Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Sanly bank hyzmatlary: döwrebap mümkinçilikler

Milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bank ulgamy yzygiderli kämilleşýär. Ulgama sanly bank tehnologiýalaryny ornaşdyrmak işleri netijeli durmuşa geçirilýär. Dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen ýurdumyzda bank kartlary arkaly hödürlenilýän bank amallarynyň sany yzygiderli artdyrylýar, geçirilýän tölegleriň goraglylygy we howpsuzlygy üpjün edilýär. Gazetimiziň ýörite habarçysy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni Dünýägözel Haýytowa bilen bank ulgamynda alnyp barylýan işler, raýatlarymyzy gyzyklandyrýan sanly bank hyzmatlary, bank ulgamynyň täzelikleri barada söhbetdeş boldy.

- Söhbetdeşligimiziň başynda okyjylarymyza bank ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça bank ulgamynda ýerine ýetirilýän işler hem-de ýurdumyzda ulanylýan bank kartlarynyň aýratynlyklary barada gürrüň berseňiz!

- Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, milli töleg ulgamynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Raýatlarymyza hödürlenilýän bank kartlary nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, jemgyýetimize giňden ornaşdy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilik döredilen.

Ilatyň zähmet haklary, kömek pullary, pensiýalary, talyp haklary degişlilikde olaryň «Altyn asyr», «Millikart» bank kartlaryna geçirilýär. «Maşgala» bank karty «Altyn Asyr» ýa-da «Millikart» bank kart hasabyna birikdirilmek bilen, müşderiniň  islegine baglylykda maşgalanyň agzalaryna, şol sanda, ýedi ýaşdan uly bolan çagalara açylyp, müşderiniň arzasy esasynda ýa-da «Internet-bank» ulgamy arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda, hepdelik sarp ediljek pul möçberini kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Bank kartlarynyň ýene bir görnüşi «Goýum bank karty» bolup, ol ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli ulanmaklary, girdejilerini has-da artdyrmaklary üçin işjeň gural hasaplanylýar. «Goýum bank kartynyň» eýeleriniň pul serişdeleriniň galyndysyna  degişlilikde 5-7 göterim aralygynda ýyllyk girdeji hasaplanýar we aýlyk esasda tölenýär. Şeýle hem islendik wagtda we möçberde üstüni dolmak, töleg terminallaryny, «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlaryny peýdalanmak arkaly nagt däl görnüşinde tölegleri amala aşyrmak, internet ulgamy arkaly goýumdaky puluň we toplanan göterimiň galyndysyny anyklamak mümkinçiligi döredilýär.

2020-nji ýylyň 1-nji sentýabry ýagdaýyna ýurdumyz boýunça bank kartlarynyň sany 4 364,1 müňe ýetdi, töleg terminallarynyň sany bolsa 37,5 müňden geçip, geçen ýylyň degişli döwrüne görä deňeşdirilende bank kartlary 1,2 esseden gowrak, töleg terminallarynyň sany bolsa 1,1 essä golaý artdy.

- Bank ulgamynda ornaşdyrylýan sanly hyzmatlar, olaryň aýratynlyklary we ösüş depginleri barada bilmek hem okyjylarymyz üçin örän peýdaly bolardy.

- Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda» ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek işlerine yzygiderli maýa goýum serişdeleri goýberilýär.

«Internet-bank» ulgamyna web brauzerler, «Mobil-bank» ulgamyna bolsa banklar tarapyndan taýýarlanan ýörite mobil programma üpjünçiligi arkaly girilýär. Ýagny, «Mobil-bank» hyzmaty, «Internet-bank» hyzmatynyň önümi bolup, müşderiniň hakyky wagt tertibinde «IOS» ýa-da «Android» operasion ulgamynda işleýän ykjam telefonlar ýa-da planşetler arkaly bank amallaryny ýerine ýetirip bilmegini aňladýar. «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge,  netijede ilatyň gymmatly wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda «Altyn asyr» bank kartynyň eýeleri öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalaryna girmek arkaly bank kartlaryny özbaşdak «Internet-bank» hyzmatyna birikdirip bilýärler.

«Elektron söwda» - harytlaryň we hyzmatlaryň internet ulgamynyň üsti bilen hakyky wagt tertibinde ýerlenilmegidir. «Elektron söwda» hyzmaty hem ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan durmuşa ornaşdyrylýar. Bu hyzmata islegiň artmagy netijesinde nagt däl hasaplaşyk geçirmek arkaly elektron usulda täjirçilik işini alyp barýan telekeçileriň sany günsaýyn artýar.

2020-nji ýylyň 1-nji sentýabry ýagdaýyna «Internet-bank» hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 570,5 müňden, «Mobil-bank» hyzmatyna  birikdirilenleriň sany bolsa 23,9 müňden geçdi. 2020-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet-bank», «Mobil-bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 4,89 milliard manatdan geçdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,85 esse ýokarlandy.

- Häzirki wagtda “Cash back” hyzmaty raýatlarymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Bu hyzmatyň nähili amatlyklary bar?

- 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurdumyzyň karz edaralary müşderilere töleg terminallary arkaly harytlar we hyzmatlar üçin geçirilýän nagt däl tölegleriň möçberinden degişlilikde 0,5-3 göterimini yzyna gaýtaryp bermek, ýagny, «Cash back» höweslendiriş hyzmatyny işe girizdi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek, şol sanda geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek hem-de raýatlarymyza amatly şertleri döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan kesgitlenen müşderiler toplumyna, kesgitlenen söwda we hyzmat ediş ugurlaryna, şeýle hem köpçülikleýin görnüşinde ýa-da belli bir döwre niýetläp «Cash back» hyzmatyny işe girizip durýarlar. Mysal hökmünde Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky 2020-nji ýylyň awgust-sentýabr aýlarynyň dowamynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli nagt däl görnüşinde geçirilen okuw tölegleri üçin 2% hem-de sentýabr aýynyň dowamynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşinde geçirilen mebel, öý hojalyk we durmuş enjamlary üçin 3%, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky 2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli kärendeçi müşderileri üçin 5% «Cash back» hyzmatyny hödürleýär. Mundan başga-da «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan «MasterCard Maestro» kartyny saklaýjy müşderilerine nagt däl görnüşinde geçirilýän ähli hasaplaşyklar üçin 3% «Cash back» hyzmaty hasaplanylýar we aýlyk esasda tölenilýär. Şeýle görnüşli hyzmaty beýleki karz edaralarynyň mysalynda hem görmek bolýar.

- Söhbetdeşligimiziň başynda bank kartlary hakynda durup geçdik. Indi bolsa okyjylarymyza soňky wagtda meşhurlygy barha ýokarlanýan «owerdraft» karz hyzmaty barada-da gürrüň berseňiz!

- Häzirki wagtda «Altyn asyr», «Millikart» bank kartlarynyň eýeleri bolan raýatlarymyz ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan hödürlenilýän owerdraft karzyndan peýdalanyp bilýärler. Sanly karz hyzmaty bolan owerdraft karzy, (iňlis «overdraft» sözünden gelip «meýilleşdirilen çäkden artyk / geçmek» manyny berýär) raýatyň gündelik durmuşynda meýilleşdirilenden artykmaç wagtlaýyn serişde zerurlygy ýüze çykanda bank tarapyndan şertnamada göz öňünde tutulan tertipde awtomatiki usulda berilýän karz serişdesi bolup durýar. Başgaça söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklar geçirilende kart hasabynyň galyndysy pese düşen halatynda awtomatiki usulda berilýän karz serişdesidir.

Hyzmata laýyklykda müşderiniň bank kart hasabyna zähmet haky geçirilenden soňra, şertnamada göz öňünde tutulan tertipde karzyň esasy bergisi we oňa hasaplanýan göterimleri awtomatiki usulda kartyň degişli hasabyndan yzyna gaýtarylýar.

Häzirki wagtda raýatlara owerdraft karzy Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan 1 ýyl möhlete, ýyllyk 12% bilen eline alýan zähmet hakynyň 3 essesine çenli, Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan 6 aý möhlete, ýyllyk 12% bilen zähmet hakynyň 40 göterimine çenli, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan 1 ýyl möhlete, ýyllyk 10% bilen zähmet haklarynyň 50 göterimine çenli, Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan 2 ýyl möhlete, ýyllyk 15% bilen her aýda 500 manat möçberde berilýär. Bu hyzmatyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan raýatlaryň sany günsaýyn artýar.

- Ýakynda Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan «Halkbank terminal» hyzmatynyň işlenip taýýarlanylyp, ulanylyşa girizilmäge taýýarlanylýandygy barada habar berlipdi. Täze hyzmatyň amatlyklary barada bilmek okyjylarymyza gyzykly bolardy.

- Hormatly Prezidentimiziň nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen ýurdumyzyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan «Halkbank terminal» atly täze hyzmat ornaşdyryldy. «Halkbank terminal» - döwrebap, ygtybarly tehnologiýalaryň esasynda taýýarlanan hem-de nagt däl hasaplaşyklarda ulanylýan adaty töleg terminalynyň ornuny tutýan mobil programma üpjünçiligi bolup durýar. Bu hyzmat söwda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallarynyň eýeleriniň öz müşderilerine sanly ulgamda hyzmatlary ýerine ýetirmäge döredilýän nobatdaky oňaýly mümkinçilikdir.

«Halkbank terminal» mobil ulgamy ykjam telefona gurnalmak bilen, harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri kabul etmek, amaly ýatyrmak ýa-da yzyna gaýtarmak, kassany ýapmak we söwdanyň jemi möçberini çykaryp görkezmek, amallaryň taryhyny görmek ýaly hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Satyn alnan harydyň ýa-da hyzmatyň bahasy ykjam telefonyňyzda ornaşdyrylan «Halkbank terminal» mobil ulgamy arkaly girizilýär hem-de bank kartyny degişli telefona ýakynlaşdyrmak arkaly galtaşyksyz usulda töleg geçirilýär.

- Ýurdumyzyň bank ulgamynda ornaşdyrylýan täzeçillikler we olaryň aýratynlyklary barada beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň. Işleriňizde üstünlik hemraňyz bolsun!

«Galkynyş» gazeti, 09.09.2020