Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

2012-nji ýylyň habarlar arhiwi
25 iýun 2012 ýyl

Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky halkyň hyzmatynda

2011-nji 12-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň 12 gatly, dünýä ulňülerine laýyk gelýän elektron-dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilen edara binasy ulanylmaga berildi.

25 iýun 2012 ýyl

Täze döwürde täze maksatlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz täze döwre – Berkakar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne – gadam basdy.

16 iýul 2012 ýyl

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk dowründe ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri gün-günden ýokarlanýar

Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň paýhasly hem-de maksada okgunly ýolbaşçylygynda ykdysadyýeti dowrebaplaşdyrmaga, ýurduň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga we artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli reformalar geçirildi.

19 iýul 2012 ýyl

«Şapak» hojalyk jemgyýetiniň kottejler toplumy myhmanlary garşylaýar

Şu ýylyň 7-nji iýulynda Hazar deňziniň kenarýakasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» Döwlet täjirçilik bankynyň buýurmasy boýunça gurlan «Şapak» atly ýokary derejeli kottejler toplumy açylyp ulanmaga berildi.


26 iýul 2012 ýyl

«Dokumentar akkreditiwler» atly okuw maslahaty

Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň hünär taýdan kämilligini mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen halkara amallaryna hyzmat etmek boýunça Germaniýanyň belli banklarynyň biri bolan «Kommerzbank AG» bankynyň wekiliniň Aşgabada iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynda «Dokumentar akkreditiwler» atly okuw maslahaty geçirildi.

30 iýul 2012 ýyl

«Maliýe hyzmatlarynyň elýeterliligi we mikromaliýeleşdirme.
Mikromaliýe işini kadalaşdyrmagyň esaslary» atly okuw maslahaty

2012-nji ýylyň 27-nji iýulynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wekiliniň Aşgabada iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynda «Maliýe hyzmatlarynyň elýeterliligi we mikromaliýeleşdirme. Mikromaliýe işini kadalaşdyrmagyň esaslary» atly okuw maslahaty geçirildi.

3 awgust 2012 ýyl

«Söwdanyň maliýeleşdirilmegi, dokumentar karzlar, töleg ulgamlary, telefon we elektron bank işi» atly okuw maslahaty

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bank ulgamyna dünýä innowasiýalaryny ornaşdyrmak, bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda köp aladalar edýär.

9 awgust 2012 ýyl

«Dünýädäki pul geçirimleriniň ýagdaýy» atly okuw maslahaty

2012-nji ýylyň 8-nji awgustynda «MoneyGram» kompaniýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Merkezi bankynda «Dünýädäki pul geçirimleriniň ýagdaýy» atly okuw maslahaty geçirildi.

13 awgust 2012 ýyl

Berkarar Döwletiň bagtyýarlyk döwründe daşary ykdysady gatnaşyklar kämilleşýär

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady syýasatyň çäklerinde pul-karz, salgyt-býujet, durmuş syýasatlary bilen bir hatarda, daşary ykdysady gatnaşyklarda pul (walýuta) syýasaty hem ykdysadyýetimiziň ösmegine, türkmen manadynyň abraýynyň mundan beýläk-de artmagyna hem-de ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.

21 awgust 2012 ýyl

Bütindünýä bankynyň wekiliýetiniň Türkmenistana nobatdaky iş sapary

2012-nji ýylyň 10-15-nji awgusty aralygynda Bütindünýä bankynyň wekiliýetiniň Türkmenistana nobatdaky iş sapary amala aşyryldy. Iş saparynyň çäklerinde 12-nji hem-de 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Merkezi bankynda duşuşyk geçirildi.

1 2 3 4 5 6 7 8