygyny aýdyp, amatly şertleri peýdalanmak bilen, döwletlerimiziň gatnaşmagynda iri taslamalary amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleriň döreýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň barha ösýändigini kanagatlanmak bilen nygtap, aýratyn hem, iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çalt depginler bilen ösdürilýändigini belledi. Bu ugurda, ilkinji nobatda, «Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan» gaz geçirijisi has-da ähmiýetlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Mälim bolşy ýaly, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde, bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi. Döwlet Baştutanymyz bu iri möçberli taslamanyň ýurtlary ýakynlaşdyryp, halklaryň arasynda dost-doganlyk köprüsi bolup hyzmat etjekdigine, bu gaz geçirijiniň ýakyn goňşy we doganlyk ýurtlaryň ykdysadyýetlerini mundan beýläk-de ösdürmäge giň mümkinçilik döretjekdigine, şol sanda Pakistanyň halkynyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine, täze iş orunlaryny döretjekdigine berk ynanýandygyny belledi. Bu iri taslamanyň durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hem örän uly ähmiýeti bardyr, Milli Liderimiz TOPH-nyň gurluşygynyň taslamasynyň ýakyn geljekde üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine we sebitiň hem-de dünýäniň ösüşine itergi berjekdigine uly ynam bildirdi.
Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda medeniýet, ylym we bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň hem uly geljegi bardyr. Bu gatnaşyklaryň gadymdan gelýän milli däp-dessurlarymyza esaslanýandygyna, halklarymyzyň ruhy-medeni taýdan özara ýakynlaşmagyna we baýlaşmagyna hyzmat edýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz şu gün ynsanperwer ulgamynda ikitaraplaýyn netijelihyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy. Dürli derejedäki duşuşyklaryň, şol sanda medeni hem-de ylmy çäreleriň guralmagy iki ýurduň baý taryhy mirasyny, medeniýetini öwrenmäge uly itergi berer, bu işe iki ýurduň alymlarynyň, medeniýet, sungat hem-de döredijilik işgärleriniň gatnaşmagy bolsa, özara gatnaşyklaryň barha ösmegine ýardam eder diýip, milli Liderimiz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, gepleşikleriň barşynda öňde goýlan maksatlara ýetilendigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda Premýer-ministr Muhammad Nawaz Şarife alyp barýan işinde uly üstünlik, Pakistanyň halkyna bolsa, hemişe parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Metbugat maslahaty tamamlanan soň, belent mertebeli myhman - Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna resmi kabul edişlik guraldy.
Gunuň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Paksitan Yslam Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygy Sardar Aýaz Sadik bilen duşuşyk geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz we dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy mähirli görşenlerinden soň özara söhbetdeşlikde türkmen-pakistan hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Şol hyzmatdaşlyk hoşniýetli goňşuçylygyň we mizemez dostlugyň köpasyrlyk däpleriniň mäkäm binýadynda üstünlikli ösdürilýär.
Sardar Aýaz Sadik Yslamabatda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň üstünlige eýe bolmagy bilen gutlap, gol çekilen resminamalar bilen berkidilen ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň Türkmenistanyň we Pakistanyň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň öz ýakyn goňşulary bilen gatnaşyklara hemişe uly sarpa goýup gelendigini belledi, olar bilen hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini köp babatda sebitdäki amatly syýasy-ykdysady ýagdaý kesgitleýär. Biziň ýurdumyz ähli esasy ugurlar boýunça türkmen-pakistan gatnaşyklaryny giňeltmäge möhüm ähmiýet berýär diýip, milli Liderimiz geçirilen gepleşikleriň şol gatnaşyklary hil taýdan täze özara gyzyklanma bildirilýän derejä çykarmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryna ýokary baha berip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygy Sardar Aýaz Sadik taraplaryň däbe öwrülen hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge özara isleg bildirýändigini tassykladylar.
Mähirli, hoşniýetli ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde Pakistanyň Milli Mejlisiniň başlygy belent mertebeli myhmany öz ýurdundaky parlamentiniň taryhy we däpleri bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti bolsa türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alan, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň geçirilmegine ýardam edýän Türkmenistanyň Mejlisiniň işi barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlarynyň we wezipeleriniň möhümdigini nazara almak bilen, möhüm kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň ençemesi kabul edildi. Olar Türkmenistana durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklamaga mümkinçilik berýän täzeçil reformalara we özgertmeler maksatnamalaryna durnukly depgin bermäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy Yslamabatda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň hem-de olary iş ýüzünde çalt durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp, türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny okgunly ösdürmäge oňaýly täsirini ýetirýän parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurdygy barada bir pikire geldiler.
Söhbetdeşler iki goňşy halklaryň taryhy, medeni we ruhy ýakynlygy bilen şertlendirilen ynsanperwer ulgamyň döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belläp, biri-birini ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen mähirli gutladylar. Bu baýramçylygy bellemegiň däp-dessurlary Gündogaryň halklarynda ençeme asyrlar dowam edip gelýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Pakistanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sardar Aýaz Sadik birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, iki ýurduň halklaryna tüýs ýürekden bagt, parahatçylyk, gowulyk we abadançylyk arzuw etdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň ulag kerweni Paksitan Yslam Respublikasynyň Prezidenti “Aýwan-e Sadr” köşgüne tarap ugrady. Köşgüň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly döwletiň Baştutany Mamnun Huseýn mähirli garşylady.
Türkmenistanyň we Pakistanyň Prezidentleri dostlukly salamlaşanlaryndan soň, köşge girýärler.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan bilelikde surata düşülenden soň, Pakistanyň Prezidentiniň “Iş otagynda” ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki türkmen-pakistan duşuşygy geçirildi.
Pakistanyň Baştutany türkmen Liderini ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu saparyna ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatda aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda öz ösüşinde täze itergä eýe boldy. Prezident Mamnun Huseýniň belleýşi ýaly, Pakistanda Türkmenistanyň Baştutanynyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen netijeli syýasatyna we döredijilikli halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler hem-de ony doly goldaýarlar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi üçin pakistanly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Pakistany hoşniýetli dosty hem-de möhüm, ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde görýändigini nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem, abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli özara hereket edýändiklerini belläp, netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň uzakmöhletli özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mamnun Huseýn özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüşini kanagatlanma bilen nygtap, iki ýurduň şol gatnaşyklary döwrüň ýagdaýlaryna hem-de bar bolan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiligine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmaga meýillidigini tassykladylar.
Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň birnäçe wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler “Duşuşyklar otagynda” giňişleýin düzümde—iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Prezident Mamnun Huseýn Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlyk etmek ugruna ygrarlydygy barada aýdyp, pakistan tarapynyň söwda-ykdysady ulgamda netijeli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge gadymy kökleri bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hem ýokary gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Energetika pudagy hem türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň wajyp ugrudyr. Bu ýerde “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan”gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça bilelikdäki taslama tagallalary üstünlikli birleşdirmegiň aýdyň mysaly bolup durýar. Şol taslama diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýedir.
Nygtalyşy ýaly, Pakistan halkara derejesinde, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek ýaly ileri tutulýan ugurlarda Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge meýillidir.
Prezident Mamnun Huseýn türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdi hem-de doganlyk türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz tarapyndan Türkmenistanyň hem dostlukly Pakistan bilen deňhukukly netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanýandygyny nygtap, şu gün Yslamabatda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeli bolýandygyny belledi. Şol gepleşikleriň netijeleri boýunça türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze sepgitlere çykarmaga aýdyň şaýatlyk edýän resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
Türkmen Lideri iki ýurduň halkara we sebit meseleleri, aýratyn-da, parahatçylygyň berkarar bolmagy hem-de sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda umumy tagallalary birleşdirmäge degişli möhüm meseleler boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini nygtap, Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Pakistan tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz biziň ýurdumyz Pakistana geljegi uly söwda-ykdysady hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy hem-de ýurtlarymyzyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberlerini köpeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini belledi. Gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar muňa ýardam etmäge gönükdirilendir. Şol ylalaşyklary Türkmenistan we Pakistan ýakyn wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirmäge iş ýüzünde durmuşa geçirmäge meýillidir.
TOPH energtika magistralynyň gurluşygynyň iri möberli maslamasy uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan döwletara gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Onuň durmuşa geçirilmegi taslama gatnaşyjy ýurtlaryň bähbitlerine laýyk gelmek bilen, tutuş sebiiň ykdysady taýdan ösdürilmegine kuwwatly itergi berer we ählumumy enegetika howpsuzlygynyň häzirkizaman binýadynyň döredilmegine anyk goşant bolar.
Milli Liderimiz türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde medeni-ynsanperwer özara hereketleriniň ähmiýeti barada aýdyp, bu ugurda medeniýetleriň özara baýlaşmagyna hem-de iki halkyň ýakynlaşmagyna ýardam edýän köptaraply gatnaşyklary höweslendirmegiň wajyp ornuny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligine ýokary baha berip, däp bolan dost-doganlyk türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň umumy bähbitleriň hatyrasyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Pakistanyň Premýer-ministriniň arasynda şu gün geçirilen gepleşikleriň netijelerine hem-de taraplaryň gazanan ylalaşyklaryna aýratyn üns berildi. Şol ylalaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygy onuň ähli ugurlary boýunça çuňlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga özara ymtylmalara şaýatlyk edýär. Şunda söwda-ykdysady, energetika, senagat ulgamlarynda, ulag-aragatnaşyk, birnäçe beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunda täze geljegi uly ugurlary hem-de özara hereket etmegiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagyň anyk guraly hökmünde bilelikdäki Hökümetara toparyna ähmiýetli orun berilýär.
Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary berkitmegiň wajypdygy bellenildi. Şol gatnaşyklar baý taryha we gadymy däplere eýe bolup, häzirki döwürde öz mynasyp dowamyny tapdy. Sport ulgamynda ýygjam özara peýdaly aragatnaşyklary ýola goýmak hem wajyp ugur hökmünde görkezildi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mamnun Huseýn Türkmenistanyň we Pakistanyň özara bähbitlere, şeýle hem sebit möçberinde abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge özara taýýardygyny tassykladylar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti “Aiwan-e Sadr” Köşgüniň bäşinji gatyna çykýarlar hem-de ýörite bellenilen otaga barýarlar. Bu ýerde iki döwletiň Baştutanlaryny “Kayd-e-Azam” uniwersitetiniň prorektory jenap Jawed Aşraf mähirli garşylaýar.
Ýokary okuw mekdebiň prorektory salamlaşyp, iki ýurduň liderlerine akademikleriň lybasyny geýmegi hödürleýär hem-de Dabaralar zalyna geçmegi haýyş edýär.
Hormat garawulynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti zala girýärler we sahnada ýörite bellenilen ýerlere geçip oturýarlar.
Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar.
Soňra mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidentine Pakistan Yslam Respublikasynyň “Kayd-e-Azam” uniwersitetiniň “Syýasy ylymlaryň hormatly doktory” diýen alymlyk derejesini gowşurmak dabarasy boldy. Şanly waka mynasybetli bu ýere Pakistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, uniwersitetiň professorlary, mugallymlary, talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary ýygnandylar. Hemmeler ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen iki ýurduň Liderlerini garşylaýarlar, Iki döwletiň Baştutanlary prezidiuma geçip oturýarlar. Dabarany alyp baryjy çäräni açmak üçin Pakistanyň Prezidentine söz berýär.
Gurhandan süreler okalýar.
Soňra uniwersitetiň prorektory Jawed Aşraf dabaraly çäräni açyp, bu ýere ýygnananlaryň adyndan belent mertebeli myhmany mähirli mübärekledi, bu gün ýokary okuw mekdebiň taryhyna aýratyn şanly waka hökmünde girer diýip belledi. Jenap Jawed Aşrafyň nygtaýşy ýaly, türkmen we pakistan halklaryny taryhy ýola goýlan, asyrlaryň jümüşinden gözbaş alýan dostlukly we medeni gatnaşyklar birleşdirýär. Täze taryhy döwürde biziň halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar öz dowamyna hem-de täze mazmuna eýe boldy, şol sanda ylym-bilim ulgamynda ýola goýuldy.
Uniwersitetiň prorektory bu ýere ýygnananlary Türkmenistanyň Prezidentiniň uly möçberli ylmy işleri bilen tanyşdyrdy. Milli Liderimiziň başlangyjy we ýolbaşçylygynda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, olar türkmen halkyny täze, belent sepgitlere çykarmaga hem-de bu ugurda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendir.
Aýratyn dabaraly ýagdaýda ýokary okuw mekdebiň aylmlyk geňeşiniň agzalary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “Kayd-e-Azam” uniwersitetiniň “Syýasy ylymlaryň hormatly doktory” diýen alymlyk derejesini dakmak hakynda kabul eden çözgüdi okalýar. Türkmen lideri bu hormatly ada türkmen we pakistan haklarynyň arasyndaky dostlukly doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşan ägirt uly şahsy goşandy, ylym we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin mynasyp boldy.
Dabarany alyp baryjy Türkmenistanyň Prezidentine “Syýasy ylymlaryň hormatly doktory” diýen alymlyk derejesini gowşurmak hakynda uniwersitetiň alymlar geňeşiniň çözgüdini gol çekip berkitmek haýyşy bilen Pakistanyň Prezidentine ýüzlenýär.
Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen Prezident Mamnun Huseýn hödürlenen resminama gol çekýär.
Uniwersitetiň prorektory münberden uniwersitetiň alymlar geňeşiniň çözgüdini okaýar.
Dabaraly pursat gelip ýetýär: Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormat bilen sahna çagyrylýar. Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmagy bilen Pakistanyň Prezidenti Mamnun Huseýn türkmen liderine degişli diplomy gowşurýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.
Türkmen Lideri bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, Päkistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Kaid-e-Azam uniwersitetiniň rektory jenap Jawed Aşrafa, şeýle hem uniwersitetiň mugallymlaryna «Hormatly doktor» diýen ýokary derejeli ylmy adyň berlendigi üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda bu belent ylmy ady bütin adamzadyň bähbitleri ugrunda ýadawsyz zähmet çekýän ähli türkmen halkynyň bitiren hyzmatyna berlen ýokary baha, şeýle hem, iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejä çykandygynyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi.
Paksitanyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif bilen şu gün geçirilen gepleşikler, olaryň netijeleri boýunça gol çekilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamdaky türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine gönükdirilen resminamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksady Garaşsyz Watanymyzy ösen döwletleriň hataryna çykarmakdan ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, islendik ýurduň häzirki zaman ösüşiniň öňdebaryjy orunlaryna çykmagy, ilkinji nobatda, onuň ylym we bilim ulgamynda ýeten ýokary derejelerine bagly bolup durýandyr.
Döwletimiz halkymyzyň, ilkinji nobatda, ýaş nesliň häzirki zaman dünýä ylmynyň we tehnologiýalarynyň esasy ösüş ugurlaryny özleşdirmegi ugrunda yzygiderli goldaw berýär. Şu maksat bilen Türkmenistanda şahsyýetiň hemmetaraplaý ösmegine we onuň döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagyna uly ähmiýet berilýär. Bu ugra ägirt uly maýagoýum sperişdeleri gönükdirilýär. Sebäbi ýaş nesliň, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegine goýlan maýa goýumlary ýurduň geljegi üçin goýlan maýa goýumlarydyr.
Ylmyň örän möhüm ugurlarynda, amaly we nazary ylmy-barlag işlerinde ýaş alymlary höweslendirmegiň we goldamagyň, kompýuter ulgamlaryny we maglumat tehnologiýalaryny ösdürmegiň ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleridir. Şu maksat bilen ady agzalan ugurlarda milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk ädimler ädildi hem-de döwlet bilim standartlary girizildi. Soňky ýyllarda degişli ugurda ýygjam halkara gatnaşyklary, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen göni hyzmatdaşlyklar ýola goýuldy. Şeýle hem buugurdaky türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň oňyn netijelere eýedigini bellemeli. Türkmenistarn daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilen gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr.
Türkmenistan bilen pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýar. Ykdysadyýetiň möhüm ulgamy hasaplanýan npebitgaz pudagyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar batly depginlerde ösdürilýär.
Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny bellemeli. Bu gaz geçirijiniň üsti bilen türkmen tebigy gazy Pakistanyň halkynyň öýlerine ýylylyk getirer. Bu gaz geçirijiniň taslamasynyň üstünlikli amala ayşyrlmagy ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ösüşi üçin giň mümkinçilikleri açar we sebitiň, tutuş dünýjäniň ösüşini şertlendirer.
«Hormatly doktor» diýen ýokary derejeli ylmy adyň berlendigi üçin, Kaid-e-Azam uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna we ähli professor-mugallymlaryna ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri we ylymda täze açyşlary edip, belent sepgitlere ýetmegi tüýs ýürekden arzuw etdi.
Milli Liderimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
TDH