Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

2023-nji ÝYlyŇ habarlar arhiwi
30 dekabr 2023 ýyl

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etmek hakynda karary

..Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge taýýarlyk görülýär...

30 dekabr 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2023-nji ýylyň 29-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ruhyýet” köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

23 dekabr 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary we beýleki meseleler girizild

16 dekabr 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 15-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

4 dekabr 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 30-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, şeýle hem beýleki meseleler girizildi.

21 noýabr 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

11 noýabr 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

4 noýabr 2023 ýyl

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy sammitindäki ÇYKYŞY

Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Ilki bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň şu günki ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmaga çakylyk hem-de çäräniň ýokary derejede guralmagy babatda döredilen amatly şertler we myhmansöýerligi üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe çuňňur minnetdarlyk bildirýärin...

4 noýabr 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, käbir beýleki meseleler girizildi.

4 noýabr 2023 ýyl

Türkmen manady — ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň we üstünlikleriniň nyşany

2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda "Senagat" paýdarlar täjirçilik bankynyň merkezi edarasynda milli pulumyz bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: milli manadyň durnukly ykdysady ösüşe täsiriniň ýokarlanmagy" atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

4 noýabr 2023 ýyl

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna

Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

7 oktýabr 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

25 sentýabr 2023 ýyl

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!

Milli demokratik däplerimize, aýanlyk, adalatlylyk, döwletlilik, kanunylyk we jemgyýetçilik pikirini nazara almak tejribämize esaslanyp, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli soraglary halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplan milli tejribämizden ugur alyp, biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirýäris. Bu wekilçilikli mejlisiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm soraglary maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn.

25 sentýabr 2023 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!

Ilki bilen, sizi we siziň üstüňiz bilen ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize we merdana halkymyza berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlyk binýadyny has-da pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin...

22 sentýabr 2023 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşy

Hormatly wekiliýetleriň Baştutanlary we agzalary!
Hanymlar we jenaplar!

.......Häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr....

22 sentýabr 2023 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýet agzalary! 

Ozaly bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şaripowiç Rahmona Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine gelmäge çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.
Myhmansöýer Täjigistanda geçirilýän şu gezekki duşuşyk biziň gatnaşyklarymyzyň hem-de sebit meselelerini bilelikde, raýdaşlyk ýagdaýynda çözmäge özara gyzyklanmanyň ýokary derejesiniň aýdyň subutnamasydyr...

22 sentýabr 2023 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy

Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýetleriň agzalary! 

....Türkmenistan halklarymyzyň bähbitlerine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny saklamagyň we netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili boljak döwletara guraly hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň formatyna örän möhüm ähmiýet berýär..

22 sentýabr 2023 ýyl

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasyndaky ÇYKYŞY

Hormatly döwlet Baştutanlary!
Gadyrly dostlar!

Sizi doganlyk Täjigistanyň topragynda, ýurduň paýtagty Duşenbe şäherinde mübäreklemäge şatdyryn. Şu gün men Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglandym. Taryhyň sahypalaryna nazar aýlasak, bu duşuşygyň binýadynyň ilkibaşda Aşgabatda goýlandygyny anyk aýdyp bilerin...

9 sentýabr 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipeleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

1 sentýabr 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 31-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

19 awgust 2023 ýyl

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy.

31 iýul 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 28-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

25 iýul 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

17 iýul 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Prezident maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler bilen baglanyşykly hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.

8 iýul 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 7-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

5 maý 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 4-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

3 aprel 2023 ýyl

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

2023-nji ýylyň 1-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda maslahat geçirdi.

3 aprel 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 31-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm syýasy çäre bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň jemlerine seredildi.

11 mart 2023 ýyl

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş sapary

2023-nji ýylyň 10-njy martynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

27 fewral 2023 ýyl

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş sapary

2023-nji ýylyň 25-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

27 fewral 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

13 fewral 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Wise-premýerleriň, aýry-aýry ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

23 ýanwar 2023 ýyl

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisindäki Çykyşy

Hormatly adamlar!
Mähriban halkym!

Uly ynam bildirip, meni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlandygyňyz üçin siziň ähliňize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Bu ynam meni ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, halkymyzy abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşatmagyň hatyrasyna mundan beýlägem yhlasly işlemäge borçly edýär.

23 ýanwar 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

16 ýanwar 2023 ýyl

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleriň depgini bilen tanyşdy

2023-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndaTürkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan işleriň depgini hem-de Ahal welaýatynyň merkezinde guruljak baş metjidiň taslamalary bilen tanyşdy.

16 ýanwar 2023 ýyl

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2023-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

13 ýanwar 2023 ýyl

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyndaky çykyşy

Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary!
Hormatly Mejlisiň deputatlary!

2023-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda biz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny geçirmek barada karara geldik. Siziň bilşiňiz ýaly, durmuş bir ýerde durmaýar, yzygiderli ösüp-özgerip barýar. Täze kadalardyr ýörelgeler bilen baýlaşýar we öňki garaýyşlar üýtgäp, başga many-mazmuna eýe bolýar...

13 ýanwar 2023 ýyl

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýurdumyzyň täze üstünliklerine badalga berdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli bähbitleri goramaga, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlarynda üstünliklere beslenen hem-de «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen 2022-nji ýyl tamamlandy. Bu ýylda Türkmenistan öz ösüşiniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» atly täze döwrüne gadam basdy.