Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar bilen baglanyşykly işini ygtyýarlylandyrmak

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar bilen baglanyşykly işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamany almak üçin, Ygtyýarlylandyryjy edaranyň adyna ýazylan arzanyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:
Ýuridik şahslar üçin:
- esaslandyryjy resminamalaryň bellenen tertipde tassyklanan nusgalary;
- Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň, ýuridik şahsyň salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamasynyň, döwlet tarapyndan hasaba almak hem-de Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnamasynyň bellenen tertipde tassyklanan nusgalary;
- Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatynda Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklara gatnaşyjysynyň şahadatnamasynyň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy ýa-da kiçi we orta telekeçilik subýektlerine degişli etmek barada güwänamasy;
- Türkmenistanyň dahylsyzlary üçin gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar bilen baglanyşykly işi amala aşyrmaga hukugy bolan wekiliň ynanç hatynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kanunylaşdyrylan nusgasy (Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlardan bolan daşary ýurt kompaniýalarynyň şahamçalarynyň, wekilçilikleriniň wekillerine berlen ynanç hatlary muňa girmeýär);
- Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölegler boýunça bergisiniň ýokdugy barada döwlet salgyt gullugynyň kepilnamasy;
Fiziki şahslar üçin:
- hususy telekeçi hökmünde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň bellige alnyşy hakynda şahadatnamanyň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy we onuň pasportunyň nusgasy;
- Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölegler boýunça bergisiniň ýokdugy barada döwlet salgyt gullugynyň kepilnamasy.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäri ýokarda görkezilen resminamalardan başga, arza şulary hem goşýar:
1) Ykdysady işleriň görnüşleriniň döwlet klassifikatorynyň (mundan beýläk - YIGDK) 24.41.00, 32.12.00 işiň görnüşleri boýunça:
- Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Döwlet mähekleýiş edarasynyň hasaba alyş şahadatnamasynyň nusgasyny;
- degişli ygtyýarly döwlet edarasynyň ölçeg serişdeleriniň barlanandygy barada laýyklyk şahadatnamasynyň nusgasyny;
- Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Döwlet mähekleýiş edarasy tarapyndan ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň şaý-sep önümleriniň düzüminiň yzygiderli anyklanylmagyny tassyklaýan resmi maglumatlaryny (ygtyýarnamanyň hereketiniň möhleti uzaldylanda);
- ygtyýarnamanyň dalaşgärinde ygtyýarlylandyrylýan işi amala aşyrmak üçin onuň eýeçilik hukugy esasynda ýa-da kanuny esasda peýdalanmaga hukugy bolan jaýlarynyň bardygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgalaryny;
- bar bolan önümçilik enjamlarynyň sertifikatlaşdyrlandygyny tassyklaýan resminamalaryň hem-de şaý-sep gurallarynyň sanawyny;
2) YIGDK-niň 46.77.20 işiň görnüşi boýunça:
- Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklara gatnaşyjysynyň şahadatnamasynyň bellenen tertipde tassyklanan nusgasyny ýa-da kiçi we orta telekeçilik subýektlerine degişli etmek barada güwänamany;
- Türkmenistanyň ygtyýarly banklarynda daşary ýurt pulundaky hasabynyň bardygy baradaky kepilnamany;
3) YIGDK-niň 46.48.10, 46.72.40, 47.77.00, 47.78.10, 47.79.11  işiň görnüşleri boýunça:
- Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Döwlet mähekleýiş edarasynyň hasaba alyş şahadatnamasynyň nusgasyny;
- degişli ygtyýarly döwlet edarasynyň ölçeg serişdeleriniň barlanandygy barada laýyklyk şahadatnamasynyň nusgasyny;
- gözegçilik-pulhana abzallarynyň döwlet tarapyndan hasaba alnandygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgalaryny;
- ýöriteleşdirilen dükanyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylandygyny tassyklaýan ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen resminamalaryň nusgalaryny;
- ýöriteleşdirilen dükany açmak üçin şäheriň (etrabyň) häkimliginiň rugsat hatyny;
- gymmatlyklary saklamak üçin ýörite jaýyň (ýa-da gaznanyň) Türkmenistanyň Merkezi bankynyň tassyklan tertibinde görkezilen tehniki talaplara laýyklygy baradaky barlagyň güwänamasynyň nusgasyny hem-de onuň degişli tertipde enjamlaşdyrylandygyny tassyklaýan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gorag müdirligi tarapyndan berlen resminamalary;
- jaýyň goragy hakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Gorag müdirligi bilen baglaşylan şertnamanyň nusgasyny;
- Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, ýangyn howpsuzlygy gullugy edaralarynyň degişli netijenamalarynyň nusgalaryny;
- ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň (ýolbaşçysynyň we wezipe sanawyndaky degişli işgärleriň) hünär derejesini tassyklaýan resminamalaryny;
- zerur halatlarda, ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň özi we (ýa-da) onuň esaslandyryjysy (esaslandyryjylary) barada daşarky we (ýa-da) içerki bazardaky täjirçilik abraýynyň we maliýe ýagdaýynyň aýdyňlaşdyrmasyny goşmak bilen, giňişleýin maglumaty;
5) YIGDK-niň 07.29.40, 08.99.21 işiň görnüşleri boýunça:
- bar bolan enjamlaryň sanawyny, şeýle hem olaryň degişli sertifikatlaşdyrylandygyny tassyklaýan resminamalary hem-de serişdeleriň sanawyny;
- işiň şeýle görnüşlerini amala aşyrmak üçin «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan berilýän senagat howpsuzlygy, howply desgalary taslamak we gurmak hem-de howply ýükleri daşamak babatynda işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamany;
- ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ýolbaşçysynyň we wezipe sanawyndaky degişli işgärleriniň hünär derejesini tassyklaýan resminamalary;
- ygtyýarnamanyň dalaşgärinde ygtyýarlylandyrylýan işi amala aşyrmak üçin onuň eýeçilik hukugy esasynda ýa-da kanuny esasda peýdalanmaga hukugy bolan önümçilik ammarynyň bardygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgalaryny;
- zerur halatlarda ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň özi we (ýa-da) onuň esaslandyryjysy (esaslandyryjylary) barada daşky we (ýa-da) içerki bazardaky täjirçilik abraýynyň we maliýe ýagdaýynyň aýdyňlaşdyrmasyny goşmak bilen, giňişleýin maglumaty.
Ýokarda görkezilen resminamalaryň asyl nusgalary Ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan zerur halatlarda talap edilip bilner.
Bellik: YIGDK-niň 07.29.40, 08.99.21 we 46.77.20 şertli belgileri (kodlary) boýunça ygtyýarnamalar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, diňe ýuridik şahslara berlip bilner.