Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

2022-nji ÝYlyŇ habarlar arhiwi
23 dekabr 2022 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisi

2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan desgalaryň taslamalaryna garaldy.

24 noýabr 2022 ýyl

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

2022-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.

12 noýabr 2022 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy...

12 noýabr 2022 ýyl

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär

2022-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça hormatly myhman hökmünde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Samarkant şäherinde geçirilýän mejlisine gatnaşdy.

7 noýabr 2022 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2022-nji ýylyň 4-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi...

2 noýabr 2022 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Türkmen manady ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň nyşanydyr

2022-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ugurdaş okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

2 noýabr 2022 ýyl

Türkmen manady – milli ykdysadyýetimizi berkitmegiň wajyp guraly

Şu ýylyň 1-nji noýabrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esasy nyşanlarynyň biri bolan milli manadyň dolanyşyga girizilenine 29 ýyl dolýar. «Türkmenistanyň Merkezi banky hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda ýurdumyzyň çäginde ýeke-täk Kanuny töleg serişdesi hökmünde türkmen manady we onuň bölek şaýlyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi.

2 noýabr 2022 ýyl

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna

Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň - manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

29 oktýabr 2022 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2022-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow  sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

18 oktýabr 2022 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2022-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

11 oktýabr 2022 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2022-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, Prezident Maksatnamasyny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

1 oktýabr 2022 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

24 sentýabr 2022 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky ÇYKYŞY

Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän günlerinde täze taryhy döwürde döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan ösüş depginlerini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly wajyp meseleler girizilen Döwlet Maslahatyny geçirýäris.

24 sentýabr 2022 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

1 iýul 2022 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň altynjy Hazar sammitindäki Çykyşy

Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Azerbaýjan Respublikasynyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

16 aprel 2022 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

2022-nji ýylyň 14-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda toý saparynda bolmagynyň barşynda bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň günbatar welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda, şeýle-de degişli hasabatlar diňlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

30 mart 2022 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2022-nji ýylyň 25-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň täze düzümini düzmek bilen bagly meselelere hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

30 mart 2022 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşy

Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy!
Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary we deputatlar!
Gadyrly watandaşlar!

Hormatly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, şu belent münberden size we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna ählihalk saýlawlarynda maňa bildiren ynamyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Bu saýlawlaryň netijesinde men Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandym.

14 fewral 2022 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Şu gün biz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda üstünlikli geçen 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini ara alyp maslahatlaşmak, öňümizdäki 30 ýyl üçin iň möhüm wezipeleri kesgitlemek, şeýle hem mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etjek döwlet durmuşynyň beýleki örän möhüm soraglaryna seretmek üçin ýygnandyk.

14 fewral 2022 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ata Watanymyzyň özygtyýarly, özbaşdak ösüş ýoluna düşmegi biziň halkymyz üçin ykbal kesgitleýji taryhy waka we dünýä bileleşigine täsir eden ýagdaýdyr. Şoňa görä-de, türkmen halkynyň öz Garaşsyz döwletini döretmek baradaky köpasyrlyk arzuw-isleginiň otuz ýyl mundan ozal amala aşandygyny, ýurdumyzyň taryhynda täze zamananyň başlanandygyny doly esas bilen aýdyp bileris.

31 ýanwar 2022 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.