Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Bank kadalaşdyrmasy we gözegçiligi

Banklaryň işine gözegçiligi alyp barmak, mälim bolşy ýaly, tutuş bank ulgamynyň, şeýle-de, aýratyn banklaryň ygtybarly we durnukly hereket etmegini üpjün etmek, şol bir wagtda banklaryň öz işini hereket edýän kanunçylyga we kadalaşdyryjy namalara laýyklykda amala aşyrmaklaryna umumy we üznüksiz gözegçiligi alyp barmak maksady bilen amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ulgamynda bank gözegçiligi yzygiderli alnyp barylýar we birnäçe tapgyrlardan düzülýär: ygtyýarlandyrma, banklaryň tabşyrýan hasabatlarynyň barlagy ýa-da menzilara gözegçilik, ýerlerde barlaglar (inspeksiýa), banklar tarapyndan gözegçilik guramalaryň talaplarynyň ýerine ýetirilşine barlag.

Bank ulgamyny ygtyýarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň "Işleriň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda" Kanunyna laýyklykda we Türkmenistanyň Prezidentiniň 27.02.2009ý. çykaran 10281 belgili "Türkmenistanda ygtyýarlandyrmak işini guramagyň meseleleri hakynda" kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Bank göegçiligi müdirligi tarapyndan "Türkmenistanda Bank işini ygtyýarlandyrmak hakynda" Düzgünnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu taslamada, ygtyýarlandyrylýan subýektleri kesgitlenilen, işjeňligiň görnüşi boýunça häsiýetlendirmesini nazara almak bilen bank amallary düzülen, rezident we rezident bolamdyk gatnaşyjy banklaryna degişli bolan talaplary jemlenilen, esaslyk maýalaryň toplanylmagy we ş.m. göz öňünde tutulan.

Gözegçilik işiniň ikinji tapgyry – menzilara (maglumatlar) gözegçiligi, ýa-da banklar tarapyndan tabşyrylýan hasabatlara barlag. Täjirçilik banklaryň işini has aýdyň häsiýetlendirýän esasy görkezijileriň ösüş depgininiň monitoringi, şeýle hem ähliumumy seljerme banklaryň maliýe ýagdaýyna baha bermeklige we bar bolan kemçilikleri ýüze çykarmaga ýardam berýär. Ýüze çykarylan kemçilikler öwrenilýär we olary aradan aýyrmaklyga degişli teklipleri işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Şeýlelik-de, bu tapgyrda maglumat gözegçiligi banklaryň işinde ýüze çykýan ýaramaz ýagdaýlaryň ilkinji duýduryjy ulgamy bolup çykyş edýär. Soňra banklaryň işine toplumlaýyn baha berilýär. Kemçilikleriň ýüze çykarylan ýa-da öňünden çaklanylan ýagdaýynda olaryň döremeginiň esasy sebäpleri öwrenilýär we olary aradan aýyrmaklygyň çäreleri hödürlenýär. Bu maksat bilen, käbir kynçylyklary irki wagtda ýüze çykarmaklyga ýardam berýän birnäçe hasabatlar girizildi. Banklaryň ykdysady kadalaşdyryjylary ýerine ýetirişi boýunça hasabat bankyň kynçylyklaryny kesgitlemeklige we maliýe ýagdaýyny durnuklaşdyrmak boýunça degişli çäreleri kabul etmeklige mümkinçilik berýär.

Gözegçilik edaralaryna tabşyrylýan maglumatlaryň takyklyk derejesine barlag, bankyň maliýe ýagdaýyna, onuň menejmentiniň hiline diňe ýerlerde geçirilýän gözegçilik barlaglarynyň dowamynda has anyk göz ýetirmek bolar. Bu ýerde bank işiniň hereketine gözegçilik döwründe (ýerlerde geçirilýän barlagda) gözegçiligiň üçünji tapgyrynyň manysy kesgitlenilýär.

Toplumlaýyn barlagyň dowamynda bankyň işiniň dürli ugurlary we esasy töwekgellik döräp biljek bölümleri seljerilýär. Düzgün bolşy ýaly, bank tarapyndan kanunlaryň berjaý edilişi, tabşyrylýan hasabatlaryň takyklygy, töwekgel amallaryň ýokary derejeli dolandyrylşy, şeýle hem netijeli dolandyryş ulgamynyň we içki gözegçilik ulgamynyň barlygy ýüze çykarylýar we bankyň umumy maliýe ýagdaýyna baha berilýär.

Maksatlaýyn barlaglarda bank işiniň belli bir ugurlaryna, töwekgelli böleklerine seredilýär, meselem, karz bukjasyna barlag we seljerme ýa-da goýum amallarynyň amala aşyrylşy.

Ýörite barlaglaryň dowamynda bankyň anyk amallaryna seredilýär, meselem, daşary ýurt puly bilen geleşikler, maglumat tehnologiýasynyň howpsuzlygynyň üpjün edilşine barlag we başgalar. Barlaglaryň geçiriliş ýygylygy we olaryň göwrümi gözegçilik edaralarynyň banklara bolan ynamyna, olaryň maliýe karz ulgamynda tutýan ornuna, olarda bar bolan kemçiliklere baglylykda üýtgäp durýar. Bu görnüşli barlaglar esasan iri banklarda, şeýle-de, uly kynçylyk çekýän banklarda geçirilýär.

Ýerlerde geçirilýän barlaglar banklar tarapyndan gözegçilik edaralaryna habar berilýän maglumatlaryň takyklygyny barlamaklyga, tabşyrylýan maglumatlary diňe öwrenmekligiň esasynda ahyrky netije çykarmaklyk kyn bolan ugurlar boýunça ýokary hilli seljerme geçirmek bilen, has doly we aýdyň maglumat almak mümkinçiligi arkaly bankyň hakyky ýagdaýy barada maglumatlary aýdyňlaşdyrmaklyga ýardam berýär. Ýerinde gözegçilik barlaglarynyň maksatlaryna, bankyň amallarynyň kanunylygyny tassyklamak we gözegçilik edaralaryň belli bir bank boýunça soňraky hereketler barada çözgüt kabul etmek üçin ahyrky netije çykarmaklyk degişlidir.

Soňky wagtlarda töwekgellikleri dolandyryş we içki gözegçilik ulgamynyň, karz bukjasynyň we karzlar boýunça bolup biljek ýitgiler üçin gorlaryň ýeterlikliginiň, ýolbaşçylaryň ýokary hünärmenlik derejesiniň, buhgalter hasabynyň we dolandyryjy çözgütleri kabul etmek ulgamynyň netijeliligine baha bermeklik has wajyp bolup durýar. Bu maksatlar bilen, bank gözegçiligi edaralary tarapyndan esasy üns menzilara (maglumatlar) gözegçiligiň dowamynda we öňki barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan kemçilikleri öwrenmeklige gönükdirilendir.

Bank gözegçiligiň jemleýji, dördünji tapgyry gözegçilik barlaglary geçirmekdir, onuň wezipelerine toplumlaýyn barlagyň dowamynda ýüze çykarylan kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça gözegçilik edaralary tarapyndan kesgitlenen talaplaryň bellenilen möhletinde banklar tarapyndan ýerine ýetirilmegine ýa-da bankyň kynçylykly ýagdaýynda gözegçilik tertipde kanunçylykda göz öňünde tutulan çäreleriň ulanylmagyna gözegçiligi amala aşyrmaklyk degişlidir.