Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň özgertmeleri – durnukly ösüşiň binýady» atly hünär bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –– bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda milli pulumyz - manadyň dolanyşyga girizilenine 33 ýyl dolýar. Türkmen manady döwletliligiň, ykdysady durnuklylygyň, ýurt berkararlygynyň nyşanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli manadyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, milli manadyň hümmetini saklamak boýunça geçirilen özgertmeler durnukly pul dolanyşygyny hem-de ykdysady ösüşi üpjün etdi.

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň mejlisler zalynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçylygynda hem-de Türkmenistanyň karz edaralarynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň bilelikdäki guramagynda ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň özgertmeleri – durnukly ösüşiň binýady» atly hünär bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşigiň esasy maksady Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri, ýetilen sepgitleri giňden mahabatlandyrmak, bank işinde ulanylýan kadalaşdyryjy hukuknamalar we beýleki ykdysady ugurlar boýunça bank işgärleriniň hünär taýdan taýýarlyklaryny, akyl başarnyklaryny ýokarlandyrmak, zehinlileri öňe çykarmak we höweslendirmekdir.

Iki tapgyrda geçirilen bäsleşigiň birinji tapgyrynda Arkadag şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan bank işgärleri gatnaşdylar. Ikinji tapgyrda bolsa Aşgabat şäherinde ýerleşýän banklaryň merkezi edaralarynyň işgärleri öz aralarynda bäsleşdiler.

Bu hünär bäsleşigine banklaryň tejribeli hünärmenleri we ykdysadyýet, maliýe we bank pudagy boýunça çuňňur bilimleri bolan professor-mugallymlar emin agza hökmünde adalatly hem-de dogry baha berdiler.

a tenne

a tenne

a tenne

a tenne

a tenne

a tenne

a tenne

a tenne

a tenne

a tenne

Bäsleşige gatnaşyjy toparlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarda durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleri, ýetilen belent sepgitleri şeýle-de häzirki döwürde Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we ony döwrebaplaşdyrmak boýunça ýola goýulýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň banklary tarapyndan raýatlara goýulýan ýeňillikler dogrusynda çykyş etdiler. 

Bäsleşigiň dowamynda bank işinde ulanylýan kadalaşdyryjy hukuknamalar we ykdysady ugurlar boýunça geçirilen sowal-jogap alyşmalar has-da täsirli boldy. 

Bäsleşik örän gyzykly we çekeleşikli geçdi.

Onuň netijesi boýunça: Arkadag şäheri we ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda:
Birinji orna – Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Mary welaýat şahamçasy;
Ikinji orna – Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasy; Üçünji orna bolsa – Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Ahal welaýat şahamçasy eýelediler.

Aşgabat şäheriniň merkezi banklarynyň işgärleriniň arasynda:
Birinji orna – Türkmenistanyň Merkezi banky;
Ikinji orna – «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky;
Üçünji orny hem Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky mynasyp boldular.

Hünär bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we karz edaralarynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandy.

a tenne

a tenne

a tenne

Türkmenistanyň Merkezi banky