Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

2021-nji ÝYlyŇ habarlar arhiwi
31 dekabr 2021 ýyl

Jebisligiň we bitewüligiň nyşany

2021-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe toplumynda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ulag-kommunikasiýalar agentliginde, nebitgaz, söwda, gurluşyk we senagat toplumynda 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahatlar geçirildi.

29 noýabr 2021 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitindäki çykyşy

Hormatly Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylary!
Hormatly wekiliýetleriň agzalary!

Ilki bilen, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň ýolbaşçylaryna bu sammite gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna gelmek baradaky çakylygymyzy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.

29 noýabr 2021 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

29 noýabr 2021 ýyl

YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti mynasybetli şaýy pullar

Türkmenistanyň Merkezi banky şu ýylyň 28-nji noýabrynda — YHG-nyň gününde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegi mynasybetli, her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy.

28 sentýabr 2021 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki Çykyşy

Eziz watandaşlar, mähriban halkym!
Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we Hökümetiniň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýyl bolan 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda biz ýurdumyzyň baş baýramyny — eziz Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýini aýratyn buýsanç bilen garşylaýarys. Bu sene Garaşsyz ýurdumyzyň hem-de agzybir halkymyzyň abraý-mertebesini we şan-şöhratyny arşa göterýän, biziň her birimizi täze, has belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr..

28 sentýabr 2021 ýyl

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk toýuna ýadygärlik nyşany

Türkmenistanyň Merkezi banky ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan ýadygärlik altyn we kümüş şaýy pullaryny çykardy.

21 awgust 2021 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2021-nji ýylyň 20-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

3 iýul 2021 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2021-nji ýylyň 2-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

18 iýun 2021 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

2021-nji ýylyň 17-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de Balkan welaýatynyň we etraplarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, galla oragy bilen bagly meseleler girizildi.

5 iýun 2021 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2021-nji ýylyň 4-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi, möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine garaldy.

25 maý 2021 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2021-nji ýylyň 24-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

25 maý 2021 ýyl

«Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergä gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

22 maý 2021 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2021-nji ýylyň 21-nji maýynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

17 aprel 2021 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisinde eden çykyşy

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Biz şu gün Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisini geçirýäris. Men siziň ähliňizi bu mejlisiň geçirilmegi, Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

17 aprel 2021 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam etmelidir.

16 aprel 2021 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy" atly halkara maslahatda eden çykyşy

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Ozaly bilen, sizi täze Maslahatlar merkezinde gutlamaga rugsat ediň. Bu ajaýyp bina halkara durmuşyň möhüm meselelerini dürli görnüşdäki duşuşyklarda ara alyp maslahatlaşmak, şol meseleler boýunça hoşniýetli erk-isleg, jogapkärçilik hem-de döredijilikli hyzmatdaşlyk esasynda bilelikdäki oňyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin myhmansöýer künjek hem-de amatly meýdança bolar.

16 aprel 2021 ýyl

Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden çykyşy

Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary!
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Häzirki döwürde Türkmenistan giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şoňa görä-de, Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde örän uly wezipeler durýar. Biz döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmek boýunça kanun çykaryjylygy kämilleşdirmäge ýardam bermelidiris. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza esaslanýan ynsanperwer hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen ugrumyzy has netijeli durmuşa geçirmäge hemaýat etmelidiris.

13 aprel 2021 ýyl

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde paýtagtymyzda "Türkmenbaşy" döwlet täjirçilik bankynyň hem-de "Senagat" paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

30 mart 2021 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2021-nji ýylyň 29-njy martynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

20 mart 2021 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2021-nji ýylyň 19-njy martynda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

13 mart 2021 ýyl

Sanly ykdysadyýet ösüşleriň açary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bank ulgamyny diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak wezipesinden ugur alyp, ulgama sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmak, ilata hödürlenilýän sanly bank önümleriniň gerimini giňeltmek hem-de hilini ýokarlandyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar.

6 mart 2021 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2021-nji ýylyň 5-nji martynda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, içeri we daşary syýasatyň möhüm meselelerine garaldy.

1 mart 2021 ýyl

Elektron töleg ulgamynyň kämilleşdirilmegi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen "Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" ýylynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda bank ulgamynyň işi hem yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, soňky ýyllarda pul dolanşygynyň düzümini kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralarynda elektron töleg ulgamyny ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

27 fewral 2021 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2021-nji ýylyň 26-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

20 fewral 2021 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2021-nji ýylyň 19-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. 

13 fewral 2021 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Wise-premýerleriň, birnäçe ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de şu ýyl üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

23 ýanwar 2021 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2021-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taýýarlanylan taslamalaryna garaldy.

22 ýanwar 2021 ýyl

Sebitara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, ähli mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirýän eziz Watanymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýy has-da pugtalanýar.

11 ýanwar 2021 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz "Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany" diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi.

6 ýanwar 2021 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna täze ýyl gutlagy

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl tamamlanyp barýar. Biz az salymdan üstünliklere beslenen bu ýyl bilen hoşlaşyp, Täze — 2021-nji ýyly uly şatlyk bilen garşylarys.