Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Bank işini ygtyýarlylandyrmak

Bank işini amala aşyrmaga ygtyýarnama Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellige alnan bank we bank däl karz edaralaryna resmileşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, bank we bank däl karz edaralary – ygtyýarnamanyň dalaşgäri bank işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamany almak üçin, Ygtyýarlylandyryjy edaranyň adyna ýazan arzasynyň ýanyna şu resminamalary goşýar:
- Karz edarasyny esaslandyryjylaryň gollary we möhürleri bilen berkidilen dörediş şertnamasynyň, Tertipnamasynyň, Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň, döwlet tarapyndan hasaba almak  hem-de Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnamasynyň bellenen tertipde tassyklanan nusgalaryny;
- ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň wekiliniň ygtyýarlaryny tassyklaýan resminamany;
- daşary ýurt pulunda amallaryň geçirilmegi üçin Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklara gatnaşyjysynyň şahadatnamasynyň bellenen tertipde tassyklanan nusgasyny ýa-da kiçi we orta telekeçilik subýektlerine degişli etmek baradaky güwänamany;
- ýuridik şahsyň salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamasynyň bellenen tertipde tassyklanan nusgasyny;
- ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ygtyýarlylandyrylýan işi ýerine ýetirjek wezipeli adamlarynyň bilim derejesini kesgitleýän we laýyklygyny tassyklaýan resminamalarynyň nusgalaryny;
- ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň ygtyýarlylandyrylýan işi ýerine ýetirmek üçin 3 ýyllyk işewürlik meýilnamasyny;
- ygtyýarnamanyň dalaşgärinde ygtyýarlylandyrylýan işi amala aşyrmak üçin oňa eýeçilik hukugy esasynda ýa-da kanuny esasda peýdalanmaga hukugy bolan jaýyň bardygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgasyny;
- bank işi bilen baglanyşykly amallary amala aşyrmak üçin programma-tehniki (üpjünçilik) serişdeleriň, telekommunikasiýa we (ýa-da) beýleki ýöriteleşdirilen enjamlaryň bardygyny tassyklaýan resminamalaryny;
- nagt pul serişdeleri we gymmatlyklar bilen bagly amallary amala aşyrýan karz edaralary üçin Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kassa talaplarynyň ýerine ýetirilýändigini tassyklaýan resminamalaryny;
- Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýangyn howpsuzlyk we gorag gulluklarynyň ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň jaýynyň ýangyna garşy we tehnologiki kadalara, şeýle hem jaýyň we onda ýerleşdirilen enjamlaryň we beýleki tehniki serişdeleriň aýratyn talaplara laýyk gelýändigini, işgärleriň janyny we gymmatlyklaryň saklanylyşyny goramak mümkinçiliginiň üpjün edilýändigini tassyklaýan resminamasyny;
- ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň jaýynyň ekologik, arassaçylyk-keselleriň ýaýramagynyň öňüni almagyň we şahsy arassaçylyk kadalarynyň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan Türkmenistanyň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen resminamalaryny;
- gymmatly kagyzlaryň (paýdarlar jemgyýeti üçin) emissiýasynyň bellige alnandygyny tassyklaýan resminamalaryň nusgasyny;
- esaslandyryjylar tarapyndan karz edarasynyň esaslyk maýasyna geçirilýän serişdeleriň çeşmesiniň kanunylygyny tassyklaýan resminamalary;
- bank kartlarynyň emitentleri üçin maglumatlary goramagyň, şeýle hem bank kartlaryny we ulanylýan maksatnamalaýyn-tehniki serişdeleri goramagyň kadalaryny.

Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň esaslyk maýasyna paýly gatnaşýan ýa-da esaslandyryjysy (esaslandyryjylarynyň biri) bolup Türkmenistanyň dahylsyzy bolan fiziki we ýuridik şahslar çykyş eden halatynda, şu Düzgünnamanyň ýokarda görkezilen resminamalardan başga, bank işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamany almak üçin berilýän arza şular hem goşulýar:
Türkmenistanyň dahylsyzy bolan ýuridik şahslar üçin:
- esaslandyryjysynyň (paýly gatnaşyjysynyň) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kanunylaşdyrylan Tertipnamasynyň (esaslandyryş resminamalarynyň) nusgasy (Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa);
- öz ýurdunda amala aşyrýan işi bilen baglanyşykly alnan ygtyýarnamanyň we (ýa-da) rugsat beriji beýleki resminamalaryň nusgasy (şol döwletiň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bolsa);
- Türkmenistanyň çäginde karz edarasyny ýa-da aýrybaşgalanan düzüm birligini döretmek hakyndaky teswirnama, şertnama ýa-da başga resminama görnüşindäki çözgüdiň nusgasy;
- Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagynda karz edarasynyň ýa-da aýrybaşgalanan düzüm birliginiň döredilmegine şol döwletiň degişli ygtyýarly edarasynyň rugsady (şol döwletiň kanunçylygynda göz öňünde tutulan bolsa);
- soňky üç ýyl boýunça maliýe hasabatynyň we garaşsyz auditor guramasynyň netijenamasynyň nusgasy;
Türkmenistanyň dahylsyzy bolan fiziki şahslar üçin:
- Türkmenistanyň dahylsyzy bolan fiziki şahsyň pasportunyň nusgasy;
- Türkmenistanyň dahylsyzy bolan fiziki şahsa hyzmat edýän daşary ýurt bankynyň onuň bank hasabyndaky serişdeleriniň degişli möçberiniň bardygyny tassyklaýan resminamasy.
Ýokarda görkezilen resminamalaryň asyl nusgalary Ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan zerur halatlarda talap edilip bilner.
Ýokarda görkezilen resminamalaryň türkmen dilinde resmi terjimesi bolmalydyr.