Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler minsitrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol görnüşinde maslahat geçirildi.
Tegelek stol maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, şeýle hem ykdysadyýet we ösüş ulgamynyň bilermenleri gatnaşdylar.
Çäräni açylyş bölüminde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky 25 ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, onuň ýurduň ösüşine we ykdysadyýetiniň güýçlenmegine möhüm goşant goşandygyny aýtdy. Energetika, ulag, şäher gurluşygy we Türkmenistanyň hususy pudagyny berkitmek ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bellenildi.
Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmin öz çykyşynda Aziýa ösüş banky bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň birek-birege ynanyşmak we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy. Şeýle hem, Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen ýakynda bolan duşuşygyň ähmiýetini aýratyn belledi.
Tegelek stol maslahatyň dowamynda Aziýa ösüş banky bilen Türkmenistanyň bilelikdäki täze taslamalary barada maglumat berildi.
Hususan-da, Arkadag şäherinde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Bu hakda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu ýylyň maý aýynda Arkadag şäherinde Aziýa ösüş bankynyň wekili bilen geçiren duşuşygynda nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, agzalan duşuşygyň çäklerinde gol çekilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýeti bellenildi. Resminama häzirki zaman tehnologiýalary we sanly çözgütler ornaşdyrylan, «akylly» hem-de «ýaşyl» şäher konsepsiýalaryna laýyklykda bina edilen Arkadag şäherinde energetika, suw üpjünçiligi, şäher gurluşygy pudaklaryny ösdürmäge, bu babatda zerur bolan tehnologiýalary ornaşdyrmaga, suwy, energiýany tygşytlamaga, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge, suwy gaýtadan ulanmaga, bu ugurlarda täze taslamalary işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde öňdebaryjy tejribeleri alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir.
Şeýle-de, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini, şol sanda infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmek, hususy pudagy goldamak, adam maliýesini ösdürmek we durnukly ösüş ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň energiýa pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, demir ýol ulaglaryny döwrebaplaşdyrmaga we Aziýa ösüş bankynyň maliýe we karz hyzmatlarynyň goldawy bilen kiçi we orta kärhanalary ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Çykyş edenler ýurduň Aziýa ösüş banky bilen özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetine ünsi çekip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda 2024-2028-nji ýyllarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýändigini bellediler.
Çäre çärýek asyryň dowamynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijelerini jemlemek we geljekde hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat etdi. Tegelek stol maslahaty tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Merkezi Banky bilen Aziýa ösüş bankynyň arasynda Aşgabatda Lukmançylyk orta okuw mekdebini gurmak taslamasyna karz serişdelerini bermek baradaky ylalaşyk Teswirnamasyna gol çekildi.
Taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň has-da kämilleşdirilmegine hem-de ýurdumyzda täze iş orunlarynyň döredilmegine öz täsirini ýetirer.