Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

2018-nji ÝYlyŇ habarlar arhiwi
11 dekabr 2018 ýyl

Döwlet Baştutanymyz täze desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy we Olimpiýa şäherçesine bardy

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze gurulýan binalar toplumynyň gurluşygynyň dowam edýän ýerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

11 dekabr 2018 ýyl

Döwrebap tehnologiýalar — importuň ornuny tutýan önümçiligiň ösüş binýady

2018-nji ýylyň 4-6-njy dekabr aralygynda paýtagtymyzyň “Çandybil” söwda merkezinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň gurnamagynda Importuň ornuny tutýan önümçilik tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän sergi importuň ornuny tutýan bölümler babatda ýurdumyzyň bazarynyň üstünlikleri we mümkinçilikleri, şeýle hem senagat enjamlaryny öndürýän, türkmen hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly önüm öndürijileriň öňdebaryjy tejribesi we innowasion işleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

11 dekabr 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 4-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi.

28 noýabr 2018 ýyl

Obasenagat toplumy: döwletimiz oba hojalykçylara yzygiderli goldaw berýär

Türkmenistanda okgunly ösdürilmegine döwlet tarapyndan ilkinji derejede ähmiýet berilýän oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir.

15 noýabr 2018 ýyl

Hormatly Prezidentimiz Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy Takehiko Nakaony kabul etdi.

25 oktýabr 2018 ýyl

Türkmenistan - Aziýanyň ösüş banky: hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasy ýokary öndürijilikli hem-de innowasiýa esaslanýan senagat kärhanalarynyň döredilmegine, aragatnaşyk we ulag-üstaşyr düzümleriniň ösdürilmegine, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilendir.

8 oktýabr 2018 ýyl

Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini ykrar etdi

2018-nji ýylyň 1 — 5-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda hanym Natalýa Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň işçi topary saparda boldy. Saparyň maksady ýurdumyzda makroykdysady we maliýe ýagdaýyna baha bermek, Türkmenistanyň ykdysady syýasat ulgamynda alyp barýan ileri tutýan ugurlaryny hem-de bu ugurdaky meýilleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

8 oktýabr 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

2018-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

1 oktýabr 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly baýramçylyk ýörişiniň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň baş meýdanyndaky döwlet münberiniň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gysga mejlisini geçirdi.

11 sentýabr 2018 ýyl

“Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň hor­ma­ty­na

«Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» şy­ga­ry bi­len geç­ýän ýy­lyň şan­ly wa­ka­la­ry­nyň bi­ri «Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi­niň öň ýa­nyn­da ýur­du­my­zyň Mer­ke­zi ban­ky her bi­ri­niň no­mi­na­ly 100 ma­na­da deň bo­lan al­tyn we kü­müş ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­ri goý­ber­di.

11 sentýabr 2018 ýyl

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri bug-gaz elektrostansiýanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2018-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

11 sentýabr 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi.

 

6 awgust 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 3-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda geçen ýedi aýda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine hem-de döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.

1 awgust 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

2018-nji ýylyň 31-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi.

27 iýul 2018 ýyl

Türkmenistan Owganystanyň parahatçylykly ösüşine goşandyny artdyrýar

Türkmen-owgan dostlugynyň ýylýazgysyna nobatdaky şöhratly sahypa ýazyldy. Rabatkaşan — Kalaýnau täze elektrik geçirijisi ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti täze elektrik geçirijisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

27 iýul 2018 ýyl

Po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­ni ön­dür­ýän tä­ze önümçilik sehi açyl­dy

Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da po­lip­ro­pi­len ör­tü­gi­ni ön­dür­ýän tä­ze önümçilik sehiniň işe gi­ri­zil­me­gi ýur­du­my­zy bat­ly dep­gin­ler bi­len se­na­gat­laş­dyr­mak bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp bar­ýan ug­ru­nyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.

9 iýul 2018 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Şu ýylyň birinji ýarymynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda döwletimiziň ählumumy ykdysadyýetiň ösüşinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek boýunça belli bir derejede işleriň amala aşyrylandygyny aýtmak isleýärin. Bu bolsa bize esasy maksadymyza ýetmäge — mähriban halkymyzyň durmuşynyň mynasyp derejesini we hilini üpjün edýän, güýçli ýaşaýyş-durmuş maksatly ykdysadyýeti bolan dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň derejesine çykmaga gönükdirilen örän möhüm özgertmeleri amala aşyrmakda nobatdaky ädimleri ätmäge mümkinçilik berdi.

9 iýul 2018 ýyl

Türkmen ekerançylary ýewropa tejribesi bilen tanyşýarlar

2018-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenabatda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölüminde Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda oba hojalygynyň we obalaryň mundan beýlägem durnukly ösüşine ýardam bermegiň III Tapgyry (SARD III)» taslamasynyň çäklerinde gurnalan almanyň dürli görnüşlerini ýetişdirmegiň agrotehnikasy boýunça okuw geçirildi.

2 iýul 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

2018-nji ýylyň 28-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi.

25 iýun 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 22-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasynyň hem-de kabul edilen beýleki ykdysady we durmuş maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine garaldy.

25 iýun 2018 ýyl

Türkmenistanda BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermegi bilen Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş maksatnamasy (BMGÖM) guradylar.

25 iýun 2018 ýyl

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşdy

2018-nji ýylyň 20-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG tarapyndan yglan edilen “2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan Ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady.

18 iýun 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 14-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi.

12 iýun 2018 ýyl

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy

2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde guralan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym—mukaddeslige tagzym” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasyna baýramçylyk, agzybirlik we ruhubelentlik ýagdaýy mahsus boldy.

12 iýun 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 8-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere we käbir resminamalara garaldy.

12 iýun 2018 ýyl

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

2018-nji ýylyň 7-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we beýleki degişli düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilip, durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryna baglylykda işlenip taýýarlanylan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.

12 iýun 2018 ýyl

Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň maksatnamasy ýerine ýetirilýär

2018-nji ýylyň 6-njy iýunynda Tagtabazar etrabynda häzirki zaman suw arassalaýjy desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy, desgany “Aby-Köwser” hojalyk jemgyýeti bina etdi. Bir gije-gündizlik kuwwaty 15 müň kubmetr agyz suwuny arassalamaga deň bolan toplum ýerli ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün eder.

12 iýun 2018 ýyl

Türkmenistanda galla oragy badalga aldy

2018-nji ýylyň 6-njy iýunynda Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daýhanlara täze zähmet üstünliklerini arzuw edip, möhüm oba hojalyk çäresine ak pata berdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary bu möhüm çärä girişdiler, 13-nji iýunda bolsa olara Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem goşular.

4 iýun 2018 ýyl

Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da il­kin­ji ge­zek Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bel­le­nil­di, bu se­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­dy. Bu wa­ka ýur­du­my­zyň yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­ýän döw­let hök­mün­de hal­ka­ra de­re­je­de dö­re­di­ji­lik we pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji kuw­wa­ty­ny ýe­ne bir ge­zek äş­gär et­di.

4 iýun 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 31-nji maýynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasyny we ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine degişli meýilnamalary ýerine ýetirmegiň barşy, şeýle hem halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

28 maý 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Prezident maksatnamasyny, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň barşy, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasatyň möhüm wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

23 maý 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin ýörite mejlisi

2018-nji ýylyň 22-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Hökümetiň ýurdumyzda sporty ösdürmäge bagyşlanan giňişleýin ýörite mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine şu ýyl geçiriljek has möhüm ähmiýetli sport çärelerine görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler girizildi.

21 maý 2018 ýyl

Ilatyň erkin duran pul serişdelerini bank ulgamyna çekmek ugrundaky çäreler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli puluň hümmetini durnukly derejede saklamak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak, ilatyň erkin pul serişdelerini bank ulgamyna möhletli we möhletsiz goýum görnüşinde çekmek babatynda anyk çäreler durmuşa geçirilýär.

21 maý 2018 ýyl

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

2018-nji ýylyň 17-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipelere garaldy, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

21 maý 2018 ýyl

Türkmenistan obasenagat toplumynyň önümçilik binýadyny pugtalandyrýar

Milli baýramyň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda welaýatyň obasenagat ulgamynyň kärhanalarynyň birbada ikisi işe girizildi. Mary etrabynda guşçulyk, Murgap etrabynda iri maldarçylyk toplumlary ulanmaga berildi.

21 maý 2018 ýyl

Türkmenistanda ýod öndürilişi artdyrylýar

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Daňatar şäherçesiniň golaýynda gurulýan kuwwatlylygy ýylda 150 tonna çenli önüm öndürýän ýod çykarýan kärhanada tehnologik we kömekçi enjamlary gurnamak işleri tamamlanyp barýar. “Himiýa-Senagat” HJ-niň hünärmenleri ony tomus aýlary işe girizmegi göz öňünde tutýarlar.

16 maý 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 11-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Prezident maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine we döwletimiziň halkyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasatynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.

16 maý 2018 ýyl

Täze senagat desgalary — ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginlerde senagatlaşdyrylmagynyň binýady

2018-nji ýylyň 10-njy maýynda Babadaýhan etrabynda täze döwrebap senagat toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy, ol “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde, şeýle hem eksport ugurly önümleriň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina ediler.

8 maý 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň käbir meselelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyna garaldy.

3 maý 2018 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti ählumumy ulag meseleleri boýunça halkara foruma gatnaşdy

2018-nji ýylyň 2-nji maýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky kongresler merkezinde “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara forum geçirildi. Onuň açylyşyna hem-de dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

3 maý 2018 ýyl

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň türkmen kenarynda täze Halkara deňiz porty dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.

3 maý 2018 ýyl

Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si

2018-nji ýylyň 1-nji maýynda Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­dan da­şa­ry göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di, on­da Pre­zi­dent mak­sat­na­ma­sy­nyň hem-de Bal­kan we­la­ýa­ty­ny yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­niň, hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len döw­le­ti­mi­ziň içe­ri sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.

30 aprel 2018 ýyl

Ýurdumyzda «Goýum bank karty» atly täze hyzmat ornaşdyrylýar

«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» ugur almak bilen, bank ulgamyndaýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek, dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak maksady bilen dürli çäreler geçirilýär.

30 aprel 2018 ýyl

Owadandepedäki aýna kärhanasynyň önümlerine owganystanly, azerbaýjanly, özbegistanly, gazagystanly telekeçiler isleg bildirýärler

Ýurduň aýna senagatynyň öňdebaryjy «Turkmen ayna onumleri» kärhanasy günde iki ýüz tonna tekiz aýna we kyrk tonna golaý çüýşe gaplaryny çykarmaga ukyplydyr.

30 aprel 2018 ýyl

«Türkmenkabel» zawodynda elektrik togunyň harçlanşyny hasaplaýan elektron enjamlary öndürýän seh işe girizildi

“Türkmenmaşyngurluşyk” konserniniň “Türkmenkabel” zawodynyň täze sehiniň hünärmenleri bir fazaly elektrik energiýasynyň harçlanyşyny hasaplaýan elektron enjam çykarmaga we olary ýerlemäge ygtyýarnama aldylar.

30 aprel 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

2018-nji ýylyň 28-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasynyň, ýurdumyzy durmuş we ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

24 aprel 2018 ýyl

Özbegistanyň paýtagtynda giň möçberli sergi açyldy

2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp guralan Türkmenistanyň Milli sergisi öz işine başlady.

24 aprel 2018 ýyl

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi

2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Ir bilen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

23 aprel 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 20-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasaty degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

16 aprel 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

12 aprel 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2018-nji ýylyň 11-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň jemlerine, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.

30 mart 2018 ýyl

Ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin maksatnamasy hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda”

30 mart 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda jemgyýetçilik-syýasy çäre — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeş agzalarynyň ýakynda geçirilen saýlawlarynyň jemlerine seredildi.

19 mart 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

2018-nji ýylyň 15-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

10 mart 2018 ýyl

Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň ykdysady ösüşine ýokary baha berdi

Jenap Martin Sommeriň ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň (HPG) wekiliýeti 2018-nji ýylyň 19-njy fewralyndan 6-njy marty aralygynda döwlet edaralarynyň jogapkär işgärleri, ykdysadyýetiň hakyky böleginiň we maliýe pudaklarynyň wekilleri hem-de diplomatik jemgyýetçiligi bilen makroykdysady we maliýe ulgamyndaky ösüşlere baha bermek, ykdysady üýtgeşmeleri hem-de ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Aşgabatda iş saparynda boldy.

10 mart 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 9-njy martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

5 mart 2018 ýyl

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depginleri ýanwar-fewral aýlarynda 6,2 göterime deň boldy

Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde habar berlişi ýaly, 2018-nji ýylyň iki aýynda JIÖ-niň ösüş depgini 6,2 göterime, şol sanda senagat pudagynda 4,8 göterim, ulag we aragatnaşyk toplumynda 10,4 göterim, söwdada - 8,4 göterim, oba hojalygynda - 3,4 göterim we hyzmatlar ulgamynda - 10,1 göterim ýokarlandy.

5 mart 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 2-nji martynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda geçen iki aýyň dowamynda alnyp barlan işleriň jemleri barada degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meselelerine garaldy.

26 fewral 2018 ýyl

Arkadag bilen ýetilen beýik sepgitler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bagtyýar ýaşaýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda geçen ýyllaryň dowamynda müňýyllyklara barabar işler edilip, türkmen halky Berkarar hem bagtyýar döwletiň eýesi boldy. Bu ýetilen sepgitleriň ählisiniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bardyr.

26 fewral 2018 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti: bir-biregi ýakynlaşdyrýan taslamalar sebitiň ýurtlarynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga giň ýol açýar

Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan diwersifikasiýa ýoly bilen, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny köptaraply düzümleri döretmegiň hasabyna artdyrmak arkaly mawy ýangyjy eksport etmek boýunça tutumly işleri alyp barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda aýtdy.

26 fewral 2018 ýyl

Täze transmilli desgalaryň gurluşygyna taryhy badalga berildi

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga bermek, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar geçirildi.

26 fewral 2018 ýyl

Türkmenistanyň Merkezi banky TOPH taslamasyna bagyşlanylan ýadygärlik şaýy pullary çykardy

Taryhy wakanyň öňüsyrasynda--Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli geçirilen dabaranyň öňýanynda Türkmenistanyň Merkezi banky her haýsysynyň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik şaýy pullar toplumyny çykardy.

19 fewral 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2018-nji ýylyň 16-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise käbir welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

12 fewral 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 9-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň daşary syýasatyna degişli wajyp meselelere garaldy hem-de birnäçe resminamalara gol çekildi.

6 fewral 2018 ýyl

Türkmenistanyň ykdysadyýeti durnukly ösüş görkezýär

2018-nji ýylyň ýanwar aýyna bagyşlanylan Hökümetiň mejlisinde wise-premýer G.Myradowyň habar berşi ýaly, geçen degişli döwri bilen deňeşdirilende, öndürilen önümiň ösüşiniň umumy möçberi boýunça ösüş depgini 3,8 göterim artdy.

6 fewral 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 2-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri, döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

27 ýanwar 2018 ýyl

2017-nji ýylda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,5 göterime deň boldy

Bu görkeziji senagat pudagynda 5,5 göterim, gurluşykda 1,3 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterim, söwdada 9,4 göterim, oba hojalygynda 5 göterim we hyzmatlar ulgamynda 9 göterim ýokarlandy.

27 ýanwar 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

2018-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň geçen ýylda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlenildi hem-de ýerine ýetirilen degişli işlere baha berildi, şu ýylda halk hojalygynyň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.

22 ýanwar 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2018-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm ugurlaryna we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

15 ýanwar 2018 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2018-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge hem-de halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň barşynda möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem garaldy.