Kiçi göwrümli karzlaryň döredýän mümkinçilikleri
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly ýurdumyzyň bank ulgamynda hem hyzmatlaryň täze-täze görnüşlerini halka hödürlemek bilen, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda durmuşa geçirýän ykdysady özgertmelerine jogap edip, dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini ulanmak arkaly bank amallaryny sanlylaşdyrmak işleri netijeli ýola goýulýar.
Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlarymyza bank amallarynyň dürli görnüşleri ýerine ýetirilýär, gysga we uzak möhletlere karz pul serişdeleri berilýär. Häzirki wagtda ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen raýatlara gündelik zerurlyklaryna ulanmak maksady bilen sarp ediş maksatly karzlar, ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň okuw töleglerini tölemek maksadyna «Talyp karzy», durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý-goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak maksadyna «Ýaş çatynjalar karzy», ähli amatlyklary göz öňüne tutulyp gurulan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, jaýlardaky öýleri satyn almak maksadyna ipoteka karzlary, önüm öndürmeklik üçin zerur bolan tehnikalary, enjamlary we gurallary satyn almak maksadyna önümçilik karzlary we beýleki ýeňillikli bank karzlary berilýär.
Sanly bank hyzmaty bolan «Owerdraft» bank karzy söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl görnüşinde hasaplaşyklar geçirilende müşderiniň aýlyk zähmet haky geçýän «Altyn asyr» bank kart hasabyndaky pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk halatynda, onuň pul serişdeleriniň satyn alyjylyk ukybyny artdyrmak maksady bilen, bank bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda «Owerdraft» bank kartynyň üsti bilen awtomatiki usulda berilýän gysga möhletli karz serişdesi bolup durýar. Şunda müşderiniň aýlyk zähmet haky «Altyn asyr» bank kart hasabyna gelip gowşanda bellenen tertipde karz we oňa hasaplanan göterim awtomatiki usulda yzyna gaýtarylýar.
Häzirki wagtda raýatlarymyz tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän bank karzynyň ýene bir görnüşine - kiçi göwrümli karzlara bolan islegler günsaýyn artýar. Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän bank şahamçalarynda, bellenen tertipde bölünip berlen melleginde, kömekçi hojalygynda, ýaýladaky ýer böleginde şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin esasy we dolanşyk serişdelerini edinmek maksatlaryna kiçi gowrümli karzlary bermeklik ýola goýulan. Munuň özi mellek ýerlerinde, kömekçi hojalygynda, mülk ýerlerinde ekerançylyk, maldarçylyk, guşçylyk we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan raýatlaryň önümçilik işlerini giňeltmek, şeýle hem önüm öndürmeklige islegi bolan, emma maliýe serişdeleriniň ýetmezçilik edýän raýatlara gysga wagtyň içinde berilýän bank karzydyr. Şeýle görnüşli bank karzynyň berilmegi raýatlaryň melleginde, şahsy hojalygynda gök-bakja we miwe önümlerini, tohum mallaryny, guş önümlerini öndürmäge mümkinçilik döredýär. Kiçi göwrümli karzlar ýyllyk 10 göterimli, 30 (otuz) müň manada çenli, 6 aý ýeňillikli döwür bilen 3 (üç) ýyla çenli möhlete nagt däl görnüşinde berilýär.
Kiçi göwrümli karzlaryň hasabyna raýatlaryň hususy mellek ýerlerinde ýyladyşhanalaryň gurulmagy, öňden bar bolanlarynyň giňeldilip, durkunyň täzelenmegi netijesinde gök-bakja ekinleri ýetişdirlip, ýerli bazarlarda önüm bolçulygyny döretmäge amatly mümkinçilik döredýär. Mysal hökmünde karzyň bu görnüşi boýunça raýatlarymyzyň maldarçylykdan alýan önümleri bilen ýerli önüm öndürijileri çig mal bilen üpjün edýändigini hem görkezmek bolar. Welaýatyň daýhan birleşikleriniň, hojalyklarynyň ekin ýerlerinden şertnama esasynda kärende ýerleri alnyp dürli ekinleriň hasylyny ýetişdirýän kärendeçilere hem banklar tarapyndan tohumlary we gaýry zerurlyklary satyn almak maksadyna kiçi göwrümli karzlar bilen üpjün edilýär. Mary welaýaty boýunça welaýatymyzyň banklary tarapyndan 2021-nji ýylyň 1-nji marty ýagdaýyna 685 sany karz alyja jemi 15 830,8 müň manat möçberinde kiçi göwrümli karzlar berildi. Karzlaryň agramy böleginiň ýyladyşhanalary gurmak, ownuk we iri şahly mallaryň baş sanyny köpeltmek maksadyna berlendigini hem bellemek gerek.
Häzirki wagtda Mary welaýatynyň çäginde 304 müňden gowrak hojalyklar bolup, olardan melleginde, hususy ýer böleginde önümçilik bilen meşgullanýan raýatlaryň sany günsaýyn artýar. Welaýatymyzyň banklary tarapyndan berilýän kiçi göwrümli karzlaryň maksady diňe bir raýatlaryň melleginde ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem bu ugurda zerur bolan tehniki enjamlaryň ýurduň çäginde öndürmekligi hem göz öňüne tutulýar. Ýagny el güýji bilen sarp edilýän işleri innowasion tehnologiýalar arkaly ýerine ýetirmek maksady bilen dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň tejribeleri öwrenilýär, olary ýerli mümkinçilik-lerimizde ulanyp, kärhanalarda kiçi göwrümli oba hojalyk gurallaryny, enjamlaryny öndürmeklik meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda olaryň birnäçesiniň taslamalarynyň üstünde işlenilýär. Mysal hökmünde ot üweýän, mekge sökýän ýaly kiçi göwrümli ýöne iş öndürijiligi ýokary bolan gurallary öndürilip synagdan geçirildi. Munuň özi daşary ýurtlardan getirilýän birnäçe görnüşli gurallaryň öwezini tutýan hem-de el güýji bilen ýerine ýetirilýän işleri ýeňilleşdirmäge we işiň netijeliligini birnäçe esse ýokarlandyrmaklyga mümkinçilik döredýär.
Mundan başga-da welaýatyň bank şahamçalary tarapyndan berilýän kiçi göwrümli karzlaryň hasabyna şahsy hojalygynda (melleginde) ýa-da bölünip berilen ýer böleginde önümçilik bilen meşgullanýan raýatlar tarapyndan öndürilýän önümleri oba hojalyk, azyk önümçiligi, ýeňil senagaty we beýleki pudaklar boýunça işleýän telekeçiler üçin goşmaça çig mal üpjünçilik binýady bolup durýar. Häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça önümçilik işlerini ýola goýan kiçi we orta telekeçiler tarapyndan şahsy hojalyklarda öndürilýän önümlere çig mal hökmünde gyzyklanma bildirilýär. Bu hem öz gezeginde önümleriň hiliniň has-da ýokarlanmagyna hem-de daşary ýurt tejribesini öwrenmek arkaly ekerançylygyň we maldarçylygyň täze görnüşleriniň ösdürilip ýetişdirilmegine oňaýly täsirini ýetirýär. Mysal hökmünde gök-bakja önümleriniň gadymdan gelýän naýbaşy görnüşlerini (sortlaryny) saýlap tapmak, şeýle hem ýokary hilli, köp önüm berýän daşary ýurtlardan getirilýän tohum mallaryny ýerli mallar bilen çakyşdyryp, tebigatymyzyň howa şertlerine uýgunlaşan ýokary önümçilikli tohum mallaryny ösdürip ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işleri görkezmek bolar.
Şahsy hojalyklarynda belli bir önümiň görnüşi boýunça önümçilik bilen meşgullanýan raýatlar bilen olaryň öndürýän önümlerine isleg bildirýän taraplaryň arasynda şertnamalar baglaşmak arkaly ýerinde aluw-satuwlary gurnamak hem-de bada-bat hasaplaşyklary geçirmek işleri ýola goýlanda, bu ugurda iş alyp barýan raýatlaryň wagtyny tygşytlamaga, önümçilige bolan höwesiniň artmagyna, netijede ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna getirer.
Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, bank ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmäge amatly şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, Belent Başy aman bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaç alsyn!
Balkan Çaryýew,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Mary welaýat şahamçasynyň Ykdysady
Seljeriş we jemleýiş bölüminiň başlygy