Ýeňillikli karzlar — raýatlaryň bähbidine
Döwletimiziň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, maksatnamalaýyn we toplumlaýyn çäreler bellenilýär. Olaryň hatarynda kiçi we orta telekeçilige degişli taraplaryň önümçilik, innowasiýa hem-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek bilen bagly taslamalary maliýeleşdirmek işleri hem bar. Şunda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutmaga ukyply we eksport ugurly önümçilikleri artdyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýeňillikli karzlaşdyryş ulgamy boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Karzlaşdyrylýan taslamalar ýurduň ykdysady ösüşine saldamly goşant goşup, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna amatly şertleri döredýär. «Kiçi we orta telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda», «Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakynda», «Türkmenistanyň raýatlaryna gozgalmaýan emlägi girewine alyp karzlary bermegiň usulyny ösdürmek hakynda», «Türkmenistanyň raýatlarynyň gozgalmaýan emlägi satyn almagy üçin karzlar hakynda», «Türkmenistanda hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň we olary ýerlemegiň meseleleri hakynda», «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary ýurdumyzda ýeňillikli karzlaşdyryş ulgamynyň esasy gurallaryny emele getirýär.

«Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda 2025-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli 2 müňe golaý maýa goýum taslamasy karzlaşdyrylyp, 16,7 müňden gowrak goşmaça iş orny döredildi. Bu, öz gezeginde, raýatlaryň maşgala girdejilerinidir durmuş taýdan üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga, importyň ornuny tutýan harytlary özümizde öndürmäge we eksport edilýän harytlaryň görnüşlerini köpeltmäge ýardam etdi.
«Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Karar hem giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga oňyn mümkinçilikleri döredýär. Resminama daýhan birleşiklerine we hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz ýuridik şahslara, dahyllylara oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny, oba we suw hojalygynda ulanylýan ekskawatorlary, buldozerleri hem-de beýleki tehnikalarydyr enjamlary satyn almak üçin ýyllyk 1 göterim bilen 10 ýyl möhlete çenli ýeňillikli karz serişdelerini bermäge karz edaralaryna ygtyýar berýär. Maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly taslamalar hem maliýeleşdirilýär. Esasy serişdeleri we emläkleri satyn almak üçin ýyllyk 5 göterim bilen ýeňilleşdirilen karz pullary berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň we olary ýerlemegiň meseleleri hakynda» Kararynyň durmuşa geçirilmegi obalarda, şäherçelerde, etraplardaky şäherlerde we etrap merkezlerinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik döredýär. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýerli gurluşyk kärhanalary, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleri ýurdumyzyň raýatlary bilen üçtaraplaýyn şertnama baglaşyp, öň berlen ýa-da täze berilýän ýer böleklerinde hususy ýaşaýyş jaýlaryny kärhananyň serişdeleriniň we karz edaralaryndan ýyllyk 1 göterim bilen alnan karzlaryň hasabyna gurup berýärler. Karz edaralary gurlup ulanmaga taýýar edilen jaýlary, öýleri satyn almaga gozgalmaýan emläk üçin karzlary ýylda 1 göterim derejesinde hem-de esasy bergini üzmek boýunça 5 ýyla çenli ýeňillikli döwür bilen 30 ýyl möhlete karzlary bermäge ygtyýarlandyrylandyr.
Sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Arkadag şäherinde ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Ahal welaýat häkimligine ýerli gurluşyk kärhanalary bilen ýaşaýyş jaýlaryny gurmak barada baglaşylýan şertnamalary maliýeleşdirmek üçin ýyllyk 1 göterim bilen ýeňillikli karzlaryň berilmegi dowam etdirilýär. Gurlan jaýlary, jaýlardaky öýleri girewine goýup, satyn almak üçin karzlary ýyllyk 1 göterim bilen hem-de esasy bergini üzmek boýunça 5 ýyla çenli ýeňillikli döwür bilen öýleriň hakyky emele gelen bahasynyň 90 göterimine çenli möçberde gozgalmaýan emläk üçin karzlary 30 ýyl möhlete bermäge banklara ygtyýar berlendir.
«Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Kararyň esasynda ýurdumyzyň ygtyýarly banklary resmi taýdan nikalaşyp durmuş guran ýaş maşgalalara, olaryň ýüztutmalaryna laýyklykda, zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete 20 müň manada çenli möçberde ýeňillikli karzlary berýärler. 2025-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli ýeňillikli karzyň şu görnüşini resmileşdirenleriň sany 185 müňe ýetdi.
Ýeňillikli karzlaşdyryş işleri ýurduň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga, ilatyň durmuş taýdan üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilip, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent ynsanperwer ýörelgesiniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Nursoltan BEGLIÝEWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Karz amallary müdirliginiň banklary
gaýtadan maliýeleşdiriş bölüminiň başlygy
Türkmenistan gazeti, 09.01.2026

