Hökmany ätiýaçlyklar
Hökmany ätiýaçlyklar Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul-karz syýasaty gurallarynyň biri bolup, pul multiplikatoryny peseltmek arkaly pul agregatlarynyň möçberine täsir edýär. Hökmany ätiýaçlyklar banklaryň karz mümkinçiliklerini çäklendirmek we pul toplumynyň möçberini belli bir derejede saklamak maksady bilen kesgitlenilýär. Soňky gezek 2015-nji ýylyň fewral aýynda hökmany ätiýaçlyklaryň derejesine täzeden seredildi we şu derejelerde kesgitlenildi:
- milli puldaky möhletli serişdeler boýunça 5%;
- daşary ýurt pulundaky möhletli goýumlar boýunça 6%;
- milli puldaky beýleki serişdeler boýunça 12%;
- daşary ýurt pulundaky beýleki serişdeler boýunça 9%.