Şahsy taraplaryň goýumlaryny ätiýaçlandyrmak
Türkmenistanyň Merkezi banky ilatyň goýumlarynyň saklanylşyna aýratyn üns berýär. Bu maksatlar bilen TMB-y şahsy taraplaryň goýumlaryny ätiýaçlandyryş gaznasyny döretdi. Merkezi bankyň talaplaryna laýyklykda, her täjirçilik banky şahsy taraplardan goýum görnüşinde çekilen serişdeleriň umumy möçberinden agzalan gazna serişdeleri geçirmelidir. Geçirmeleriň möçberi 0,125% düzýär. 01.01.2010ý. ýagdaýyna şahsy adamlaryň goýumlaryny ätiýaçlandyryş gaznasynda toplanan serişdeleriň galyndysy 2.404 müň.manat. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirlende serişdeleriň möçberi 32% artdy.