Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

2019-njY ÝYlyŇ habarlar arhiwi
14 dekabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

14 dekabr 2019 ýyl

Bitaraplyk – belent mertebe

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň we oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar we halkara gatnaşyklary ýokary depginli ösdürilýär.

10 dekabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

2019-njy ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

9 dekabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly ilçiler!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň, esasan hem nebitgaz toplumy bilen bagly işde kemçilikleriň bardygyna garamazdan, biz şu ýyl ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galýandygymyzy ynam bilen aýdyp bileris.

9 dekabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de döwletimiz üçin möhüm şanly seneleri nazara almak bilen, geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.

4 dekabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Biziň sebitimiz - dünýä ähmiýetli energetika we ulag-üstaşyr merkezi

Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Daşkent şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

9 dekabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly ilçiler!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlara we aýry-aýry pudaklaryň, esasan hem nebitgaz toplumy bilen bagly işde kemçilikleriň bardygyna garamazdan, biz şu ýyl ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galýandygymyzy ynam bilen aýdyp bileris.

9 dekabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de döwletimiz üçin möhüm şanly seneleri nazara almak bilen, geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.

4 dekabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Biziň sebitimiz - dünýä ähmiýetli energetika we ulag-üstaşyr merkezi

Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Daşkent şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

4 dekabr 2019 ýyl

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň bilelikdäki beýannamasy

2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi, duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti we Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ilbaşy gatnaşdylar.

4 dekabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda sözlän sözi

Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýetleriň agzalary!
Ozaly bilen, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Şawkat Mirziýoýewe myhmansöýerlik, mähirlilik, bilelikde netijeli işlemegimize döredilen şertler üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etmäge rugsat ediň!

8 noýabr 2019 ýyl

Türkmenistan we Italiýa netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

2 noýabr 2019 ýyl

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

2 noýabr 2019 ýyl

Manadyň gymmaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegini üpjün edýär

2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda paýtagtymyzda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.

2 noýabr 2019 ýyl

Türkmen milli manady – ykdysadyýetiň synmaz sütüni

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilýän düýpli özgertmeler, gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň günsaýyn ösýändiginiň we belent özgerişlere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

2 noýabr 2019 ýyl

Türkmen milli manady –bereketiň nyşany

Ýurtda milli puluň ýeke-täk hümmetiniň saklanmagy, kadaly pul dolanyşygynyň we netijeli pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy, banklaryň ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirýän karzlarynyň möçberleriniň artdyrylmagy döwlet syýasatymyzda gazanylýan üstünlikleriň aýdyň nyşanydyr.

2 noýabr 2019 ýyl

Milli puluň baýramy

Şu ýylyň 1-nji noýabrynda milli walýutamyz-manadymyzyň dolanşyga girizilmegine 26 ýyl doldy. Ýagny 1993-nji ýylda 1-nji noýabrynda milli manadymyz dolanyşyga girmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetine altyn harplar bilen ýazyldy.

2 noýabr 2019 ýyl

Milli manat -ykdysady garaşsyzlygyň kepili

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birligi – manadymyzyň dolanyşyga girizilenine şu ýylyň 1-nji noýabrynda 26 ýyl doldy.

2 noýabr 2019 ýyl

Milli manadyň ykdysady ösüşe täsiri

Ýurdumyzda milli manadyň ygtybarly, durnukly hereket etmegi bank ulgamynyň işjeňligine, onuň hyzmatdaşlaryna hödürleýän amallarynyň görnüşlerine, hiline, şeýle hem nagt we nagt däl hasaplaşyk işiniň alnyp barlyşyna baglydyr.

2 noýabr 2019 ýyl

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna

Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

2 noýabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

28 oktýabr 2019 ýyl

Hormatly Malaýziýanyň Premýer-ministri Tun doktor Mahathir Mohamadyň Türkmenistana resmi sapary mynasybetli Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilelikdäki beýannamasy

1. Onuň Alyhezreti hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Onuň Alyhezreti hormatly Malaýziýanyň Premýer-ministri Tun doktor Mahathir Mohamad 2019-njy ýylyň 26 — 28-nji oktýabrynda Türkmenistana resmi sapary amala aşyrdy.

28 oktýabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

2019-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary, şeýle hem döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri girizildi.

26 oktýabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň XVIII sammitinde eden çykyşy

Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary we agzalary!

Ilki bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti, hormatly Ilham Geýdarowiç Aliýewe şu forumyň ýokary derejede guralandygy, görkezilen myhmansöýerlik we mähirli garşylandyklary, ysnyşykly hyzmatdaşlyk we netijeli gatnaşyklar ýagdaýynyň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

26 oktýabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary tamamlandy

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 21 — 23-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýa bolan iş sapary iki ýurduň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň ýolunda netijeli ädim boldy, muňa saparyň baý mazmunly, öz içine möhüm duşuşyklary alýan maksatnamasy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

21 oktýabr 2019 ýyl

Aşgabat Jarnamasy: GDA-nyň täze giňişlikleriniň binýady

Ýakynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabat mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi we onuň çäklerinde kabul edilen Jarnamanyň taryhy ähmiýeti, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň (YHDG) müdiriýetiniň «Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» medaly bilen sylaglanmagy mynasybetli ýörite maslahat geçirildi.

19 oktýabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

2019-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de türkmenistanlylaryň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň käbir meselelerine garaldy.

19 oktýabr 2019 ýyl

Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmek — GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň möhüm wezipesi

Ýakynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri hem-de kabul edilen resminamalary durmuşa geçirmek boýunça GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wezipeleri Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde 16-njy oktýabrda Minskide bolan Arkalaşygyň dörediji we beýleki edaralarynyň ýanynda gatnaşyjy döwletleriň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň mejlisiniň esasy meselesi boldy.

12 oktýabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden ÇYKYŞY

Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary we agzalary!

Şu günki mejlise gatnaşmak üçin bize gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň ýolbaşçylaryny, wekiliýetleriň baştutanlaryny we agzalaryny Türkmenistanda ýene bir gezek tüýs ýürekden mübäreklemäge rugsat ediň!

12 oktýabr 2019 ýyl

Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Sammit ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara derejeli iri çäreleri geçirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulan kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda boldy.

12 oktýabr 2019 ýyl

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi boldy.

5 oktýabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden we Konstitusion toparyň birinji mejlisinden

2019-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemleri, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi, täze ýyla çenli galan döwürde öňde duran wezipeler kesgitlenildi.

5 oktýabr 2019 ýyl

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

2019-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň käbir agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

25 sentýabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň bank ulgamy elektron tölegleriniň täze görnüşlerini ornaşdyrýar

«Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hödürleýän hyzmatlarynyň sanawyny giňeldýär: bu ýerde «MasterCard» halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmak işi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

25 sentýabr 2019 ýyl

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik — türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleriniň möhüm ugry

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Hoşzaman» hususy kärhanasynyň guşçulyk toplumynda ilkinji bir million jüýje çykaryldy. Ýurdumyzyň telekeçileriniň täze taslamasy Türkmenistanda jüýje ösdürip ýetişdirmek boýunça öz binýadymyzy döretmäge gönükdirilendir.

21 sentýabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

16 sentýabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

16 sentýabr 2019 ýyl

Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi

2019-njy ýylyň 13-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisi boldy.

12 sentýabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti bank ulgamyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

2019-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň hem-de Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi

7 sentýabr 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

31 awgust 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

31 awgust 2019 ýyl

Türkmenistan — Singapur: işewür toparlaryň hyzmatdaşlygynyň geljegi

2019-njy ýylyň 26-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-singapur işewürler maslahaty geçirildi.

24 awgust 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 23-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.

17 awgust 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 16-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem taýýarlanan birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

16 awgust 2019 ýyl

Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasy

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi.

16 awgust 2019 ýyl

Birinji Hazar ykdysady forumynyň taryhy ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň täzeçil syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan indi ençeme gezek möhüm ähmiýete eýe bolan iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülýär. Olar köp halatda dünýä syýasatynda düýbünden täze möhüm ugurlaryň başlangyç nokadyna öwrülýär.

16 awgust 2019 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji Hazar ykdysady forumynda eden çykyşy

Biziň ählimiz Hazar sebitini ösdürmek, Hazarda halkara hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlemek meseleleri boýunça köpugurly hem-de yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýetine düşünýän pikirdeşlerdiris. Häzirki zaman garaýyşlaryna we ölçeglerine esaslanýan şeýle hyzmatdaşlygyň täze many-mazmuny onlarça ýyllara niýetlenen bilelikdäki döredijilikli işiň berk binýadyny goýmaga ýardam etmekden ybaratdyr.

30 iýul 2019 ýyl

Türkmenistanda şypahana hyzmatlary dünýä derejesine çykýar: «Awaza» şypahanasy

Hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýan halkymyzyň we ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

9 iýul 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

2019-njy ýylyň 5-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

15 iýun 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 14-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, taslamalara seredildi, käbir möhüm resminamalar kabul edildi.

15 iýun 2019 ýyl

“Altyn asyr” türkmen köli – egsilmez bereketiň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklaýyn düzüminiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, hususy telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy, täze iş ýerleriň döredilmegi, raýatlaryň sosial-durmuş taýdan goraglylygynyň güýçlendirilmegi netijesinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi günsaýyn ýokarlanýar.

12 iýun 2019 ýyl

Birinji Hazar ykdysady forumy – Hazarýaka ýurtlaryň ykdysady bähbitleriniň netijeli ugry

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen şu ýylyň 12-nji awgustynda ýurdumyzyň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumy geçiriler.

8 iýun 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 6-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli möhüm resminamalaryň birnäçesine garaldy.

8 iýun 2019 ýyl

Maliýe ulgamynda QR-koduny ulanmagyň halkara tejribesi

Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda ykjam we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň yzygiderli kämilleşmeginiň netijesinde QR-koduny ulanmaklyk has giňden ýaýrady.

8 iýun 2019 ýyl

Bank hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bank ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Halk köpçüligi üçin ýokary ähmiýetli amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

30 maý 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2019-njy ýylyň 29-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

27 maý 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

2019-njy ýylyň 24-nji maýynda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

13 maý 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

2019-njy ýylyň 10-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

13 maý 2019 ýyl

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze obanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

2019-njy ýylyň 8-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze, döwrebap obanyň, giň gerimli durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

20 aprel 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

2019-njy ýylyň 19-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine seredildi.

20 aprel 2019 ýyl

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň Merkezi banky, bank kartlaryny ulanmagyň goraglylygyny we howpsuzlyk çärelerini berjaý etmäge hem-de nagt däl hasaplaşyklaryň amatlyklaryndan peýdalanmaga çagyrýar.

13 aprel 2019 ýyl

Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ýokary ösüş depginine eýe boljakdygyny çaklaýar

2019-njy ýylyň 26-njy martyndan 9-njy apreline çenli makroykdysady ösüşe we maliýe ýagdaýlaryna baha bermek üçin hem-de Türkmenistanyň ykdysady syýasatyny, şeýle hem ählumumy ykdysady wehimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hanym Natali Tamirisanyň ýolbaşçylygynda Halkara pul gaznasynyň topary Aşgabatda boldy.

13 aprel 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we amala aşyrylan işlere baha berildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.

11 aprel 2019 ýyl

Töleg terminallary arkaly hasaplaşyklary geçirmegiň amatlyklary

Ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bank ulgamynda halk köpçüligi üçin ýokary ähmiýetli amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

8 aprel 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

2019-njy ýylyň 5-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

1 aprel 2019 ýyl

Ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmagyň tapgyrlary: elektron töleg ulgamy

2019-njy ýylyň 15-nji martynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlaşdyrmak, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

1 aprel 2019 ýyl

Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

2019-njy ýylyň 29-njy martynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

18 mart 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda hökümet agzalary bilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

4 mart 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 1-nji martynda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine garaldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

18 fewral 2019 ýyl

Belent sepgitler

Hormatly Prezidentimiz golaýda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» tassyklady.

18 fewral 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.

5 fewral 2019 ýyl

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasy

Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny" tassyklady.

5 fewral 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda geçen ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de ýerine ýetirilen işlere baha berildi.

16 ýanwar 2019 ýyl

“TÜRKMENISTAN — ROWAÇLYGYŇ WATANY”

“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de berkidilmegi, halkara jemgyýetçiligindäki ornunyň has-da belende galmagy, dürli ugurlardaky giň göwrümli we ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikler bar.

14 ýanwar 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet ykdysady we durmuş syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, täze taslamalara hem-de milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça möhüm wezipelere seredildi, birnäçe resminamalar kabul edildi.

7 ýanwar 2019 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2019-njy ýyldaky ilkinji hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisde mähriban halkymyzyň mundan beýläk hem abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy bilen bagly hem-de döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.