Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasynyň söwdalaryna gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalaryň sanawy
1. Daşary ýurt puluny satyn alyjynyň-satyjynyň döwlet bellige alyş resminamalary we şahadatnamalar:
- Türkmenistanyň edaralaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi;
- Hususy telekeçiniň bellige alyş şahadatnamasy;
- Hususy telekeçi tarypyndan bellenilen patent töleginiň tölenendigine şaýatlyk edýän patent (daşary ykdysady işini amala aşyrmaga hukugy bilen);
- Türkmenistanyň Daşary ykdysady aragatnaşyklara gatnaşyjysynyň şahadatnamasy.
2. Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda aýratyn işleriň görnüşleri ygtyýarlandyrmaga we/ýa-da sertifikasiýalaşdyrmaga degişli bolsa, şol işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama (lisenziýa) we/ýa-da sertifikat, şol sanda:
- Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň maýa goýumly şertnamlary boýunça netijesi (gurluşyk şertnamalaryna degişli);
- Taslama işleri boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Baş döwlet seljeriş müdirliginiň kanagatlandyryjy netijenamasy (gurluşyk şertnamalara degişli).
3. Şertnamalar ýa-dam satyn alynjak pul serişdelerini peýdalanmaga esas bolýan beýleki töleg resminamalary:
- Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynda bellige alnan daşaryykdysady şertnama we oňa goşmaçalar;
- Maýa goýumly maksatnamalaryň çäklerinde baglanyşylan we Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan bellige alnan şertnama (gurluşyk şertnamalaryna degişli );
- Hasap sypatnamalar, beýleki şertnamalar we resminamalar;
- Önümçilik we sosial maksatly binalary gurmak barada baglaşylan şertnamalaryň bahasynyň 30 göteriminden az bolmadyk gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek barada daşary ýurt potratçy bilen ýerli gurluşyk guramalarynyň arasynda baglaşylan şertnama (gurluşuk şertnamalara degişli);
- Işleri ýerine ýetirlendigi barada buýrujynyň we potratçynyň ygtyýarlandyrylan şahsiýetleri tarapyndan gol çekilen we möhür basylan delilnamanyň asyl nysgasy.
4. Türkmenistanyň çäklerine harytlaryň getirilendigi barada tassyklaýjy we rugsat beriji resminamalar:
- Türkmenistanyň Gümrük gullugynyň gümrük ýük jarnamasy;
- «Türkmenstandartlary»baş döwlet gullugynyň laýyklyk sertifiakaty;
- Türkmenistanyň çäklerine harytlary getirmek üçin zerur bolan ygyýarnamalar we sertifikatlary;
5. Arza berlen wagtyndaky gurluşyk desganyň ýagdaýy barada foto maglumatlary.
6. Manat serişdeleriniň gelip çykyşy hakynda hyzmat edýän bankyň güwänamasy (daşary ýurt maýa goýujylar peýdany we maýany daşary ýurda geçirmek üçin niýetlenen arzalara degişli)
- Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan banklar tarapyndan kabul edilýän ähli resminamalar arza berlen wagtynda möhletiniň güýjünde bolmaly. Müşderilerden resminamalary kabul edilen mahaly ähli resminamalaryň asyl nusgasyny we olaryň müşderi tarapyndan goly we möhüri bilen kepillendirilen göçürmesini talap edilýär, resminamanyň asyl nusgasy bilen göçürmesini deňeşdirilenden soňra asyl nusgalar müşderilere yzyna gaýdyp berilýär. Türkmenistanyň ygtyýarlandyrylan banklarynda görkezilen resminamalar öň bar bolan halatynda, bu resminamalar ikiji gezek talap edilmeýär. Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasynyň zerurlyk ýüze çykan halatynda goşmaça resminamalary talap etmäge hukugy bar.