Bank ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk
«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de ýurdumyzy ýakyn we uzak ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna, beýleki hukuk namalaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly ýerli önümçilikleri goldamak, bank ulgamynyň innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmek, ykdysady taýdan ähmiýetli pudaklary maliýeleşdirmek maksady bilen, halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär. Ýurdumyzda halkara ülňülere laýyk gelýän kanunçylyk binýadynyň döredilmegi daşary ýurt maýadarlaryna ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlaryna maýa goýmak üçin amatly we ygtybarly şertleri kepillendirýär. Bu ýagdaý ýurdumyzy abraýly kompaniýalar üçin özüne çekiji edip, iri maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga giň mümkinçilikleri açýar.

Geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýän Türkmenistanyň durnukly ösüşinde halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygyň uly orun eýeleýändigini Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan netijeli işler aýdyň subut edýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Daşary ýurt döwletleri, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilmelidir. Bilelikde maýa goýum forumlary we işewürler maslahatlary geçirilmelidir» diýip nygtaýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, halkara maýa goýum mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, durnukly ösüşi üpjün etmek we ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça degişli işler yzygiderli alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň gerimi örän giňedi. Onuň bitewi toruna birnäçe iri halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň goşulmagy ýurdumyzyň mümkinçilikleriniň açylmagyna ýokary derejede ýardam etdi. Şeýle netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly hökmünde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen bilelikde alnyp barylýan işleri görkezmek bolar.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky 1992-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde ulag, gurluşyk, azyk hem-de dokma senagaty ulgamlarynda, kiçi we orta telekeçiligi goldamakda, hyzmatlar ulgamynda möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Bu abraýly halkara maliýe guramasy bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmeginde, milli bank ulgamynyň pugtalanmagynda we durnukly ösüşi üpjün etmekde uly ähmiýete eýe boldy. Bank tarapyndan amala aşyrylan maýa goýum taslamalary, tehniki ýardam maksatnamalary, tejribe alyşmak boýunça çäreler ýerli hünärmenleriň we telekeçileriň halkara derejedäki mümkinçiliklerini ep-esli artdyrdy.
1996-njy ýylda ýurdumyzda hemişelik wekilhanasy açylan bu bank tarapyndan häzirki güne çenli 80-den gowrak maýa goýum taslamasy amala aşyryldy, olaryň umumy möçberi 350 million ýewro golaýlady. Bu taslamalar ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny, şol sanda energetika, ulag, oba hojalygy, azyk senagaty, logistika, maliýe we gurluşyk ulgamlaryny öz içine aldy. Bu döwür syýasy dialogyň işjeňleşmegi, taslamalaryň köpelmegi we strategik hyzmatdaşlygyň pugtalanmagy bilen häsiýetlendirilýär.
Ýurdumyz Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen tehniki maslahat kömegini bermek ýaly ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Ol hususy pudagyň işini giňeltmäge, söwdany maliýeleşdirmäge, kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny goldamaga hem-de olaryň dolandyryş durnuklylygyny güýçlendirmäge gönükdirilendir. Häzirki wagta çenli bu bank ýurdumyzyň degişli banklary arkaly gönüden-göni we gytaklaýyn görnüşde hususy pudagyň durnukly we netijeli ösüşini goldamak, azyk önümlerini gaýtadan işlemek we paýlamak, logistika, ulag hyzmatlary ýaly ugurlary maliýeleşdirmek işlerini dowam etdirýär.
Şu ýylyň 28-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen bu halkara maliýe guramasynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi. Ýokary derejede geçen duşuşykda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak we abraýly halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy täze hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly meselelere seredildi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň işjeň agzasy bolup durýandygyny belläp, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde energetika, ulag-logistika, sanly ykdysadyýet, oba hojalygy hem-de daşky gurşawy goramak ýaly strategik ulgamlary öňe sürdi.
Bankyň ýolbaşçysynyň ýurdumyza iş saparynyň çäklerinde milli ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmäge gönükdirilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara — Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda Türkmenistanda durnukly energetika, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň hem-de Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak we Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda ÝTÖB-niň «Ýaşyl» şäherler» maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki strategik ugurlaryny kesgitleýän Ähtnamalaryň ikisine gol çekildi.
Olaryň birinjisi 2027 — 2032-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky işiniň ileri tutulýan esasy strategik ugurlary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamadyr. Geçen ýyllarda hyzmatdaşlyk, esasan, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, söwdany maliýeleşdirmäge hem-de aýry-aýry infrastruktura taslamalaryna gönükdirilen bolsa, täze Ähtnama giň gerimli makroykdysady durnuklylygy, sanly innowasiýalary we ekologik taýdan arassa maliýeleşdirmäni öz içine alýan bitewi strategik resminama bolup çykyş eder. Ol milli bank ulgamynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, ýerli önüm öndürijileriň daşary ýurt bazarlaryna çykmagyna giň ýol açmaga we ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmäge gönükdiriler.
Bu Ähtnama hyzmatdaşlygy esasy üç ugur boýunça netijeli ösdürmegi öz içine alýar: bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak we işewürlik gurşawyny gowulandyrmak; söwdany, üstaşyr we sebitara baglanyşygy ösdürmek; energiýa we suw howpsuzlygyny berkitmek hem-de jemagat üpjünçilik ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak.
2027 — 2032-nji ýyllara niýetlenen Ähtnamanyň iň esasy maksatlarynyň biri ýurdumyzda hususy pudagyň we telekeçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny halkara derejä çykarmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda hususy telekeçilige berilýän giň goldawlara laýyklykda, degişli täjirçilik banklarymyzda bu abraýly gurama arkaly ýöriteleşdirilen karz ugurlary açylar. Telekeçilere diňe bir işi giňeltmek däl, eýsem, halkara ülňülere laýyk gelýän, ýokary hilli we ekologik taýdan arassa önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän innowasion tehnologiýalary satyn almaga uzak möhletleýin maýa goýum karzlary berler.
Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň baş maksatlarynyň biri içerki bazarda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak hem-de eksport edilýän harytlaryň paýyny yzygiderli ýokarlandyrmakdyr. Ähtnama laýyklykda, ýerli önüm öndürijileriň daşary ýurt bazarlaryna çykmagyny ýeňilleşdirmek üçin Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň halkara tory we tejribesi doly peýdalanylar, olara halkara derejede ykrar edilen akkreditiwler we kepilnamalar boýunça ýardam berler. Ýewropa Bileleşigi we beýleki halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde serhetüsti üpjünçilik ulgamlaryny, şol sanda energetika, ulag-logistika, aragatnaşyk hem-de sanly tehnologiýalar ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barlar. Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag aragatnaşyklaryny berkitmek we ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, Hazarüsti ulag geçelgesine maýa goýumlary goldamak mümkinçilikleri bahalandyrylar. Bulardan başga-da, ýurdumyzyň metan boýunça ählumumy borçnamasynyň ýerine ýetirilmegi, energetika we suw howpsuzlygynyň berkidilmegi, jemagat hyzmatlarynyň, şol sanda suwaryş ulgamlarynyň we suw üpjünçiliginiň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barlar. Senagat, oba hojalyk we gurluşyk pudaklarynda energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin ýeňillikli «ýaşyl» karzlar hödürlener. Suw serişdelerini we tebigy baýlyklary tygşytly ulanýan taslamalara berilýän ilkinjilik saklanar.
Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde çalt depginde bolup geçýän özgertmeler daşary söwda gatnaşyklarynda täze talaplary, ýerli telekeçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak zerurlygyny hem-de bank ulgamynyň öňünde täze, jogapkärli wezipeleri goýýar. Ine, şunlukda, bu strategik Ähtnama ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak işiniň maliýe binýadyny berkitmekde taryhy ädim bolup durýar.
Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda bank ulgamyny berkitmek hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň eksporta gönükdirilen ösüşini we diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bolsa milli banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge uly itergi berýär. Ähtnama laýyklykda, bu maliýe guramasynyň we ýurdumyzyň banklarynyň gatnaşmagynda hususy pudagyň müşderileriniň başlangyçlaryny goldamak, bank we maliýe pudagyny berkitmek, kiçi we orta telekeçilige maliýe we maliýe däl goldawy bermek boýunça çäreler geçiriler. Ýurtda kärhanalaryň maýa goýum babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmak, täze bazarlara, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň bazaryna çykmak üçin olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, sanlylaşdyrmaga ýardam bermek, bank hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça ädimler ädiler. Şeýle hem banklaryň müşderilerine hödürlenýän elektron bank hyzmatlarynyň hili ýokarlandyrylyp, töleg ulgamlary kämilleşdiriler we kärhanalar üçin sanly ekoulgamlary döretmek boýunça Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň bilermenleri tarapyndan tejribe alyşmak çäreleri geçiriler hem-de tehniki goldaw berler. Milli bank ulgamyna sanly tölegleriň we elektron resminama dolanyşygynyň artmagy bilen baglanyşykly kiberhowpsuzlygy üpjün etmek, maglumatlary goramak boýunça iň soňky halkara usullar ornaşdyrylar.
Umuman, gol çekilen bu strategik Ähtnamalar milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, sanly we «ýaşyl» ykdysadyýete geçmäge, durnukly ösüş maksatnamalaryna üstünlikli ýetmäge, ýurdumyzyň halkara maliýe bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berýär. Bitewi ulgamda ösdürilýän bu hyzmatdaşlyk diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, tutuş Ýewraziýa sebitiniň durnukly ösüşine we sebitara arabaglanyşygyň berkidilmegine hem uly goşant goşar.
Dünýägözel HAÝYTOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni
Türkmenistan gazeti, 27.08.2026

