Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

2010-njy ýylyň habarlar arhiwi
23 fewral 2010 ýyl

Türkmenistan–AÖB: hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ugry kesgitlenildi

Türkmenistan 2000-nji ýylda AÖB-niň agzasy boldy, şu ýylyň başynda bolsa AÖB-niň Türkmenistandaky Hemişelik Wekilhanasyny döretmek hakyndaky ylalaşyga gol çekildi. Bu ylalaşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek ýolunda täze ädim boldy.

10 mart 2010 ýyl

Spartakiada dowam edýär

Beýik Galkynyş eýýamynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini öňe süren hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

13 mart 2010 ýyl

«Hazyna» myhmanlary garşylaýar

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamy dünýä derejesinde ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap binalar gurulýar.

16 mart 2010 ýyl

Aziýa ösüş banky we Türkmenistan

Ýakynda dünýä belli sebitleýin gurama bolan Aziýa Ösüş Bankynyň prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda boldy. Aziýa Ösüş Bankyna agza bolmak mümkinçiligi döwletler bilen bir hatarda ýuridiki şahslara hem berilýär. Häzirki wagtda 67 döwlet bu guramanyň agzasydyr.

26 mart 2010 ýyl

«Senagat» PTB-nyň elektron nagt pul geçirim hyzmatlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň bank ulgamynyň işlerini dünýä derejesinde gurnamak, pul aýlanyşygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky maksatnamasyndan ugur alyp, «Senagat» Paýdarlar Täjirçilik bankynyň hünärmenleri halkymyza ýokary hilli, halkyň islegini ödäp bilýän täze bank hyzmatlaryny ornaşdyrmakda döredijilikli zähmet çekýärler.

6 aprel 2010 ýyl

Halkara toparyň wekiliýetiniň sapary

Türkmen paýtagtynda bikanun gazanylan ullaryň legallaşdyrylmagyna garşy göreşmek boýunça maliýe bilen bagly çäreleri işläp taýýarlamak baradaky halkara toparyň (FATF) delegasiýasy saparda bolýar, bu delegasiýa ABŞ-nyň maliýe ministriniň orunbasary jenap Daniel Gleýzer ýolbaşçylyk edýär.

9 aprel 2010 ýyl

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň «De La Rue» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Häzirki döwürde täze tehnologiýalaryň giňden peýdalanylýan pudaklaryň biri-de bank ulgamydyr. Pullaryň dolanyşygyny hem özara hasaplaşyklary has aňsatlaşdyrmak maksady bilen ulanyşa bank kartlary girizilýär.

26 aprel 2011 ýyl

Türkmenistan–ÝAÖB: Täze baş ugruň tanyşdyrylyşy

Paýtagtymyzda Ýewropanyň Abatlaýyş we Ösüş bankynyň Türkmenistan boýunça 2010–2013-nji ýyllar üçin täze strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy.

28 aprel 2010 ýyl

Türkmenistan–ÝÖB: Hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen

Yslam ösüş bankynyň (YÖB) wekilçilikli delegasiýasynyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde bu iri halkara maliýe guramasynyň toparyna girýän ýöriteleşdirilen düzümleriň tanyşdyrylyşy boldy.

11 maý 2010 ýyl

HWG-niň wekiliýetiniň Türkmenistanda bolmagy

HWG-niň wekilleri ýurdumyzyň Merkezi bankynda we Türkmenistanyň Maliýe ministrliginde birnäçe gepleşikleri geçirdiler. Gepleşikleriň barşynda ýurtdaky ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmek babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

1 2 3 4 5 6