Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Karz amallaryny hasaba alyş işi

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň karz registri Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň Başlygynyň 20.12.2006ý. Buýrugyna laýyklykda, 2007-nji ýyldan bäri hereket edýär. Registriň döredilmeginiň maksady ynsapsyz müşderiler tarapyndan karzyň üpjünçiligi höküminde başga bir karzyň üpjünçiligi bolup duran emlägi hödürlenmegine ýol bermezlik babatda gözegçiligi alyp barmak zerurlygy bilen baglanyşyklydyr. Karz registriniň maglumatlar toplumynyň ulanylmagy zerur bolan maglumatlary dessine toplamaklyga we degişli çäreleri kabul etmeklige ýardam berýär. Häzirki wagtda karz registrini ýöriteleşdirlen ulanyjylaryň sany Türkmenistanyň Merkezi bankynda (welaýat şahamçalaryny goşmak bilen) we Türkmenistanyň täjirçilik banklarynda umumy 27 adama deň. 2009-njy ýylyň dowamynda banklara gözegçilik barlagy geçirlende ulgama 69.447 sapar girilendigi anyklandy.