Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

2008-nji ýylyň habarlar arhiwi
14 noýabr 2008 ýyl

Halkara Walýuta Gaznasy: Türkmenistan ykdysady reformalary durmuşa geçirmekde uly öňegidişliklere eýe boldy

Tutuşlygyna alanyňda HWG-nyň işgärleri Türkmenistanyň Hökümetiniň ykdysady reformalary (aýratyn hem alyş-çalyş kurslaryny unifikasiýalaşdyrmak babatynda) durmuşa geçirmekde ep-esli progrese eýe boldular diýen netijä geldiler diýip, Piter Uingli nygtady.

14 noýabr 2008 ýyl

Manadymyz - milli buýsanjymyz

Milli manadymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň esasy möhüm alamatlarynyň biridir. Döwletimiziň aýratyn pul birliginiň bolmagy ýurdumyzda özbaşdak pul-karz syýasatyny alyp barmaga, ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

3 dekabr 2008 ýyl

Ipoteka – sosial syýasatyň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen parasatly sosial-durmuş syýasaty öňe sürmek bilen, beýik Galkynyşlar we özgertmeler zamanasynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has gowulandyrmak maksady bilen möhüm resminamalary kabul etdi we olar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

4 dekabr 2008 ýyl

«Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň wezipeleriniň esasy bölegi oba hojalyk pudagyna goldaw bermek bolup durýar. Şu babatda bankymyz öz müşderileriniň ýetişdiren oba hojalyk önümlerini walýuta bazarynda eksport şertnamalary boýunça satyp, olaryň pul serişdeleriniň  walýuta ...

4 dekabr 2008 ýyl

Germaniýa iş sapary

2008-nji ýylyň 13-15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna resmi sapary boldy. GFR-de türkmen lideri bilen bilelikde 140 adamdan ybarat bolan wekiliýet, şol sanda medeniýet işgärleri hem gatnaşdylar.

4 dekabr 2008 ýyl

Täze milli galkynyş zamanasynyň bank ulgamy

Türkmenistany dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak maksady bilen Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny, şol sanda syýasaty, durmuş-ykdysady ulgamy, medeniýeti, ruhyýeti öz içinde alýan hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak syýasaty durmuşa geçirilip başlandy.

5 dekabr 2008 ýyl

Lizing we faktoring amallary

Banklar babatda lizing, faktoring amallaryna adaty däl bank amallary hökmünde häsiýetlendirilýär. Faktoring – maliýe hyzmatlarynyň görnüşi bolup, ol täjirçilik banklary, faktor-firmalary tarapyndan kiçi we orta firmalar üçin maliýe hyzmatlaryny ýerine ýetirmekdir.

5 dekabr 2008 ýyl

Ykdysadyýetimiz ynamly ösüş ýolunda

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde özüniň ykdysady-durmuş ösüşleri, halkara ähmiýetli döwrebap taslamalary bilen dünýä arenasynda möhüm orny eýeleýär.

8 dekabr 2008 ýyl

Halkara Walýuta Gaznasynyň wekilleriniň Türkmenistana iş sapary

2008-nji ýylyň 1-6 dekabry aralygynda terrorçylygy maliýeleşdirmegiň garşysyna meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana Halkara Walýuta Gaznasynyň wekilleri geldi.

16 dekabr 2008 ýyl

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy

Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplygynyň 13 ýyl baýramçylygy uly dabaralar bilen utgaşyp geldi. Ýetip gelen bu baýramçylyk mynasybetli, ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarynda dürli çäreler geçirildi.

1 2 3 4 5