Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Bank ulgamynda sanly hyzmatlar

Täze taryhy döwürde ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we onuň daşarky täsirlere durnuklylygyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasatynyň miwesidir. Şunda döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, ulgamda ornaşdyrylýan elektron tölegleriň gerimi giňeýär. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi innowasiýalar esasynda diwersifikasiýalaşdyrmak giň gerime eýe bolýar. Şonuň bilen birlikde, innowasiýalar we tehnologik ylymlar boýunça täze bilimleri, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek, täze ylmy işläp taýýarlamalary ykdysadyýetimize ornaşdyrmak üçin döwlet tarapyndan yzygiderli maliýe, maddy-tehniki goldaw berilýär.

«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, milli bank ulgamyna dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň sanly tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

a tenne

Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal», «Galtaşyksyz töleg», «VISA Virtual», «Menzilara bank», «Sanly kart», «Sanly töleg», «Sanly karz», «Galkynyş» töleg ulgamlary arkaly ýerine ýetirilýän bank amallarynyň görnüşleri artdyrylyp, hili ýokarlandyrylýar. Karzlary resmileşdirmek, bank hasaplaryny dolandyrmak, pul serişdelerini geçirmek ýaly amallary onlaýn ýerine ýetirip bolýar.

«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan «Onlaýn kabulhana» hyzmaty işe girizildi. Türkmenistanyň «Daýhanbank», «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banklarynda, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynda daşary ýurtlarda okaýan talyplara okuw töleglerini hem-de saglyk hyzmatlaryny alýan raýatlarymyza tölegleri onlaýn tölemäge mümkinçilik berýän sanly töleg ulgamlary döredildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan «Galkynyş» töleg ulgamy işe girizildi. Bu töleg ulgamy, ilkinji nobatda, internetiňüsti bilen milli hem-de daşary ýurt pullarynda tölegleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Edara we şahsy taraplar sanly ulgamda dürli görnüşli töleglerini amala aşyrmak, pul serişdelerini goýuma goýmak, karzlary we bank kartlaryny almak üçin ýüzlenmeleri onlaýn görnüşinde ibermek, bank kartlaryna pul serişdelerini geçirmek, öz bank hasaplaryny dolandyrmak, ondaky pul serişdeleriniňhereketine gözegçilik etmek, şeýle hem hasaplary boýunça geçirilen amallaryňtaryhyny görmek ýaly mümkinçiliklerden peýdalanyp bilýärler. Bu bolsa işewürligi ösdürmek üçin amatly şertleri hem-de ilata goşmaça ýeňillikleri döredýär.

«Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan geçen ýylyňiýul aýynda öz müşderileri — fiziki şahslar üçin «Sanly karz» ulgamy we «Sanly karz» ykjam goşundysy ornaşdyryldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyňbeýleki karz edaralary tarapyndan hem bu görnüşli hyzmaty işe girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Sanly ulgamda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyňadaty töleg terminallaryndaky ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan «Halkbank terminal» hyzmaty hem hereket edýär. Söwda we hyzmat ediş nokatlarynyňişgärleri tölegi kabul etmek üçin öz ykjam telefonlaryna bu programma üpjünçiligini ýükläp, ony adaty töleg terminalynyňornuna ulanyp bilýärler. Töleg terminallaryndaky ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan we olaryňýerine ýetirýän wezipeleriniňählisini amal etmäge ukyply bolan bu ykjam programma üpjünçiligi harytlara we hyzmatlara töleg geçirmek, amallaryňtaryhyny görmek ýaly mümkinçilikleri berýär.

Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän «Senagat töleg» ykjam programma üpjünçiligi arkaly öýjükli aragatnaşyk telefon hyzmatynyň, Aşgabat şäher telefon ulgamynyň, internet, IP-TV, «Belet film» hyzmatynyň, «Älem TV» hyzmatynyňtöleglerini, şeýle-de PÝGG-niňjerime töleglerini günüňislendik wagtynda töläp bolýar. Şeýle-de «Altyn asyr» bank kartynyň eýesi bolan islendik raýata bank kartyndaky pul serişdesinden Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna pul serişdesini geçirmäge mümkinçilik döredildi.

Amala aşyrylýan bu işleriňählisi banklaryňmüşderiler bilen aragatnaşyk usullarynyň döwrebaplaşmagyna, sarp edilýän wagty we harajatlary tygşytlamaga, amallary öz wagtynda geçirmäge, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, netijede, ýurdumyzyňraýatlarynyňhal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Ýusup BABAÝEW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň
sanly tehnologiýalar bölüminiň baş hünärmeni
(Türkmenistan gazeti, 30.07.2025ý.)