Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň Merkezi banky hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli banknotlaryň täze nusgalaryny dolanyşyga girizdi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Merkezi banky Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 1-nji dekabryndan 1, 5, 10 manatlyk modifisirlenen polimer banknotlary, şeýle hem täze 200 manatlyk polimer banknoty dolanyşyga girizdi.

a tenne

Polimer banknotlaryň esasy aýratynlygy hapalanma, könelme, zeperlenme ýaly daşky täsirlere durnuklylygydyr. Şeýle-de olaryň gorag alamatlary has güýçlendirilip, hakykylygyny tassyklaýan şekilleri wizual taýdan kämilleşdirildi. 1, 5 we 10 manatlyk banknotlaryň reňki hem-de şekili öňki görnüşde saklanyp, olarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşany şekillendirilendir. 200 manatlyk banknotyň ýüz tarapynda «Arkadag» binasynyň, arka tarapynda bolsa Arkadag şäher häkimliginiň edara ediş binasynyň şekili ýerleşdirilipdir. Dolanyşyga girizilen modifisirlenen manatlaryň we täze banknotyň ýüz tarapynda olaryň çykarylan senesi, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilesi görkezilýär.

Bu banknotlar ýurdumyzyň çäginde eýeçiliginiň görnüşine, alyp barýan iş ugruna garamazdan, edara-kärhanalaryň we guramalaryň ählisi tarapyndan tölegleriň ähli görnüşleri boýunça hökmany kabul edilmäge degişlidir.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji, 2017-nji, 2020-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi bolmagynda galýar.

Ýurdumyzyň çäginde dolanyşykda bolan banknotlardyr teňňeleriň hakykylygyny takyk kesgitlemek üçin azyndan bäş sany gorag alamatyny barlamak zerurdyr. Bu alamatlar baradaky maglumatlar bilen https://www.cbt.tm salgysy boýunça Merkezi bankyň resmi internet saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

Türkmenistanyň Merkezi banky