Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Türkmenistanyň wekiliýeti wideoaragatnaşyk arkaly GDA ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, GDA-nyň çäklerinde dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.

Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydyr. Munuň özi häzirki döwrüň ýagdaýlaryna hem-de ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň erk-isleglerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň oňyn görnüşlerini tapmaga, däp bolan hyzmatdaşlygy täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisiniň barşynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna degişli ykdysadyýet, ulag, energetika, ynsanperwer-medeni ulgam, ýaşlar syýasaty ýaly ugurlar we beýleki birnäçe ulgamlarda meseleleriň giň toplumyna garaldy.

Koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn belleýşi ýaly, munuň özi bu howply ýokanjyň ýaýramagynyň hem-de onuň netijeleriniň öňüni almakda umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamak boýunça tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurlygy bilen şertlendirilendir.

Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, mejlisiň gün tertibi häzirki tapgyrda we geljekde hyzmatdaşlygyň möhüm wezipelerini öz içine alýar. Şolaryň hatarynda GDA-nyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri has möhümdir.

Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýy hasaba almak bilen, çökgünlik ýagdaýlaryny gowşatmak boýunça degişli çäreleriň işlenip taýýarlanylmagy hem-de bilelikde durmuşa geçirilmegi durnukly parametrlerde hem-de ony geljekde ösdürmekde bu ileri tutulýan ugur boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek üçin bar bolan serişdeleri çalt hem-de netijeli herekete getirmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň garaýşyna görä, şu maksatlar üçin energetika, ulag, senagat we söwda ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns berilmegi zerurdyr.

Energetika ulgamy barada aýdylanda, şunda gürrüň Arkalaşyga girýän ýurtlaryň toplumlaýyn mümkinçiliklerini utgaşdyrmak, diňe bir GDA-nyň geografiki giňişliklerinde däl-de, serhetdeş sebitlerde hem energiýa serişdelerini ibermegiň bilelikdäki köptaraplaýyn taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek barada barýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Arkalaşygyň döwletlerinde bar bolan kuwwatly serişdeler binýady, ösen ugurdaş düzümleri hem-de üstaşyr artykmaçlyklary, hyzmatdaşlygyň toplanylan oňyn tejribesi muňa ýardam berýär.

Çökgünlik ýagdaýlarynyň wagtlaýyn häsiýete eýedigi äşgärdir, çökgünlikden soň, ählumumy ykdysadyýet dikeldiler, netijede, energiýa serişdeleriniň täze möçberleri hem-de olary ibermegiň ugurlary zerur bolar. Şu ýagdaýlarda GDA ýurtlary anyk ugurlary hem-de bu işlere özleriniň gatnaşmagynyň jikme-jik meýilnamalaryny kesgitlemelidirler.

Şunda türkmen Lideriniň 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda GDA-nyň Soçi şäherinde geçirilen duşuşygynda Arkalaşygyň diňe bir GDA-nyň giňişliginde däl-de, onuň çäklerinden daşarda hem giň gerimli düzümleýin taslamalara çykmagy baradaky öňe süren hem-de makullanylan başlangyjy aýratyn möhüm häsiýete eýe bolýar.

Häzirki şertlerde ulag gatnawlarynyň durmuşa ukyplylygyny üpjün etmek hem ýurtlarymyzyň öňünde durýan möhüm wezipedir. Munuň özi GDA-nyň çäklerinde ulag gatnawlarynyň, hakykatdan-da, berk, durnukly we köpugurly ulgamyny döretmegiň, logistikanyň amatlaşdyrylmagynyň we giňeldilmeginiň, Arkalaşyga girýän ýurtlaryň gatnaşmagynda täze ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, şol sanda goňşy sebitlere çykýan geçelgeleriň işe girizilmeginiň üstünde anyk işleri alyp barmagyň zerurdygy bilen şertlendirilendir.

Bu bolsa geçen ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Arkalaşygyň döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen kabul edilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamada beýan edilendir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, GDA Ýewraziýanyň halkara ulag akymlarynyň aglaba bölegini öz içine alýan tebigy giňişligi emele getirýär. Şeýlelikde, yklymda geoykdysady işleriň häzirki ýagdaýy we geljekki durnuklylygy, harytlary özara ibermegiň hem-de üstaşyr gatnawlaryň ugurlarynyň hem-de tertibiniň ygtybarlylygy bu ulgamda Arkalaşygyň döwletleriniň utgaşykly we sazlaşykly hereketlerine baglydyr.

Häzirki wagtda GDA-nyň çäklerinde has giň we çuňlaşdyrylan senagat taýdan goşulyşmagyň zerurdygy hem äşgärdir. Şunda Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň biri-biriniň üstüni doldurmagy ýörelgesinde yzygiderli, üznüksiz hyzmatdaşlyk ýörelgesine geçmegiň, senagatyň we obasenagat toplumynyň, beýleki köp sanly ulgamlaryň anyk ugurlarynda uzakmöhletleýin goşulyşmak usullarynyň hem-de tehnologiýa ugurlarynyň ýola goýulmagy ugrunda çykyş edýär. Şunda GDA-nyň Ykdysady Geňeşi esasy, öňdebaryjy orny öz üstüne almalydyr.

Arkalaşygyň çäklerinde özara söwda meselesi, haryt dolanyşygyny artdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak meselesi hem möhümdir. Ykdysadyýetleriň düzümleýin goşulyşmaklary, bar bolan oňyn tejribe GDA döwletlerine bu ugurda netijeli işlemäge, özara söwda amallarynyň gurallaryny kämilleşdirmäge we amatlylaşdyrmaga mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta telekeçiligiň serhetüsti we sebit söwdasyna ähmiýetli orun degişlidir. Türkmenistan Arkalaşygyň ykdysady toplumynyň birnäçe edaralarynyň, pudaklaýyn geňeşleriň we komitetleriň düzümine girmek bilen, islendik netijeli teklipler üçin hemişe açykdyr.

Mejlisiň barşynda koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde tagallalary birleşdirmek meselesi boýunça ýurdumyzyň garaýşy hem beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokanjyň ýaýramagynyň öz wagtynda we netijei öňüni almaga mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň täsirli gurallaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi. Hususan-da, gürrüň GDA döwletleriniň arasyndaky serhetlerde sanitar-karantin çärelerini üpjün etmek boýunça hereketleri utgaşdyrmak barada barýar.

Şunuň bilen baglylykda, ylmy diplomatiýa aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz degişli başlangyjy täze görnüşli ýokanjyň gelip çykyşynyň tebigatyny, koronawirus zerarly keselleriň ýüze çykmagynyň görnüşlerini öwrenmegiň, häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalaryny we enjamlary peýdalanmak, waksinalary hem-de beýleki lukmançylyk serişdelerini işläp taýýarlamak bilen, ýokanç keselleriniň öňüni almak we olary bejermek meseleleri boýunça yzygiderli tejribe hem-de maglumatlary alyşmagy göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň garaýşyna görä, şunuň ýaly bilelikdäki işler BSGG bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alnyp barylmalydyr.

Şunda geçen ýylyň iýul aýynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň Aşgabatda geçirilen mejlisiniň ähmiýeti bellenildi, onuň dowamynda, şol sanda sanitariýa ulgamynda anyk çözgütler kabul edildi.

Şeýle hem ýurdumyz ýakyn wagtlarda COVID-19-a garşy göreş boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin oňa BSGG-niň Ženewadaky merkezi edarasynyň ýolbaşçylaryny çagyrmak bilen, GDA ýurtlarynyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny geçirmek hakynda pikir etmegi teklip edýär.

Şunuň bilen baglylykda, ilatyň saglygyny goramak ulgamynda hem-de koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşde ýurdumyzyň toplan oňyn tejribesiniň Milletler Bileleşiginiň ýokary bahasyna we ykrarnamasyna eýe bolandygy buýsançly ýagdaýdyr. Bu tejribe hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradylan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysyna iberen hatynda beýan edildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisiniň gün tertibine dürli ulgamlarda oňyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem işjeňleşdirilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalary-da girizildi.

Türkmen tarapy «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň strategiýasynyň» taslamasy hakynda aýtmak bilen, oňa toplumlaýyn, GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we çuňlaşdyrmak boýunça anyk teklipleri özünde jemleýän resminama hökmünde baha berdi.

Bellenilişi ýaly, bu strategiýanyň many-mazmuny hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan, Arkalaşygyň geçen ýyl Aşgabatda geçirilen duşuşygynda kabul edilen GDA gatnaşyjy döwletleriň Strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň ruhuna laýyk gelýär. Şeýlelikde, bu strategiýa şol Jarnamanyň hakykatda dowamy bolup durýar.

Şeýle hem mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna «GDA gatnaşyjy döwletleriň 2030-njy ýyla çenli ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutýan ugurlary hakyndaky» taslamasy girizildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ulag ulgamynda täze halkara-hukuk kadalaryny we gurallaryny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş etdi.

Ýurdumyzyň tekliplerine laýyklykda, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji, 2015-nji we 2017-nji ýyllarda durnukly ulag ulgamynda Kararnamalar kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy şu günki hödürlenilen resminama bu ugurda giň, deňhukukly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň täsirli guraly we düýpli goşant bolup biler diýip hasap edýär.

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň medeniýet ulgamynda işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Aşgabatda iki gezek döredijilik intelligensiýasynyň forumy geçirildi, Mary we Daşoguz şäherleri dürli ýyllarda Arkalaşygyň medeni paýtagtlary diýlip yglan edildi. Dürli derejedäki çäreleri geçirmekde toplanylan tejribe GDA-nyň çäginde medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmanyň artýandygyna şaýatlyk edýär, munuň özi milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halklarymyzyň isleglerine we bähbitlerine laýyk gelýär.

Şunuň bilen birlikde, türkmen tarapy bedenterbiýe we sport, ýaşlar syýasaty, Arkalaşygyň döwletleriniň ylym hem-de bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini belledi, munuň özi ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek barada aýdylanda, mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda bu ugurda giň gerimli, dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna we ykrarnamasyna mynasyp bolan işler geçirilýär. Muňa türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara geňeşi bilen bilelikde hödürlän 2021-nji ýylyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyny goldamak barada pikirini hem beýan etdi. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Soçide geçirilen GDA-nyň duşuşygynda öňe süren bu başlangyjy GDA ýurtlarynyň doly goldawyna eýe boldy. Arkalaşygyň döwletleriniň bu geljegi uly ulgamda birek-birek bilen paýlaşmak üçin ýeterlik tejribesi bardyr.

Bellenilişi ýaly, şu günki duşuşykda geljege gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edilýär. Munuň özi GDA-nyň uly mümkinçilikleriniň bardygy, umymy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynyň zerurdygy barada umumy ynama şaýatlyk edýär. Türkmenistan bu işleriň ösdürilmegine goşant goşmaga hem-de Arkalaşyk boýunça hyzmatdaşlar bilen bilelikde öňde goýlan wezipelere ýetmäge taýýardyr.

Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalar — şol sanda COVID-19 koronawirus ýokanç keseliniň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşagyna gatnaşyjy döwletleriň bilelikdäki tagallalary hakynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň 2030-njy ýyla çenli ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutýan ugurlary hakynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Binagärlik we şähergurluşygy ýylyna bagyşlanan 2021-nji ýyldaky çäreleriň meýilnamasy hakynda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň bedenterbiýe we sport ulgamynda 2021 — 2030-njy ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça strategiýasy hakynda çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar GDA ýurtlarynyň netijeli köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, geljekde hem däp bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy ugur edinýändiklerini tassykladylar. Bu hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dostlukly döwletleriň we doganlyk halklaryň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi