Karz auksiony
Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan karz auksionyny geçirmekligiň maksady, banklaryň erkin duran serişdelerini aýlanşyga çekip, olary banklara ýerleşdirmeklik bilen karzlaşdyrmaklyga, şeýle hem banklaryň tölege ukyplylygyny goldamaklyga gönükdirmekden ybaratdyr. Auksiona gatnaşyjylar bolup, TMB-ky we Türkmenistanyň çäginde bellige alnan täjirçilik banklary çykyş edýär. Olaryň satyjy hökmünde karz auksionyna gatnaşmak, alyjy hökmünde karz auksionyna gatnaşmak hem-de başga banklaryň adyndan serişdeleri satyn almak ýa-da satmak hukuklary bardyr. Geleşigiň esasy obýekti bolup, bazar islegi hem-de teklibi esasynda möçberi we bahasy kesgitlenilýän milli pulumyzdaky pul serişdeleri çykyş edýär