Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde «Haryt nyşanlary hakynda» we «Harytlaryň gelip çykýan ýerleriniň atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada habar berildi.

Şol hukuk namalarynyň düzgünlerine laýyklykda, Ministrler Kabineti tarapyndan kadalaşdyryjy resminamalaryň birnäçesini, şol sanda «Haryt nyşanlary bilen bagly hereketler üçin paçlary tölemegiň tertibini», «Haryt nyşanlary bilen bagly paç alynýan hereketleriň sanawyny we paçlaryň möçberlerini», «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen bagly hereketler üçin paçlary tölemegiň tertibini», «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen bagly paç alynýan hereketleriň sanawyny we paçlaryň möçberlerini» tassyklamak göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiziň garamagyna haryt nyşanlary we harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen bagly paçlar hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler işinde milli kanunçylygy, şol sanda ykdysady ulgamy kadalaşdyrýan kanunçylygy döwrebaplaşdyrmaga möhüm ornuň degişlidigini belledi.
Milli Liderimiz soňky ýyllarda kabul edilen, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de bu ulgamda hereket edýän halkara ülňüleri nazara almak arkaly, işlenip taýýarlanylan kanunçylyk namalarynyň ähmiýeti barada aýdyp, bu ugurda işleri halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz «Haryt nyşanlary we harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen bagly paçlar hakyndaky» hödürlenen Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly iberdi we bu resminamanyň düzgünleriniň talaba laýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer kiçi we orta telekeçiligiň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hususy ulgamyň paýy artýar. Ýurdumyzyň telekeçileri hyzmatlar ulgamynda, önümçilik toplumynda we beýleki köp ugurlarda durmuşa geçirilýän taslamalara işjeň gatnaşýarlar.

Wise-premýer munuň hususy telekeçilere ýeňillikli salgyt salmak ulgamynyň kämilleşdirilmegini we degişli resminamalaryň işlenilip taýýarlanylmagyny talap edýändigini belledi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna käbir üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky teklibi hödürledi.

Milli Liderimiz täze önümçilik kuwwatlyklarynyň işe girizilmeginiň hem-de telekeçilik işiniň dürli görnüşleriniň döredilmeginiň salgyt salmak binýadyny giňeltmäge, Döwlet býujetine gelýän serişdeleriň möçberiniň artmagyna mümkinçilik berendigini belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň salgyt ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek zerurlygy barha artýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere bu ulgama döwrebap usullary işjeň ornaşdyrmagy, degişli kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň üstünde yzygiderli işlemegi hem-de bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň düzgünleri barada düşündiriş çärelerini geçirmegi tabşyrdy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer ýangyç-energetika toplumynyň dürli ugurlaryndaky işleriň ýagdaýy, nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny we önümçilik kuwwatyny berkitmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Uglewodorodlaryň täze känlerini ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-barlag işlerini giňeltmek, nebitgaz ýataklarynyň senagat taýdan özleşdirilişini çaltlandyrmak, nebitiň we gazyň gazylyp alnyşynyň hem-de gaýtadan işlenilişiniň mukdaryny artdyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Galkynyş» gaz käninde guýulary burawlamak üçin dürli ölçegli turbalary we beýleki serişdeleri satyn almaga «Sumitomo Corporation Europe Ltd.» (Beýik Britaniýa) kompaniýasy bilen şertnamanyň baglaşylmagyny göz öňünde tutýan Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzir ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşmaga gönükdirilen ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm wezipedigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň düzümlerini innowasion esasda döwrebaplaşdyrmaga, iri maýa goýum taslamalarynyň, şol sanda TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilişiniň möhletlerine hemişe gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýangyç-energetika toplumyna daşary ýurtly maýadarlary çekmäge, energetika pudagynda işlemegiň uly tejribesine hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn serişdeleri satyn almagy hakynda» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de Karary ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzda energetika kuwwatlyklaryny netijeli ulanmaga, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny artdyrmaga hem-de ugurlaryny giňeltmäge gönükdirilen halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hususan-da, bu işleri amala aşyrmak üçin Energetika ministrligi tarapyndan geçirilen halkara bäsleşigiň netijeleri barada habar berildi. Wise-premýer bu mesele boýunça seljermäniň netijeleri barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Şoňa laýyklykda, bäsleşigiň ýeňijileri bilen goşmaça şertnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet energetika syýasatynyň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendigini belledi.

Bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda energiýa üpjünçilik ulgamy doly täzelener. Munuň özi okgunly ösýän sebitleri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de wise-premýere degişli meseleleriň ählisini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz strategik häsiýete eýe bolan hem-de ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini belledi. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň mukdarynyň artmagy, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýan türk kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli işleýändigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz döwletara gatnaşyklary ösdürmekde Hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigini nygtap, bu düzümiň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentligi tarapyndan ýurdumyzda innowasion esasda elektron senagaty ösdürmek, içerki bazarlara gönükdirilen hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan elektron we elektrotehniki harytlary öndürmek, şeýle hem degişli bilelikdäki kiçi kärhanalary döretmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar.

«Türkmensenagat» agentliginiň bilelikdäki kärhanasy «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ekranynyň ölçegleri 32 dýum, 42 dýum we 55 dýum bolan smart telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şolarda Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Ýaş alymlar merkeziniň hünärmenleri tarapyndan düzülen programmany ulanmak meýilleşdirilýän IP-týunerler ornaşdyrylar. Smart telewizorlaryny ýokary hilli öndürmek maksady bilen, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri daşary ýurtlarda okadyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek baradaky meýilnamalary amala aşyrmak babatda senagat pudagyny ösdürmäge, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtady.

Baý serişdelere we intellektual kuwwata eýe bolan Berkarar Watanymyzyň döwrebap önümçilikleri, şol sanda elektron senagaty ulgamynda bilelikdäki kärhanalary döretmek mümkinçilikleri uludyr diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda geçirilýän işlere ýurdumyzyň hususy pudagyny işjeň çekmegiň zerurdygyny aýtdy.

Bu öz nobatynda hünär bilimlerini yzygiderli artdyrmagy, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamagy, iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegi we ýurdumyza çekmegi talap edýär. Umuman, milli Liderimiz ýurdumyzda smart telewizorlary öndürmek baradaky teklibi makullap, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek wezipesini netijeli çözmek barada birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak we şunuň bilen baglanyşykly söwda işleriniň wezipelerini halkara derejede guramak, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna nebitgaz pudagynyň, oba hojalyk hem-de senagat we kommunikasiýa toplumlarynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň Tertibiniň täzeden işlenen görnüşi hödürlenildi.

Täze tertip önümleriň ýerlenilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, geleşikleri baglaşmagyň kadalaryny düzgünleşdirmäge, elektron söwdalary geçirmek üçin şertleri döretmäge, işewürlik işlerine degişli amallara gözegçilik edilişini gowulandyrmaga, harytlar üçin amatly bahalary emele getirmäge hem-de eksportyň mukdaryny artdyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny düzgünleşdirýän baş edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işinde guramaçylyk çemeleşmeleri döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz hödürlenen taslamany makullap, degişli Kararyň taslamasyna gol çekdi hem-de birža söwdalaryny geçirmegiň täze tertibini tassyklady we ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işiniň döwrüň we bazaryň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmeginiň söwda hem-de telekeçilik işlerini, daşary ykdysady aragatnaşyklary işjeňleşdirmäge, ýurdumyzyň önümlerini daşary bazarlarda öňe ilerletmäge ýardam berjekdigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda hem-de ýaşlar syýasaty babatda özgertmeleri çaltlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreler barada habar berildi.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek we beden taýdan işjeňligini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň döwrebaplaşdyrylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu maksatnamanyň işlenilip taýýarlanylmagynyň we kabul edilmeginiň çaganyň irki ösüşine hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigine, şoňa görä-de, bu wajyp ugurda halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda jemgyýetçilik hem-de ylmy guramalaryň, dürli pudaklaýyn edaralaryň, sport we beýleki edaralaryň mümkinçiliklerini peýdalanmak maksadalaýykdyr. Döwlet Baştutanymyz durnukly ösüş üçin köpugurly çemeleşmeleriň zerurdygyna ünsi çekip, munuň geljegiň bähbidine serişdeleri, tejribeleri we bilimleri birleşdirmäge ýardam berýändigini aýratyn nygtady.

Milli Liderimiz geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen bu wajyp maksatnamany doly taýýarlap, soňra bu ugurda edilen işler babatda hasabat bermek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa öňümizdäki baýramçylyklara, şanly wakalara bagyşlanan medeni çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de medeniýet ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilişi barada hasabat berdi.

Täze ýyl baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda maslahatlar, sergiler, bäsleşikler, konsertler, sahna oýunlary we beýlekiler bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin dabaralaryň hem-de halkara döredijilik çäreleriniň türkmen halkynyň milli sungatynyň we medeni mirasynyň köpugurlydygyny aýdyň görkezmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Täze ýylyň golaýlaşyp gelýändigini we şoňa görä-de, uly ýaşlylar hem-de çagalar üçin köpöwüşginli baýramçylyk çäreleriniň, gyzykly sahna oýunlarynyň taýýarlanylmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl baýramy mynasybetli göz öňünde tutulýan çäreleriň bu ajaýyp baýramçylyga mahsus şatlyk-şowhunly toý görnüşinde guralmagyny üpjün etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipe borçlaryny, onuň gözegçilik edýän ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sanawyny, garamagyndaky bölümleriň düzgünnamalaryny, düzümini we işgär sanyny hem-de işgärleriň wezipe borçlaryny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de onuň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin meýdan işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Şu günler welaýatlarda meýdanlarda galan pagtany ýygnap almak işi tamamlanýar, döwlete tabşyrylan çig mal üçin pagtaçylar bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.

Şeýle hem ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görülýär, gowaçadan boşan meýdanlarda sürüm hem-de tekizleýiş işleri, tehnikalary we enjamlary abatlamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ak ekinlere birinji ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär.

Alymlaryň we tejribeli hünärmenleriň gatnaşmagynda ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, geljek ýylda ýetişdiriljek oba hojalyk ekinleriniň meýdanlaryny hem-de görnüşlerini kesgitlemek boýunça işler amala aşyrylýar.

Oba hojalygyna hususy öndürijileri çekmek hem-de önümçiligi alyp barmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak üçin zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny ösdürmek baradaky maksatnamalary durmuşa geçirmegiň käbir ugurlaryny güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şolar dürli oba hojalyk önümlerini öndürmegiň mukdaryny artdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiz wise-premýere öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny işe ornaşdyrmaga, ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmaga degişli anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem maýsalara ideg edilende, ähli agrotehniki talaplaryň berk berjaý edilmeginiň hem-de geljek ýyl bugdaýyň, pagtanyň we beýleki ekinleriň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň kepili bolan ýazky ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere möhüm görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 17-18-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek suw meseleleri boýunça sebit maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça wajyp sebit meselelerini, şol sanda suw serişdelerini dolandyrmak hem-de rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça anyk we netijeli çäreler amala aşyrylýar. Dünýä giňişliginde hem bu ugurdaky işler yzygiderli alnyp barylýar.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň binasynda geçiriljek foruma sebitiň ýurtlaryndan hem-de bu ulgamda ýöriteleşdirilen halkara guramalardan bilermenleriň hem-de daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly ulgamlardan hünärmenleriň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Maslahatyň esasy maksady Merkezi Aziýada suw-energetika hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak üçin BMG-niň utgaşdyrmagynda maksatlaýyn iş toparyny döretmek mümkinçiliklerine garamakdan, bu ugurda sebitiň döwletleriniň özara gatnaşyklarynyň gurallaryna, degişli şertnamalaýyn hukuk binýadyny ösdürmäge, innowasion suw tygşytlaýjy tehnologiýalary işjeň ulanmaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 18-nji dekabrda BMG-niň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn maslahatlaşmalar geçiriler. Olar Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geçen ýylyň awgustynda ýurdumyzda geçirilen sammitinde kabul edilen Bilelikdäki Beýannamasyna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2018-nji we 2019-njy ýyllarda kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalaryna laýyklykda guralar.

Bu çärelere degişli döwlet edaralarynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hünärmenleri we bilermenleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşarlar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada suw meselelerine halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak bilen hem-de abraýly halkara guramalaryň gatnaşmagynda garamak we çözmek ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Netijeli döwletara gatnaşyklar üçin diňe sebit ylalaşygy zerur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň anyk başlangyçlaryna, şol sanda şu mesele boýunça köptaraply diplomatik gatnaşyklaryň täze usuly hökmünde «Suw diplomatiýasyny» ilerletmäge degişli başlangyçlaryna ünsi çekdi. Türkmenistan hut şu ýörelgäni suw serişdelerini dolandyrmak, aýawly saklamak we rejeli ulanmak bilen baglanyşykly meseleleriň ählisine garamaga gönükdirilen ulgamlaýyn gatnaşyklaryň esasy hasaplaýar.

Suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak Türkmen döwletiniň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzyň Aral deňzi sebitiniň döwletleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak barada öňe süren başlangyjynyň möhüm ähmiýetini belledi. Şol maksatnama geljekde Birleşen Milletler Guramasynyň içerki suw gorlarynyň meseleleri boýunça köptaraplaýyn resminamalary işläp taýýarlamak üçin binýat bolup biler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, wise-premýere, daşary işler ministrine sebit we dünýä möçberinde möhüm ähmiýete eýe bolan bu meseleler boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň Kanunlaryny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň ýanyndaky ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek hem-de umumylaşdyrmak baradaky iş toparynyň maslahaty geçirildi. Iş toparynda gelip gowşan teklipler öwrenilip, Konstitusion Kanunyň taslamasyny taýýarlamak boýunça, şeýle-de onuň bilen bagly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler dowam edýär.

Degişli pudaklaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taýýarlanylyşy we ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly seljerme işleri geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşi bilen bilelikde, Korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Häzirki wagtda Mejlisde ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, milli parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň 2020-nji ýyl üçin meýilnamasy işlenip taýýarlanylýar. Şonuň bilen bir hatarda, umumylykda ykrar edilen halkara hukuk kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça hem işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, milli kanunçylygymyzyň üsti döwrüň ruhuna hem-de wezipelerine laýyk gelýän täze kanunlar bilen ýetiriler.

Mejlisiň deputatlary daşary ýurtlaryň wekilleri hem-de halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýän meseleler boýunça hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Aşgabatdaky merkezleri tarapyndan degişli pudaklar bilen bilelikde guralan maslahatlara gatnaşdylar.

Parlamentariler ýurdumyzda guralýan dabaralara we çärelere işjeň gatnaşyp, gazanylýan üstünlikleri, ykdysadyýetiň ösüş depginlerini, ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryny halkymyzyň arasynda giňden wagyz etdiler, kanunçylyk namalarynyň mazmunyny we wezipelerini düşündirmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyşlar guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça Mejlisiň geljekde hem yzygiderli işleri geçirmeginiň möhümdigini belledi. Milli Liderimiz deputatlaryň öz işini mundan beýläk-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga hem-de jemgyýetde demokratik ýörelgeleri ornaşdyrmaga gönükdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisiň jemini jemläp, Täze ýyl baýramyny garşylamaga taýýarlyk görlüşi bilen bagly meselä ünsi çekdi. Milli Liderimiz baýramçylyk dabaralarynyň hem-de medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary derejede guralmalydygyny hem-de hakyky türkmen toýuna mahsus ruhubelentlige beslenmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, saglyk bilen bagly dürli meseleleri döredýän, käbir kesellere getirýän hereketsiz durmuş ýagdaýy barada durup geçmek bilen, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin sagdyn gurşawy döretmegiň, dogry iýmitlenmekden başlap, sport bilen meşgullanmaga we ekologiýa abadançylygy bilen bagly meselelere ünsi çekdi.

Häzir dünýäde kompýuter we maglumat ulgamynyň ösmegi bilen, çagalar ençeme sagatlap kompýuterler, smartfonlar we planşetler bilen güýmenýärler. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi hereketsiz durmuş ýagdaýyna, görüşiň peselmegine we saglyk bilen baglanyşykly beýleki çylşyrymly ýagdaýlara getirýär.

Milli Liderimiz munuň döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň gaýragoýulmasyz wezipesidigini, şoňa görä-de, bu meseläniň degişli düşündiriş, aň-bilim işleriniň derejesini hem-de öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini aýdyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna bu babatda işleri güýçlendirmek barada görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip we mekdeplerde hepdede üç gezek bedenterbiýe sapagyny girizmek ýa-da her şenbe güni sport gününi geçirmek meselesine seredilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu tekliplere Ylymlar akademiýasynyň alymlary bilen bilelikde seretmegi we bu ugurda maksatnama taýýarlamagy tabşyrdy.

Täze okuw ýylyndan başlap, ähli orta we ýokary okuw mekdeplerinde şu sapaklary girizmeli diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýer P.Agamyradowa bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşynyň käbir beýleki möhüm meselelerine garalyp, şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi