Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy jenap Suma Çakrabartini kabul etdi.
Myhman türkmen topragynda myhmansöýerlik we ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli maliýe-bank ulgamyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işlere ýokary baha berdi, munuň özi özygtyýarly Türkmenistana dünýä ykdysadyýeti üçin çylşyrymly döwürde içerki ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklamaga mümkinçilik berdi.
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirilýändigini beýan edip, öz ýolbaşçylyk edýän bankynyň ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de maliýe we bank düzümlerini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän strategiýany doly goldaýandygyny hem-de bu oňyn özgertmelere hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän syýasy ugrunyň giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, şol sanda esasy maliýe guramalary we düzümleri bilen gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendigini, munuň bolsa milli bähbitlere hem-de ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmegiň esasy wezipelerine gabat gelýändigini nygtady.
Netijeli we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýewropanyň iri bankynyň ýolbaşçysy däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyp, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Dünýäniň maliýe-ykdysady ulgamynyň häzirki ýagdaýyny, Türkmenistanyň gazananlarynyň maýa goýum hem-de pul-karz syýasaty babatda üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini nazara almak bilen, şeýle hem türkmen Lideri tarapyndan durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň durnukly ösüşine gönükdirilen iri möçberli özgertmeler maksatnamalary nukdaýnazaryndan bu gatnaşyklar aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Hususan-da, Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek hem-de möhüm ykdysady we bazar özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler pikir alyşmalaryň esasyny düzdi.
Bellenilişi ýaly, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň we işewür gatnaşyklary dowam etmegiň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan taslamalaryň 53-sine gatnaşdy. Munuň özi bilelikdäki işiň oňyn netije berýändiginiň we täze mümkinçilikleriň açylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda we beýleki pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmek, Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, möhüm ykdysady we bazar özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýewropanyň iri bankynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen tutuş sebitiň halklarynyň bähbidine gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşmagynyň mümkinçiligi söhbetdeşligiň esasyny düzdi.
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň baştutany häzirki wagtda Türkmenistanyň tutuş Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän aýratyn möhüm ornuny nygtap, ýolbaşçylyk edýän bankynyň uzakmöhletleýinlik we özara bähbit esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, ýurduň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berjek netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
TDH