Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamynda TMB-niň işi

Türkmenistanyň Merkezi banky Kawkaz döwletleri, Merkezi Aziýa we Russiýa Federasiýasy ýurtlarynyň bank gözegçiligi boýunça Bazel komitetiniň sebitara toparynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistanda hereket edýän banklara gözegçilik etmek we ygtyýarlandyrmak boýunça işjeňligi sazlaşdyrmak ulgamynda Bazel toparynyň tekliplerini ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň banklary tarapyndan daşary ýurt pulunda aragatnaşyk (korrespondent) hasaplary diňe birinji derejeli daşary ýurt banklarynda açylandyr. Şu günki güne, esasy üns jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileri kanunlaşdyrmaklyga we terrorçylygy maliýeleşdirmeklige garşy hereket etmek boýunça esasy halkara talaplaryna, hususan-da, Bazel toparynyň "Öz müşderiňi tana", jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileri kanunlaşdyrmaklyga garşy hereket etmek maksatlarynda bank we täjirçilik syryny saklamak talabyny gowşatmak, adaty bolmadyk we şübheli amallary aýdyňlaşdyrmak bolup durýar. Bank ulgamynyň jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileri kanunylaşdyrmak meselesiniň has-da derwaýys bolup, durýandygyny göz öňünde tutup, banklaryň we kadalaşdyrjy guramalaryň işi ilkinji nobatda jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan  girdejileri kanunylaşdyrmaklyga we terrorçylygy maliýeleşdirmeklige garşy hereket etmek boýunça ygtybarly çärelere gönükdiriler. Türkmenistanyň "Jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terroçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaky" kanunynyň kabul edilmegi, şeýle hem, kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň işlenip taýýarlanylmagy, ilatyň we mümkin bolan maýagoýujylaryň öňünde bank ulgamynyň howpsyzlyk derejesiniň ýokarlanmagyna ynamyny artdyrar.