Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Ýurdumyzyň Merkezi banky Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli kagyz pullary çykardy

Türkmenistanyň Merkezi banky Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň dekabr aýynda 1,5,10,20,50 we 100 manatlyk banknotlaryň täze modifirlenen nusgalaryny dolanyşyga goýberdi. Banknotlaryň ýüz tarapynyň reňki we şekili öňki görnüşde saklanyp, olaryň ählisinde “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň nyşany şekillendirilendir.

Üýtgedilen banknotlaryň arka tarapynda täze gurlan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň we Konstitusiýa binasynyň şekilleri we 2014-nji ýylyň banknotlarynda şekillendirilen binalar ýerleşdirilendir. Bu üýtgetmeler banknotlaryň gorag alamatlaryny güýçlendirmek we goragyň görüp bolýan elementlerini kämilleşdirmek maksady bilen girizildi.

2020-nji ýylyň nusgasyndaky banknotlaryň gorag alamatlary güýçlendirildi, şol sanda, olaryň ählisiniň ýüz tarapynda şekillendirilen “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň nyşany älemgoşar çap ediş usulynda ýerine ýetirilendir. Banknotlaryň ýüz tarapynda onuň çykarylan senesi we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň başlygynyň golunyň faksimilýesi görkezilýär.

Türkmenistanyň çäginde bu banknotlar eýeçiliginiň görnüşine we alyp barýan iş ugruna garamazdan, edara-kärhanalaryň ählisi tarapyndan tölegler üçin nominal gymmaty boýunça hökmany kabul edilmäge degişlidir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň 2009-njy, 2012-nji, 2014-nji we 2017-nji ýyllaryň nusgasyndaky ähli banknotlary Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi hökmünde güýjüni saklaýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky banknotlaryň hakykylygyny takyk kesgitlemek üçin bäşden az bolmadyk gorag alamatlaryny barlamagyň zerurdygyny ýatladýar!

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi