Merkezi Bankyň
walýuta kursy

Beýleki walýutalaryň kursy

Gymmat bahaly metallaryň
1 (bir) unsiýasynyň türkmen manadyna bolan gatnaşyklary

  ALTYN
  KÜMÜŞ
  PLATINA
  PALLADIÝ

Döwrebap hyzmatlar - täze mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda milli ykdysadyýetimizi, şol sanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek hem-de ýurtda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça anyk wezipeler durmuşa geçirilýär.

Döredilýän şeýle amatlyklar Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen adyl şygarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde kämil, döwrebap tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy bilen, karz edaralary tarapyndan hödürlenýän hyzmatlaryň sany barha artýar. Häzirki wagtda bank kartlary arkaly töleg terminallarynyň üsti bilen geçirilýän tölegleriň köpsanly görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Olardan söwda we hyzmat ediş nokatlarynda, şypahanalarda harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV hyzmatlary üçin tölegleri, ýaşaýyş otaglary, saglygy goraýyş we ätiýaçlandyryş üçin tölegleri, raýatlaryň peýdalanan elektrik togy, agyz suwy, jemagat hyzmatlary üçin tölegleri, Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň degişli töleglerini, şol sanda awtoulag serişdelerini bellige almak, tehniki pasporty bermek, tehniki gözegçilikden geçirmek, awtoulag belgilerini bermek, sürüjilik şahadatnamasyny almak, sürüjilik synagyna gatnaşmak üçin tölegleri, Türkmenistanyň pasportyny almak, pasportyň ýitirilen ýagdaýynda ony çalyşmak, ýaşaýan salgyňa ýazga durmak, Aşgabat şäherinde gatnaýan awtobuslarda peýdalanylýan ýol kartlaryny doldurmak, ýokary we orta hünär mekdepleriniň okuw töleglerini tölemek, karzyň esasy bergisini gaýtarmak, onuň hasaplanan göterimlerini tölemek we beýleki hyzmatlary görkezmek bolar.

Häzirkizaman innowasion ösüşiň önümi bolan maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň banklara giňden ornaşdyrylmagy olaryň işiniň döwrebaplaş-magyna, häzirki zaman bankynyň keşbiniň emele gelmegine, iş gurallarynyň kämilleşmegine, müşderiler bilen aragatnaşyk usullarynyň döwrebaplaşmagyna oňyn şert döredýär. Häzirki wagtda bütin dünýäde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Sanly bank ulgamynyň döredilmegi, ilkinji nobatda, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga oňaýly täsirini ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy sanly ykdysadyýete geçirmek bilen bagly tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan sanly bank önümlerini ornaşdyrmak arkaly raýatlarymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Mysal hökmünde Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim alýan talyplaryň töleg işini ýeňilleşdirmek maksady bilen ornaşdyrylan «Talyp tölegi» onlaýn bank hyzmatyny görkezmek bolar. «Talyp tölegi» onlaýn hyzmatynyň amatly tarapy, talybyň ýa-da onuň ýakyn hossarynyň (ene-atasynyň, doganlarynyň, garyndaşlarynyň) «Altyn asyr» bank kartyny peýdalanmak arkaly bir ýa-da birnäçe aýlyk okuw tölegini hakyky wagt tertibinde (onlaýn) günüň islendik wagtynda amala aşyryp bolýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň karz edaralary nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurdumyzyň ähli karz edaralary müşderilere töleg terminallary arkaly harytlar we hyzmatlar üçin geçirilýän nagt däl tölegleriň möçberiniň 0,5-2% aralygynda yzyna gaýtaryp bermek, ýagny, «Cash back»  höweslendiriş hyzmatyny işe girizdi. Häzirki wagtda «Cash back» bank hyzmatynyň amatlyklaryndan peýdalanýan raýatlarymyzyň sany günsaýyn artýar.

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem ýurdumyzyň bank ulgamy dowamly kämilleşdirilýär, raýatlara täze bank hyzmatlary hödürlenip, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi has hem artdyrylýar. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde amala aşyrylýan bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, olaryň      ýaşaýyş-durmuş derejelerini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejelerine ýetirmäge gönükdirilendir. Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, bize şeýle ajaýyp zamanamyzda netijeli işlemäge şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

MerdanÝuldaşew,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň
Daşoguz welaýat şahamçasynyň
Buhgalter hasaby we hasabatlar bölüminiň baş hünärmeni