Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
2016-njy ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek, ýaz - meýdan işlerini guramaçylykly geçirmek we öňde boljak baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowy çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler, täze seýilgäh zolaklaryny döretmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýakynlaşyp gelýän şanly senelere, hususan-da, “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramyna we Bütindünýä Saglyk gününe bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäreleriň meýilnamasy barada habar berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk derejede bolmalydygyny belläp, paýtagtymyzyň döwrüň talabyna laýyk derejede sazlaşykly ösmegi we abadançylyk derejesi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda guralmagy meýilleşdirilýän dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradowy çagyrdy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişiniň barşy we 1 müň 580 gektar meýdana ekilen ýeralma hem-de bugdaýa ideg edilişi, şeýle hem “Suw damjasy-- altyn dänesi” baýramy we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän dabaralara görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etdi. Milli Liderimiz gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, öňde boljak galla oragyna oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak, ýeralma agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, şeýle-de welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyny we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramy hem-de Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde guramak barada häkime anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, maldarçylykda dowarlardan owlak-guzy almagyň barşy barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim 220 gektar meýdana ekilen ýeralmadan bol hasyl ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan agrotehniki çäreler barada aýtdy. Şeýle hem häkim welaýatda gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada durup geçdi.
Milli Liderimiz welaýatyň durmuş-ykdysady ulgamynyň ähli pudaklarynda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belläp, oba hojalyk ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmek, ony bellenen möhletlerde tamamlamak, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşygyndaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz aprel aýynda boljak baýramçylyk çärelerine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow öz gezeginde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işleri we 3 müň 125 gektar meýdana ekilen ýeralma ideg edilişini talabalaýyk derejede guramak üçin durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem öňde boljak galla oragyna we welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işi öz wagtynda tamamlamak maksady bilen görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi. Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzda giňden bellenilýän “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramçylygyna, Bütindünýä saglyk gününe görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, beýleki oba hojalyk ekinlerine, hususan-da, ýeralma agrotehniki kadalara laýyk ideg işlerini alyp barmak, oba hojalyk tehnikalaryny öz wagtynda taýýarlamak babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi talap etdi.
Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, işlenip taýýarlanylan meýilnama laýyklykda gowaça ekişiniň barşy, 1 müň 135 gektar meýdana ekilen ýeralma edilýän ideg işleri, şeýle hem welaýatyň çäginde gurluşygy alnyp barýylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen welaýatyň maldarlarynyň netijeli işi üçin döredilen şertler, öňde boljak baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möhüm oba hojalyk möwsümi bolan ýaz ekişini guramaçylykly geçirmek, ekerançylyk meýdanlarynda, aýratyn-da ýeralma ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýakynlaşyp gelýän şanly seneler bolan “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramçylygynyň we Bütindünýä saglyk gününiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowy çagyrdy. Häkim döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, 2 müň 750 gektar meýdana ekilen ýeralma we ak ekinlerine edilýän agrotehniki ideg işleri, şeýle hem öňde boljak galla oragyna oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem şanly seneler bolan “Suw damjasy- altyn dänesi” baýramçylygyna we Bütindünýä saglyk gününe taýýarlyk işleri barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz möhüm oba hojalyk möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeniň wajypdygyny belläp, geljekki bol hasylyň baş şerti bolan ähli agrotehniki çäreleriň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işlere toplumlaýyn esasda çemeleşmegi, zerur bolan oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlygyna yzygiderli gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyna häkimiň ünsüni çekdi. Hormatly Prezidentimiz aprel aýynda belleniljek baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra göni aragatnaşakda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň V çagyrylyşynyň 13-nji mejlisiniň jemleri barada aýdyp, onuň barşynda täze kanunlaryň 12-siniň, şol sanda “Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda”, “Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilendigini hem-de hereket edýän kanunlaryň we kanunçylyk namalarynyň 17-sine üýtgetmeleriň hem-de goşmaçalaryň girizilendigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenen kanunlaryň taslamalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünleri we halkara hukuk kadalary nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy hem-de milli Liderimiziň başlangyjy bilen döwletimiziň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni-ruhy ösüşiniň maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan hereket edýän milli kanunçylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna kybap getirmek, kämilleşdirmek we olara goşmaçalary girizmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, kabul edilen kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy-hukuknamalarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň milli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Garajaýew 2016-njy ýylda Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt geçen ýylyň oktýabrynda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň X forumynda kabul edilipdi. Daşoguz şäherine hormatly derejäniň berilmeginiň barşynda demirgazyk welaýatyň merkezinde ýylyň dowamynda birnäçe medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirildi. Olaryň maksatnamasy Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz şol çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň aýratyn ähmiýetlidigini belläp, Daşoguz şäherine GDA-nyň medeni paýtagty diýlen derejäniň berilmeginiň hormatyna guralýan köpçülikleýin medeni çäreleriň diňe bir bu ugurdaky halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine, goňşy ýurtlaryň arasyndaky dostluk we birek-birege düşünişmek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine däl, eýsem, türkmen halkynyň baý, özboluşly medeni mirasynyň giňden wagyz edilmegine-de ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda bu ýörelgeler täze ösüşe eýe bolýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz meýilleşdirilen ähli medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Iş maslahatynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
TDH