Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Milli manat — täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşleriniň binýady» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna iberen çuňňur many-mazmuna ýugrulan Gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Siziň yzygiderli tagallalaryňyz bilen milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda bank ulgamynda giň gerimli işler amala aşyrylýar, öňde goýlan beýik maksatlara ýetilýär, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Siziň parahatçylyga, ösüşe hem-de hoşniýetli goňşuçylyga gönükdirilen oýlanyşykly döwlet syýasatyňyzyň netijesinde berkarar döwletimiz diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde abadançylygyň, asudalygyň we agzybirligiň ýurdy hökmünde giňden ykrar edilýär.
Belent mertebeli Gahryman Prezidentimiz!
Ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmek, bank ulgamyny halkara derejelere ýetirmek, ykdysadyýetimiziň eksport ugurly önümçilik pudaklaryna maliýe goldawyny bermek, dünýäniň öňdebaryjy banklary we halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hem-de ulgamyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, ulgama iň täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak hemişe Siziň üns merkeziňizde saklanýar. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda bank ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň iş tejribesi we täzeçil usullary yzygiderli ornaşdyrylýar hem-de nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek we banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça strategik çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Galkynyş töleg», «Halkbank terminal», «Sanly Halkbank», «Menzilara bank», «Onlaýn halkara töleg», «VISA Virtual» ýaly bank amallarynyň üsti bilen geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi giňeldilýär, hyzmatlaryň hili has-da ýokarlandyrylýar. Şeýle hyzmatlaryň sanynyň artmagy we ilatyň bu hyzmatlardan netijeli peýdalanmagy maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik bermek bilen, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşine uly itergi berýär. Banklaryň işini kämilleşdirmek, erkin pul serişdelerini netijeli dolanyşyga çekmek, hasaplaşyklaryň döwrebap we ygtybarly usullaryny ornaşdyrmak hem-de ulgamlaýyn innowasion ösüşi üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň uzak möhletleýin durnukly ösüşini üpjün etmekde milli ykdysadyýetiň maliýe pudagynyň hem-de pul-karz syýasatynyň kämilleşdirilmegi, milli puluň hümmetiniň berkidilmegi möhüm ähmiýete eýedir. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, bank ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, bank işjeňliginiň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny satyn almak üçin berilýän ýeňillikli karzlaryň, sarp ediş karzlarynyň, ýaş maşgalalara olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin berilýän ýeňillikli karzlaryň, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara berilýän bank karzlarynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak boýunça giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň hususy pudagyna gönükdirilýän uly möçberli, uzak möhlete niýetlenen karz serişdeleri milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, senagatlaşdyrmak syýasatyny üstünlikli amala aşyrmaga, ýurduň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga, importyň düzümini kämilleşdirmäge we goşmaça iş orunlaryny açmaga ähli amatlyklary döredýär.
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin döredýän ähli şertleriňiz hem-de mähirli Gutlagyňyz üçin Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Türkmenistanyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmakda we abraýyny has-da ýokarlandyrmakda, bank ulgamynyň innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmekde, halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde, ykdysady taýdan ähmiýetli pudaklary karzlaşdyrmagy kämilleşdirmekde öňümizde goýýan wezipeleriňizi üstünlikli amala aşyrmakda gujur-gaýratymyzy gaýgyrmajakdygymyza Sizi ynandyrýarys.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, belent başyňyz aman bolsun, ata Watanymyzyň asudalygy, il-günümiziň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleriňiz mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
«Milli manat — täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşleriniň binýady»
atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar.
"Türkmenistan" gazeti, 02.11.2026

