Biržada agza bolmak
Birža söwdalaryna gatnaşmak hukugy Türkmenistanyň Merkezi bankyndan başga diňe Biržanyň şu agzalaryna berilýär:
- Türkmenistanda hasaba alnan we daşary yurt pulunda amallary geçirmek üçin Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berlen ygtyýarnamasy bolan ygtyýarly edilen banklar;
-
Daşary ýurt pulunda eksport girdejisi bolan eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki beýleki edara görnüşli taraplar – Türkmenistanyň dahyllylary.
Türkmenistanyň Merkezi banky, şeýle hem Biržanyň agzalary bolan ygtyýarly edilen banklar birža araçlarynyň wezipelerini ýerine ýetirýär.
Daşary yurt pulunda amallary geçirmek üçin Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan berlen ygtyýarnamasy bolmadyk banklar söwdalara ygtyýarly edilen banklar bilen degişli şertnamalary baglaşmak arkaly şol banklarynyň üsti bilen gatnaşyp biler.
Türkmenistanyň dahyllylarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, olaryň ählisiniň birža araçlarynyň üsti bilen Biržada amallary amala aşyrmaga hukugy bardyr.